1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

2. 264. Eý, iman getirenler! Alla we ahyret gününe ynanmaýan we öz emlägini ynsanlaryň görmegi üçin sarp edýänler ýaly minnet we ynjytmak bilen eden haýyr-sahawatlaryňyzy puja çykarmaň! Onuň mysaly üstünde sähelçe toprak bolan ýylçyr daşyň mysaly ýalydyr. Onuň üstüne çabga ýagyp, ony ýylmanak daşa öwrer. Olar gazanan hiç zatlaryna eýe bolmazlar. Alla kapyrlary dogry ýola salmaz.

Başy » Sözbaşy » 97-nji süre: Gadyr

«Gadyr» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 5 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan we wezipe, hormat, gadyr, beýiklik manylaryny aňladýan «Gadyr» sözünden alnandyr. Bu sürede Kurany Kerimiň Gadyr gijesinde inderilip başlanandygy, ol gijäniň sogaby, ol gije älem-jahana injek ylahy aman-esenlik barada aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Takyk, Biz ony (Kurany) Gadyr gijesinde inderdik.
 2. Sen Gadyr gijesiniň nämedigini nädip biljek?!
3. Gadyr gijesi müň aýdan hem haýyrlydyr.
 4. Ol gijede perişdeler we Ruh (Jebraýyl) özleriniň Perwerdigäriniň rugsady bilen (özlerine tabşyrylan) ähli işleri (berjaý etmek) üçin (ýere) inerler.
 5. Ol gije, tä daň atýança, saglyk- salamatlyk bolar.