1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

21.74. Luta pygamberlik hem-de ylym berdik. Ony erbet işler bilen meşgul bolýan oba-şäheriň halkyndan halas etdik. Takyk, olar ýaramaz we örän bozuk adamlardy.

Başy » Sözbaşy » 29-njy süre: «Ankebut» («Möý»)

«Ankebut» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 69 aýatdan ybaratdyr. Sürede möminlere kapyrlaryň zulum-sütemlerine çydam etmekleri, zerur bolsa göç etmekleri, ahyret we Allanyň birligi ýaly meseleler barada aýdylýar. Süräniň ady 41-nji aýatda agzalýan «Ankebut» sözünden alnandyr.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Elif, Läm, Mim.
2. Ynsanlar diňe «Biz iman getirdik» diýenleri bilen synag edilmezden goýberilerler öýtdülermi?
 3. Biz olardan öňküleri hem synagdan geçiripdik. Takyk, Alla dogrusyny aýdanlary-da (imanlaryna wepaly bendeleri-de), ýalan sözleýänleri-de bilýändir.
 4. Ýa-da erbet işler edýänler Bizden gaçyp gutularys öýtdülermi? Olar nähili erbet netijä gelýärler.
 5. Kim Alla gowuşmagy umyt edýän bolsa, Allanyň (belläp goýan) wagty hökman geler. Ol ähli zady eşidýändir, bilýändir.
 6. Kim (Allanyň duşmanlaryna garşy) söweşse, (aslynda) diňe öz bähbidi üçin söweşýändir, (ýagny Alla bendesiniň söweşmegine mätäç däldir. Her kim tagalla etse, özüne sogap bolar). Takyk, Alla älemdäki ähli zatlardan Baýdyr (olara mätäç däldir).
7. Iman getirenleriň we ýagşy işleri edýänleriň günälerini geçeris we olara öz edýän amallaryndan hem has gowusyny sylag edip bereris.
 8. Biz (her bir) ynsana öz ene-atasyna ýagşylyk etmegini sargadyk. Eger olar seniň habaryň bolmaýan bir zady Maňa şärik goşmagyň üçin seni mejbur etseler, (bu meselede) olara boýun bolma! Siz Maňa gaýdyp gelersiňiz! Şol wagt siziň edýän amallaryňyz barada size habar bererin.
 9. Iman getirenleri we ýagşy işleri edýänleri, takyk, salyhlaryň hataryna goşarys.
 10. Ynsanlaryň arasynda «Biz Alla iman getirdik» diýenler we Alla ugrunda özüne ezýet ýetende bolsa, ynsanlaryň pitnesini göýä Allanyň azaby hasaplaýanlar hem bardyr. Saňa Perwerdigäriň tarapyndan kömek gelende bolsa, olar, takyk: «Biz siziň ýanyňyzdadyk» diýerler. Eýsem, Alla dünýädäki (ynsanlaryň) ýüreklerindäkini has gowy bilmeýänmidir?
 11. Alla, takyk, iman getirenleri hem gowy bilýändir, ikiýüzlüleri hem has gowy bilýändir.
 12. Inkär eden kapyrlar iman getiren möminlere: «Siz biziň ýolumyza eýeriň, biz, takyk, siziň hatalaryňyzy- günäleriňizi götereris» diýdiler. Aslynda, olar bularyň hatalaryndan ýekesini hem göterip bilmezler. Takyk, olar hakyky ýalançydyrlar.
 13. Takyk, olara hem öz ýükleri (günäleri) hem-de bu ýükleriniň üstüne başga ýükler (günäler) ýüklener we kyýamat gününde toslan töhmetleri zerarly, hökman hasaba çekilerler.
 14. Biz Nuhy hem öz kowumyna (pygamber edip) iberipdik. Ol kowumynyň arasynda elli ýyly kem müň ýyllap galdy. Soň olar zalym bolansoňlar, olary tupan gurşap aldy.
 15. Şeýdip, Biz ony we gämä münenleri halas etdik we bu wakany älem-jahana ybrat etdik.
 16. Ybraýym hem öz kowumyna: «Alla gulluk ediň we Ondan gorkuň! Eger bilseňiz, bu siziň üçin has haýyrlydyr.
 17. Siz diňe Alladan özge butlara gulluk edýärsiňiz we (olara hudaý diýip) töhmet atýarsyňyz. Bilseňiz, siziň Alladan özge gulluk edýänleriňiz size rysgal bermäge güýçleri ýokdur. Onda siz rysgaly Allanyň ýanyndan gözläň, Oňa gulluk ediň hem-de Oňa şükür ediň! Ahyry siz Oňa gaýdyp gelersiňiz.
18. Eger siz (meni) ýalan hasaplasaňyz, (şuny berk belläň)! Sizden öňki ymmatlar hem (öz pygamberlerini) ýalan hasaplapdylar. Pygambere bolsa diňe, (Allanyň buýrugyny halka) äşgär-aýdyň halda ýetirmekden başga iş düşmez» diýdi.
 19. Olar Allanyň nädip barlygy ýokdan ýaradandygyny, soň hem ony yzyna gaýtarýandygyny (ölenden soň direldilýändigini) görmeýärlermi? Takyk, bu Alla üçin (örän) aňsatdyr.
 20. (Eý, Muhammet!) sen olara: «Ýeriň ýüzüne aýlanyň, ýaradylyşyň nähili başlanandygyny görüň! Soň Alla indiki ýaşaýşy hem (şeýdip) döreder. Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 21. Ol islänine azap berer, islänine bolsa merhemet eder we siz Oňa gaýdyp bararsyňyz.
 22. Siz ne-hä ýeriň ýüzünde, ne-de asmanda Allany ejiz goýmagy başaryp bilmersiňiz! Siziň üçin Alladan özge hiç bir hossar-da ýokdur, kömekçi-de» diýip aýt.
 23. Allanyň aýatlaryny we Oňa gowuşmagy inkär edenler bolsa Meniň merhemetimden umytlaryny üzen kişilerdir we olar üçin agyr azaplar bardyr.
 24. (Ybraýymyň eden işine) kowumynyň beren jogaby olaryň: «Ony öldüriň ýa-da ýakyň!» diýmekleri boldy. Şeýdip, Alla ony otdan halas etdi. Elbetde, munda iman getiren kowum üçin ybrat bardyr.
25. Ol (Ybraýym): «Siz Alladan özge butlary (hudaý) edindiňiz, bu dünýäde olara ybadat etmegi gowy görýarsiňiz. Kyýamat gününde bolsa siz biri-biriňizi inkär edersiňiz we biri-biriňize nälet edersiňiz. Siziň mesgeniňiz dowzahdyr. Siziň üçin hiç bir kömekçi hem ýokdur» diýdi.
26. Lut (pygamber) oňa iman getirip: «Men Perwerdigärime tarap göçýärin. Takyk, Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir» diýdi.
 27. Biz oňa (Ybraýyma) Yshaky hem-de Ýakuby bagyş etdik we onuň neberesine pygamberlik hem-de kitap berdik. Biz oňa dünýädäki sylagyny berdik. Takyk, ol kyýamatda hem salyhlardan bolar
 28. Lut hem öz kowumyna: «Siz älemleriň içinde sizden öň hiç kimiň etmedik bihaýalygyny edýärsiňiz.
29. Siz «Allanyň bu duýduryşyndan soň hem» heniz-de erkeklere hyjuw bilen seredip, (talaňçylyk edip) ýol kesip, üýşmeleňlerde bihaýalyk etmegi dowam etdirmekçi bolýarsyňyzmy?» diýdi. Onuň kowumy hem: «Eger sen dogruçyl bolsaň, bize Allanyň (şol) azabyny getirsene, göreli» diýdiler.
 30. Ol: «Eý, Perwerdigärim! Bozgak kowuma garşy maňa kömek et!» diýdi.
 31. Biziň ilçilerimiz (perişdeler) Ybraýyma (dünýä injek ogly barada) hoş habar getirenlerinde: «Biz şu obanyň halkyny heläk etjek. Takyk, onuň halky zalym boldy» diýdiler.
 32. (Ybraýym): «Ol ýerde Lut hem bar» diýdi. Olar bolsa: «Biz ol ýerde kimiň bardygyny gowy bilýäris. Elbetde, biz ony (Luty) we onuň maşgalasyny halas ederis. Ýone onuň aýalyny halas etmeris, ol (heläk boljaklar bilen) yzda galanlardan boldy» diýdiler.
 33. Ilçilerimiz Lutuň ýanyna gelenlerinde, bular sebäpli, onuň ýagdaýy erbetleşdi we gynandy. Olar: «Gorkma, gynanma! Biz seni we maşgalaňy halas ederis. Ýöne aýalyňy halas etmeris, ol (heläk boljaklar bilen) yzda galanlardan boldy» diýdiler.
34. Biz bozgaklyk (ýaradylyşyň asyl maksadyna ters hereket) edendikleri üçin bu obanyň ilatyna asmandan azap inderdik.
35. Şeýdip, Biz akylyny ulanýan kowum üçin bu obada anyk alamatlar goýduk.
36. Medýen halkyna hem (pygamber edip) öz doganlary Şugaýby iberdik. Şonda ol: «Eý, kowumym! Alla ybadat ediň we ahyret gününden umydygär boluň hem-de ýer ýüzünde bozgaklyk edip, düzgüni bozmaň» diýipdi.
 37. Olar ony (Şugaýby) ýalan hasapladylar. Şol sebäpli, hem olary aýylganç ýertitreme gaplap aldy. Şeýdip, olar öz öýleriniň içinde bükülip (dyza çöküp) galdylar.
38. Ady we semudy hem ýok etdik. Bu size olaryň galyndylaryndan (harabalaryndan) bellidir. Şeýtan olara (edýän) amallaryny gözel görkezip, olary dogry ýoldan azdyrdy. Aslynda, olar düşünjeli kişilerdi.
 39. Karuny, Fyrgawny we Hamany hem ýok etdik. Musa olara (Allanyň barlygynyň subutnamasy bolan) anyk alamatlar getirdi. Olar ýer ýüzünde ulumsy boldular. Ýöne (azabymyzdan) gaçyp gutulyp bilmediler.
 40. Biz (olaryň) her haýsyny öz günäsi bilen gurşap aldyk. Olaryň arasynda Biziň üstlerine daşlary sowranlarymyz we güýçli tupan iberenlerimiz hem bar, aýylganç gykylyk gaplap alanlary hem bar. Ýene-de Biziň ýeriň düýbüne sokanlarymyz hem bar, (suwda) gark edenlerimiz-de bar. Alla olara zulum etmändi, ýöne olar öz janlaryna özleri zulum edipdiler.
 41. Özlerine Alladan özgäni dost (hossar) edinenleriň mysaly, göýä özüne (kerepden) öý edinen möýüň ýagdaýyna meňzär. Takyk, öýleriň iň gowşagy möýüň öýüdir. Käşgä, olar muňa göz ýetirip, düşünip bilsediler.
 42. Takyk, Alla olaryň Özünden özge dileg edýän zatlaryny (gowy) bilýändir. Ol Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir.
43. Biz bu mysallary ynsanlara «ybrat diýip» getirýäris. Emma olara diňe alymlar akyl ýetirerler.
 44. Alla asmanlary we ýeri hak (belli bir düzgün-tertibe görä) ýaratdy. Elbetde, munda iman getirenler üçin ybrat bardyr.
 45. (Eý, Muhammet!) Sen özüňe inderilen kitaby oka we namazy berjaý et! Takyk, namaz bozgaklykdan hem-de erbet işlerden saklaýandyr. Allanyň ady bolsa beýikdir! Alla siziň edýän işleriňizi (ýagşy) bilýändir.
 46. (Eý, möminler!) Siz özlerine mukaddes kitap berlenleriň arasyndan zalymlardan galanlary bilen diňe gözel usulda çekeleşiň, pikir alşyň! Şeýle hem olara: «Biz özümize inderilen (Kurana), size inderilen (Töwrata we Injile) hem iman getirdik. Biziň Hudaýymyz bilen siziň Hudaýyňyz birdir we biz diňe Şoňa boýun egýändiris» diýip aýdyň.
 47. (Eý, Muhammet!) Biz şonuň ýaly (öňkülere inderişimiz ýaly) saňa-da kitap (Kuran) inderdik. Biziň özlerine kitap (Töwrat we Injil) berenlerimiz (we iberilen kitaba yhlas bilen boýun bolanlar) oňa (Kurana) hem iman getirerler. Olaryň (mekgelileriň) içinde hem oňa iman getirýänler bardyr. Biziň aýatlarymyzy kapyrlardan başgasy inkär etmez.
48. (Eý, Muhammet!) Sen Kurandan öň hiç bir kitap okap ýa-da ony eliň bilen ýazyp görmändiň. Eger şeýle bolan bolsady, onda batyl ýoluň tarapdarlary hökman şek-şübhä düşerdiler.
49. Takyk, ol (Kuran) özlerine ylym berlenleriň ýüreklerindäki anyk aýat- alamatlardyr. Biziň aýatlarymyzy zalymlardan başgasy inkär edip bilmez.
 50. Olar (kapyrlar): «Käşgä, oňa (Muhammede) Perwerdigäri tarapyndan aýat-alamatlar inderilsedi» diýdiler. Sen (olara): «Aýat-alamatlar diňe Allanyň ýanyndadyr. Men bolsa, diňe äşgär duýduryjydyryn» diýip aýt.
 51. Eýsem, olara Biziň saňa okalyp duran şu kitaby indermegimiziň özi ýeterlik dälmi? Takyk, munda (Kuranda) iman getirýän kowum üçin merhemet we ýatlama bardyr.
52. Sen olara: «Alla meniň bilen siziň araňyzda ýeterlik şaýatdyr. Ol asmanlardaky we ýerdäki ähli zady bilýändir. Batyla boýun bolup, Allany inkär edenler bolsa zyýan görjekleriň hut özleridir» diýip aýt.
 53. (Eý, Muhammet!) Olar (mekgeli kapyrlar) senden azabyň tiz gelmegini soraýarlar. Eger (azap inmek üçin) bellenilen möhlet bolmasady, elbetde, olara azap dessine gelerdi. Takyk, bu azap olara oslamadyk wagtlary duýdansyz geler.
 54. Olar senden azabyň tizden-tiz gelmegini soraýarlar. Takyk, dowzah (ody) kapyrlary gurşap alar.
 55. Ol (kyýamat) gün azap olary üstlerinden we aýaklarynyň aşagyndan gurşap alar we Ol: «Eden etmişleriňiziň ajy netijesini dadyň» diýer.
 56. Eý, iman getiren gullarym! Takyk, Meniň ýerim giňdir. Onda siz diňe Maňa ybadat ediň!
 57. Her bir janly barlyk (hökman) ölüm (şerbetini) dadar. Soň siz Bize gaýdyp getirilersiňiz.
 58. Biz iman getirenlere we ýagşy işleri edenlere jennetde aşagyndan derýalar akýan otaglar gurarys. Olar şol ýerde baky galarlar. Ýagşy işleri edenleriň sylagy nähili ajaýypdyr!
 59. Olar (özlerine edilen jebirdir sütemlere) sabyr etdiler we özleriniň Perwerdigärine bil bagladylar.
 60. Öz iýmit-rysgalyny göterip (ertir iýjegini tapyp) bilmeýän ençeme jandarlar bardyr. Olara-da, size-de rysgal berýän Alladyr. Ol (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 61. Eger sen olara: «Asmanlary we ýeri ýaradan, Güni we Aýy (öz kanunyna) boýun eden kimdir?» diýip sorasaň, olar takyk: «Alladyr» diýerler. Onda olar nirä öwrülýärler?
 62. Alla öz gullarynyň içinden islänine rysgaly bol edip berer we islänine-de (rysgaly) daraldar. Takyk, Alla ähli zady bilýändir.
 63. (Eý, Muhammet!) Eger sen olara: «Asmandan suw inderip, bu suw bilen (ölen) ýeri öleninden soň direlden kim?» diýip sorasaň, olar takyk: «Alla» diýerler. Sen: «Alla hamdy- sena bolsun!» diý. Ýok, olaryň köpüsi akylyny ulanmaýarlar.
 64. Bu dünýä ýaşaýşy diňe güýmenjeden we oýundan ybaratdyr. Ahyret ýurdy bolsa hakyky ýaşaýyşdyr. Käşgä, bu hakykaty bilsediler.
65. Olar gämä münenlerinde (gark bolmakdan gorksalar), Alla çyn yhlas bilen dileg ederler, ýalbararlar. Alla olary halas edip, gury ýere (kenara) çykaran badyna bolsa, olar eýýäm Alla şärik goşýarlar.
 66. Beren zatlarymyza bigadyrlyk edibersinler we olardan peýdalanybersinler bakaly?! (Onuň jezasynyň agyrdygyny) tiz wagtda bilerler.
 67. Olar öz töwereklerindäki adamlar talaňa duçar bolup durka, Biziň hormatly ýeri (Käbäni) asuda edendigimizi görmedilermi? Olar batyla ynanyp, Allanyň nygmatyna bigadyrlyk edýärlermi?
 68. Allanyň adyna ýalan ýöňkänden ýa- da gelen wagty Haky (Kurany) inkär edenden has zalym kim bolup biler? Heý- de, dowzahda kapyrlara ýer bolmazmy?
69. Biziň ýolumyzda (dürli kynçylyklara garamazdan) söweşenleri, takyk, Öz ýollarymyza gönükdireris. Takyk, Alla ýagşylar bilen biledir!