1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

19.43. Eý, atam! Saňa gelmedik ylym maňa geldi. Meniň yzyma düş, saňa dogry ýoly salgy bereýin.

Başy » Sözbaşy » 2-nji süre: «Bakara»

 («Sygyr») «Bakara» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 286 aýatdan ybaratdyr. Bu süre Kurany Kerimiň iň uzyn süresi bolup, ol on ýylyň dowamynda bölek-bölek görnüşde inipdir. «Bakara» diýmegiň manysy «Sygyr» diýmekdir. Bu sürede Musa pygamberiň ymmatyna sygyr gurban etmegi buýrandygy, emma olaryň buýrugy berjaý etmekde haýal-ýagallyk edendikleri baradaky kyssa beýan edilýär.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1.       Elif, Läm, Mim.
 Düşündiriş: Kurany Kerimde 29 süräniň başynda getirilýän şular ýaly arap elipbiýiniň harplary özbaşdak many aňlatmaýar. Ol harplaryň getirilmegi Kuranyň şular ýaly harplardan ybaratdygyny, muňa garamazdan, yslama ynanmaýanlaryň bu mukaddes kitabyň bir aýaty ýaly jümläni hem düzüp bilmeýändiklerini ýaňzytmak maksady bilen baglanyşyklydyr. Bu harplara Kurany Kerimiň syrlary hökmünde hem garalýar.
2. Bu (Kuran) özüniň (hakykatdygyna) şek-şübhe bolmadyk we takwalar (Alladan gorkýanlar) üçin dogry ýoly (görkezýän) kitapdyr.
3. Olar (takwalar) gaýyba ynanýarlar, namaz okaýarlar we Biziň özlerine beren rysgalymyzdan (Alla ýolunda) haýyr- sahawat edýärler.
4. (Şeýle-de) olar (takwalar) saňa inderilene (Kurana) we senden öňki (pygamberlere) inderilen (kitaplara) ynanýarlar. Olar ahyrete (hem) doly ynanýarlar.
5. Ine, olar (takwalar) özleriniň Perwerdigärinden (gelen) dogry ýoldadyrlar we halas bolanlar (hem) hut olaryň özleridir.
6. Takyk, inkär edenleri (azap bilen) gorkuzsaň-da, gorkuzmasaň-da, (olar üçin) deňdir. Olar (barybir) ynanmazlar.
7. Alla olaryň kalplaryny we gulaklaryny möhürländir. Olaryň gözleriniň (öňünde) perde bardyr. Olara uly azap bardyr.
8. Ynsanlaryň arasynda, ynanmasalar hem: «Biz Alla we ahyret gününe iman getirdik» diýýänler bardyr.
9. Olar Allany we iman getirenleri aldaýandyrys (öýdýärler). Emma olar (diňe) özlerini aldaýarlar we (muňa özleri hem) düşünmeýärler.
10. Olaryň kalplarynda hassalyk (ikiýüzlülik) bardyr. Alla olaryň (bu) hassalyklaryny artdyrdy. Ýalan sözländikleri üçin olara elhenç azap bardyr.
11. Olara: «Ýer ýüzünde bozgakçylyk etmäň!» diýlende, (olar): «Takyk biz (işleri) düzedýäris» diýýärler.
12. Emma, takyk, olar bozgaklaryň hut özleridir, ýöne (muňa) özleri hem düşünmeýärler.
13. Olara: «Siz hem iman getiren ynsanlar ýaly iman getiriň!» diýlen mahaly, olar: «Heý-de biz akmaklar ýaly iman getirerismi?» diýýärler. Emma (hakyky) akmaklar olaryň hut özleridir, ýöne olar (muny) bilmeýärler.
14. Olar (mynapyklar) iman getirenler bilen gabatlaşanlarynda: «Biz (hem siziň ýaly) iman getirdik» diýýärler. Özlerini (azaşdyran) şeýtanlary (ýahudylar) bilen tenha galanlarynda bolsa: «Biz siziň bilen, biz diňe olary (möminleri) ýaňsylaýarys» diýýärler.
15. (Aslynda) Alla olary ýaňsylaýandyr we azgynçylyklarynyň içinde aňalyp ýörkäler, (azaba duçar bolmaklary üçin) olara möhlet berýär.
16. Olar dogry ýoluň deregine azaşmagy (ters ýoly) satyn alanlardyr. (Şonuň üçin hem) olaryň (bu) söwdalary peýda getirmedi. Olar dogry ýoly hem tapmadylar.
17.Olaryň (mynapyklaryň) ýagdaýy (garaňky gijede) ot ýakýanyň ýagdaýy ýalydyr. Ol ot (ýanyp) daş-töweregini ýagtyldan wagty, Alla olaryň ýagtylygyny giderer we olary hiç zat görünmeýän tümlügiň içinde goýar (şeýdibem hiç zady görmezler).
18. (Olar) kerdirler, laldyrlar, kördürler, (şonuň üçin hem) yza (dogry ýola) öwrülip bilmezler.
19. Ýa-da (olaryň bu ýagdaýy) garaňky (gijede) gök gümmürdileriniň we ýyldyrymlaryň (arasynda) asmandan ýagýan çabgada galyp, ýyldyrymlar (urup) öldüräýmesin gorkusy bilen gulaklaryny barmaklary bilen ýapýanlara (meňzeýärler). Alla kapyrlaryň (daş- töwereklerini) gabap goýandyr.
20. (Şol wagt) ýyldyrym hem göýä, gözlerini çykarjak ýaly (çakar). Ol (ýyldyrym çakan wagty) olara ýagtylyk salsa-ha ýörärler, üstlerine tümlük abansa welin, gymyldaman durarlar. Alla islesedi, elbetde, olaryň gözlerini kör, gulaklaryny ker ederdi. Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
21. Eý, ynsanlar! Takwalardan bolmagyňyz üçin sizi we sizden öňküleri ýaradan Perwerdigäriňize ybadat ediň!
22. Ol (Alla) ýeri siziň üçin düşek, asmany hem (ýokaryňyzy ýapýan) gupba edip goýdy. Asmandan suw (ýagyş) inderip, size rysgal bolsun diýip (ýerden dürli) miweler çykardy. Siz (bulary) bilip durkaňyz, hiç kimi Alla deň hasaplamaň!
23. Eger siziň Biziň gulumyza (Muhammede) inderen zatlarymyza şübhäňiz bar bolsa, onda siz oňa (Kuranyň süresine) meňzeş bir süre getiriň! Eger dogruçyl bolsaňyz, Alladan özge şaýatlaryňyzy (butlaryňyzy) hem çagyryň!
24. Eger muny başaryp bilmeseňiz, elbetde, (siz ony) hiç haçan başaryp bilmersiňiz, kapyrlar üçin taýýarlanylan tutaşdyrlygy ynsan we daş bolan otdan (dowzahdan) heder ediň!
25. Iman getirip, ýagşy işleri edýänleri aşagyndan derýalar akýan jennetler bilen söýünjile! Özlerine (jennetdäki) miweler rysgal edilip berlende, olar: «Bize öň (dünýäde) hem beýle rysgal berlipdi» diýerler. Emma olara (dünýäde) bulara meňzeş miweler berlipdi. Olar üçin (jennetde) päkize jübüt taýlar bardyr. Olar ol ýerde (jennetde) ebedi galarlar.
 26. Takyk, Alla (hakykaty beýan etmek üçin) çybyny we ondan hem ownuk zady mysal getirmekden çekinmez. Iman getirenler bolsa (bularyň) öz Perwerdigärinden (gelen) hakykatdygyny bilýärler. Kapyrlar (bolsa): «Alla bu mysal bilen näme (diýmek) isleýär?» diýýärler. (Alla) onuň bilen birnäçesini ýoldan azaşdyrar, birnäçesini bolsa dogry ýola salar. Emma (Alla) munuň bilen diňe pasyklary azaşdyrar.
 27. Alla beren ähti-peýmanlaryndan dänenler, Allanyň (dogan-garyndaşlyk gatnaşygy ýaly) emir eden gatnaşyklaryny kesip, ýer ýüzünde pitne- pisat çykarýanlar, (ine, hakyky) zyýan çekjekler hut şolardyr.
 28. (Eý, kapyrlar!) Siz nädip öli wagtyňyz sizi direlden (bu dünýä getirip, jan beren) Allany inkär (edip) bilýärsiňiz?! Soň ol sizi öldürer, soň ýene direlder. Siz soňunda Oňa dolanyp eltilersiňiz!
 29. Ol (Alla) ýer ýüzündäki ähli zady siziň üçin ýaratdy. Soň (Öz gudraty bilen) asmana ýönelip, ony ýedi gat (edip) tertip-nyzama saldy. Ol ähli zady bilýändir.
30. (Seniň) Perwerdigäriň perişdelere: «Men ýer ýüzünde bir oruntutar (ynsan) ýaratjak» diýende, olar: «Sen (ýerde) pitne-pisat çykaryp, gan dökjek (ynsanlary) ýaratjak bolýarsyňmy? Biz hamdy-senaň bilen Seni tesbih edýäris we mukaddes tutýarys (taryp edýäris)» diýdiler. (Alla olara): «Takyk, Men siziň bilmeýän zatlaryňyzy bilýärin» diýdi.
 31. (Alla) Adam (ata) ähli zadyň atlaryny öwretdi. Soň olary perişdelere görkezip: «Eger siz dogruçyl bolsaňyz, Maňa bularyň atlaryny aýdyp beriň!» diýdi.
 32. (Perişdeler): «(Eý, Perwerdigärimiz!) Sen ähli nosganlyklardan päksiň! Seniň bize öwreden zatlaryňdan başga biziň bilýän zadymyz ýokdur! Takyk, Sen (ähli zady) bilýänsiň, hikmete eýesiň!» diýdiler.
 33. (Alla): «Eý, Adam! Olara (perişdelere) ol zatlaryň atlaryny aýdyp ber!» diýdi. Ol (Adam) olara (perişdelere) olaryň (hemmesiniň) atlaryny aýdyp berende, (Alla): «Men size asmanlardaky we ýerdäki gaýyp zatlary, siziň hem nämäni äşgär edip, nämäni gizleýändigiňizi bilýärin diýmänmidim?» diýdi.
 34. Biz perişdelere: «Adama (hormat edip) sežde ediň!» diýenimizde, Iblisden galany (hemme perişdeler) sežde etdiler. Ol (Iblis) ýüz öwrüp, tekepbirlik etdi we (netijede) kapyrlardan boldy.
35. Biz: «Eý, Adam! Sen öz aýalyň (How ene) bilen jennetde mesgen tut! Ondan (jennet nygmatlaryndan) öz göwün islän ýeriňizde bol edip iýiň! (Emma) bu agajyň (miwesine) golaýlaşmaň! Ýogsa (eger bu agajyň miwesinden iýseňiz) ikiňiz hem (özüňize) zulum edenlerden bolarsyňyz» diýdik.
 36. Şeýtan olary ol ýerden (jennetden) taýdyrdy we olary özlerine (berlen) nygmatlaryndan çykartdy. Biz (Adam ata, How enä we şeýtana): «Siz biri-biriňize duşman bolup, (ýere) düşüň! Siziň üçin ýer ýüzünde mesgen we belli bir wagta çenli peýda (ýaşaýyş) bolar» diýdik.
 37. Adam (ata) öz Perwerdigärinden käbir ylhamlary alandan soň, (eden işine ökünip) derrew toba etdi. Takyk, Ol (Alla) tobalary kabul edijidir, Rehim-şepagatlydyr. Düşündiriş: Adam ata toba eden mahaly: «Eý, Perwerdigärimiz! Biz özümize zulum etdik, eger Sen biziň günälerimizi geçip, bize merhemet etmeseň, biz zyýan çekenlerden bolarys» diýip dileg edipdir. Käbir çeşmelerde bolsa Adam atanyň toba eden wagty okan dileginiň namazda okalýan «Subhaneke» dogasydygy aýdylýar.
38. Biz: «Hemmäňiz ondan (jennetden ýere) düşüň! Soň size Menden bir dogry ýol (kitap ýa-da pygamber) gelse, (kim) Meniň ol dogry ýoluma tabyn bolsa, olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar» diýdik.
 39. Biziň aýatlarymyzy inkär edip, ýalan hasaplaýanlar, ine, olar dowzahylaryň hut özleridir. Olar ol ýerde (dowzahda) ebedi galarlar.
 40. Eý, ysraýyl ogullary! Siz Meniň size (ata- babalaryňyza) beren nygmatlarymy ýatlaň! Meniň size (sylag berjek diýip) beren ähti- peýmanyma wepaly bolmagym üçin, siz hem maňa (tabyn boljakdygyňyz üçin) beren ähti-peýmanynyza wepaly boluň! Siz diňe Menden heder ediň! Düşündiriş: Ysraýyl Ýakup pygamberiň lakamydyr. Manysy hem «Allanyň guly» diýmekdir. Olara Ýakup pygamberiň neslinden gelendikleri üçin ysraýyl ogullary diýlipdir. Hezreti Musa tabyn bolandyklary üçin bolsa olara musaýylar diýlipdir.
 41. Siziň ýanyňyzdakyny (Töwraty) tassyklaýjy edip inderen zadyma (Kurana) iman getiriň! Ony ilkinji inkär eden siz bolmaň! Meniň aýatlarymy az baha (bähbide) derek satmaň! Siz diňe Menden gorkuň!
 42. Siz bilip durkaňyz, hak bilen nähaky gatyşdyrmaň we haky gizlemäň!
 43. (Eý, ysraýyl ogullary!) Namazy berjaý ediň (okaň), zekaty (doly) beriň we rukug edýänler (egilýänler) bilen bile rukug ediň (egiliň)!
 44. (Eý, ýahudy alymlary!) Siz kitaby (Töwraty) okap (hakykaty bilseňiz hem) ynsanlara ýagşy işleri emir edip, özüňizi bolsa unudýarsyňyzmy? Heý siz akyl ýetirjek dälmisiňiz?!
45. Sabyr etmek we namazy berjaý etmek bilen (Alladan) kömek soraň! Takyk (sabyr we namaz), Alladan gorkýanlardan beýlekiler üçin uly (agyr) işdir.
 46. Takyk, olar (Alladan gorkýanlar) özleriniň Perwerdigärine gowuşjakdyklaryna we Oňa dolanyp barjakdyklaryna anyk ynanýarlar.
 47. Siz Meniň size beren nygmatlarymy we sizi (Musa pygamberiň döwründe) bütin äleme üstün eden (wagtlarymy) ýatlaň! Düşündiriş: Oňki döwürlerde haýsy millete pygamber iberilse, şol millet üstün hasaplanar eken. Ol millet hem, özlerine iberilen pygamber sebäpli, abraýly hasaplanylypdyr. Ýöne olaryň Allanyň öňündäki jogapkärçilikleri hem beýlekilerden has uly bolupdyr.
 48. Siz hiç kimiň başga birine derek töleg töläp bilmeýän, hiç kimden şepagat (kömek) kabul edilmeýän, hiç kimden fidýe (töleg puly) alynmaýan we hiç kime (hiç hili) ýardam edilmeýän günden gorkuň! Düşündiriş: Şepagat – bir adamyň günäsiniň geçilmegi üçin edilen haýyşdyr, kömekdir. Alla kyýamat gününde öz ygtyýary bilen islendik bendesine başga birini şepagat etme hakyny berip bilýär.
49. Biz sizi size ýowuz azap (ezýet) beren, erkek perzentleriňizi öldürip, gyz perzentleriňizi diri goýan Fyrgawnyň adamlaryndan doly halas edipdik. Bu siziň üçin Perwerdigäriňizden (gelen) uly synagdy.
 50. Biz siziň üçin deňzi ýaryp, sizi halas etdik, Fyrgawnyň adamlaryny hem siziň gözüňiziň öňünde (deňze) gark edipdik.
 51. Biz Musa (Töwraty bermek) üçin kyrk gije wadalaşypdyk. Soň siz onuň yzyndan (özüňize) zulum edip, göläni (hudaý) edindiňiz.
 52. (Mundan) soň hem siziň şükür etmegiňiz üçin Biz sizi bagyşladyk.
 53. Siziň dogry ýoly tapmagyňyz üçin Biz Musa kitaby (Töwraty) we (hak bilen batyly) tapawutlandyrýan (mugjyzalary) beripdik.
 54. Musa öz kowumyna: «Eý, kowumym! Takyk, siz göläni (hudaý) edinmek bilen, özüňize zulum etdiňiz. Indi siz öz Ýaradanyňyza toba edip, öz nebisleriňizi (erbet duýgularyňyzy) öldüriň! Bu Ýaradanyňyzyň ýanynda siziň üçin iň haýyrlysydyr. (Belki) Ol siziň tobaňyzy kabul eder. Takyk, Ol (Alla) tobalary kabul edýändir, Rehim-şepagatlydyr» diýdi.
55. Siz: «Eý, Musa! Biz, tä Allany äşgär görýänçäk, saňa hiç haçan iman getirjek däl» diýen wagtyňyz, gözüňiziň alnynda sizi ýyldyrym urdy.
 56. Siziň şükür etmegiňiz üçin (ýyldyrym urandan) soň, Biz sizi (täzeden) direltdik.
57. Bulutlary siziň üstüňize kölege etdik. Size menne (şepbeşik halwa) we bedene (etini) inderip: «Size rysgal edip beren halal zatlarymyzdan iýiň» (diýdik). Emma olar, bize däl-de, özlerine zulum edýärdiler. Düşündiriş: Menne – ýahudylara asmandan ýörite iberilen halwa ýaly şepbeşik, şirin nygmatyň ady. Ol asmandan her gün ir bilen daň atandan, tä Gün dogýança gar ýaly ap-ak bolup ýagar eken. Halk hem her gün gündeki iýjegini alar eken. Umuman, zähmet çekmezden öz-özi gelýän ähli zatlara hem «menne» diýilýär. Sözlüklerde «menne» diýlip, käbir miweli agaçlarda peýda bolýan süýji tagamly şepbeşik iýmit düşündirilýär. Ol gijesine agaçlardan çykýan şiräniň netijesinde bir ýere üýşüp, kiçiräk şepbeşik görnüşde emele gelýär. Ony ir bilen, heniz Gün dogmanka alýarlar.
58. Biz (ysraýyl ogullaryna): «Siz bu oba (şähere) giriň, ol ýerdäki (iýilýän zatlardan) isleýşiňiz bol edip iýiň! Soň hem sežde edip: («Eý, Perwerdigärimiz!) Biziň günälerimizi bagyşla!» diýip gapydan giriň. Biz (hem) siziň hatalaryňyzy (günäleriňizi) bagyşlarys we ýagşylyk edýänleriň (sogaplaryny) hökman köpeldip bereris» diýipdik.
59. Emma zulum edenler özlerine aýdylanlary başga sözler bilen üýtgetdiler. Biz hem zulum edenlere, boýun egmekden dänendikleri sebäpli, asmandan gorkunç azap inderdik.
60. Musa (çölde) öz kowumy üçin suw dilände, Biz oňa: «Hasaň bilen daşa ur» diýdik. (Ol uransoň) dessine ondan (daşdan) on iki çeşme çogup çykdy. Her bir taýpa öz içjek çeşmesini bilipdi. (Biz olara): «Allanyň rysgalyndan iýiň, içiň, (emma) ýer ýüzünde bozgaklar ýaly çäkden aşmaň» (diýdik).
 61. (Eý, ysraýyl ogullary!) Siz: «Eý, Musa! Biz hiç haçan bir tagam bilen (çäklenip) sabyr edip bilmeris. Sen biziň üçin Perwerdigäriňe ýüz tut! (Goý), Ol bize ýeriň bitirýän gök otlaryndan, hyýaryndan, sarymsagyndan, merjimeginden, soganyndan çykaryp bersin!» diýeniňizde, Musa size: «Siz haýyrly zady pes (zada) çalyşmak (isleýärsiňizmi)? Siz şähere iniň (gidiň), takyk (ol ýerde), siziň islän zatlaryňyz bardyr» diýdi. (Mundan soň) olara peslik we misginlik (tagmasy) uruldy. Olar Allanyň gazabyna duçar boldular. Bu olaryň Allanyň aýatlaryny inkär edip, pygamberleri nähak ýere öldürendikleri (sebäplidir). Bu (bolsa) olaryň asy bolandyklary we çäkden çykandyklary sebäpli boldy.
62. Takyk, iman getiren ýahudylardan, nasranylardan we sabylardan Alla we ahyret gününe ynanyp, ýagşy işleri edýänler üçin özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda sylaglar bardyr. Olara hiç hili gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar. Düşündiriş: Bu ýerde yslam gelmezden öň öz döwürlerindäki hak dine iman getiren ymmatlar göz öňünde tutulýar. Sabylar – öň ýaşap geçen, belli bir dinleri bolmadyk we Allanyň birligini ykrar eden ymmatlaryň biri.
 63. (Eý, ysraýyl ogullary!) Biz sizden (Töwrata uýjakdygyňyz barada) ähti- peýman alypdyk. (Soň siz bu lebziňizi ýuwdandygyňyz üçin) Tur (dagyny) siziň üstüňize galdyryp: «Takwalardan bolmagyňyz üçin size beren zadymyza (Töwrata) mäkäm ýapyşyň we onuň içindäkileri ýat tutuň (amal ediň)!» diýipdik.
 64. Soň munuň (Töwraty kabul edişiňiziň) yzyndan siz (beren ähti-peýmanyňyzdan) dändiňiz. Eger size Allanyň pazly-keremi we merhemeti bolmasady, elbetde, siz zyýan çekenlerden bolardyňyz.
 65. Kasam bolsun! Siz öz içiňizden şenbe güni azgynçylyk edendikleri üçin (Biziň olara): «Betnyşan maýmynlara öwrüliň!» diýendigimizi, elbetde, bilýänsiňiz. Düşündiriş: Bu aýatda şenbe güni balyk tutmak gadagan edilse-de, ol gadagançylyga uýmadyk ysraýyl ogullary barada aýdylýar. Kuranda we hadyslarda irki döwürlerde şular ýaly käbir günäkärleriň Allanyň näletine galyp maýmyna, doňza öwrülendikleri, soň gysga wagt ýaşap, ölüp gidendikleri barada aýdylýar.
 66. Biz muny şol wagt görenlere (ýaşaýanlara) we olaryň yzlaryndan geljeklere ybrat dersi, takwalara bolsa öwüt-nesihat bolmagy üçin etdik.
 67. Musa öz kowumyna: «Takyk, Alla siziň bir sygryň damagyny çalmagyňyzy emir edýär» diýende, olar: «Sen näme bizi ýaňsylaýarsyňmy?» diýdiler. Ol (Musa): «Men nadanlardan bolmakdan Alla sygynýaryn» diýdi.
 68. Olar: «Sen biziň üçin Perwerdigäriňe ýüz tut! (Goý), Ol bize onuň (sygryň) nähilidigini beýän etsin!» diýdiler. Ol (Musa): «Takyk, Ol (Alla): «Ol ne-hä garry sygyr, ne-de ýaş göle (bolsun), bularyň arasynda ortaçarak bolsun» diýýär. (Indi) siz özüňize emir edilen zady berjaý ediň!» diýdi.
 69. Olar: «Sen biziň üçin Perwerdigäriňe ýüz tut! (Goý), Ol bize onuň reňkiniň nähiligini beýan etsin!» diýdiler. Ol (Musa): «Takyk Ol (Alla): «Ol görenleri şat edýän ýalpyldap duran sary reňkli sygyr bolsun» diýýär» diýdi.
70. Olar: «Sen biziň üçin Perwerdigäriňe ýüz tut! (Goý), Ol bize onuň (sygryň) nähilidigini beýän etsin!» diýdiler. Sebäbi biziň (göwnümize) ol sygyr (beýlekilere hem) meňzeş ýaly bolup dur. Alla halasa, elbetde, biz dogrusyny taparys» diýdiler.
 71. (Musa) olara: «Ol (Alla): «Ol (sygyr) heniz (boýuntyryk dakylyp) ýer sürüp, ekin suwaryp horluk görmedik, hiç hili kemçiligi bolmadyk, reňkinde hiç tegmili bolmadyk bir sygyr (bolsun)» diýýär» diýdi. Olar: «Sen şu wagt hakykaty getirdiň (aýtdyň)» diýdiler we dessine ony (tapyp) damagyny çaldylar. Olar tasdanam (ol emri) ýerine ýetirmän goýupdylar.
 72. Siz (bir wagt) bir adam öldüripdiňiz, (soň hem) onuň (ganhorynyň kimdigi) barada öz araňyzda düşünişmezlik (bolupdy). Alla siziň gizleýän zatlaryňyzy ýüze çykarar.
 73. Biz (size): «Onuň (öldürilen sygryň) bir bölek (eti) bilen ony (öldürilen adamy) uruň» diýdik. Ine, siziň akylyňyza aýlanmagyňyz üçin, Alla ölüleri şeýdip direldýär we size öz alamatlaryny (gudratlaryny) görkezýär. Düşündiriş: Ysraýyl ogullaryndan iki sany ýaş ýigit mirasyna eýe bolmak üçin öz agalaryny (kakalarynyň doganyny) öldürýärler. Ganhoryň kimdigi bolsa näbelli bolup galýar. Bu hadysany Musa pygambere ýetirýärler. Ol hem ganhoryň kimdigini bilip bilmänsoň, Alla nyýaz edip ýüz tutýar. Netijede, damagy çalnan ol sygryň eti bilen uransoňlar, öldürilen adam direlýär we özüniň ganhorynyň kimdigini aýdýar.
 74. Emma mundan soň siziň kalplaryňyz ýene-de daş ýaly, hatda ondan hem has beter gatylaşdy. Takyk, käbir daşlaryň aşagyndan derýalar (çeşmeden) gaýnap çykýar, käbirleriniň içinden ýarylyp suw çykýar. Käbir daşlar bolsa, Alladan gorkusyna, ýere togalanyp düşýär. Alla siziň edýän işleriňizden gapyl däldir.
 75. (Eý, möminler!) Indi olar size iman getirer öýdüp pikir edýärsiňizmi? Olardan bir topar Allanyň sözüni eşidip, oňa mazaly göz ýetirip, onuň (hakykatdygyny) bilseler hem ony üýtgetdiler.
 76. (Ikiýüzlüler) iman getirenler bilen gabatlaşanlarynda: «Biz (hem) iman getirdik» diýýärler. Öz-özleri tenha galanlarynda bolsa, biri-birlerine: «Siz (näme) olara Allanyň (Töwratda) size (Muhammediň gelmelidigi baradaky) beýan eden (zatlaryny) Perwerdigäriňiziň huzurynda ony özüňize (garşy) delil getirmekleri üçin aýdýarsyňyzmy? Siz bu barada pikir etmeýärsiňizmi?» diýýärler.
 77. Olar özleriniň ýaşyryn we äşgär edýän zatlaryny Allanyň bilýändigini bilmeýärlermi? 78. Olaryň arasynda kitaby (Töwraty) bilmeýän bisowatlar bar. Olaryň bar bilýän zatlary diňe eşiden boş gürrüňleridir. Olar diňe güman edýärler.
 79. Öz elleri bilen kitap ýazyp, soň hem ony az-owlak pula satmak üçin: «Bu Alladan gelen (zat)» diýýänlere haýp bolsun! Öz elleri bilen ýazandyklary sebäpli, olara haýp bolsun! Olara gazanan zatlary üçin hem haýp bolsun!
 80. Olar (ysraýyl ogullary): «Bize dowzah ody diňe sanalgy gün deger» diýdiler. (Olara): «Siz näme Alladan ähti-peýman aldyňyzmy? Alla Öz ähti- peýmanyndan hiç haçan dänmez. Ýa- da siz Alla hakda bilmeýän zatlaryňyzy aýdýarsyňyzmy?» diýip aýt.
81. Ýok! Kim erbetlik etse, eden erbetligi hem özüni doly gurşap alsa, ine, şolar dowzahydyrlar. Olar ol ýerde ebedi galarlar.
 82. Iman getirip, ýagşy işleri edenler bolsa, ine, olar jennetidirler. Olar ol ýerde ebedi galarlar.
 83. Biz (bir wagt) ysraýyl ogullaryndan olaryň diňe Alla ybadat etjekdikleri, ene- ata, ýakyn dogan-garyndaşa, ýetimlere, misginlere ýagşylyk etjekdikleri barada ähti-peýman alypdyk. (Olara): «Ynsanlara (diňe) ýagşy söz sözläň, namazy doly berjaý ediň, zekat beriň» diýip emir edipdik. Soň, diňe az sanlyňyzdan galanyňyz, (bu wadadan) ýüz öwrüp, dändiňiz.
84. (Eý, ysraýyl ogullary!) Biz sizden biri-biriňiziň ganlaryňyzy dökmejekdigiňiz, biri-biriňizi ýurtlaryňyzdan çykarmajakdygyňyz barada (hem) ähti-peýman alypdyk. Soň siz ähli zady görüp kabul etdiňiz.
 85. Soň siz (beren sözüňizden dänip) biri-biriňizi öldürdiňiz, öz içiňizden bir topary ýurtlaryndan (kowup) çykardyňyz. Olara garşy günäde we duşmançylykda biri-biriňize ýardam berdiňiz. Olary (ýurtlaryndan) çykarmak size haram bolsa-da, (siz olary hem ýurtlaryndan çykarýarsyňyz, hem-de başgalaryň eline) ýesir bolup size gelenlerinde töleg töläp, olary halas edýärsiňiz. Ýa-da siz kitabyň bir bölegine ynanyp, bir bölegini inkär edýärsiňizmi? Siziň içiňizden kim beýle edýän bolsa, (onuň) jezasy bu dünýä ýaşaýşynda ryswalykdyr. Kyýamat gününde bolsa, olar iň agyr azaba duçar bolarlar. Alla siziň edýän işleriňizden gapyl däldir.
 86. Olar ahyretiň deregine bu dünýä ýaşaýşyny satyn alanlardyr. (Şonuň üçin hem) olaryň azaby ýeňilleşdirilmez, olara kömek hem edilmez.
 87. Takyk, Biz Musa kitaby (Töwraty) berdik we ondan soň hem yzly-yzyna pygamber iberdik. Merýem ogly Isa äşgär deliller berdik we ony Mukaddes Ruh (Jebraýyl) bilen goldadyk. (Emma) näwagt pygamber siziň göwnüňiziň halamaýan zadyny getirse (welin), tekepbirlik etdiňiz. Siz (özüňize iberilen pygamberleriň) käbirini ýalançy hasapladyňyz, käbirini bolsa öldürdiňiz.
 88. (Olar): «Biziň kalplarymyz möhürlenen» diýdiler. Ýok! Olaryň küpürleri sebäpli, Alla olary näletledi. (Şonuň üçin hem) olaryň (içinde) ynanýanlary azdyr.
 89. Bes, Alla tarapyndan olara öz ýanlaryndakyny (Töwraty) tassyklaýan kitap (Kuran) geldi. Olar öň kapyrlara (butparazlara) garşy (söweşde) onuň (ahyrzaman pygamberi we Kuran) bilen ýeňiş (kömek) soraýardylar. Olara bilýän zatlary (pygamber we Kuran) gelensoň (welin), ony inkär etdiler. (Şonuň üçin hem) kapyrlara Allanyň näleti bolsun! Düşündiriş: Ysraýyl ogullary ahyrzaman pygamberiniň geljekdigini özlerine inderilen Töwratdan bilýärdiler. Hatda oňa garaşyp ýördüler. Emma ol pygamber özlerinden däl-de, araplardan dörände bolsa ony inkär edýärler.
 90. Allanyň Öz bendelerinden islänine Öz pazly-kereminden (pygamberlik) iberýändigine görip bolup, Allanyň inderen zadyny (Kurany) inkär edip, (deregine) özlerini satan zatlary (küpür) nähili erbet zatdyr. (Şonuň üçin hem) olar (Allanyň) gazabyna duçar boldular. Kapyrlar üçin ryswa ediji azap bardyr.
 91. Olara: «Allanyň inderenine (Kurana) iman getiriň» diýlende, olar: «Biz özümize inderilene (Töwrata) ynanýarys» diýdiler we ondan soňkyny inkär etdiler. (Aslynda) ol (Kuran) özleriniň ýanlaryndakyny (Töwraty) tassyklaýan hak (kitapdyr). (Olara): «Eger siz ynanýan bolsaňyz, onda näme üçin mundan öň Allanyň pygamberlerini öldürýärdiňiz?» diýip aýt.
 92. Kasam bolsun! Musa size äşgär deliller bilen gelipdi. Siz ondan soň göläni (hudaý) edinip, özüňize zulum etdiňiz.
 93. Biz Tur dagyny siziň üstüňize galdyryp, (onuň eteginde) sizden ähti- peýman alyp: «Size beren zadymyza mäkäm ýapyşyň we gulak asyň!» diýipdik. Olar: «Eşitdik we asy bolduk (boýun bolmadyk)» diýdiler. Inkär edendikleri sebäpli, olaryň kalplaryna gölä bolan meýil guýuldy. Olara: «Eger siz ynanýan bolsaňyz, imanyňyz size nähili erbet zatlary emir edýär?» diýip aýt.
94. Eger ahyret ýurdy Allanyň ýanynda (beýleki) ynsanlara däl-de, (diňe) size mahsus (degişli) bolsa, eger siz hem dogruçyl bolsaňyz, (hany onda) ölümi arzuw ediň-dä?!» diýip aýt.
95. (Emma) olar öz elleri bilen eden etmişleri zerarly hiç haçan ony (ölümi) arzuw edip bilmezler. Alla zalymlary gowy tanaýandyr.
 96. (Eý, Muhammet!) Kasam bolsun! Sen ynsanlaryň içinde ýaşaýşa (Alla) şärik goşýanlardan-da has beter höweslileriň olardygyny (ýahudylardygyny) görersiň! Olaryň her haýsy: «Käşgä, müň ýyl ömür sürsedik» diýip arzuw ederler. Ýöne uzyn ömür sürmek hiç kimden azaby daşlaşdyryp (halas edip) bilmez. Alla olaryň edýän işlerini görüp durandyr.
 97. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Kim Jebraýyla duşman bolsa, (bilip goýsun)! Takyk, Allanyň rugsady bilen özünden öňki kitaplary tassyklaýjy, möminlere dogry ýol görkeziji we hoş habar beriji bolan ony (Kurany) seniň kalbyňa Ol inderendir)» diýip aýt. Düşündiriş: Ysraýyl ogullaryndan bir ruhany pygamberimiz Muhammet aleýhissalamdan: «Saňa Kuranyň bu sözlerini kim getirýär?» diýip soranda, ol: «Jebraýyl perişde» diýip jogap berýär. Onda ýaňky ruhany: «Jebraýyl biziň duşmanymyzdyr. Başgasy getirsedi, saňa iman getirerdik» diýýär. Bu wakadan soň hem aşakdaky aýat inýär.
 98. Kim Alla, Onuň perişdelerine, pygamberlerine, Jebraýyla we Mikaýyla duşman bolsa, (bilip goýsun), Alla (beýle) kapyrlaryň duşmanydyr.
99. Kasam bolsun! Biz saňa äşgär aýatlary inderdik. Olary diňe (ýoldan çykan) pasyklar inkär ederler.
 100. Olar eger bir ähti-peýman etseler, her gezek hem özlerinden bir topar ol ähti- peýmany bozmaýarmy? Olaryň aglabasy (hatda Töwrata hem) ynanmaýarlar.
101. Olara Alla tarapyndan ýanlaryndakyny (Töwraty) tassyklaýan bir ilçi gelende, özlerine kitap berlenlerden bir topar, göýä, hiç zat bilmeýän ýaly bolup, Allanyň kitabyny yzlaryna taşladylar (oňa amal etmediler).
102. Olar (ýahudylar) Süleýmanyň hökümdarlyk (döwründe) şeýtanlaryň okap beren zatlaryna (jadylaryna) tabyn boldular. Süleýman (hiç haçan jady edip) kapyr bolmady. Emma şeýtanlar (ynsanlara) jadygöýligi hem-de Harut we Marut (atly iki perişdä) Babylda inderilen zady öwredip, kapyr boldular. Emma olaryň (Harut we Marut) ikisi: «Biz diňe synag üçin iberildik, siz (ýalňyş ynanyp) kapyr bolmaň!» diýmezden, (jady ylmyny) hiç kime öwretmeýärdiler. Olar (jadygöýler) olaryň ikisinden är-aýalyň arasyny açýan zady öwrendiler. Emma olar (jadygöýler) Alladan bidin ol (jady) bilen hiç kime zyýan berip bilmezler. Olar özlerine peýdasy bolmadyk, diňe zyýany bolan zatlary öwrenýärdiler. Kasam bolsun! Olar ony (jadyny) satyn alanyň ahyretden nesibesiniň ýokdugyny bilýärdiler. Özlerine derek satan zatlary nähili erbet zatdyr! Eger (olar) muňa göz ýetirsediler, (beýle etmezdiler)! Düşündiriş: Allanyň emri bilen Harut we Marut atly iki perişde ynsan keşbinde jadygöýligiň giňden ýaýran ýeri bolan Babyl şäherine iberilýärler. Bu perişdeler hem adamlara jadygöýligiň erbetligi barada wagyz-nesihat edipdirler. Emma Allanyň hikmeti bilen olara käbir zatlary hem öwredipdirler. Şeýle-de ýahudylar Süleýman pygamberi Allanyň ilçisi däl-de, bir jadygöý hasaplapdyrlar.
 103. Eger olar (ýahudylar) iman getirip, (özlerini erbet işlerden) saklasalardy, elbetde, Alla tarapyndan (beriljek) az sogap hem (olar üçin) has haýyrly bolardy. Eger (olar) muňa göz ýetirsediler (iman getirerdiler)!
104. Eý, iman getirenler! Siz «Ragynä» diýmäň, «Unzurnä» diýiň we (aýdylanlara) gulak asyň! (Elbetde) kapyrlara jebir-jepaly azap bardyr. Düşündiriş: Pygamberimiz musulmanlara wagyz-nesihat edende, olar: «Eý Allanyň ilçisi! Biziň gowy düşünmegimiz üçin tagapyl ediň!» manysynda pygamberimize «Ragynä» diýýärdiler. Bu sözüň ýahudylaryň dilinde sögünç manysy bardy. Olar pygamberimize öz dillerindäki erbet manyny göz öňünde tutup, bu söz bilen ýüzlenip başladylar. Munuň netijesinde hem musulmanlara: «Ragynä» diýmäň, oňa derek şol manyny aňladýan «Unzurnä» diýiň» diýlip aýdyldy.
 105. (Eý, iman getirenler!) Ähli- kitapdan bolan kapyrlaryň we (Alla) şärik goşýanlaryň (hiç haýsy) Perwerdigäriňizden size bir haýyr (wahyý) inderilmegini islemezler. Alla Öz rahmetini islänine degişli eder (berer). Alla uly pazly-kereme eýedir. Düşündiriş: Ähli-kitap – özlerine asmandan kitap iberilen kapyrlar. Kurany Kerimde ähli kitap diýlende ýahudylar we nasranylar göz öňünde tutulýar.
106. Biz (eger) bir aýatyň (hökümini) ýatyrsak ýa-da ony unutdyrsak, (onuň deregine) ondan has haýyrlysyny ýa- da oňa meňzeşini getireris. Eýsem, sen Allanyň ähli zada güýjüniň ýetýändigini bilmediňmi? Düşündiriş: Kurany Kerimde käbir aýatlar inderilenden gysga wagt geçenden soň unutdyrylýar. Sahabalar bir gije bir süräni okamakçy bolýarlar. Emma başyndaky «Bismilläden» başga hiç zat ýatlaryna düşmändir. Olar bu ýagdaýyň sebäbini sorap, pygamberimize ýüz tutanlarynda, ol: «Ol süre sözleri we hökümleri bilen aradan aýrylandyr» diýip jogap berýär.
 107. Eýsem, sen asmanlaryň we ýeriň mülküniň (eýeçiliginiň) hakykatdan hem Allanyňkydygyny, size Alladan başga hiç bir dostuň we kömekçiniň ýokdugyny bilmediňmi?
 108. (Eý, iman getirenler!) Ya-da siz hem, öň (ymmatynyň) Musadan sorag- sowal edişi ýaly, pygamberiňizden sorag-sowal etmekçi bolýarsyňyzmy? Kim imanyny küpür bilen çalyşsa, takyk, ol ýoluň dogrusyndan azaşar.
 109. Ähli-kitabyň (ýahudylaryň we nasranylaryň) köpüsi özlerine hak äşgär edilensoň, özleriniň nebisleriniň bahyllyklary sebäpli, iman getireniňizden soň sizi kapyrlyga döndermek islediler. Siz, tä Allanyň emirleri (hökümleri) gelýänçä, olary bagyşlaň, geçirimlilik ediň! Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 110. Siz namazy berjaý ediň we zekat beriň! Özüňiz üçin öňünden näme haýyr (iberseňiz), onuň (sogabyny) Allanyň ýanynda taparsyňyz. Takyk, Alla siziň edýän işleriňizi görüp durandyr.
 111. Olar (ähli-kitap): «Jennete ýahudylardan we nasranylardan başga hiç kim girmez» diýdiler. Bu olaryň ham-hyýallarydyr. (Olara): «Eger siz dogruçyl bolsaňyz, (bu meselede) deliliňizi getiriň!» diýip aýt.
 112. Ýok! Kim ýüzüni Alla öwrüp (Onuň razyçylygy üçin) haýyr-sahawat etse, Perwerdigäriniň ýanynda onuň sylagy bardyr. Olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.
113. Ýahudylar: «Nasranylar (dogry bolan) hiç zatda (dinde) däldir» diýdiler. Nasranylar bolsa: «Ýahudylar (dogry bolan) hiç zatda (dinde) däldir» diýdiler. (Ýogsa) olar kitap (Töwrat we Injil) okaýarlar. (Kitaby okap) bilmeýänler hem (özaralarynda) olaryň sözlerini aýdýarlar. Bes, Alla olaryň çaprazlyga düşen bu ýagdaýlary hakda kyýamat gününde höküm berer.
 114. Allanyň metjitlerinde Onuň (Allanyň) adynyň agzalmagyna päsgel bolýan we olary ýykmak üçin tagalla edýän (kişiden) has zalym kim bolup biler? Olar ol ýerlere (metjitlere) diňe gorky bilen girip bilerler. Olara bu dünýäde ryswalyk, ahyretde bolsa uly azap bardyr.
 115. Gündogar-da Allanyňkydyr, Günbatar-da. Siz haýsy tarapa öwrülseňiz hem Allanyň ýüzi (razylygy) şol ýerdedir. Takyk, Allanyň (rahmeti) giňdir we (ähli zady) bilýändir.
116. Olar: «Alla perzent edindi» diýdiler. (Alla) Özüni ähli kemçiliklerden päk edendir. Elbetde, asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. Ähli zat Oňa tabyndyr. Düşündiriş: Ýahudylar «Uzeýr pygamber Allanyň ogludyr», nasranylar bolsa «Isa pygamber Allanyň ogludyr», butparazlar hem «Perişdeler Allanyň gyzlarydyr» diýdiler. Bu aýatda bular inkär edilýär.
117. (Ol) asmanlaryň we ýeriň ýokdan bar edijisidir. Ol bir işiň amala aşmagyny islese, oňa «Bol!» diýer. Ol (hem) dessine (peýda) bolar.
 118. (Hakykaty) bilmeýänler: «Alla biziň bilen gepleşsedi ýa-da bize (seniň pygamberligiňi tassyklaýan) bir aýat (mugjyza) gelsedi» diýdiler. Bulardan öňküler hem bularyňky ýaly sözleri aýtdylar. Olaryň (kejirlikde) kalplary (düşünjeleri) biri-birine meňzeşdir. Elbetde, Biz anyk ynanmak isleýänler üçin aýatlary doly beýan etdik.
 119. Takyk, Biz seni Hak (Kuran) bilen buşlaýjy we duýduryjy edip iberdik. Dowzahylar (näme) üçin (ynanmady diýlip) senden (hasap) soralmaz.
120. (Eý, Muhammet!) Ýahudylar we nasranylar, tä sen özleriniň dinlerine boýun bolýançaň, senden razy bolmazlar. (Olara): «Iň dogry ýol, Allanyň ýoludyr» diýip aýt. Eger sen özüňe gelen ylymdan (wahydan) soň olaryň arzuw-isleglerine (dinlerine) tabyn bolsaň, saňa Alla tarapyndan dost hem, kömekçi hem ýokdur!
 121. Özlerine kitap berlenler ony (kitaby) okalyşyna görä dogry okaýarlar. Ine, olar oňa (kitaba) iman getirenlerdir. Ony inkär edenler bolsa zyýan çekenleriň hut özleridir.  122. Siz Meniň size beren nygmatlarymy we sizi (Musanyň döwründe) bütin äleme üstün eden (wagtlarymy) ýatlaň!  
123. Siz hiç kimiň başga birine derek töleg töläp bilmeýän, hiç kimden şepagat (kömek) kabul edilmeýän, hiç kimden fidýe (töleg puly) alynmaýan we hiç kime (hiç hili) ýardam edilmeýän günden gorkuň!
124. Perwerdigäri Ybraýymy käbir sözler bilen synap görüpdi. Ol hem olary doly ýerine ýetirende (Alla oňa): «Men seni ynsanlara baştutan etjek» diýdi. (Ybraýym): «Meniň neslimden (hem baştutan et)» diýdi. (Alla): «Meniň (bu) ähti-peýmanym zalymlara gowuşmaz (olara söz bermerin)» diýdi.
 125. Biz ol (mukaddes) öýi (Käbäni) ynsanlara jemlenme (sogap gazanma) we howpsuz (asuda) ýer edipdik. Siz Ybraýymyň makamyndan (özüňize) namaz ýeri ediniň! Ybraýyma we Ysmaýyla hem: «Meniň öýümi (Käbäni) togap, yzygiderli ybadat, rukug, sežde etjekler (namaz okajaklar) üçin päk tutuň!» diýip wesýet etdik. Düşündiriş: «Makamy Ybraýym» sözi «Ybraýym pygamberiň duran ýeri» diýen manyny aňladýar. Ybraýym pygamberiň Käbäni bina edende, üstüne çykan we aýagynyň yzy galan daş. Ol ýer şu wagt Käbäniň daşynda ýarym aýlanyp duran daşdan ybarat. Ol ýer öň Käbäniň çäginde eken. Ýöne Käbe soň täzeden bina edilende, ol ýer Käbäniň daşynda galýar.
 126. (Şonda) Ybraýym: «Eý, Perwerdigärim! Bu şäheri asuda eýle! Onuň ýaşaýjylaryndan Alla we ahyret gününe iman getirenlere (dürli) miwelerden rysgal edip ber» diýipdi. (Alla oňa): «Inkär edeni hem (dünýä lezzetlerinden) az salymlyk peýdalandyryp, soň ony ot (dowzah) azabyna duçar ederin. Ol baryljak nähili erbetdir» diýdi.
127. Ybraýym (ogly) Ysmaýyl bilen öýüň (Käbäniň) düýbüni tutup, (şeýle dileg etdiler): «Eý, Perwerdigärimiz! Bizden (bu amalymyzy) kabul et! Takyk, Sen (ähli zady) eşidýänsiň, bilýänsiň.
128. Eý, Perwerdigärimiz! Bizi Özüňe tabyn bolanlardan eýle! Biziň neslimizden hem Özüňe tabyn bolan ymmat (ýetişdir)! Bize (haj) ybadatlarymyzyň (ýollaryny) görkez we biziň (eden) tobalarymyzy kabul et! Takyk, Sen tobalary kabul edijisiň, Rehim-şepagatlysyň!
 129. Eý, Perwerdigärimiz! Olaryň arasyndan Seniň aýatlaryňy olara okap berjek, olara kitaby we hikmeti öwretjek, olary (nädogry ynançlardan we ýaramaz häsiýetlerden) päk (tutjak) bir pygamber iber! Takyk, sen Gudraty güýçlüsiň, hikmete eýesiň!».
 130. Ybraýymyň dininden özlerini pese düşürenlerden başga kim ýüz öwrüp biler?! Kasam bolsun! Biz bu dünýäde ony saýladyk we ahyretde hem ol, elbetde, ýagşylardan bolar.
 131. Perwerdigäri oňa: «Boýun bol!» diýende ol: «Älemleriň Perwerdigärine boýun boldum» diýipdi.
 132. Ybraýym muny öz ogullaryna (hem) wesýet etdi. Ýakup (hem perzentlerine): «Eý, ogullarym! Takyk, Alla siziň üçin bu dini (Allanyň birligini) saýlady. Bes, siz diňe musulman ýagdaýda jan beriň!» diýdi.
 133. (Eý, ýahudylar!) Ýa-da siz Ýakuba ölüm gelende onuň ýanyndamydyňyz? Ol öz ogullaryna: «Siz menden soň nämä ybadat etjek?» diýende olar: «Biz seniň we ata-babalaryň Ybraýymyň, Ysmaýylyň we Yshagyň Hudaýyna ybadat ederis. (Ol) ýeke-täk Hudaýdyr (Alladyr). Biz Oňa boýun bolduk» diýdiler.
134. Olar öň ýaşap geçen bir ymmatdylar. Olaryň gazanan zatlary özlerinedir, siziň gazanan zatlaryňyz siziň özüňizedir. Olaryň eden işleri üçin sizden (hasap) soralmaz.
135. Olar (ähli-kitap): «Ýahudy ýa-da nasrany boluň, dogry ýoly taparsyňyz» diýdiler. (Olara): «Ýok, biz hanyf (hak din) bolan Ybraýymyň dinine (uýduk). Ol Alla şärik goşanlardan däldi» diýip aýt.
 136. (Eý, möminler!) Olara: «Biz Alla we bize inderilene, Ybraýyma, Ysmaýyla, Yshaga, Ýakuba we onuň neberesine inderilene, Musa we Isa berlene, özleriniň Perwerdigäri tarapyndan (beýleki) pygamberlere berlenlere iman getirdik. Biz olaryň hiç haýsyny aýra tutmaýarys. Biz Oňa (Alla) tabyn bolduk!» diýiň.
 137. Eger olar hem siziň Oňa (Alla) iman getirişiňiz ýaly iman getirseler, onda dogry ýoly taparlar. Eger ýüz öwürseler, takyk, onda olar düşünişmezlige duçar bolarlar. Olara garşy saňa Alla ýeter. Ol (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 138. Olara: «Biz Allanyň (bize beren) reňkine (dinine) boýandyk. Alladan has gowy kim reňk berip biler?! Biz diňe Oňa gulluk edýäris» diýiň!
 139. Olara: «Siz biziň hem Perwerdigärimiz, siziň hem Perwerdigäriňiz bolan Alla hakda biziň bilen jedelleşýärsiňizmi? Biziň amallarymyz bizedir, siziň amallaryňyz sizedir. Biz Oňa yhlas bilen (amal edýäris)» diýip aýt.
140. Ýa-da siz hakykatdan hem Ybraýymyň, Ysmaýylyň, Yshagyň, Ýakubyň we onuň neberesiniň ýahudy ýa-da nasrany bolandyklaryny aýdýarsyňyzmy? (Olara) aýt: «(Allanyň dinini) siz has gowy bilýärsiňizmi ýa-da Alla (has gowy bilýärmi)? Alla tarapyndan özüne (habar berlen) şaýatlygy gizleýänden has zalym kim bolup biler? Alla siziň edýän işleriňizden gapyl däldir.
 141. Olar öň ýaşap geçen bir ymmatdylar. Olaryň gazanan zatlary özlerinedir, siziň gazanan zatlaryňyz siziň özüňizedir. Olaryň eden işleri üçin sizden (hasap) soralmaz.
142. Ynsanlardan (käbir) bolgusyzlar: «Olary ýönelýän kyblalaryndan öwren zat näme?» diýerler. (Olara): «Gündogar- da, Günbatar-da Allanyňkydyr. Ol öz islänini dogry ýola gönükdirer» diýip aýt. Düşündiriş: Musulmanlar ilkibaşda Medinede Kudusa bakyp namaza durýardylar. Şonda ýahudylar: «Muhammede kyblanyň nirededigini biz görkezdik» diýip öwünýärdiler. Soň Alladan musulmanlara namazda ýüzlerini Käbä öwürmekleri barada emir gelýär. Bu ýagdaýdan soň hem olar ýene-de öz aralarynda bolgusyz gürrüňleri edip başlaýarlar.
 143. (Eý, Muhammet ymmaty!) Şeýdip, Biz siziň (kyýamatda) ynsanlara şaýat bolmagyňyz, bu pygamberiň hem size şaýat bolmagy üçin sizi orta ýolda (adalatly) bolan bir ymmat etdik. Seniň (öňden bäri ýönelmegi arzuw edip ýören) öňki ýönelýän kyblaňy (Käbäni) Biz diňe pygambere tabyn bolanlary iki ökjesi bilen yza tesjeklerden (tapawutlandyryp) bilmegimiz üçin (kybla) etdik. Bu Allanyň dogry ýola gönükdirenlerinden beýlekiler üçin uly (agyr) işdir. Alla siziň imanyňyzy puja çykarmaz. Takyk, Alla ynsanlara Mähirlidir, Rehim- şepagatlydyr. Düşündiriş: Kyýamat gününde ähli ymmatlar pygamberleriniň özlerine hakykaty getirendiklerini inkär ederler. Alla hem hakykaty ýetirendikleri barada pygamberlerden delil talap eder. Şonda Muhammet ymmatyny getirerler. Olar hem ähli pygamberleriň öz ymmatlaryna hakykaty ýetirendiklerine güwä geçerler. Olardan: «Siz muny nireden bilýärsiňiz?» diýlip soralar. Olar hem: «Kurandan we Allanyň ilçisinden» diýerler. Soň Allanyň ilçisi Muhammedi getirerler, ol hem bularyň hakykatdygyny tassyklar.
 144. (Eý, Muhammet!) Biz seniň (habara garaşyp) ýüzüňi asmana öwürýäniňi görýäris. Biz seni öz razy boljak kyblaňa hökman öwreris. Bes, sen (namazda) ýüzüňi Mesjidi-Harama (Käbä) tarap öwür! (Eý, musulmanlar!) Siz nirede bolsaňyz hem (namazda) ýüzüňizi oňa (Käbä) tarap öwrüň! Takyk, kitap berlenler onuň (kyblanyň Käbä tarap üýtgedilmeginiň) özleriniň Perwerdigärinden (gelen) hakykatdygyny, elbetde, (gowy) bilýärler. Alla olaryň edýän işlerinden gapyl däldir. Düşündiriş: Mesjidi-Haram – Käbäniň Kurany Kerimdäki ady bolup, bu ýerdäki haram sözi «mukaddes, keramatly, hormatly, çäklerinde gadagan işleri etmek haram bolan» manylaryny aňladýar.
 145. Kasam bolsun! Sen kitap berlenlere islendik görnüş aýat (delil) getirseň hem, olar seniň kyblaňa tabyn bolmazlar. Sen hem olaryň kyblasyna tabyn bolmarsyň. Olar hem biri-birleriniň kyblasyna tabyn bolmazlar. Kasam bolsun! Eger sen özüňe ylym (wahyý) gelenden soň, olaryň isleg- arzuwlaryna tabyn bolsaň, onda elbetde, sen (özüňe) zulum edenlerden bolarsyň.
146. Özlerine kitap berenlerimiz ony (pygamberi) öz ogullaryny bilişleri ýaly tanaýarlar. Hatda olaryň käbiri bilseler hem, hakykaty gizleýärler.
 147. Bu hakykat Perwerdigäriňden gelendir. (Şonuň üçin) sen güman edijilerden bolma!
 148. Her bir (ymmatyň) özüniň ýönelýän tarapy (kyblasy) bardyr. Bes (eý, möminler!) Siz haýyr işlerde ýaryşyň! Siz nirede bolsaňyz hem, Alla siziň hemmäňizi bir ýere jemlär. Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 149. Nireden (ýola) çyksaň hem, (namazda) ýüzüňi Mesjidi-Harama (Käbä) tarap öwür! Bu Perwerdigäriňden saňa gelen hakykatdyr. Alla siziň edýän işleriňizden gapyl däldir.
 150. (Eý, Muhammet!) Nireden (ýola) çyksaň hem, (namazda) ýüzüňi Mesjidi- Harama (Käbä) tarap öwür! (Eý, möminler!) (Siz) nirede bolsaňyz hem, ýüzüňizi oňa (Käbä) tarap öwrüň! Goý, ynsanlaryň arasyndaky zalymlardan galanlar üçin (siziň garşyňyza) delil bolmasyn. Siziň dogry ýoly tapmagyňyz üçin we Meniň hem size nygmatymy doly bererim ýaly, siz olardan däl, diňe Menden gorkuň!
151. Biz size özüňizden bolan, size Biziň aýatlarymyzy okaýan, sizi (günälerden) saklaýan, size kitaby we hikmeti tälim berýän, size bilmeýän zatlaryňyzy öwredýän bir pygamber iberdik.
 152. Bes, siz Meni (ybadat bilen) ýatlaň! Men hem sizi (ýalkaw bilen) ýatlaýyn! Maňa şükür ediň! Meni inkär etmäň!
 153. Eý, iman getirenler! Sabyr we namaz bilen (Alladan) ýardam soraň! Takyk, Alla sabyr edenler bilendir.
 154. Siz Allanyň ýolunda öldürilenlere «ölüler» diýmäň! Tersine, olar diridirler, emma siz (olaryň ýaşaýşyny) duýmarsyňyz.
 155. Kasam bolsun! Elbetde, Biz sizi gorky-howp, açlyk, emlägiňize, janyňyza we hasyllaryňyza nogsanlyk ýetirmek (garyplyk) arkaly synag edýäris. Sabyr edenleri söýünjile!
 156. Ol sabyr edenleriň (başyna) bir kynçylyk gelende: «Takyk, biz Allanyň (bendeleri) we biz, elbetde, Oňa gaýdyp bararys» diýerler.
 157. Ine, olara, özleriniň Perwerdigäri tarapyndan ýalkaw we rahmet bardyr. Olar dogry ýolda bolanlaryň hut özleridir.
 158. Takyk, Safa bilen Merwe (depeleri) Allanyň goýan alamatlarydyr. Kim (Allanyň) öýüne haj we umra (zyýaratyny) etse, olaryň ikisini togap etmeginde (arasynda ylgamagynda) günä ýokdur. Kim öz islegi bilen haýyrly iş etse, elbetde, Alla şükür edijidir (edilen amalyň sogabyny doly berýändir we) bilýändir.
 159. Takyk, Biziň inderen äşgär delillerimizi we kitapda ynsanlara anyk görkezenimizden soň dogry ýolumyzy gizleýänleri Allanyň (näletleýşi ýaly) ähli näletleýjiler hem olary näletlärler.
 160. Emma Men toba edip, özlerini düzedenleriň we (hakykaty äşgär) beýan edenleriň tobalaryny kabul ederin. Men tobalary kabul edijidirin, Rehim- şepagatlydyryn.
 161. (Biziň aýatlarymyzy) inkär edip, kapyr bolup ölenlere Allanyň, perişdeleriň we bütin ynsanlaryň näleti bolsun!
 162. Olar ömürlik (näletiň-azabyň) içinde (galarlar). Olaryň azaby (hiç haçan) ýeňilleşdirilmez, olara (hiç hili) möhlet (hem) berilmez.
 163. Siziň Hudaýyňyz ýeke-täk Hudaýdyr (Alladyr). Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur! (Ol) Mähribandyr, Rehim-şepagatlydyr.
164. Takyk, asmanlaryň we ýeriň ýaradylyşynda, gije bilen gündiziň çalşyp durmagynda, ynsanlaryň hyzmaty üçin deňizde ýüzüp ýören gämilerde, Allanyň asmandan inderip, onuň bilen öli ýeri direlden suwunda, ähli janly-jemendeleri ýeriň ýüzünde ýaýratmagynda, şemallary we asman bilen ýeriň arasyndaky (Hakyň) emrine tabyn bulutlaryň ýöremeginde akylyny ulanýanlar üçin (Allanyň barlygyny we birligini aňladýan) alamatlar bardyr.
 165. Ynsanlardan käbiri Alladan başgalaryny hem Oňa deň tutup, olary, göýä, Allany söýýän ýaly söýýärler. (Emma) iman getirenleriň Alla bolan söýgüsi olaryňkydan has güýçlüdir. Käşgä, (Alla şärik goşup, özlerine) zulum edenler (ahyretdäki) azaby gören wagtlary (göz ýetirişleri ýaly) ähli güýç-kuwwatyň Allanyňkydygyna we Allanyň azabynyň örän ýowuzdygyna göz ýetirsediler.
 166. Şol wagt (Alla şärik goşmakda) tabyn bolnanlar özleriniň yzlaryna tabyn bolanlardan has daşda durandyklaryny (görerler). Olar (iki tarap hem) azaby görendirler we olaryň aralarynda (bar bolan ähli) gatnaşyk kesilendir.
 167. (Pygamberleri inkär edenlere) tabyn bolanlar: «Käşgä, ýene bir gezek (dünýä) gelmek (mümkin bolsady), olaryň bizden daş duruşlary ýaly, biz hem olardan daş durardyk» diýerler. Şeýdip, Alla olaryň eden işlerini özlerine gam-gussa edip görkezer we olar soň (hiç haçan) otdan (dowzahdan) çykyp bilmezler.
 168. Eý, ynsanlar! Siz ýer ýüzündäki halal we arassa zatlardan iýiň! Şeýtanyň ädimleriniň (yzyna) düşmäň! Takyk, ol siziň üçin äşgär duşmandyr.
 169. Ol (şeýtan) size diňe erbetligi, bozgaklygy we siziň bilmeýän zatlaryňyzy Alla garşy aýtmagyňyzy emir edýär (isleýär).
170. Olara (kapyrlara): «Siz Allanyň inderen zadyna tabyn boluň!» diýlende, olar: «Ýok! Biz ata-babalarymyzdan gören (zadymyza) tabyn bolarys» diýdiler. Eger olaryň ata-babalary hiç zada akyl ýetirip bilmän, dogry ýoly tapyp hem bilmän geçen bolsalar (onda hem olara tabyn boljaklarmyka)?
 171. Ol kapyrlaryň mysaly, göýä gykylykdan we seslenişden başga zat eşitmeýän mallara seslenýän (çopanyň) ýagdaýy ýalydyr. (Sebäbi) olar (kapyrlar) kerdirler, laldyrlar we kördürler. Olar hiç zada düşünmezler.
172. Eý, iman getirenler! Biziň size rysgal edip beren zatlarymyzdan iýiň we eger diňe ýalňyz Alla ybadat edýän bolsaňyz, Oňa şükür ediň!
 173. Alla size maslygy (haram ölen maly), damak gany, doňuz etini we Alladan başgasynyň adyna (damagy) çalnan (malyň etini) haram etdi. Emma kim kyn ýagdaýda galyp, özgäniň hakyny iýmezden we çäkden geçmezden (bulardan az mukdarda iýse welin) günä ýokdur. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
174. Takyk, Allanyň inderen kitabyndaky (ahyrzaman pygamberiniň häsiýetleri ýaly) bir zady gizläp, ony sähelçe (dünýewi) baha (bähbide) satyn alanlaryň garynlaryndaky iýip-içýän zatlary otdan başga zat däldir. Kyýamat gününde (Alla) olar bilen gepleşmez (rahmet nazaryny salmaz) we olary (günälerinden) aklamaz. Olara jebir- jepaly azap bardyr.
175. Ine, olar, dogry ýola derek azgynçylygy, ýalkawyň deregine azaby satyn alanlardyr. Olary (dowzah) oduna sabyrly eden zat nämekä?
 176. Bu (azap) Allanyň kitaby (boş ýere däl-de), hak (we hikmet) bilen inderenligi (sebäplidir). Emma kitap (meselesinde) çaprazlyga düşenler, elbetde, (hakykatdan) daş bolan düşünişmezligiň içindedirler.
177. Ýagşylyk (takwalyk) diňe siziň ýüzüňizi (namazda) Gündogar we Günbatar tarapa öwürmegiňiz däldir. (Hakyky) ýagşylyk (takwalyk) Alla, ahyret gününe, perişdelere, kitaba, pygamberlere ynanyp, (Allanyň) razyçylygy üçin ýakyn dogan- garyndaşlaryna, ýetimlere, misginlere, ýolda galanlara, dilegçilere we (gullardan we ýesirlikden) boýunlaryny (azat etmekçi bolýanlara) öz gowy görýän zadyndan berip, namazy berjaý edip, zekat berýän, ylalaşan ähti-peýmanyna wepaly, kynçylykda, hassalykda we söweş gyzyşan wagtynda sabyr edenleriňkidir. Ine, olar, dogruçyl bolanlardyr we olar takwalaryň hut özleridir.
 178. Eý, iman getirenler! Ölüm (meselesinde) size kasas (ar almak) ýazyldy. Azat adama azat adam, gula gul, aýala aýal kasasy bardyr. Emma (öldüren) kişi (öldürileniň) dogany (hossary) tarapyndan bir zadyň (hunuň) dereginde bagyşlansa, onda (bu meselede gelnen) ylalaşyga laýyklykda (ylalaşylan oňyn çözgüde) tabyn bolmak (iň gowusydyr). Bu ýagdaýda (öldüren) oňa (kesgitlenen huny) gowulyk bilen tölemelidir. Bu Perwerdigäriňiz tarapyndan bir ýeňillikdir we rahmetdir. Kim mundan soň bu bellenilen çäkden aşsa, onuň üçin jebir-jepaly azap bardyr.
179. Eý, akyl eýeleri! Kasasyň (ýöredilmeginde) siziň üçin (asuda) ýaşaýyş bardyr! Bu siziň (kasasdan) gorkmagyňyz (we beýle işlere baş goşmazlygyňyz) üçindir. Düşündiriş: Kasasyň ýörediljegini bilenler başga adamlaryň janyna kast etmekden heder ederler. Netije-de hem ýaşaýyş dabaralanar.
 180. Siziň biriňiziň başyňyza ölüm gelen wagty, eger peýdasy degjek bolsa, ene- ata, ýakyn dogan-garyndaşa (dine) laýyk görnüşde (mirasyny bölmek barada) wesýet etmegi takwalar (Alladan heder edýänler) üçin borçdur. Düşündiriş: Bu aýatyň tereke bilen baglanyşyky aýatlar inenden soň hökümi ýatyrylýar.
 181. Bes, kim (wesýeti) eşidenden soň ony üýtgetse (wesýet edýäniň edişi ýaly etmese), günäsi ony üýtgedenlere (degişli) bolar. Takyk, Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 182. Kim wesýet edijiniň (nähaklyga) meýil etmeginden ýa-da günä sebäp bolmagyndan (mirasdüşerlere nähaklyk etmeginden) çekinip, (olaryň) aralaryny sazlasa, oňa günä ýokdur. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
183. Eý, iman getirenler! (Siziň günä işlerden saklanyp) takwalardan bolmagyňyz üçin, sizden öňkülere parz edilişi ýaly, size hem sanalgy günlerde oraza tutmak parz edildi.
 184. Bes, sizden bir adam (oraza günlerinde) hassa ýa-da ýolagçy bolsa (we agzyny açsa), ol sanalgy günlerini (tutup bilmedik günleriniň kazasyny) başga günlerde tutar. (Ýaşy ýa-da ejizligi sebäpli) agyz beklemäge ýaramaýan adamlar bir misginiň bir günlük tagamy mukdary ýaly fidýe (töleg) bermeli. Kim öz islegi bilen has artyk ýagşylyk etse (gereginden artyk berse), ol ýagşylyk onuň özünedir (öz bähbidinedir). Eger bilseňiz, agyz beklemegiňiz sizin üçin (fidýe bermekden ýa-da hassalyk sebäpli, agyz açmagyňyzdan) has haýyrlydyr.
 185. Remezan aýy ynsanlara dogry ýoly (hidaýaty) görkezýän we dogry (hak) bilen egri ýoly (batyly) biri-birinden tapawutlandyrýan äşgär alamatlary (özünde jemleýän) Kuranyň inderilen aýydyr. Kim bu aýa ýetse, onda agyz beklesin! Sizden bir adam (bu aýda) hassa ýa-da ýolagçy bolsa, ol (tutup bilmedik) sanalgy günleriniň (kazasyny) başga günlerde tutar. Alla (ybadatlaryň) siziň üçin ýeňil bolmagyny isleýär, size kyn bolmagyny islemeýär. Bular siziň (oraza aýynyň) sanalgy günlerini doly tutmagyňyz we (Onuň) sizi dogry ýola gönükdirenligi üçin Allany (hamdy- sena) bilen wasp we şükür etmegiňiz üçindir.
 186. Bendelerim senden Men barada sorasalar, (sen aýt): «Takyk, Men (olara) ýakyndyryn. Menden dileg edýän wagtynda dileg edýäniň dilegini kabul ederin. Hak ýola ýetmekleri üçin (bendelerim) meniň çagyryşyma gulak asyp, Maňa iman getirsinler».
 187. Size oraza gijelerinde aýallaryňyza ýanaşmak halal edildi. Olar siziň lybasyňyzdyr (örtgiňizdir), siz hem olar üçin lybassyňyz. Alla siziň özüňize erbetlik edýändigiňizi bildi we tobaňyzy kabul edip, siziň (günäleriňizi) bagyşlady. (Siz) indi (oraza gijelerinde) olara (aýallaryňyza) ýanaşyp (bilersiňiz) we Allanyň siziň üçin ýazgyt eden zadyny (perzent edinmegi) gözläň! Siz säher çagy, tä siziň üçin ak sapak gara sapakdan saýgarylýança, iýiň we içiň! Soň agşama çenli (Gün ýaşýança) agyz bekläň! Metjitlerde ygtykafa (ybadata) oturanyňyzda, aýallaryňyza ýanaşmaň! Bular Allanyň çäkleridir, olara golaýlaşmaň! Ine, şeýdip siziň (günä işlerden saklanyp), takwalardan bolmagyňyz üçin Alla Öz aýatlaryny ynsanlara äşgär beýan edýär.
 188. Siz öz araňyzda (biri-biriňiziň) emlägiňizi nähak (ýol bilen) iýmäň! Siz (dogryny) bilseňiz hem, ynsanlaryň emläkleriniň bir bölegini günä (haram) ýoldan iýmek üçin, olary (nähak deliller bilen) kazylara (para edip) bermäň! Düşündiriş: Bu ýerde ynsanlaryň elindäki bar bolan amanat zatlary inkär edip, eýesine bermejek bolup, kazyýetlere baş urup, ýarysyny özi alyp, ýarysyny bolsa kazylara para hökmünde berýänler ýazgarylýar.
 189. Senden hilal (täze dogan aý) hakda sorarlar. Sen olara: «Ol (hilal) ynsanlaryň (dini, dünýewi işleri) we haj parzy üçin wagt ölçegleridir» diýip aýt. Siziň öýlere arka tarapyndan girmegiňiz gowulyk (sogap) däldir. Gowulyk (sogap) takwa bolmakdyr (haram zatlardan saklanmakdyr). Siz öýlere (yhram baglanyňyzda) gapylaryndan giriň! Halas bolmagyňyz üçin Alladan gorkuň! Düşündiriş: Yslamdan öň we yslamyň başlarynda haj ýa-da umra ybadatyny berjaý etmek üçin yhram baglaýan adam, sogap bolýar diýen düşünje bilen, öýüň arka tarapyndan girer eken. Bu aýatda beýle hereketiň nädogrudgy nygtalýar.
 190. Size (garşy) söweşenler bilen siz hem Alla ýolunda söweşiň! (Emma) hetden aşmaň! Takyk, Alla hetden aşanlary halamaz!
 191. Olary (size garşy söweşenleri) tutan ýeriňizde öldüriň! Sizi kowup çykaran ýerlerinden (Mekgeden) siz hem olary kowup çykaryň! Pitne (çykarmak) adam öldürmekden hem has erbetdir. Olar siziň bilen Mesjidi-Haramyň (Käbäniň) ýanynda söweşmese, siz hem ol ýerde olar bilen söweşmäň! Eger olar siziň bilen ol ýerde (Käbede) söweşseler (sizi öldürseler), siz hem olary öldüriň! Ine, kapyrlaryň jezasy şeýledir.
 192. Eger olar (söweşden) ýüz öwürseler, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 193. Siz, tä pitne (bütinleý aradan) aýrylýança we din (tagat-ybadat) hem diňe Alla üçin bolýança, olara garşy söweşiň! Eger olar (söweşden) ýüz öwürseler, (olara duşmançylyk etmäň), çünki zalymlarydan başga (hiç kime) duşmançylyk edilmez.
194. (Siziň bu ýyl) haram aýda (söweş etmegiňiz, olaryň geçen ýyl) haram aýda (siziň bilen söweş edendikleriniň) dereginedir. (Ynsanlaryň biri-birlerine) hormatlary garşylykly (bolmalydyr). Kim size hüjüm etse, siz hem olara hüjümleri möçberinde hüjüm ediň! Alladan gorkuň we Allanyň takwalar bilen biledigini bilip goýuň!
195. (Emläkleriňizden) Allanyň ýolunda sarp ediň! Öz elleriňiz bilen özüňizi heläkçiligiň (öňüne) atmaň we haýyr- sahawat ediň! Takyk, Alla haýyr-sahawat edýänleri halaýandyr.
 196. Alla üçin haj (parzyny) we umra (zyýaratyny) berjaý ediň! Eger (yhrama gireniňizden soň) size (haýsydyr bir) päsgelçilik döredilse (siz hem ony doly berjaý edip bilmeseňiz), özüňize ýeňil bolan bir gurbanlyk (malyny Mina iberip), damagyny çaldyryp (yhramdan çykyň). Gurbanlyk maly barmaly ýerine (Mina) barýança, kelläňizi (saçyňyzy) syrmaň! Sizden (kim) hassa bolsa, ýa-da kellesinde bir ezýet berýän (ýarasy) bar bolsa, onda (ol) oraza tutup ýa sadaka berip, ýa-da gurbanlyk çalyp, fidýe (töleg) bermelidir. Emma siziň üçin (haj ýolagçylygy) howpsuz bolsa, kim haj döwrüne çenli (wagtdan) peýdalanyp, umra etmek islese, özüne ýeňil bolan gurbanlyk çalmagy (wajypdyr). Emma kim (gurbanlyk malyny) tapmasa, haj (döwründe) üç gün, (öýe) gaýdyp geleniňizden soň hem ýedi gün oraza tutmalydyr. Bu jemi on gündür. Bu (umra) maşgalasy Mesjidi-Haramda (Mekgede) ýaşamaýanlar üçindir. Alladan gorkuň! Allanyň (berjek) azabynyň örän ýowuzdygyny bilip goýuň!
 197. Hajyň (wagty) belli aýlardyr. Kim bu aýlarda haj etmäge niýetlense, (yhrama girse, oňa) haj (döwründe) aýala ýanaşmak, günä işlere ýönelmek we dawa-jedel etmek bolmaýar. Siz näme haýyr iş etseňiz, Alla ony bilýändir. (Eý, möminler! Ahyret üçin) azyk gazanyň! Takyk, iň haýyrly azyk takwalykdyr. Eý, akyl eýeleri! Meniň (emirlerime garşy gelmekden) gorkuň!
 198. (Haj döwründe söwda edip) Perwerdigäriňizden geljek bir pazly- keremi (gazanjy) gözlemegiňiz siziň üçin günä däldir. Arafatda (wakfa durup), soň (sil ýaly bolup) akyp (Muzdelifä) gaýdanyňyzda Meşgary- Haramyň ýanynda Allany ýatlaň! Onuň sizi dogry ýola gönükdirişi ýaly, siz hem Ony ýatlaň! Takyk, siz mundan öň ters ýoldadyňyz! Düşündiriş: Arafat – Mekgäniň golaýyndaky bir dagyň ady. Haj döwründe gurban aýynyň dokuzyna ol ýerde wakfa durmak, ýagny biraz wagtlap aýak üstünde eglenmek hajyň parzlarynyň biridir. Arafat dagyndan inen hajylar soň Muzdelife diýen ýere gelip, ol ýerde agşam, ýassy we ertir namazlaryny okaýarlar. Muzdelifäniň çetinde ýerleşýän Meşgary- Haram (ýa-da Kuzah) diýilýän depede gijäni geçirmek, aýak üstünde dik durup, Alla ýönelip doga-dileg etmek has sogap hasaplanylýar.
 199. Soň ynsanlaryň (sil ýaly) akyp gidýän ýerinden siz hem akyp gidiň we Alladan ýalkaw soraň! Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 200. Haj (parzy) dessurlaryňyzy berjaý edip bolanyňyzdan soň, (öň) ata- babalaryňyzy (buýsanyp) ýatlaýşyňyz ýaly, hatda olardan hem has beter, Allany ýatlaň! Ynsanlardan: «Eý, Perwerdigärimiz! Bize (nesibämizi) bu dünýäde ber!» diýýänleriň ahyretden hiç hili nesibeleri ýokdur.
 201. Olaryň käbiri bolsa: «Eý, Perwerdigärimiz! Bize bu dünýäde gowulyk (halal rysgal) ber, ahyretde hem gowulyk (ýalkaw) ber we bizi ot (dowzah) azabyndan gora!» diýýärler.
202. Ine, olara gazanan zatlaryndan uly bir nesibe bardyr. Allanyň hasaby tiz (gelýändir).
203. Siz sanalgy (gurbanlyk) günlerinde Allany ýatlaň (tekbir aýdyň)! Kim howlugyp, (gurban baýramy gününden soňky) iki günüň içinde (Minadan Mekgä) gaýdyp gelmek islese, oňa günä ýokdur. (Bular) Alladan gorkýanlar üçindir. Alladan gorkuň we özüňiziň Onuň huzurynda jemlenjekdigiňizi biliň! Düşündiriş: Tekbir aýtmak – «Allahu ekber» («Alla örän beýikdir») diýmek bolup, hanafy alymlarynyň pikirine görä, bu aýatdaky «sanalgy (gurbanlyk) günlerinden» maksat gurbanlyk günlerindäki aýdylýan tekbirlerdir. Bu tekbirler gurban aýynyň dokuzy güni ertir namazynyň parzyndan başlap, tä gurban aýynyň on üçünji güni ikindi namazynyň parzyna çenli, jemi 23 namazyň yzyndan aýtmak wajyp hasaplanylýar.
 204. Ynsanlaryň arasynda käbiriniň dünýä ýaşaýşy baradaky sözleri saňa hoş gelip biler. Hatda (käbirleri) kalbyndaky (aýdýan) zadynyň (çynydygyna) Allany hem şaýat tutunar. (Hakykatda bolsa), ol (musulmanlara) iň ganym duşmandyr.
 205. Ol (ikiýüzli seniň ýanyňdan) gidip (bir işiň başyna barsa) ýer ýüzünde pitne- pisat çykarmak, ekinleri zaýalap, nesli bozmak üçin tagalla eder. Alla pitne- pisady halaýan däldir.
 206. Oňa: «Sen Alladan gork» diýilse, gopbamlygy ony günä işlere alyp geler. Oňa (jeza hökmünde) dowzah (ýeter). Ol ýer nähili erbet düşekdir (ýerdir)!
 207. Ynsanlaryň arasynda Allanyň razylygyny gazanmak üçin öz janyny satýanlar (pida edýänler) hem bardyr. Alla bendelerine Mähirlidir.
 208. Eý, iman getirenler! Siziň hemmäňiz (jem bolup) yslama giriň we şeýtanyň ädimleriniň (yzyna) düşmäň! Çünki ol siziň üçin äşgär duşmandyr.
 209. Eger siz özüňize (Kuran we sünnet ýaly) äşgär deliller gelenden soň (hak ýoldan) taýsaňyz (ýüz öwürseňiz), takyk, Allanyň Gudraty güýçlüdigini we hikmet eýesidigini bilip goýuň!
 210. (Ýa-da) olar (kapyrlar) bulut kölegeleriniň içinde Allanyň (özüne laýyk görnüşde) perişdeler bilen bile özlerine gelmegine we (kyýamatyň gopup, hasaba çekilme) işleriniň (doly) amala aşyrylmagyna garaşýarlarmy? (Ähli) işler (soňunda) Alla gaýdyp barar!
 211. Ysraýyl ogullaryndan sora! Biz olara niçeme äşgär aýatlar berdik. Kim özüne äşgär aýat geleninden soň, Allanyň nygmatyny üýtgetse, Allanyň azabynyň örän ýowuzdygyny (bilsin).
 212. Kapyrlara dünýä ýaşaýşy bezemen görkezildi. (Şonuň üçin hem) olar iman getirenleriň üstlerinden gülýärler. Emma kyýamat güni iman getirenler olardan ýokardadyr. Alla islänine bihasap rysgal berer.
213. Ynsanlar (öň) ýeke-täk ymmatdy. Soň Alla buşlaýjy we duýduryjy edip pygamberleri iberdi. Ynsanlaryň arasynda dörän çaprazlyklarda höküm bermekleri üçin olar bilen birlikde hak (ýoly görkezýän) kitap inderdi. Emma özlerine kitap berlenler äşgär deliller gelenden soň, aralaryndaky göriplik sebäpli, çaprazlyga düşdüler. Alla hem iman getirenlere çaprazlyga düşen meselelerinde, Özüniň eradasy bilen, hak ýoly görkezdi. Alla islänini dogry ýola gönükdirer.
 214. (Eý, iman getirenler!) Ýa-da siz özüňizden öň ýaşap geçenleriň başlaryna gelen ýagdaýlar (kynçylyklar) öz başyňyza gelmezden jennete gireris diýip pikir etdiňizmi? Olaryň başyna (şeýle bir) agyr mätäçlikler we kynçylyklar geldi welin, pygamber we onuň bilen bile iman getirenler titräp: «Allanyň kömegi haçan gelerkä?» diýdiler. Meger, Allanyň kömegi gaty ýakyndyr.
 215. Olar senden (Allanyň ýolunda) nämäni haýyr-sahawat etmelidigi barada sorarlar. (Olara): «Siziň ene- ata, ýakyn dogan-garyndaşa, ýetimlere, mätäçlere we ýolagçylara näme haýyr- sahawat etseňiz, Alla siziň edýän ýagşylyklaryňyzy, elbetde, gowy bilýändir» diýip aýt.
 216. (Eý, möminler!) Siz halamasaňyz hem size söweşmek ýazyldy (parz edildi). Siziň özüňize haýyrly bolan zady halamazlygyňyz mümkin. Özüňize zyýanly zady hem gowy görmegiňiz mümkin. Alla (nämäniň haýyrly, nämäniň bolsa zyýanlydygyny) bilýändir, (emma) siz bilmersiňiz.
 217. Senden haram aýda söweş (edip- etmezlik) barada sorarlar. (Olara): «Ol aýda söweşmek uly günädir. Emma (ynsanlary) Allanyň ýolundan sowmak, Ony (Allany) inkär etmek we (hajylaryň) Mesjidi-Harama (zyýaratyna päsgel bolmak), onuň (Käbäniň) halkyny ol ýerden çykarmak Allanyň ýanynda has uly günädir. Pitne (söweş) adam öldürmekden hem has ýowuz (işdir)» diýip aýt. Güýçleri ýetse, olar (kapyrlar), tä sizi diniňizden ýüz öwürdýänçäler, size garşy söweşerler. Sizden kim-de- kim dininden dänse we kapyr bolup ölse, onuň dünýäde-de, ahyretde-de ähli amallary puç bolar. Olar dowzahydyrlar we ol ýerde ebedi galarlar. Düşünidiriş: Haram aýlar – boş, gurban, aşyr we rejep aýlarydyr. Yslamdan öňki döwürlerde bu aýlarda söweş etmek haram hasaplanylypdyr.
 218. Takyk, iman getirenler we hijret (göç) edip, Allanyň ýolunda söweşenler, olar, Allanyň rahmetini umyt edip bilerler. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 219. Senden şerap we humar barada sorarlar. (Olara): «Olaryň ikisinde hem ynsanlar üçin uly günä we (käbir) peýdalar bardyr. Olaryň günäsi peýdasyndan has uludyr» diýip aýt. Olar senden (Allanyň ýolunda) nämäni haýyr- sahawat etmelidigi barada sorarlar. (Olara): «Özüňizden artyk zady (beriň!)» diýip aýt. Siziň pikirlenmegiňiz üçin Alla size aýatlaryny şeýdip, beýan edýär.
 220. (Siz) dünýä we ahyret hakda (oýlanyň)! Senden ýetimler barada sorarlar. (Olara): «(Siziň üçin) olaryň (ýagdaýlaryny) düzetmek (terbiýelemek) haýyrlydyr. Eger olar bilen bile ýaşasaňyz, olar siziň (din) doganlaryňyzdyr, (olara esewan boluň!)» diýip aýt. Alla kimiň bozgakdygyny, kimiň düzedijidigini (gowy) bilýändir. Alla eger islesedi, sizi hem kynçylyga salardy. Takyk, Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir!
221. (Eý, möminler!) Iman getirmeseler, (Alla) şärik goşýan (azat) aýallara öýlenmäň! Eger siziň göwnüňize ýarasa hem, (Alla) şärik goşýan (azat) aýaldan imanly bir gyrnak haýyrlydyr. Iman getirmeseler, (Alla) şärik goşýan (azat) erkeklere hem (gyzlaryňyzy) durmuşa çykarmaň! Eger siziň göwnüňize ýarasa hem, (Alla) şärik goşýan (azat) erkekden imanly bir gul haýyrlydyr. Olar (Alla şärik goşýanlar) oda (dowzaha) çagyrýarlar. Alla bolsa, Öz rugsady bilen, jennete we magfyrata (ýalkawa) çagyrýar. Pikir etmekleri üçin Alla ynsanlara Öz aýatlaryny beýan edýär.
 222. Senden (aýallaryň) aýbaşysy barada sorarlar. (Olara): «Ol bir yzadyr (ýarawsyzlykdyr). Aýbaşy wagtynda, tä päklenýänçäler, aýallaryňyza (ýanaşmakdan) gaça duruň! Päklenenlerinden soň, Allanyň size emir (halal) eden ýerinden olara ýanaşyp (bilersiňiz)» diýip aýt. Takyk, Alla çyn toba edenleri we özlerini (günälerden) päk tutýanlary halaýandyr.
 223. Aýallaryňyz sizin üçin (çaga öndürýän) ekin ýeriňizdir. Öz ekin ýeriňize (halal edilen ýerden) öz göwün isleýşiňiz ýaly baryň! Özüňizi hem (sogap işler bilen) öňünden taýýarlaň! Alladan gorkuň we siziň Oňa gowuşjakdygyňyzy biliň! Möminleri (hem) söýünjile!
224. Kasamlaryňyz bilen haýyr işleriňize, takwa bolmagyňyza we ynsanlaryň arasyny düzetmegiňize Allany päsgel etmäň! Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 225. Alla sizden biderek (ýalňyşyp, bilmän) eden kasamlaryňyz üçin hasap soramaz. Emma çyn ýürekden (bilkastlaýyn) eden kasamlaryňyzdan welin hasap sorar. Alla Bagyşlaýjydyr, Halymdyr (howlugýan däldir).
226. Aýallaryna ýanaşmazlyga kasam edenler dört aýlap garaşmalydyr. Eger bu möhletiň içinde (dänip, yzlaryna) gaýdyp gelseler, takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 227. Eger (dänmän, şol möhletiň içinde) talak niýetine gelseler, Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 228. Talak berlen aýallar üç päklik (aýbaşy we tämizlenme) möhletini (durmuşa çykman) geçirmelidirler. Eger (olar) Alla we ahyret gününe ynanýan bolsalar, olaryň öz ýatgylaryndaky Allanyň ýaradan (çaga we haýyz ýaly zatlary) gizlin saklamaklary halal (dogry) däldir. Eger olaryň (öňki) ärleri (olar bilen täzeden) ýaraşmak (birleşmek) isleseler, onda ol garaşma möhletiniň içinde olary (aýallaryny) yzyna almaga (hemmelerden öňürti) olaryň (öňki ärleriniň) haklary bardyr. (Dine) laýyklykda aýallaryň (erkekleriň öňünde käbir) borçlarynyň bolşy ýaly, erkekleriň hem (aýallaryň öňünde käbir) borçlary bardyr. (Emma) erkekleriň (aýallara garanyňda belli) bir dereje (artykmaç taraplary) bardyr. Takyk, Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 229. (Aýala) talak iki gezek berilýändir. Mundan soň ýa (aýaly yzyna alyp, aradaky nikany) ýagşylyk bilen saklamaly, ýa-da (üçünji gezek talak berip) gowulyk bilen boşatmalydyr. Siziň olara beren zadyňyzdan (galyňyňyzdan) bir zat almagyňyz halal däldir. Emma eger är-aýal Allanyň çäklerini (nika kadalaryny) berjaý edip bilmeris diýip gorksalar (onda erkek aýaldan berjek talagyna derek bir zatlar alyp biler). (Eý, kazylar!) Eger siz hem olar Allanyň çäklerini (nika kadalaryny) berjaý edip bilmezler öýtseňiz, onda aýalyň fidýe (töleg) hökmünde bir zat bermeginde (är-aýalyň) ikisine hem güňä ýokdur. Bular Allanyň çäkleridir. Bu (çäklerden) çykmaň! Kim Allanyň çäklerini geçse, olar (özlerine) zulum edenleriň hut özleridirler.
230. Eger (erkek) oňa (üçünji gezek) talak berse, onda ol aýal, tä başga bir erkek bilen nikalaşýança, oňa (talak beren erkege) halal däldir. Eger (ol soňky äri) oňa (aýala) talak berse, onda Allanyň çäklerini berjaý ederin öýtseler, (öňki är-aýalyň) biri- birlerine gaýdyp gelmeklerinde (täzeden nikalaşmaklarynda) günä ýokdur. Bular Allanyň çäkleridir. Ol (Alla) bulary bilmek isleýänler üçin beýan edýär. Düşündiriş: Yslamdan öň araplar aýallaryna birnäçe gezek talak berip, soň ýene yzyna alar ekenler. Yslam muny gadagan edýär we aýala üç we ondan köp talak berilse, olaryň aýrylyşmalydyklaryny kesgitleýär.
 231. Aýallara talak beren wagtyňyz we olaryň hem yddatlary (garaşma möhletleri) dolsa, (dine) laýyklykda ýa (ony yzyna alyp, aradaky nikany) ýagşylyk bilen saklamaly, ýa-da (yzyna alman) gowulyk bilen talak beriň! Emma olardan (bir peýda gazanmak üçin) olara nähaklyk edip, (zorluk bilen) saklamaň! Kim beýle etse, onda onuň özüne zulum etdigidir. Allanyň aýatlaryny ýaňsylamaň! Allanyň size beren nygmatyny, size öwüt- nesihat bermek üçin inderen kitabyny we hikmetini ýatlaň! Alladan gorkuň! Allanyň ähli zady bilýändigini bilip goýuň!
 232. Aýallara (üçden az) talak berlen wagty we olaryň hem garaşma möhletleri dolan wagty öz aralarynda (dine) laýyklykda razylaşsalar, olaryň (özlerine talak beren) ärleri bilen nikalaşmaklaryna päsgel bolmaň! Ine, munuň bilen sizden Alla we ahyret gününe iman getirenlere öwüt-nesihat berilýändir. Bu öwüdi almagyňyz siziň üçin iň dogrusy we (sizi günälerden) päk (tutujydyr). Alla (nämäniň haýyrly, nämäniň bolsa zyýanlydygyny) bilýändir, (emma) siz bilmersiňiz.
 233. Eneler çagalaryny doly iki ýyllap emdirsinler. Bu doly emdirmek isleýänler üçindir. (Dine) laýyklykda olaryň eklenji we egin-eşik bilen üpjünçiligi çaga özi üçin dogrulan atanyň borjudyr. Hiç kimden güýjüniň ýetmeýän zadynyň (hasaby) soralmaz. Hiç bir ene çagasy sebäpli, hiç bir (ata hem) özüniňki bolan zat (çaga) sebäpli, zyýan çekmeli däldir. Mirasdüşer hem şonuň mysalydyr. Eger (ene-ata) razylaşyp, gelnen karar netijesinde çagany süýtden aýyrmak isleseler, onda olara günä bolmaz. Eger çagalaryňyzy (enekä) emdirtmekçi bolsaňyz, enekä (dine) laýyklykda (hakyny) töleseňiz, size günä ýokdur. Alladan gorkuň! Allanyň siziň edýän (ähli) işiňizi görýändigini biliň!
 234. Siziň içiňizden ärleri ýogalan aýal maşgalalar dört aý on gün özbaşyna (yddata) garaşsyn (äriniň öýünden çykmasyn, bezenmesin we durmuşa- da çykmasyn). Bu (yddat) möhletleri gutarandan soň, (dine) laýyklykda (öýden çykmak, bezenmek we durmuşa çykmak ýaly) özleriniň (dogry hasaplan) işleri zerarly size günä ýokdur. Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr.
 235. (Yddata garaşýan) aýallara durmuşa çykmak meselesinde öz pikirleriňizi duýdurmagyňyzda ýa-da özüňizde saklamagyňyzda size günä ýokdur. Alla siziň olary soň (bu niýetiňizi olara) ýatlajakdygyňyzy bilýär. Ýöne olar bilen (nikany) gizlin wadalaşmaň, olara diňe (dine) laýyk aýdyň! Yddatlary dolýança olara nika düwnüni düwmäge (nikalamaga) synanyşmaň! Allanyň siziň içiňizdäkileri bilýändigini bilip goýuň! Ondan (Alladan) heder ediň! Allanyň Bagyşlaýjydygyny, Halymdygyny (howlugýan däldigini) biliň!
 236. Eger aýallara el degirmezden (ýanaşmazdan) öň olara talak berseňiz, size (galyň meselesinde) hiç hili günä ýokdur. (Emma) olara belli bir (galyň) kesgitlän bolsaňyz, onda (olara sowgat- serpaý) bermeli. Olara, gurply bolan öz ýagdaýyna görä, eli dar bolan hem öz ýagdaýyna görä, (dine) laýyk bolan (sylag) bermelidir. (Emma) ýagşylar üçin (mynasyp bir serpaý bermek) borçdur.
 237. Eger (öňünden) galyň kesgitlän bolsaňyz we olara el degirmezden öň talak berseňiz, (onda) onuň (galyňynyň) ýarysyny bermeli. (Ýöne) aýallaryň (galyňdan) dänmegi ýa-da nika düwüni ygtyýarynda bolan (äri galyňy doly) bagyş etse, (bu höküme) degişli däldir (öz ygtyýarlarydyr). (Emma) bagyşlamagyňyz takwalyga has laýykdyr. Öz araňyzda haýyr-sahawaty ýatdan çykarmaň! Takyk, Alla siziň edýän işleriňizi görýändir!
 238. Namazlary, aýratyn hem orta (ikindi) namazy (doly) berjaý ediň! Alla tagzym (etmek) bilen (namazy) dogry berjaý ediň!
 239. Eger (bir zatdan) gorksaňyz, onda (namazlaryňyzy) pyýada ýa-da ulag üstünde (okaň). Asudalyga ýeteniňizde bilmeýän wagtyňyz Alla size (nähili) öwreden bolsa, şol görnüşde (Allany) zikir ediň (namaz okaň)!
 240. Siziň araňyzdan ýogalyp, yzlarynda (dul) aýallary galdyrýanlaryňyz, (dirikäler) aýallarynyň (öýünden) çykarylmazdan bir ýyla çenli (miras goýan) emläginden peýdalanmaklary barada (hossarlaryna) wesýet etsinler. Eger olar (aýallar özleri) çykyp gitseler, olaryň özleri üçin (dine) laýyk eden işleri sebäpli, size (hossarlara) günä ýokdur. Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir!
 241. (Erkekler) talaklary berlen aýallara (dine) laýyklykda (hökman) bir eklenç (bermelidirler). Bu Alladan gorkýanlar üçin bir borçdur.
 242. Alla siziň akyl ýetirmegiňiz üçin şeýdip, Öz aýatlaryny size beýan edýär.
 243. Sen (sanlary) müňlerçe bolsa hem, ölüm gorkusy bilen ýurtlaryndan çykyp gidenleri görmediňmi? Alla olara: «Jan beriň!» diýdi, (olar hem jan berdiler). Soň bolsa olary direltdi. Takyk, Alla ynsanlara pazly-kerem eýesidir. Ýöne ynsanlaryň aglabasy şükür etmezler.
 244. Siz Allanyň ýolunda söweşiň! Takyk, Allanyň (ähli zady) eşidýändigini we bilýändigini biliň!
 245. Kim Alla mynasyp karz berse (haýyr- sahawat etse), Ol ony oňa birnäçe esse artdyryp berer. (Ynsanlaryň rysgalyny) dar edýänem, giň edýänem Alladyr. Siz (ahyry) Oňa gaýdyp bararsyňyz!
 246. Musadan soň ysraýyl ogullarynyň emeldarlaryny görmediňmi? Olar özlerine iberilen pygambere: «Bize (onuň ýolbaşçylygynda) Allanyň ýolunda söweşer ýaly bir hökümdar iber» diýdiler. (Pygamber olara): «Size söweşmek parz edilse, siz hem söweşmeseňiz (nähili bolar)?» diýdi. Olar: «Biz ýurtlarymyzdan çykaryldyk, çagalarymyzdan jyda düşürildik, biz näme üçin Allanyň ýolunda söweşmäliň?» diýdiler. Olara söweş parz edilende bolsa, olaryň azy galyp, (köpüsi) ýüz öwürdiler. Alla zalymlary gowy bilýändir.
 247. Pygamberleri olara: «Takyk, Alla size Taluty hökümdar edip iberdi» diýdi. (Olar): «Ol biziň üstümize (nädip) hökümdar bolup biler? Hökümdarlykda biz ondan has laýyk! Oňa giň mal- döwlet baýlygy hem berilmedi» diýdiler. Ol (pygamber): «Takyk, Alla ony siziň üstüňize (hökümdar edip) saýlady, oňa ylymda we bedende (güýçde) aýratynlyk bagyş etdi. Alla Özüniň mülküni (hökümdarlygy) islän (bendesine) berer» diýdi. Allanyň (pazly-keremi) giňdir we (ähli zady) bilýändir. Düşündiriş: Müsür bile Palestinanyň arasynda ýaşaýan amalika halkynyň Jalut atly hökümdary ysraýyl ogullarynyň üstüne häli-şindi çozuş edip, olary ýurtlaryndan kowup çykarýar. Ysraýyl ogullary hem şol döwrüň pygamberi bolan Işmewil pygamberden Jaluta garşy söweşde özlerine birini hökümdar we serkerde bellemegini haýyş edýärler. Işmewil pygamber hem Allanyň halkyň içinden Taluty olara serkerde hem hökümdar edip belländigini aýdýar.
 248. Olaryň pygamberi: «Takyk, onuň (Talutyň) hökümdarlygynyň alamaty, içinde Perwerdigäriňizden size bir rahatlyk (alamat) bilen Musanyň we Harunyň neberesinden galan bir galyndy bar bolan tabytyň (sandygyň) size gelmegidir. Ony perişdeler göterýändirler. Eger siz iman getirenlerden bolsaňyz, takyk, munda siziň üçin bir ybrat bardyr» diýdi.
 249. Talut esgerler bilen (şäherden) aýrylanda, (olara): «Alla sizi bir derýa bilen synag eder. Kim ondan (ganyp) içse menden däldir. Kim ondan datmasa, elbetde, ol mendendir. Kim eli bilen bir owuç suw içse (zyýany ýokdur)» diýdi. Emma ondan (derýadan) olaryň azyndan galan, (köpüsi) içdiler. Talut iman getirenler bilen birlikde derýadan geçeninden soň, (olar): «Bu gün biziň Jaluta we onuň leşgerine garşy durjak güýjümiz ýok» diýdiler. Alla gowuşjakdyklaryna ynananlar bolsa: «(San taýdan) niçeme az topar Allanyň kömegi bilen uly topary ýeňendir. Alla sabyr edenler bilen biledir» diýdiler.
 250. Olar (Taluta tabyn bolanlar) Jalut we onuň leşgerleri bilen söweşe çykanlarynda hem: «Eý, Perwerdigärimiz! Biziň üstümize (ýagyş ýaly) sabyr ýagdyr. Bize aýaklarymyzy ýere mäkäm basdyr! Kapyrlara garşy (ýeňmäge) bize ýardam ber» diýdiler.
 251. Allanyň rusgady (kömegi) bilen olary derbi-dagyn etdiler. (Möminleriň arasynda bolan) Dawut hem Jaluty öldürdi. (Soň) Alla oňa (Dawuda) mülk (hökümdarlyk) we hikmet (pygamberlik) berdi. Oňa islän zatlaryny (ylymlaryny) doly öwretdi. Eger Alla käbir ynsanlaryň erbetligini beýlekiler bilen dep etmesedi, elbetde, ýer ýüzi weýran bolardy. Ýöne Alla (bütin) älemdäkilere pazly-kerem eýesidir.
 252. Ine, bular Allanyň aýatlarydyr. (Eý, Muhammet!) Biz olary saňa hak (we hikmet) bilen okap berýäris. Takyk, sen (Alla tarapyndan) iberilen pygamberlerdensiň.
 253. Biz ol pygamberleriň käbirlerini beýlekilerden (kitap bermek bilen) artyk eýledik. Alla olaryň käbirleri bilen gürleşdi, käbirleriniň hem derejelerini beýgeltdi. Biz Merýem ogly Isa äşgär deliller berdik we ony Mukaddes ruh (Jebraýyl) bilen goldadyk. Eger Alla islesedi, olardan soň gelen (milletler) özlerine äşgär deliller geleninden soň, biri-birleri bilen söweşmezdiler. Emma çaprazlyga düşendikleri (sebäpli), olaryň käbiri iman getirdi, käbiri hem inkär etdi. Eger Alla islesedi, olar söweşmezdiler. Emma Alla islän zadyny amala aşyrýandyr.
 254. Eý, iman getirenler! Söwda-satygyň, dostlugyň we şepagatyň bolmaýan ol (kyýamat) güni gelmezden öň size beren rysgalymyzdan haýyr-sahawat ediň! (Hakykaty) inkär edenler zalymlaryň hut özleridir.
 255. (Ol) Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Ol Diridir, Kaýýumdyr (bendeleriň işini ýöredýändir). Ol uklamaz, (hatda) irkilmezem. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. Ondan bidin Onuň ýanynda kim şepagat edip biler? Ol bendeleriň edýän we etjek ähli işlerini bilýändir. (Ynsanlar) Onuň ylmyndan Özüniň islän zadyndan başga hiç zadyň (hakykatyna) doly düşünip bilmezler. Onuň kürsüsi asmanlary we ýeri (doly) gurşap alandyr. Ol ikisini (asmany we ýeri) gorap saklamak Oňa kyn däldir. Ol (Alla) Beýikdir, Belentdir.
 256. Dinde (hiç bir) mejburlyk ýokdur. Dogrulyk egrilikden (aýdyň) tapawulandyrylandyr. Kim taguty (şeýtany) inkär edip, Alla iman getirse, ol üzülmeýän berk tanapa (hak dine) ýapyşandyr. Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
257. Alla iman getirenleriň dostudyr. Olary tümlüklerden (ýagty) nura çykarar. Kapyrlaryň dostlary bolsa tagutdyr (şeýtandyr). Olary (ýagty) nurdan tümlüklere çykarar. Ine, olar dowzahylardyr. Olar ol ýerde ebedi galarlar.
 258. Allanyň özüne hökümdarlyk bereni üçin (göterinip bilmän) öz Perwerdigäri hakda Ybraýym bilen çekeleşen (Nemrudy) görmediňmi? Ybraýym (oňa): «(Meniň) Perwerdigärim direldýändir we öldürýändir» diýdi. Ol: «Men hem (ölüm jezasy berleniň günäsini geçip) direldýärin we (başga birini) öldürýärin» diýdi. Ybraýym: «Alla Güni Gündogardan getirýär, sen ony Günbatardan getir-dä?» diýende, ol kapyr aljyrap galdy. Alla zalymlary dogry ýola salmaz.
259. Ýa-da sen (öýleriniň) üçekleri (diwarlarynyň) üstüne ýykylan (we hiç kim hem sag galmadyk) bir obadan (şäherden) geçende: «Alla bulary ölenlerinden soň nädip direldip bilerkä?» diýeni (Uzeýr pygamberi) görmediňmi? Şonda Alla onuň janyny alyp, ýüz ýyldan soň ony direldip, oňa: «Näçe wagt galdyň?» diýdi. Ol: «Bir gün ýa- da ýarym gün galdym» diýdi. (Alla): «Ýok, sen ýüz ýyl galdyň. Azygyňa we şerbetiňe seret, henizem üýtgän däldir. Eşegiňe hem seret! Biz (muny) seniň ynsanlara ybrat (bolmagyň) üçin etdik. Sen (eşegiň) süňklerine seret! Olary nähili (ýerbe-ýer) goýýarys. Soň ony et bilen gaplaýarys» diýdi. Ol bu ýagdaýa göz ýetirensoň: «Men Allanyň ähli zada güýjüniň ýetýändigine göz ýetirdim» diýdi.
 260. Ybraýým (hem): «Eý, Perwerdigärim! Maňa ölüleri nädip direldýändigiňi görkez» diýipdi. (Alla): «Sen näme ynanmadyňmy?» diýdi. (Ybraýym): «Ýok (ynandym), ýöne kalbymyň ynjalmagy üçin (görmek isleýärin)» diýdi. (Alla): «Sen dört sany guş tut! Olary (gowy tana), soň (öldürip, etlerini bölekläp) ýanyňa al! Soň her dagyň başyna olardan bir bölek et goý! Soň olary çagyr, derrew seniň ýanyňa gelerler» diýdi. Takyk, Allanyň Gudraty güýçlüdigini‚ hikmet eýesidigini bilip goý!
 261. Alla ýolunda emläklerini sarp edýänleriň mysaly, göýä, her sümmülinde ýüz däne bolan ýedi baş sümmül getiren bir däne (tohum) ýalydyr. Alla islänine (artykmajy bilen) köpeldip berýändir. Allanyň pazly-keremi giňdir, (ähli zady) bilýändir.
 262. Emläklerini Alla ýolunda sarp edip, soň minnet edip, (mätäçleri) ynjytmaýanlara özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda sylaglary bardyr. Olara hiç hili gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.
263. Ýakymly söz we geçirimlilik yzyndan (ony beriji tarapyndan) ynjydyjy (söz gelýän) sadakadan haýyrlydyr. Alla Baýdyr (hiç zada mätäç däldir), Halymdyr (howlugýan däldir).
 264. Eý, iman getirenler! Alla we ahyret gününe ynanmaýan we öz emlägini ynsanlaryň görmegi üçin sarp edýänler ýaly minnet we ynjytmak bilen eden haýyr-sahawatlaryňyzy puja çykarmaň! Onuň mysaly üstünde sähelçe toprak bolan ýylçyr daşyň mysaly ýalydyr. Onuň üstüne çabga ýagyp, ony ýylmanak daşa öwrer. Olar gazanan hiç zatlaryna eýe bolmazlar. Alla kapyrlary dogry ýola salmaz.
 265. Allanyň razylygyny isläp we kalplaryndaky pugta ynanç bilen emläklerini haýyr işe sarp edýänleriň ýagdaýy bir depede gurlan we çabga ýaganda hasyly iki gat artýan bakjanyň mysaly ýalydyr. Eger çabga däl, (ýagyş) çisňese-de (önüm berer). Alla siziň edýän işleriňizi görýändir.
 266. Siziň haýsyňyz hurma we üzüm agaçlaryndan doly, aşagyndan derýalar akýan we özi üçin ol ýerde her dürli miweli (bag-bakjasy), idege mätäç çagalary bolup, garrylyk başyna gelende, ol bag-bakjasy alawly tüweleýe duçar bolup ýanyp gitmegini islärsiňiz? Siziň pikir edip, oýlanmagyňyz üçin, ine, Alla şeýdip, size aýatlaryny beýan edýär.
 267. Eý, iman getirenler! Gazanan zatlaryňyzyň we size rysgal hökmünde ýerden çykaran zatlarymyzyň gowusyndan haýyr-sahawat ediň! Özüňize berlende gözüňizi ýumman almajak erbet zadyňyzy haýyr-sahawat hökmünde bermäň! Allanyň Baýdygyny (hiç zada mätäç däldigini), hamdy-sena edilmäge laýykdygyny biliň!
268. Şeýtan sizi garyplyk bilen gorkuzar we size etbet zatlary (etmegiňizi) islär. Alla (bolsa) size öz ýalkawyny we pazly- keremini wada berýär. Allanyň (pazly- keremi) giňdir, (ähli zady) bilýändir.
 269. (Alla) hikmeti islän bendesine berer. Kime hikmet berlen bolsa, oňa köp (uly) haýyr berildigidir. (Bu barada) diňe akyl eýeleri pikir ederler.
 270. Siziň berýän haýyr-sahawatlaryňyzy we nezr edip (Alla ýolunda) aýdan zatlaryňyzy, olaryň (hemmesini) Alla bilýändir. Zalymlara hiç hili dost ýokdur.
 271. Eger sadakalaryňyzy (haýyr- sahawatlaryňyzy) äşgär berseňiz, bu iň gowusydyr. Eger ony garyplara gizlin berseňiz, bu siziň üçin haýyrlysydyr. (Gizlin amalyňyz sebäpli) Alla siziň (käbir) günäleriňiziň üstüni örter (geçer). Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr.
 272. (Eý, Muhammet!) Olary dogry ýola gönükdirmek seniň (borjuň) däldir. Alla islän bendesini dogry ýola gönükdirer. Siziň berýän haýyr- sahawatlaryňyz siziň öz bähbidiňizedir. Siz haýyr-sahawatlaryňyzy diňe Allanyň razylygyny gazanmak üçin berjaý ediň! Siziň haýyr hökmünde beren zadyňyz size artykmajy bilen gaýtarylyp berler we size (hiç hili) nähaklyk edilmez.
 273. (Siz sadakalaryňyzy) özlerini Alla ýoluna bagyş eden we ýer ýüzünde gazanç etmäge gurby çatmaýan garyp- gasarlara beriň! Bilmeýänler (dilegçilik etmekden) namys edýändikleri üçin olary gurpludyr öýderler. Sen olary ýüzlerinden tanarsyň. Olar utançdan ýaňa ynsanlardan zat hantama bolmazlar. Alla siziň edýän (ähli) haýyr işleriňizi bilýändir.
 274. Emläklerini gije-gündiz, gizlin we äşgär haýyr-sahawat edýänlere özleriniň Perwerdigäri tarapyndan sylaglary bardyr. Olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.
 275. Süýthorlar (guburlaryndan) şeýtan (jyn) uran (adam) ýaly bolup turarlar. Bu (ýagdaýa düşmekleriniň sebäbi) olaryň: «Söwda-satyk göýä göterim (süýthorlyk) ýalydyr» diýendikleri (zerarlydyr). Alla söwda-satygy halal edip, göterimi (süýthorlygy) haram edendir. Kim Perwerdigärinden öwüt-nesihat gelenden soň süýthorlygy taşlasa, öňki (alan göterimi) özüniňkidir (oňa haram däldir) we (göterimi taşlandygy üçin) onuň işi Alla galandyr (oňa sogap berer). (Emma) kim ýene-de (süýthorlyga) dolansa (ony halal hasaplasa), olar dowzahydyrlar. Olar ol ýerde ebedi galarlar.
 276. Alla göterimiň (bereketini) giderip, sadakalaryň (bereketini) artdyrar. Alla küpürligi we günäni (yzygiderli edýänleri) halamaz.
277. Iman getirenlerden ýagşy işleri edip, namazy berjaý edip, zekat berýänlere özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda sylaglar bardyr. Olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.
278. Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň! Eger mömin bolsaňyz, siz bar bolan göterimiňizden el çekiň!
 279. Eger muny etmeseňiz, onda Alla we Onuň pygamberine (garşy) söweşe (girýändigiňizi) bilip goýuň! Eger (göterimden) toba edip, (bu päliňizden gaýtsaňyz), onda emlägiňizden maýa goýumyňyz (goýan mukdaryňyz) siziňkidir. Siz (göterim alyp) zulum etmäň, size hem (goýan puluňyzy alandygyňyz üçin) zulum edilen däldir.
 280. Eger (bergidaryňyz) darlykda (kyn ýagdaýda) bolsa, oňa eli giňeýänçä puryja beriň! Eger siz biler bolsaňyz, (algyňyzy) sadaka hökmünde bagyş etmegiňiz siziň üçin (oňa puryja bermegiňizden) has haýyrlydyr.
281. Allanyň (huzuryna) gaýdyp barjak, soň her kimiň gazanan (haky) birkemsiz beriljek we hiç kime nähaklyk edilmejek (ol) günden gorkuň! Düşündiriş: Bu aýat Kurany Kerimiň inen iň soňky aýatydyr. Pygamberimiz bu aýatdan soň uzak ýaşaman, dünýäden gaýdýar.
 282. Eý, iman getirenler! Eger (belli) bir wagt üçin algy-bergi etseňiz, ony ýazyp goýuň! Içiňizden bir kätip hem ony adalatly ýazsyn! Hiç bir kätip Allanyň özüne öwredişi ýaly ýazmakdan ýüz öwürmesin, (hemme zady bolşy ýaly) ýazsyn! Bergidar hem ony ýazdyrsyn (bergisini ykrar etsin). Perwerdigäri bolan Alladan gorksun we bergisinden hiç zat kem goýmasyn. Eger bergidar kemakyl (bolgusyz, isripçi), ejiz (garry, çaga) ýa-da (saparda, tussagda bolup), hut özi (aýdyp) ýazdyrmaga mümkinçiligi bolmasa, onuň hossary adalat bilen ýazdyrsyn. Iki sany erkek adamy hem şaýat tutunyň! Eger iki erkek tapylmasa, özüňiziň razy bolan (ynamly) şaýatlaryňyzdan bir erkek we iki aýal şaýat bolsun! Ol iki aýalyň eger biri ýalňyşsa (unutsa), beýlekisi oňa ýatlatsyn! Çagyrylan wagty şaýatlar gelsinler. Uly bolsun, kiçi bolsun möhletine çenli (algy-bergiden) hiç zady ýazmakdan çekinmäň! Siziň beýle etmegiňiz, Allanyň ýanynda adalata has laýyk, şaýatlyk (etmegiňiz) üçin has ygtybarly, güman etmezligiňize has ýakyndyr. Emma araňyzda ýöräp duran nagt söwda bar bolsa, ony ýazmasaňyz hem size zyýany ýokdur. (Umuman) biri-biriňiz bilen söwda-satyk edeniňizde şaýat tutunyň! Kätibe-de, şaýada-da zyýan ýetmesin. Eger (ýalňyş) etseňiz (olaryň birine zyýan ýetriseňiz) bu günädir. Alladan gorkuň! Alla size (dogry ýoly) öwredýär. Alla ähli zady bilýändir. Düşündiriş: Bu aýat Kurany Kerimiň iň uzyn aýatydyr.
 283. Eger siz saparda bolup, ýazmaga kätip tapmasaňyz, onda (berginiň deregine) alnan girew hem ýeterlikdir. Eger siz biri-birleriňize bir zady amanat goýsaňyz, ynanylan kişi amanaty eýesine (doly) bersin we (bu meselede) Perwerdigäri bolan Alladan gorksun! (Eý, şaýatlar, bergidarlar!) Şaýatlygy gizlemäň! Kim ony (şaýatlygy) gizlese, onuň kalby (niýeti bilen eden bu işi zerarly, ol kişi) günäkärdir. Alla siziň edýän işleriňizi bilýändir.
284. Asmanlardaky we ýerdäki bar bolan (ähli) zat Allanyňkydyr. Siz içiňizdäkini äşgär etseňiz hem, gizleseňiz hem, Alla sizden olaryň hasabyny sorar. Ol islänini (pazly-keremi bilen) bagyşlar, islänine hem (eden etmişleri zerarly) azap berer. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
285. Pygamber öz Perwerdigäri tarapyndan özüne inderilen (Kurana) iman getirdi we möminler (hem iman getirdiler). Olaryň hemmesi Alla, Onuň perişdelerine, kitaplaryna we pygamberlerine iman getirdiler. (Olar): «Biz Onuň (Allanyň) pygamberleriniň hiç haýsyny (beýlekisinden) aýry tutmaýarys. Biz (Alladan gelen emirleri) eşitdik we (olara) boýun bolduk. (Biz) Seniň ýalkawyňy (soraýarys)! Eý, Perwerdigärimiz! (Biz) diňe Saňa öwrülip bararys!» diýdiler.
 286. Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny ýüklemez (buýurmaz). (Her kimiň) gazanan (ýagşy işi) öz bähbidine, gazanan (erbet amaly) hem öz zyýanynadyr. Eý, Perwerdigärimiz! Eger biz unudyp ýa-da ýalňyşlyk bilen (günä iş) etsek, bizi tutma (hasaba çekme)! Eý, Perwerdigärimiz! Bize, bizden öňküleriň (üstüne) ýükleýşiň ýaly bize, agyr ýük (buýruk) ýükleme! Eý, Perwerdigärimiz! Bize güýjümiziň ýetmejek zadymyzy hem ýükleme! Biziň (günälerimizi) bagyşla! Bizi ýalka! Bize rehim et! Sen biziň Hossarymyzsyň! Kapyrlardan (üstün çykmaga) bize kömek et!