1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

58.11. Eý, iman getirenler! Siz (bir ýere jemlenişen mahalyňyz): «Mejlisde (biri- biriňiz üçin sähel) ýer açyň» diýlende, dessine ýer açyň! Alla hem size giňişlik berer. Size: «Turuň!» diýlende, dessine ýeriňizden turuň! Alla hem sizden iman getirenleriň we ylym nesip edilenleriň derejelerini beýgelder. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 108-nji süre: Köwser

«Köwser» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 3 aýatdan ybaratdyr. Pygamberligiň ilkibaşlarynda inderilen bu süre özüniň adyny ilkinji aýatda agzalýan «Köwser» sözünden alandyr. «Köwser» jennetdäki bir howzuň adydyr. Bu süre Kurany Kerimiň iň gysga süresidir. Bu sürede Allanyň Muhammet aleýhissalama bagyş etjek Köwser howzy, şeýle-de pygamberimiziň oglan çagalarynyň durmaýandygy üçin, oňa «soňy kesik» diýendikleri we olara berlen jogap barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Eý, Muhammet!) Takyk, Biz saňa Köwser (howzuny) berdik!
 2. Indi sen Perwerdigäriň üçin namaz oka (ybadat et) we gurbanlyk çal!
 3. Saňa (soňy kesik diýip, duşmançylyk edýänleriň) özleriniň soňy kesikdir!