1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3. 100. Eý, iman getirenler! Eger kitap berlenlerden bir topara uýsaňyz, olar sizi imanyňyzdan soň kapyrlara öwrerler.

Başy » Sözbaşy » 89-nji süre: «Fejr» («Daň»)

«Fejr» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 30 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny ilkinji aýatda agzalýan «Daň» manysyny aňladýan «Fejr» sözünden alandyr. Bu sürede Allatagalanyň ilçilerini ýalançy hasaplan käbir kowumlaryň ýowuz wakalary, Allanyň gullaryny synag etmekdäki hikmeti, ahyretde möminleriň we kapyrlaryň gabat geljek ýagdaýlary beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Säher bilen atan) daňa!
 2. (Gurban aýynyň başky) on gijesine!
 3. (Ähli) jübüt we täk (zatlara)!
4. Geçip barýan gijä kasam bolsun!
 5. Eýsem bular akyly bolanlar üçin kasam (etmäge degýän zatlar) dälmidir?
 6, 7, 8, 9, 10. (Hud pygamberiň kowumy bolan) ad (halkyna) säherler içinde deňi- taýy bolmadyk, beýik sütünli (binaly) Erem (bagyna), jülgedäki gaýalary oýup, ýonup berk jaýlar guran semud (halkyna) hem-de gazyklaryň (berk we belent ymaratlaryň) eýesi Fyrgawna Perwerdigäriň näme edendigini görmediňmi?
 11. Bular (ýaşaýan) ülkelerinde gaty azdylar.
 12. Ol ýerlerde pitne-pisat çykaryp, (azgynçylyklaryny) artdyrdylar.
13. Şonuň üçin seniň Perwerdigäriň hem olaryň üstüne azap gamçylaryny ýagdyrdy.
 14. Sebäbi seniň Perwerdigäriň elmydama bukudadyr (gözegçilikdedir).
 15. Perwerdigäri ynsany synag etmek üçin nygmatlaryna gark edende, ol: «Perwerdigärim maňa nygmat eçildi (yzzat-hormat etdi)» diýer.
16. Emma synag üçin nesibesini daraldanda welin, ol: «Perwerdigärim meni hor-perişan etdi» diýer.
17. Ýok! (Siz Alladan elmydama pazly- kerem etmegini isleýärsiňiz welin), emma ýetime el uzatmaýarsyňyz?!
 18. Mätäçleri doýurmaga höweslendirmeýärsiňiz!
19. Miraslary (halal-haram diýmezden) işdämenlik bilen iýýärsiňiz!
 20. Siz baýlygy örän gowy görýärsiňiz.
 21. Ýok! (Siziň bu edýän işiňiz düýbünden ýalňyş). Dünýä sarsyp, bölek-bölek bolan wagty!
22. Perwerdigäriň gelende, perişdeleriň hatar-hatar düzülen wagty!
 23. Dowzah getirilen wagty, ynsan diňe şol gün (ýalňyşyna) düşüner. Emma (ol gün) akyl ýetireniniň peýdasy ýokdur.
 24. (Ol şol gün): «Käşgä, bu ýaşaýşym üçin taýýarlyk gören bolsadym» diýer.
 25. Ine, şol gün Onuň berjek azabyny hiç kim berip bilmez.
 26. Onuň daňan bagyny hiç kim daňyp bilmez.
 27. Eý, aramlyga ýeten kişi (ynsan)!
 28, 29, 30. Sen Perwerdigäriňden razy bolan halyňda, Onuň hem senden razy bolan halynda Perwerdigäriňe dolan! Sen Meniň (yhlasly) bendelerimiň hataryna goşulyp, jennetime gir!