1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3. 100. Eý, iman getirenler! Eger kitap berlenlerden bir topara uýsaňyz, olar sizi imanyňyzdan soň kapyrlara öwrerler.

Başy » Sözbaşy » 5-nji süre: «Mäide» («Supra»)

«Mäide» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 120 aýatdan ybaratdyr. Sürede dini hökümler, ynanç-ygtykat meseleleri barada aýdylýar we ähli- kitabyň kyssalary beýan edilýär. Süräniň 112-nji we 114-nji aýatlarynda şägirtleriniň Isa pygambere ýüz tutup, Alladan özlerine asmandan bir supra (saçak) indermegini haýyş edendikleri hakynda habar berilýär. Şonuň üçin hem bu sürä «Mäide» («Supra») diýlip at berlipdir.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Eý, iman getirenler! Siz ähti- peýmanlaryňyza wepaly boluň! Size yhramly wagtyňyz aw etmegi halal hasaplamazlygyňyzdan we (aşakda) okaljaklardan başga (düýe, sygyr, goýun, geçi) ýaly sagylýan mallaryň (etlerini iýmek) halal edildi. Takyk, Alla islän zadyny höküm edýändir.
 2. Eý, iman getirenler! Allanyň (haj wagty) gadagan eden zatlaryna, (söweş) haram edilen aýa, (Allanyň ýoluna Käbede gurban etmek üçin) iberilen we (tanamak üçin boýunlaryna) halkalar dakylan (gurbanlyklara), özleriniň Perwerdigäriniň pazly-keremini we onuň razylygyny isläp Beýtil-Harama (Käbä) gelýänlere (ezýet bermegi) halal hasaplamaň (bihormatlyk etmäň)! Yhramdan çykanyňyzdan soň, (isleseňiz) aw ediberiň! Siziň Mesjidi- Harama (Käbä) girmegiňize päsgel berendikleri üçin bir kowuma bolan ýigrenjiňiz siziň hetden aşmagyňyza (adalatdan dänmegiňize) ýol bermesin! Siz ýagşylykda we takwaçykykda biri- biriňiz bilen arkalaşyň! Günä işlerde we duşmançylykda biri-biriňize ýardam bermäň! Alladan gorkuň! Takyk, Allanyň azaby örän ýowuzdyr. Düşündiriş: Beýtil-Haram – Käbäniň bir ady. Yslamdan öňki döwürlerde araplar Käbede söweş etmegiň haramdygyna ynanypdyrlar. Şonuň üçin hem oňa «Beýtil-Haram» («Söweş haram bolan öý») diýip at beripdirler.
3. Size (haram) ölen mal, (damak) gan, doňuz eti, Alladan başganyň ady tutulyp (damagy) çalnan (mal), boglup ölen, urlup öldürilen, beýik ýerden ýykylyp ölen, süsülip öldürilen we ýyrtyjy haýwanyň iýendigi (dişländigi zerarly) ölen mallaryň (etini iýmek) haram edildi. Meger (boglup ölen haýwanlardan başlap sanananlar) ölmänkä damagyny çalyp (ýetişen) bolsaňyz (halaldyr. Şeýle-de, ybadat üçin) dikilgi daşlar (butlar) üçin damagy çalnan mallar we (bir iş etmekçi bolanyňyzda) maňlaýyňyzdan näme çykjakdygyny bilmek üçin pal atmak hem haram edildi. Ine, (siziň) bu zatlary (etmegiňiz) pasyklykdyr (uly günädir we Allanyň emrinden çykmakdyr). Bu gün kapyrlar siziň diniňizden (ýagny ony ýykmakdan) umytlaryny üzdüler. Bes, olardan gorkmaň, Menden gorkuň! Men bu gün üçin siziň diniňizi (parzlary, halaly we haramy beýan edip) kämil etdim we size (dini kämil etmek bilen) Öz nygmatymy doly berdim hem-de siziň yslam (dininde) bolmagyňyza razy boldum. Kim günä meýil etmezden açlyk zerarly kynçylyga düşse, (haram edilen bu zatlardan ölmezlik üçin sähelçe iýip biler). Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 4. (Eý, Muhammet!) Olar senden özleri üçin nämäniň halal edilendigini sorarlar. (Olara) aýt: «Ähli päk zatlar size halal edildi. Allanyň size öwreden zatlary bilen tälim berip ýetişdiren awçy haýwanlaryňyzyň siziň üçin tutan awlaryndan iýiň we (olary awlamaga salanyňyzda) Allanyň adyny aýdyň! Alladan gorkuň! Takyk, Allanyň hasaby gaty tiz (gelýändir).
 5. Bu gün siziň üçin (ähli) päk zatlar halal edildi. Özlerine kitap berlenleriň (bişiren) tagamy size halaldyr we siziň tagamyňyz hem olara halaldyr. Möminlerden namysly aýallar bilen öň özlerine kitap berlenlerden bolan namysly aýallar, zyna etmän we gizlin oýnaş tutunman, namysyňyzy saklan halatyňyzda, olaryň galyňyny berip (nikalamak hem siz üçin halaldyr). Kim imandan dänse (yslamyň hökümlerini inkär etse), onuň (ähli) amallary puç bolar we ol ahyretde zyýan çekenlerden bolar.
6. Eý, iman getirenler! Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň, başlaryňyza mesh ediň we iki topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň! Eger ini hapa bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň! Eger hassa ýa-da ýolagçy bolsaňyz, ýa-da siziň biriňiz aýak ýolundan gelen bolsa, ýa-da siz aýallaryňyza ýanaşan bolsaňyz we (ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! (Ýagny) ýüzleriňize we (iki tirsegiňize çenli) elleriňize mesh ediň! Alla size kynçylyk döretmek islemeýär, emma sizi (günälerden) päklemek we (diniň hökümlerini beýan edip) Öz nygmatyny size doly bermek isleýär. (Bular) siziň (Alla) şükür etmegiňiz üçindir.
 7. Allanyň size beren nygmatyny (yslamy) we (pygambere): «Biz (seniň aýdanlaryňy) eşitdik we (emriňe) boýun bolduk» diýip ähti-peýman eden wagtyňyzda (pygamberiň üsti bilen) sizden alan ähti-peýmanyny ýatlaň we Alladan gorkuň! Takyk, Alla gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) gowy bilýändir.
 8. Eý, iman getirenler! Allanyň (haky) üçin dogry ýoly tutup, adyllyk bilen şaýatlar boluň! Bir kowuma bolan kinäňiz sizi adalatsyzlyga itermesin. Adalatly boluň, ol takwalyga (gelişýän) iň ýakyn (häsiýetdir). Alladan gorkuň! Takyk, Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr.
 9. Alla (Özüne) iman getirip, ýagşy işleri edenlere wada berendir. Olar üçin ýalkaw we uly sylag bardyr.
 10. Kapyr bolup, biziň (pygamberlere inderen) aýatlarymyzy ýalan hasaplanlar, ine, olar, alawly oduň (dowzahyň) ýaranlarydyrlar.
 11. Eý, iman getirenler! Allanyň size beren nygmatyny, (ýagny) bir kowumyň size ellerini uzadyp kast etjek bolanyny we Onuň (Allanyň) olaryň ellerini sizden yza çekdirenini ýada salyň! Alladan gorkuň! Möminler diňe Alla bil baglasynlar. Düşündiriş: Bu aýatyň inmegine aşakdaky wakanyň sebäp bolandygy aýdylýar: Ýahudylaryň Beni nazyr tiresi pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň we ýanyndaky sahabalaryň depesinden daş oklap, olary duýdansyz öldürmek isleýärler. Şonda Alla tarapyndan Jebraýyl perişde gelip, olara ýahudylaryň bu pirimini habar berýär. Pygamberimiz hem ýanyndakylar bilen dessine oturan ýerlerinden turup gidýärler.
 12. Kasam bolsun, Alla ysraýyl ogullaryndan (özlerine emir edilen zatlary berjaý etjekdikleri barada) ähti-peýman alypdy. Biz olardan (özlerine emir edilen zatlary we beren ähtlerine wepaly bolmagy öz kowumlaryna öwretmek üçin) on iki sany ýolbaşçyny iberdik. Alla olara: «Takyk, Men siziň bilendirin. Kasam bolsun! Eger siz namazy doly berjaý etseňiz, zekat berseňiz, Meniň ilçilerime iman getirseňiz we olara ýardam etseňiz we (haýyr-sahawat etmek bilen) Alla ýagşy karz berseňiz, elbetde, siziň günäleriňizi örterin (geçerin), sizi aşagyndan derýalar akýan jennete salaryn. Mundan (ähti-peýmandan) soň, sizden kim kapyr bolsa, ol dogry ýoldan azaşandyr» diýdi.
13. Öz ähti-peýmanlaryny bozandyklary üçin «Biz olary näletledik we olaryň ýüreklerini (imany kabul etmez ýaly) doňýürek etdik. Olar (Töwratda Muhammediň alamatlaryny beýan edýän) sözleri ýerinden üýtgetdiler we özlerine (Muhammede tabyn bolmak barada) emir edilen uly nesibäni unutdylar. (Eý, Muhammet!) Olaryň az (sanlysy) bolmasa, sen olaryň (ýalan sözlerinden we ähti-peýmana) hyýanatyndan (hemişe) habarly bolarsyň. Sen (onda hem) olary bagyşla we geçirimlilik et! Takyk, Alla ýagşy işleri edýänleri halaýandyr.
14. (Özlerine) «Biz nasranylar» diýenlerden hem ähti-peýmanlaryny alypdyk. Olar hem özlerine öwüt berlen (Injilde emir edilen) uly nesibäni unutdylar. Şonuň üçin hem Biz olaryň arasyna, tä kyýamata çenli, duşmançylygy we (biri-birine bolan) gahar-gazaby saldyk. Alla olaryň eden işleriniň habaryny berer.
 15. Eý, ähli-kitap! Siziň kitapda (Töwratda we Injilde) gizlän zatlaryňyzyň köpüsini size beýan edýän we köpüsini hem geçýän (bagyşlaýan) ilçimiz (Muhammet) geldi. Takyk, size Alla (tarapyndan) bir nur we äşgär kitap (Kuran) geldi.
 16. Allanyň razylygyny isleýänleri (Alla) onuň (Kuranyň) üsti bilen salamatlyk ýoluna gönükdirer we Öz rugsady (eradasy) bilen olary zulmatdan (kapyrlykdan) nura (imana) çykarar we dogry ýola gönükdirer.
 17. Kasam bolsun! «Takyk, Alla Merýem ogly (Isa) Mesihiň (hut) özüdir» diýenler kapyrdyrlar. (Eý, Muhammet!): Sen (olara): «Eger Alla Merýem ogly (Isa) Mesihi, onuň ejesi (Merýemi) we ýer ýüzündäkileriň hemmesini heläk etmek islese, Alladan (geljek işe) kim päsgel bolup biler?! Asmanlardaky, ýerdäki we olaryň arasyndaky (ähli) zatlaryň mülki (hökmürowanlygy) Allanyňkydyr. Alla islän zadyny ýaradýandyr. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir» diýip aýt.
18. Ýahudylar we nasranylar biz (hormat-sylagda) Allanyň ogullary (ýalydyrys) we Onuň gowy görýän bendelediris» diýdiler. Sen (olara): «Onda näme üçin siziň günäleriňiz sebäpli, size azap berýär» diýip aýt. Ýok! (Tersine), siz hem Onuň (beýleki) ýaradan (barlyklary ýaly) adamsyňyz. Ol isläniniň günäsini bagyşlar, islänine hem azap berer. Asmanlardaky, ýerdäki we olaryň arasyndaky (ähli) zatlaryň mülki (hökmürowanlygy) Allanyňkydyr. (Soňunda hemmeler) Oňa dolanyp barar.
 19. Eý, ähli-kitap! Siziň: «Bize (jenneti) buşlaýan we (dowzahy) duýdurýan hiç kim gelmedi» diýmezligiňiz üçin pygamberleriň (gelmeginiň) arasy kesilen wagty, size (dini we dünýewi işleriňizi) beýan edýän ilçimiz (Muhammet) geldi. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 20. Musa öz kowumyna: «Eý, kowumym! Allanyň size beren nygmatyny ýatlaň! Ol siziň öz araňyzdan pygamberleri döretdi, sizi hökümdar etdi we size (älem-jahanda) hiç kime bermedik (nygmatlaryny) berdi!
 21. Eý, kowumym! Allanyň size ýazan (watan edip beren) mukaddes ýerine giriň we (duşmandan gorkup) yzyňyza öwrülmäň, (eger) öwrülseňiz, zyýan çekenlerden bolarsyňyz» diýipdi.
 22. Olar: «Eý, Musa! Ol ýerde zalym kowum bar. Olar (ol ýerden) çykmasalar, biz ol ýere girip bilmeris. Eger (olar) ol ýerden çyksalar, biz (ol ýere) gireris» diýdiler.
 23. (Alladan) gorkýan we Allanyň özlerine nygmat beren iki adamsy (Musanyň kowumyna): «Olaryň üstüne derwezeden giriň! Oňa (şähere) girseňiz, siz hökman üstün çykarsyňyz. Eger mömin bolsaňyz, Alla bil baglaň!» diýdiler.
24. Olar: «Eý, Musa! Olar ol ýerde bolsalar, biz ol ýere hiç haçan girip bilmeris. Bes, sen öz Perwerdigäriň ýanyna git we ikiňiz olaryň (garşysyna) söweşiň! Biz bu ýerde oturarys» diýdiler.
 25. Musa: «Eý, Perwerdigärim! Meniň diňe özüme we doganyma ygtyýarym ýetýär. Sen biz bilen (bu) pasyk kowumyň arasyny aç!» diýdi.
 26. Ol (Alla): «Takyk, ol (mukaddes ýerler) olara kyrk ýyllap haramdyr. Olar ýer ýüzünde aňkalary aşyp entär ýörerler. Bes, sen ol pasyk kowuma (olaryň düşen gününe) gamgyn bolma!» diýdi.
 27. (Eý, Muhammet!) Olara Adam (atanyň) iki oglunyň (Habylyň we Kabylyň) habaryny hakyky bolşy ýaly okap ber. Olaryň her haýsy gurbanlyk berenlerinde, olaryň (takwa bolandygy üçin) birinden (Habyldan) kabul edildi, beýlekisinden (Kabyldan) kabul edilmedi. (Şonda Kabyl dogany Habyla göriplik edip): «Men seni hökman öldürerin» diýdi. Habyl (oňa): «Alla diňe takwalaryň (gurbanlygyny) kabul edýändir.
 28. Kasam bolsun! Eger sen öldürmek üçin maňa eliňi uzatsaň-da, men öldürmek üçin saňa elimi uzatmaryn. Çünki men älemleriň Perwerdigäri (bolan) Alladan gorkýaryn.
 29. Takyk, men seniň (meni öldürendigiň üçin) meniň günämi hem-de öz (öňki gurbanlygyň kabul bolmadygyna sebäp bolan) günäňi göterip, dowzahylardan bolmagyňy isleýärin. Ine, bu zalymlaryň jezasy budur» diýdi.
 30. (Kabylyň) nebsi ony öz doganyny öldürmäge iterdi we ony (Habyly) öldürip, (dünýäde we ahyretde) zyýan çekenlerden boldy.
 31. Alla oňa doganynyň jesedini nähili gömmelidigini görkezmek üçin (çünki we aýagy bilen) ýer gazýan bir gargany iberdi. (Muny gören ganhor Kabyl): «Haýp maňa! Indi men doganymyň jesedini gömmekde şu gargadan hem ejiz boldummy?» diýdi we ökünenlerden boldy.
32. Şonuň üçin hem Biz ysraýyl ogullaryna: «Kim nähak ýere ýa-da ýer ýüzünde bozgakçylyk edip ýörmedik adamy öldürse, göýä, ol ähli adamlary öldüren ýalydyr. Kim bir ynsany (ölümden) halas etse, göýä, ähli ynsanlary (ölümden) halas eden ýalydyr» diýip ýazdyk (höküm berdik). Kasam bolsun! Biziň ilçilerimiz olara äşgär deliller bilen geldiler. (Mundan) soň hem olaryň köpüsi ýer ýüzünde (bozgakçylyk edip) hetden aşdylar.
33. Takyk, Alla we Onuň ilçisine garşy söweşýänleriň we ýer ýüzünde (adam öldürmek we talamak ýaly) bozgaklyk edýänleriň jezasy öldürilmekdir ýa-da asylmakdyr, ýa-da el aýagynyň çapraz kesilmegidir, ýa-da ýaşaýan ýerinden sürgün edilmekleridir. Bu olar üçin ýer ýüzünde ryswalykdyr. Ahyretde bolsa, olar üçin uly azap bardyr.
 34. Emma siziň eliňize düşmezden ozal toba edenlere (jeza ýokdur). Bilip goýuň, takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 35. Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň we Oňa (ýakynlaşmaga) araçy (sebäp) gözläň! Halas bolmagyňyz üçin Onuň (dinini beýgeltmegiň) ýolunda söweşiň!
 36. Takyk, eger ýer ýüzündäki ähli zatlar we ýene-de şonça zatlar kapyrlaryňky bolup, olar kyýamat gününiň azabyndan (halas bolmak üçin) ol (zatlarynyň hemmesini) pida etseler hem, olardan (hiç zat) kabul edilmez. Olar üçin jebir- jepaly azap bardyr.
37. Olar otdan (dowzahdan) çykmak islärler, ýöne olar ondan çykarylmazlar. Olar üçin hemişelik azap bardyr.
38. Ogurlyk eden erkegiň we ogurlyk eden aýalyň eden etmişleriniň (ogurlyklarynyň) jezasy we Allanyň (olara) ybrat beriji (azaby) hökmünde ellerini kesiň! Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 39. Emma kim ol zulmundan (ogurlykdan) soň toba etse we (özüni) düzetse, elbetde, Alla onuň tobasyny kabul eder. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 40. Eýsem, sen asmanlaryň we ýeriň mülküniň (hökmürowanlygynyň) Allanyňkydygyny bilmeýärsiňmi?! Ol islänine azap berer we islänini bagyşlar. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 41. Eý, pygamber! Dilleri bilen «iman getirdik» diýip, (emma) kalplary iman getirmedik (mynapyklaryň) we ýahudylaryň küpüre howluganlaryň (bu ýagdaýy) seni gynandyrmasyn. Olar (ýahudylar) ýalana gulak asýanlardyr. Olar (duşmançylyk edip) seniň (ýanyňa) gelmeýän başga kowumy diňleýärler. Olar (Töwratdaky) ýerlerine (goýlan) sözleri soň üýtgedýärler. Olar: «Eger size (Muhammet tarapyndan) şu (üýtgedilen) hökümler berilse (kabul edip) alyň! (Eger-de) ol berilmese, onda (kabul etmän) saklanyň!» diýýärler. Alla kimiň azaşmagyny islese, sen onuň üçin Allanyň (çykaran) hökümine hiç çäre tapyp bilmersiň. Ine, Alla olaryň kalplaryny päklemek islemedi. Olar üçin dünýäde ryswalyk, ahyretde hem uly azap bardyr.
42. Olar ýalana gulak asýan, köp haram iýýänlerdir. Eger olar (höküm bermegiň üçin) seniň ýanyňa gelseler, (isleseň) olaryň aralarynda höküm ber ýa-da (islemeseň) olardan ýüz öwür. Eger sen olardan ýüz öwürseň, olar hergiz saňa zeper ýetirip bilmezler. Eger olaryň arasynda höküm berseň, adyllyk bilen höküm ber! Takyk, Alla adyllary halaýandyr.
 43. Olar içinde Allanyň hökümleri bolan Töwrat barka, senden höküm sorap, (dogry höküm beýan edilenden) soň hem, (oňa amal etmekden) nädip ýüz öwrüp bilýärler?! Olar (saňa-da, öz kitaplaryna hem) ynanmaýarlar.
44. Takyk, Biz içinde dogry ýol (görkezýän aýatlar) we nur bolan Töwraty inderdik. (Alla) boýun bolan pygamberler ýahudylara onuň (Töwrat) bilen höküm berýärdiler. Allanyň kitabyny goramak (wezipesi) berlendigi üçin özleriniň Perwerdigärine (boýun bolan) rabbanylar (takwalar) we alymlar hem (onuň bilen höküm berýärdiler). Olaryň (hemmesi) onuň (Töwratyň hak kitapdygyna) şaýatdylar. (Eý, ýahudy alymlary!) Ynsanlardan gorkmaň, Menden gorkuň we Meniň aýatlarymy sähelçe baha (bähbide) satmaň! Kim Allanyň inderen (hökümleri) bilen höküm bermese, ine, olar hut kapyrlaryň özleridir.
45. Biz onda (Töwratda) olara (şu hökümleri) ýazdyk (parz etdik): «Takyk, jana – jan, göze – göz, burna – burun, gulaga – gulak, dişe – diş we ýaralara-da (ýetirilen zeper) möçberinde kasas etmelidir (aryny alanda şolaryň barabarynda jeza bermelidir). Kim ony (ar almagy) bagyşlasa, ol onuň keffaraty (günäsiniň geçilmegine sebäp) bolar. Kim Allanyň inderen (hökümleri) bilen höküm bermese, ine, olar hut kapyrlaryň özleridir».
 46. Biz olaryň (pygamberleriň) yzyndan Merýem ogly Isany özünden öňki Töwraty tassyklaýjy edip iberdik. Biz oňa (Isa) özünden öňki Töwraty tassyklaýjy, takwalara dogry ýol we öwüt-nesihat edip içinde dogry ýol we nur bolan Injili berdik.
 47. Injile ynanýanlar Allanyň onda inderen (hökümleri) bilen höküm bersinler. Kim Allanyň inderen (hökümleri) bilen höküm bermese, olar pasyklaryň hut özleridir.
 48. (Eý, Muhammet!) Biz saňa öňki kitaplary tassyklaýjy we (olaryň dogrulygyna) şaýat bolmagy (üçin) hak edip kitaby (Kurany) inderdik. Bes, sen olaryň arasynda Allanyň inderen zady bilen höküm ber we saňa gelen hakdan (dänip), olaryň isleglerine boýun bolma! (Eý, ymmatlar!) Biz siziň her haýsyňyz üçin bir din we ýol kesgitledik. Eger Alla islesedi, siziň (hemmäňizi) bir ymmat edip bilerdi. Ýöne (Ol) size beren zady (dini) bilen sizi synag edýändir. Bes, siz haýyr işlerde (biri-birleriňiz bilen) ýaryşyň! Siziň hemmäňiziň (ahyry) gaýdyp barjak ýeriňiz Allanyň (huzurydyr). Bes, (Alla) siziň (dinde) ylalaşmadyk zatlaryňyzy (doly) habar berer.
 49. Olaryň arasynda Allanyň inderen zady bilen höküm ber! Olaryň isleglerine uýma! Olaryň Allanyň saňa inderen (hökümleriniň) käbirinde seni (ýalňyşdyryp), azaşdyrmagyndan seresap bol! Eger (Allanyň inderen hökümlerini kabul etmekden) ýüz öwürseler, bilip goý, olaryň käbir günäleri sebäpli, Alla olara kynçylyk (azap) bermek isleýändir. Takyk, ynsanlaryň aglabasy pasykdyr.
 50. Ýa-da olar (Allanyň höküminden ýüz öwrüp), nadanlyk (döwründäki) hökümi isleýärlermi?! (Allanyň adalatly hökümine) anyk göz ýetiren kowum üçin Alladan has gowy höküm berjek kim bar?! Düşündiriş: Geçen aýatlarda Allatagala Töwratyň we Injiliň hökümlerine amal etmändikleri üçin ähli-kitabyň kapyr, zalym we pasyk bolandyklaryny aýdýar. Soňky aýatlarda bolsa olar bilen dostlaşmakdan daşda durmagy hem- de ýahudylaryň Alla barada aýdan erbet sözleri beýan edilýär.
51. Eý, iman getirenler! Ýahudylary we nasranylary dost tutunmaň! Olar biri- birleriniň dostlarydyr. Sizden kim olary dost tutunsa, takyk, ol hem şolardandyr. Takyk, Alla (duşmanlary bilen dostlaşyp, möminlere) zulum eden kowumy dogry ýola gönükdirmez.
 52. Kalplarynda hassalyk bolanlaryň (mynapyklaryň): «Biz (başymyza) bir bela gelmeginden gorkýarys» diýip, olaryň (ýahudylaryň we nasranylaryň dostlugynyň) içinde iki ýana çabalaýandyklaryny görersiň. Belki, (birdenkä) Alla ýeňiş ýa-da Öz ýanyndan (mynapyklaryň aýbyny açýan) bir iş getirse, olar öz içlerinde gizlän zatlaryna (ikiýüzlüliklerine) puşman ederler.
 53. Iman getirenler (ikiýüzlüler hakda ýahudylara): «Takyk, siziň bilen biledikleri barada ähli güýçleri bilen kasam edenler şularmy? Olaryň amallary puç boldy we (olar) zyýan çekenlerden boldular» diýerler.
 54. Eý, iman getirenler! Sizden kim dininden dänse, (Alla olaryň ýerine) Özüniň söýýän, olaryň hem Ony (Allany) söýýän, möminlere pespäl (rehimli), kapyrlara (garşy) gazaply, Allanyň ýolunda söweşýän we hiç bir ýazgaryjynyň ýazgarmagyndan gorkmaýan bir kowum (millet) getirer. Bu (ýagşy sypatlar) Allanyň (bendelerine beren) pazly-keremidir, ony islänine berer. Allanyň pazly-keremi giňdir we (kimiň mynasypdygyny Özi) has gowy bilýändir.
 55. Takyk, siziň dostuňyz Alladyr, Onuň ilçisidir we (Allanyň öňünde) eglip (boýun sunup), namazy berjaý edýän hem-de zekat berýän möminlerdir.
 56. Kim Allany, Onuň ilçisini we iman getirenleri dost tutunsa, takyk, (bilip goýsun), Allanyň tarapdarlary üstün çykjaklaryň hut özleridir.
 57. Eý, iman getirenler! Sizden öň kitap berlenlerden we kapyrlardan öz diniňiziň üstünden gülýänleri we oýun edýänleri dost tutunmaň! Eger mömin bolsaňyz, Alladan gorkuň!
58. Siz (azan aýdyp), namaza çagyran wagtyňyz olar (onuň üstünden) gülýärler we oýun edýärler. Bu olaryň akylyny ulanmaýan kowumdyklary sebäplidir.
 59. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eý, ähli- kitap! Siz bizi diňe Alla, bize inderilene (Kurana), mundan öňki (pygamberlere) inderilenlere we siziň köpiňiziň pasykdygyňyza ynanmagymyzy inkär edýärsiňizmi (munuň üçin bizi ýazgarýarsyňyzmy)?!».
 60. (Eý, Muhammet!) Aýt: «(Biziň bu işimiz aýyp bolýan bolsa, men size) Allanyň ýanynda mundan has erbet zady habar bereýinmi? Alla kimi näletlese we gazabyna duçar edip, olary maýmyna we doňza öwürse hem-de taguta (şeýtana) gul bolsalar, ine, bular erbet ýerde bolan we dogry ýoldan azaşanlardyr».
 61. Olar (mynapyklar) siziň ýanyňyza gelenlerinde «iman getirdik» diýerler, (emma hakykatda) olar (seniň ýanyňa) küpür bilen gelendirler we şol (küpürleri bilen) gelişleri ýaly (hiç zatdan peýdalanman) çykandyrlar. Alla olaryň (içlerinde) gizleýän zatlaryny has gowy bilýändir.
 62. Olaryň köpüsiniň günä işler, duşmançylyk we haram iýmek (ugrunda) çapýandyklaryny görersiň. Olaryň edýän işleri nähili erbetdir.
 63. Perwerdigäriniň (razylygyny isleýän) takwalar we alymlar olary günä sözlemeklerine we haram iýmeklerine päsgel bolsalardy (nähili gowy bolardy). Olaryň edýän bu işi (erbetlikden gaýtarmazlyk we ýagşy işi ündemezlik) nähili erbetdir.
 64. Ýahudylar: «Allanyň eli baglydyr (husytdyr)» diýdiler. Olar (aýdan sözleri üçin) näletlenip, özleriniň elleri baglansyn (haýyr işlerden galsynlar)! Ýok! (Tersine), Onuň (Allanyň) iki eli hem açykdyr, Ol islänine (isleýşi ýaly) berer. Kasam bolsun! Saňa Perwerdigäriň tarapyndan inderilen (Kuran), olaryň köpüsiniň azgynlygyny we küpürini artdyrar. Biz olaryň (ähli-kitabyň) arasyna kyýamat gününe çenli (dowam etjek) duşmançylyk we kine sokduk. Olar her gezek (siziň garşyňyza) söweş oduny ýaksalar, Alla ony öçürendir. Olar ýer ýüzünde (hemişe) bozgakçylyga (tarap) ylgarlar. Alla bozgaklary halamaz.
65. Eger ähli-kitap (Alla we pygambere) iman getirip, (haram işleri etmekden) gorksadylar, elbetde, Biz olaryň erbetliklerini örterdik (geçirerdik) we olary «Nagym» jennetlerine salardyk.
 66. Eger olar Töwrata, Injile we özleriniň Perwerdigäri tarapyndan inderilene (Kurana) amal etsediler, üstlerinden we aýaklarynyň aşagyndan, (ýagny her tarapdan rysgallaryny) iýerdiler. Olardan adalatly topar bar (bolsa hem), olaryň köpüsiniň edýän işleri nähili erbetdir.
 67. Eý, pygamber! Perwerdigäriňden saňa inderileni (olara) ýetir. Eger (muny) etmeseň, Onuň (Allanyň) ilçiligini ýerine ýetirmedigiň bolar. Alla seni (erbet) ynsanlardan gorar. Takyk, Alla kapyrlar kowumyny dogry ýola gönükdirmez.
68. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eý, ähli-kitap! Siz, tä Töwrata, Injile we Perwerdigäriňiz tarapyndan size inderilene (Kurana) amal edýänçäňiz, hiç bir zatda (dinde) dälsiňiz. Kasam bolsun! Perwerdigäriňden saňa inderilen, elbetde, olaryň köpüsiniň azgynlygyny we küpürini artdyrar. Sen kapyrlar toparyna gynanma! Düşündiriş: Ýahudylardan bir topar pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň ýanyna gelip: «Sen Töwratyň Alla tarapyndan inendigini ykrar edýärsiňmi?» diýip sorapdyrlar. Pygamberimiz: «Hawa» diýip jogap beripdir. Olar: «Onda biz hem şoňa ynanýarys. Ýöne başga kitaba ynanmaýarys» diýipdirler. Allatagala şol sebäpden ýokardaky aýaty inderipdir.
69. Takyk, iman getirenler bilen ýahudylardan, sabylardan, nasranylardan kim (toba edip), Alla we ahyret gününe (çyn ýürekden) ynanyp, ýagşy işleri etse, bes, olara (kyýamat güni) gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar. Düşündiriş: Islendik adam, dinine garamazdan, her näçe günäkär hem bolsa, toba edip, pygamberimize iman getirip, ýagşy işleri etse, soň hem imanyna laýyk ýaşasa, oňa iki dünýäde hem gorkara zat ýokdur.
 70. Kasam bolsun! Biz ysraýyl ogullarynyň (Alla we Onuň pygamberlerine iman getirjekdikleri barada) ähti-peýmanlaryny aldyk we olara pygamberler iberdik. Her gezek pygamber olaryň göwünlerine ýaramaýan bir zady (Allanyň hökümini) getirse, olar (pygamberleriň) birtoparyny ýalan hasapladylar, birtoparyny bolsa öldürdiler.
71. Olar (bu etmişleri sebäpli, başlaryna) bela gelmez öýtdüler, (haky gormekden) kör we (haky eşitmekden) ker boldular. Soň (eden etmişleri üçin toba edenlerinde), Alla olaryň tobalaryny kabul etdi. Soň (ýene-de) olaryň köpüsi kör we ker boldular. Alla olaryň edýän işlerini görýändir.
72. Kasam bolsun! «Elbetde, Alla Merýem ogly Mesihiň özüdir» diýenler, takyk kapyrdyrlar. Mesihiň (özi) olara: «Eý, ysraýyl ogullary! Meniň Perwerdigärim we siziň Perwerdigäriňiz bolan Alla ybadat ediň!» diýipdi (ahyryn). Takyk, kim Alla şärik goşsa, bes, Alla oňa jenneti haram edendir we onuň barjak ýeri otdur (dowzahdyr). Zalymlara (hiç) kömekçi ýokdur.
 73. Kasam bolsun! «Takyk, Alla üç (keramatlynyň) üçünjisidir», diýenler (şeksiz) kapyrdyrlar. (Çünki) ýeke-täk Hudaýdan (Alladan) başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Eger olar şol aýdýan (sözlerinden) dänmeseler, elbetde, olardan kapyrlara jebir-jepaly azap bardyr.
 74. Olar (henizem) Alla toba edip, Ondan ýalkaw sorajak dälmikäler? Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 75. Merýem ogly (Isa) Mesih diňe bir pygamberdir. Ondan öň (hem) ençeme pygamberler (gelip) geçendir. Onuň ejesi hem (imanynda we sözünde) dogruçyl (aýaldyr). Olaryň ikisi-de (beýleki ynsanlar ýaly) tagam iýýärdiler. Olara (ynançlarynyň ýalňyşdygyny subut edýän) aýatlarymyzy (delillerimizi) nähili beýan edýändigimize seret, soň (bolsa) olaryň (delillerimizden nähili) ýüz öwürýändiklerini hem gör.
 76. (Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Siz özüňize zyýan we peýda ýetirip bilmeýän Alladan gaýry zatlara (butlara) ybadat edýärsiňizmi? Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir» diýip aýt.
 77. (Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Eý, ähli-kitap! Diniňizde nähak ýere hetden aşmaň we (Muhammet gelmezden) öň azaşan we köpleri azaşdyran, dogry ýoldan (yslamdan) azaşanlaryň isleglerine boýun bolmaň!» diýip aýt.
 78. Ysraýyl ogullaryndan kapyr bolanlar Dawudyň we Merýem ogly Isanyň dilinde näletlendiler. Bu olaryň asy bolandyklary we hetden aşandyklary sebäplidir.
 79. Olar biri-birlerini erbet iş etmekden gaýtarmaýardylar. Bes, olaryň edýän bu işleri nähili erbetdir.
 80. Sen olaryň köpüsiniň kapyrlary dost tutunýandygyny görersiň. Nebisleri olar üçin Allanyň gazabyna (sebäp bolan) zady (erbetlikleri) taýýarlady. Olar azapda ebedi galarlar.
 81. Eger olar Alla, pygambere we oňa inderilene (Kurana) iman getiren bolsadylar, (onda) olary (kapyrlary) dost tutunmazdylar. Emma olaryň köpüsi (ýoldan çykan) pasyklardyr.
82. Sen ynsanlaryň içinde iman getirenlere iň gazaply duşmanyň ýahudylar we (Alla) şärik goşanlardygyny görersiň. Kasam bolsun! Olardan (ynsanlardan) iman getirenlere dostlukda iň ýakyn (bolanlaryň) «Biz nasranylar» diýenlerdigini görersiň. Sebäbi olaryň arasynda (öz dini taglymatlary boýunça amal edýän) alymlar we ruhbanlar (yhlasly ybadathonlar) bardyr. Olar (haka boýun bolmakda) ulumsylyk etmezler. Düşündiriş: Bu aýat Hebeşistandaky hristianlar hakynda inipdir. Yslamyň ilki döwürlerinde, Mekgäniň kapyrlary musulmanlara dürli ýollar bilen ezýet berensoňlar, pygamberimiz olara Hebeşistana göçmäge rugsat berýär. Musulmanlar ol ýere baranlarynda, Hebeşistanyň hökümdary Nejaşy olaryň haýsy dine uýýandyklaryny sorapdyr. Musulmanlar Muhammet aleýhissalam we yslamyň esasy ýörelgeleri hakda maglumat berip, oňa Kurany Kerimiň «Merýem» süresini okap berýärler. Şonda Nejaşy, onuň ýanyndaky alymlar we ybadathonlar yslamyň hak dindigine, Kuranyň bolsa ylahy kitapdygyna göz ýetirip, onuň aýatlarynyň täsirinden ýaňa gözýaş döküpdirler.
 83. Olar pygambere inderileni (Kurany) eşidenlerinde, hakykata göz ýetirip, gözleriniň ýaş bilen dolandygyny görersiň. Olar: «Eý, Perwerdigärimiz! Biz iman getirdik. Bizi (hakykata) şaýat bolanlaryň (hatarynda) ýaz. Düşündiriş: Bu habary eşidip: «Nasranylar öz dinlerinden çykyp, musulman bolupdyrlar» diýen ýahudylara jogap edip, Nejaşy we onuň ýanyndaky alymlar, ybadathonlar aşakdaky aýatdaky sözleri aýdypdyrlar.
 84. Näme üçin Perwerdigärimiziň bizi ýagşylar bilen bile (jennete) salmagyny umyt edip, Alla we bize gelen hakykata iman getirmeli däl?!» diýerler.
 85. Bes, olaryň (bulary) aýdandyklary sebäpli, Alla olary aşagyndan derýalar akýan jennetler bilen sylaglady. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Bu ýagşy işleri edenleriň sylagydyr.
 86. (Emma) kapyr bolanlar we biziň aýatlarymyza ýalan hasaplanlar (bolsa), dowzahydyrlar.
 87. Eý, iman getirenler! Allanyň siziň üçin halal eden päk zatlaryny (terkidünýälik maksady bilen) özüňize haram etmäň we hetden aşmaň! Takyk, Alla hetden aşýanlary halamaz. Düşündiriş: Rowaýata görä, üç sany sahaba pygamberimiziň ýanyna gelipdir. Olaryň biri uzynly gije ýatman, diňe ybadat etjekdigini, ýene biri elmydama oraza tutjakdygyny, üçünjisi bolsa hiç haçan öýlenjek däldigini aýdypdyrlar. Bu aýat hem şol sebäpli inipdir.
 88. Allanyň size beren halal we päk rysgalyndan iýiň hem-de özüňiziň iman getiren Allaňyzdan gorkuň!
 89. Alla (bilkastlaýyn bolman) ýalňyşyp eden kasamlaryňyz sebäpli, sizi soraga çekmez. Emma ýüregiňize düwen (bilkastlaýyn eden) kasamlaryňyz üçin welin soraga çeker. Onuň (bilkastlaýyn eden kasamyňyzyň) keffaraty (jerime tölegi) öz maşgalaňyza iýdirýän ortaça (tagamyňyzdan) on misgine tagam bermek, ýa-da olary geýindirmek, ýa- da bir gul azat etmekdir. Kim (bularyň hiç birini) tapyp bilmese, üç gün agyz beklemelidir. Ine, bu kasam edip (soň hem dänen) kasamlaryňyzyň keffaratydyr. Kasamlaryňyzy goraň (wepaly boluň)! Ine, siziň şükür etmegiňiz üçin Alla size aýatlaryny beýan edýär.
90. Eý, iman getirenler! Takyk, arak (şerap), humar, dikilgi daşlar (butlar) we pal (atylýan) oklar şeýtanyň pis-hapa işleridir. Bes, siz halas bolmagyňyz üçin ondan daş duruň!
 91. Şeýtan arak (şerap) we humar arkaly siziň araňyza duşmançylyk we kine salmak, siziň Allany ýatlamagyňyza we namaz (okamagyňyza) päsgel bermek isleýär. Siz (bu zatlardan) dändiňiz dälmi eýsem?! Düşündiriş: Sahabalardan Enes ibn Mälik şeýle rowaýat edýär: «Arak haram bolan güni men Ebu Talhanyň öýünde şerap guýup otyrdym. Birden, şerabyň haram edilendigi barada aýatyň inendigini habar berýän jarçynyň sesi eşidildi. Şondan soň şeraplar Medinäniň köçelerine döküldi. Ebu Talha bize: «Bar, git-de, bulary döküp gel!» diýip, şeraplaryň hemmesini köçä dökmegimizi aýtdy. Bu höküm aragyň haramlygy baradaky gutarnykly hökümdir. Musulmanlaryň bu höküme amal etmegi parzdyr.
 92. Alla we pygambere tabyn boluň we (Allanyň emirlerini terk etmekden) heder ediň! Eger (tabyn bolmakdan) ýüz öwürseňiz, bilip goýuň, Biziň pygamberimiziň borjy (Biziň aýatlarymyzy) diňe size äşgär ýetirmekdir.
 93. Iman getirip, ýagşy işleri edenlere (Alladan) gorkup, iman getirip, ýagşy işleri etseler, soň (Alladan) gorkup, iman getirseler, soň (ýene- de Alladan) gorkup, (ellerinden geldigiçe) gowy işleri etseler, (haram edilmezden öňki) dadan zatlary üçin günä ýokdur. Alla ýagşy iş edýänleri halaýandyr. Düşündiriş: Ibn Abbasdan rowaýat edilmegine görä, aragy haram edýän aýat inende, käbir adamlar: «Bizden öňki arak içip, humar oýnanlaryň haly niçik bolarka» diýipdirler. Şonda Allatagala arak haram bolmazdan öň dünýäden öten adamlara günä ýokdugyny beýan edip ýokardaky aýaty inderipdir.
 94. Eý, iman getirenler! Alla hiç kimiň görmeýän ýerinde kimiň Özünden gorkýandygyny bilmek üçin (yhramly wagtyňyz) sizi elleriňiziň we naýzalaryňyzyň ýetip duran awyň (üsti) bilen synap görer. Kim mundan (gadagan edilenden) soň (yhramly wagty) hetden aşsa, oňa jebir- jepaly azap bardyr.
 95. Eý, iman getirenler! Siz yhramly wagtyňyz aw (haýwanlaryny) öldürmäň! Sizden kim ony (awy) bilkastlaýyn öldürse, onuň jezasy öldüren (maly) ýaly (öýde saklanýan mal sadaka bermelidir). Käbä ýetiriljek (iberiljek) ol gurbanlyk malynyň (deregine sadaka beriljek malyň) nähili bolmalydygyny (kesgitlemek üçin) siziň araňyzdan iki sany adyl kişi höküm bersin. Ýa-da (şol malyň bahasynyň) öwezine misginlere tagam bermeli, ýa-da öz etmişiniň jezasyny dadar ýaly, şoňa barabar agyz beklemelidir. Alla öten zatlary bagyşlar. Kim (ýene-de aw gadagançylygyny) gaýtalaýsa, Alla ondan ar alar. Alla ar almagy başarýan Gudraty güýçlüdir.
 96. Size we ýolagçylara peýda bolsun diýip, deňiz (jandarynyň) awy we ony iýmek size halal edildi. Yhramly wagtyňyzda gury ýer (haýwanlaryny) awlamak size haram edildi. (Kyýamat güni) huzuryna jemlenjek Allaňyzdan gorkuň!
 97. Alla Käbäni we haram aýy, sadaka iberilen (haj gurbanlygyny) we (olara dakylan) bellikleri ynsanlaryň (dini we dünýewi işlerini) ýöretmekleri üçin (sebäp edip) goýdy. Bular Allanyň asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zatlary bilýändigini we siziň Allanyň (siziň üçin peýdaly ýa-da peýdasyz) hemme zady bilýändigini bilmegiňiz üçindir.
 98. Bilip goýuň, Allanyň azaby ýowuzdyr. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
99. Pygamberiň (wezipesi) diňe (dini) ýetirmekdir. Alla siziň äşgär we gizlin edýän (ähli) zatlaryňyzy bilýändir.
100. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Näpäk (haram) zatlaryň köplügi seniň göwnüňe ýarasa-da, näpäk (haram) zat bilen päk (halal) zat deň bolmaz». Eý, akyl eýeleri! Halas bolmagyňyz üçin Alladan gorkuň!
 101. Eý, iman getirenler! Beýan edilende göwnüňize ýaramajak (zatlar hakda) soramaň! Eger Kuran inderilýän wagty sorasaňyz, size (ýaramajak zatlar) beýan ediler. Alla olar (beýan etmedik zatlary) üçin sizi bagyşlady (indi oňa gaýdyp gelmäň). Alla Bagyşlaýjydyr, Halymdyr (howlugýan däldir).
 102. Sizden öň hem bir kowum olar barada sorapdy. (Soraglaryna jogap gelenden) soň (bolsa), olar ony inkär etdiler.
 103. Alla bahiradan, säibeden, wasyladan we hamydan hiç zat (emir) eden däldir. Ýöne kapyrlar (muny bize Alla emir etdi diýip) Allanyň (adyndan) ýalan toslaýarlar. Olaryň köpüsi (sada halk) muňa (bu ýalana) akyl ýetirip bilmezler. Düşündiriş: Yslamdan öňki nadanlyk döwründäki araplaryň ynanç adatlaryna görä: Bahira – bäş gezek botlan, iň soňkusy hem urkaçy bolan düýe. Onuň gulagyny dilip bellik edýärler, süýdüni bolsa butlara bagyşlaýarlar. Säibe – butlara bagyşlanan, süýdüni bolsa diňe ýolagçylaryň içmegi dogry bolan düýe. Wasyla – erkek köşek botlamazdan yzly-yzyna iki gezek inen köşek botlan düýe. Ol düýe hem butlara bagyş edilýän ekeni. Hamy – özünden on köşek alnandan soň, butlara bagyş edilen düýe. Ondan soň bu düýä hiç hili ýük ýüklemek bolmaýar eken.
 104. Olara: «Allanyň inderenine (Kurana) we pygamberň (sünnetine) geliň!» diýlende, olar: «Ata-babalarymyzdan gören zadymyz (ýolumyz) bize ýeterlikdir» diýerler. Eger olaryň ata- babalary (hak dinden) hiç zady bilmedik we dogry ýoly tapmadyk bolsalar hem (olaryň ýolundan gitjekmikäler)?!
 105. Eý, iman getirenler! Siz özüňize serediň, (özüňizi günälerden saklaň)! Eger siz hak ýolda bolsaňyz, (ýoldan) azaşanlar size zyýan ýetirip bilmezler. Siziň hemmäňiz Alla gaýdyp bararsyňyz. Şonda Ol size eden işiňizi habar berer.
106. Eý, iman getirenler! Eger siziň biriňize ölüm gelip ýetse, wesýet (etjek) wagtyňyz özüňizden iki adyl kişini (şaýat tutuň)! Ýa-da ýer ýüzünde ýolagçy wagtyňyz size ölüm gelip ýetse, özüňizden bolmadyk iki kişi siziň araňyzda şaýatlyk etsin. Eger siz (olaryň adyllygy hakda) şek etseňiz, ol ikisini (ikindi) namazyndan soň saklaň we (olara): «Eger (şaýatlyk berilýän adam) ýakyn garyndaşymyz hem bolsa, Allanyň (şaýatlygynyň) deregine (ýalandan şaýat bolup) hiç bir peýdany (bähbidi) satyn almarys. Allanyň (emir eden) şaýatlygyny gizlemeris. (Eger şaýatlygymyzy gizläýsek) takyk, biz günäkärlerden bolarys» diýip, Allanyň (adyndan) kasam etdiriň!
 107. Eger ol ikisiniň (soň ýalandan sözläp) günäkär bolandyklary ýüze çyksa, onda (hossarlar tarapyndan saýlanylmaga) hakly bolan (merhuma) iň ýakyn kişilerden iki adam olaryň (iki şaýadyň) ýerine geçsinler. (Olar): «Kasam bolsun! Biziň şaýatlygymyz olaryň (ikisiniň) şaýatlygyndan has haklydyr. Biz (hiç kimiň hakyny iýip) hetden aşmadyk. Ýogsa takyk, biz zalymlardan bolarys» diýip, Allanyň (ady bilen) kasam etsinler.
 108. Bu (hökümler) şaýatlygy talabalaýyk ýerine ýetirmeklerine ýa-da kasamlaryndan soň (eden) kasamlarynyň inkär ediljekdigi (kasam hukugynyň merhumyň hossarlaryna beriljekdigi) üçin gorkmaklaryna ýakyn (mynasyp) bolan (hökümlerdir). Alladan gorkuň we (Onuň hökümlerini) diňläň! Alla (ýoldan çykan) pasyk kowumy dogry ýola gönükdirmez.
 109. Alla (ähli) pygamberleri jemlejek (kyýamat) gününde olara: «(Ymmatyňyz tarapyndan) näme jogap berildiňiz?» diýer. Olar: «Biz (Seniň ylmyň ýanynda) hiç zat bilmeýäris. Takyk, Sen gaýypdakylary gowy bilýärsiň» diýerler.
 110. Alla (şol wagt) şeýle diýer: «Eý, Merýem ogly Isa! Saňa we seniň ejeňe (beren) nygmatymy ýatla! Men seni Mukaddes Ruh (Jebraýyl) bilen goldapdym. (Sen) ynsanlar bilen (heniz) sallançakda wagtyň hem, uly adam wagtyň hem gürleşipdiň. Men saňa kitaby (ýazmagy), hikmeti, Töwraty we Injili öwredipdim. Sen Meniň rugsadym bilen palçykdan guşa meňzeş zat ýasap, onuň içine üfleýärdiň. Ol hem Meniň rugsadym bilen (janly) guş bolýardy. Sen Meniň rugsadym bilen dogabitdi köri we pis açany sagaldýardyň. Meniň rugsadym bilen ölüleri (direldip mazarlaryndan) çykarýardyň. Men ysraýyl ogullarynyň (seni öldürmegine) päsgel bolupdym. Olara äşgär deliller getiren wagtyň, olardan kapyr bolanlar, «Bu (mugjyzalar) aç-açan jadygöýlikden başga zat däl» diýipdiler.
 111. Men (Isanyň) hawarylaryna (şägirtlerine): «Maňa we pygamberime iman getiriň!» diýip wahyý (ylham) beripdim. Olar: «Biz iman getirdik we Sen biziň tabyn bolandygymyza şaýat bol» diýipdiler.
 112. Hawarylar: «Eý, Merýem ogly Isa! Seniň Perwerdigäriň bize asmandan (içi dürli-dümen tagamdan doly) supra (saçak) inderip başararmy?» diýenlerinde, ol (Isa): «Eger (hakyky) mömin bolsaňyz, Alladan gorkuň!» diýipdi.
 113. Olar (hawarylar): «Biz (diňe) ondan (supradan) iýip, ýüregimiziň rahatlanmagyny, seniň bize dogry aýdýanyňy (anyk) bilmegi we oňa (gözleri bilen gören) şaýatlardan bolmak isleýäris» diýdiler.
114. (Olaryň bu haýyşyna) Merýem ogly Isa (dileg edip): «Eý, Allam! Eý, Perwerdigärimiz! Bize, biziň öňkülerimize we biziň soňkularymyza bir baýram we Seniň (gudratyňa) bir alamat bolar ýaly, bize asmandan bir supra inder! Bize rysgal ber. (Çünki) Sen rysgal berýänleriň iň haýyrlysysyň» diýdi.
115. (Şonda) Alla: «Takyk, Men size ony (suprany) indererin. Emma (ondan) soň sizden kim (Meniň ähli zada güýjümiň ýetýändigini) inkär etse, Men oňa älem-jahanda hiç kime bermedik azabym bilen azap bererin» diýdi.
 116. Alla: «Eý, Merýem ogly Isa! Ynsanlara: «Meni we ejemi Alladan gaýry özüňize hudaý ediniň» diýen senmi?» diýdi. Ol (Isa): «Seni tesbih edýärin (Sen ähli kemçiliklerden päksiň)! Hakym (ygtyýarym) bolmadyk zady aýtmak maňa gelişmez. Eger men ony diýen bolsam, Sen ony (hökman) bilerdiň. (Çünki) Sen meniň içimdäkini hem bilýärsiň. (Emma) men Seniň barlygyňdakyny bilmeýärin. Takyk, Sen gaýypdakylary doly bilýänsiň!
117. Men olara diňe: «Meniň Perwerdigärim we siziň Perwerdigäriňiz bolan Alla ybadat ediň!» diýip, Seniň maňa (aýtmagymy) emir eden zadyňdan başga (hiç) zat aýtmadym. Men olaryň arasynda bolan (ýaşan) wagtym olara (ters sözleri aýtmazlary ýaly) şaýat boldum. Sen meni (asmana) galdyranyňdan soň bolsa, olara Sen gözegçilik etdiň. Sen hemme zada (doly) şaýatsyň!
 118. Eger olara azap berseň, takyk, olar Seniň bendeleriňdir. Eger olary bagyşlasaň, takyk, Sen Gudraty güýçlüsiň, hikmet eýesisiň!» diýdi.
119. Alla: «Ine, bu (gün) dogruçyllaryň dogruçyllyklarynyň peýda berýän günüdir. Olar üçin aşagyndan derýalar akýan jennetler bardyr. Olar ol ýerde ebedi galarlar. (Çünki) Alla olardan razy bolandyr, olar hem Ondan (Alladan) razy bolandyrlar. Ine, bu uly üstünlikdir» diýdi.
120. Asmanlardaky, ýerdäki we olaryň içindäki (ähli) zadyň mülki (hökmürowanlygy) Allanyňkydyr. Onuň (Allanyň) ähli zada güýji ýetýändir.