1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

18. 65. Olar özüne biziň tarapymyzdan rahmet (wahyý we pygamberlik) berlen bendelerimizden bir bendäni (Hydyry) gördüler. Biz oňa Öz ylmymyzdan bir ylym hem öwredipdik.

Başy » Sözbaşy » 88-nji süre: «Gaşyýe» («Gaplap alan»)

«Gaşyýe» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 26 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny ilkinji aýatda agzalýan sözden alandyr. «Gaşiýe» sözüniň manysy «Gaplap alan» diýmekdir. Ol haýbaty bilen ähli ynsanlary gorka gaplap alýandygyny aňladýan kyýamatyň bir adydyr. Sürede kyýamatda kapyrlaryň duçar boljak kynçylyklary, möminleriň ýetjek bagtyýarlygy, Allanyň älemdäki gudraty we hikmeti barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Gorkusy ähli ýeri gurşap aljak) Gaşyýanyň (kyýamatyň) habary saňa geldimi!
 2. Ol gün ýere eglen, har-zelil ýüzler bolar.
 3. Işden (kynçylykdan) ýaňa (ol ýüzler) gaty ýadawdyr.
 4. (Olar) gyzgyn oda girerler.
 5. (Suwsanlarynda diňe) gaýnaýan çeşmeden (suw) içiriler.
 6. Olara (awy ýaly) tikenden başga iýmit ýokdur.
 7. (Bu tiken) ne doýrar, ne-de açlygy giderer.
8. (Emma) ol gün bagtly ýüzler hem bolar.
9. (Olar) çeken (yhlasly) zähmetleriniň (sylagyny) alandyklary üçin şatdyrlar.
 10. Olar üstün (we ygtybarly) jennetdedirler.
 11. Ol ýerde boş söz eşitmezler.
 12, 13, 14, 15, 16. Ol ýerde akýan (dury) çeşmeler, belent tagtlar, taýýarlanan (meý-şerbetli) käseler, hatar-hatar düzülen ýassyklar, düşelen halylar bardyr.
 17, 18, 19, 20. Olar düýäniň nähili ýaradylandygyny, asmanyň nähili (ýokaryk) galdyrylandygyny, daglaryň nähili dikilendigini, ýer ýüzüniň nähili ýaýradylyp (ýaşamaga şertli edilendigini) görmeýärlermi?
 21. (Eý, Muhammet!) Sen öwüt-ündew ber! (Ynsanlary dogry ýola çagyr!) Seniň (wezipäň) diňe öwüt-ündew etmekdir (dogry ýola çagyrmakdyr).
22. Ýogsa sen olary zorluk bilen (ýola salyjy) dälsiň.
23, 24. Emma kim (imana) arka öwrüp, inkär etse, Alla ony iň uly jeza sezewar eder.
 25. Elbetde, olar (hökman) Bize gaýdyp gelerler.
26. Soň, elbetde, olary hasaba çekmek Biziň işimiz bolar.