1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

12.76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.

Başy » Sözbaşy » 27-nji süre: «Neml» («Garynja»)

«Neml» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 93 aýatdan ybaratdyr. 18-nji aýatda Süleýman pygamberiň goşunyna ýol beren garynjalar barada söz gozgalýandygy üçin oňa «Neml» diýlip at berlipdir.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Ta, Sin. Bular Kuranyň we äşgär kitabyň aýatlarydyr.
 2. Ol möminler üçin ýol görkeziji hem- de buşlukçydyr.
 3. Ol (buşlanan) möminler namazlaryny berjaý edýän, zekatlaryny berýän we ahyrete hem ýürekden ynanýanlardyr.
 4. Biz ahyrete ynanmaýanlara öz edýän işlerini gözel edip görkezdik (şol sebäpli hem) olar (azaşdyryjy ýolda) gümra bolup ýörendirler.
 5. Bulara iň erbet azap bardyr. Ahyretde agyr zyýan çekjekler hem olardyr.
 6. Takyk, Kuran saňa hikmet eýesi hem- de (ähli zady) bilýän (Perwerdigäriňiz) tarapyndan berlendir.
 7. Musa öz maşgalasyna: «Men bir ot gördüm, (töwereginde adam bar bolsa), men size şondan bir habar getireýin ýa- da ýylanmagyňyz üçin ýanyp duran bir köz getireýin» diýdi.
8. Oduň ýanyna gelende, Biz oňa: «Oduň ýanyndakylar we (onuň) töweregindäkilere haýyr-bereket bolsun. Älemleriň Perwerdigäri bolan Alla ähli nogsanlyklardan päkdir.
 9. Eý, Musa! Takyk, Men Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan Alladyryn.
10. Hasaňy (ýere) okla!» (diýip seslenildi). Ol hasasynyň ýylan ýaly öňe okdurylýandygyny görüp, yzyna garaman ýeňsäni öwürdi (ökjäni göterdi). (Alla oňa): «Eý, Musa! Gorkma, Meniň ýanymda pygamberler gorkmaz!
 11. Emma kim zulum eden bolsa, soň ol erbetliginiň deregine bir ýagşylyk etse, onda Men Bagyşlaýjydyryn, Rehim- şepagatlydyryn» diýdi.
12. Indi bolsa eliňi goltugyňa sal, ol Fyrgawna we kowumyna iberilen dokuz nyşananyň (mugjyzanyň) biri hökmünde hiç-hili tegmilsiz ap-ak (el) bolup çyksyn! Takyk, olar azgyn kowum boldular.  
13. Olara biziň göze görnüp duran mugjyzalarymyz gelende, olar: «Bu äşgär jadydyr» diýdiler.
14. Köňülleri bu aýatlara doly kanagatlanan hem bolsa, zalymlyklary we ulumsylyklary sebäpli, olary inkär etdiler. Seret, azgynlaryň soňy nähili boldy!
15. Biz Dawuda we Süleýmana ylym berdik. Olar: «Bizi mömin bendeleriniň köpüsinden üstün tutan Alla hamdy-sena bolsun!» diýdiler.
16. Süleýman Dawudyň ýerine geçip: «Eý, ynsanlar! Bize guşuň dili öwredildi we ähli zatdan bir mukdar berildi. Takyk, bu äşgär ýagşylykdyr (artykmaçlykdyr)» diýdi.
17. Süleýman üçin jynlardan, ynsanlardan we guşlardan emele gelen goşun nyzama goýlan ýagdaýda bir ýere jemlendi.
18. Olar garynjalaryň jülgesine ýetenlerinde bir garynja: «Eý, garynjalar! Öýleriňize giriň, Süleýman we goşuny sizi bilmän mynjyradaýmasyn» diýdi.
 19. Süleýman garynjanyň bu sözüne göwnühoşluk bilen ýylgyrdy hem- de: «Eý, Perwerdigärim! Maňa we enem-atama beren nygmatlaryňa şükür etmegim we Seniň razy boljak amallaryňy işlemegim üçin maňa güýç- kuwwat ber! Meni Öz merhemetiň bilen salyh gullaryň hataryna goş!» diýdi.
20. Ol guşlary gözden geçirip: «Men hüthüti göremok ýa-da ol gelmedimikä?
 21. Ol (menden rugsatsyz) gelmedigine anyk bir sebäp (delil) getirmese, men oňa örän agyr jeza bererin ýa-da onuň damagyny çalaryn» diýdi.
22. Köp wagt geçmezden hüthüt gelip: «Seniň habaryň bolmadyk bir zatdan habarly boldum we saňa sebe halky barada anyk bir maglumat getirdim» diýdi. Düşündiriş: Sebe halky – Ýemende söwda- satyk bilen meşgullanan bir halkyň ady. Olaryň paýtagty Ýemeniň Sana şäheriniň takmynan 100 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Marib şäheri bolupdyr.
 23. Takyk, men olara hökümdarlyk edýän we özüne ähli zatdan bir mukdar berlen bir zenan gördüm. Onuň uly tagty hem bardy.
 24. Ol zenan we kowumy Alla däl- de, Güne sežde (ybadat) edýär ekenler we şeýtan olara edýän işlerini gözel edip görkezip, olary dogry ýoldan çykarypdyr. Şol sebäpli, hem olar dogry ýoly tapmaýarlar.
25. (Şeýtan olaryň) asmanlarda we ýerde gizlin zatlary (äşgär) ýüze çykarýan, (siziň) gizleýän we aýan edýän zatlaryňyzy hem bilýän Alla sežde etmesinler diýip (şeýle edýär).
26. Beýik Arşyň eýesi bolan Alladan başga (ybadata laýyk) hyudaý ýokdur» diýdi.
27. Süleýman hem: «Göreli bakaly, sen dogryňy aýdýarsyňmy ýa-da ýalançymy?
 28. Şu hatymy alyp git-de, olaryň arasyna taşla, soň olardan yza çekil we nähili netijä gelýändiklerine garaş» diýdi.
 29. (Sebe halkynyň hökümdary): «Eý, adamlar maňa ähmiýetli bir hat taşlandy.
 30. Ol hat Süleýmandan gelipdir we Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen başlanýar.
 31. (Ol hatda): «Özüňizi menden beýik saýmaň we boýun sunup maňa geliň (diýilýär)» diýdi.
 32. Ol ýene-de: «Eý, halkyň emeldarlary! Düşen ýagdaýym barada maňa maslahat beriň! Men, siziň bilen maslahatlaşmazdan, özbaşyma perman çykarmaýaryn» diýdi.
 33. Emeldarlar: «Biz kuwwatly hem-de (söweşlerde) örän mäkämdiris, perman bolsa seniň ygtyýaryňda. Özüň gör, näme emir etseň et» diýdiler.
34. Onda hökümdar: «Hökümdarlar bir ýurda girseler, ol ýeri ýykan- ýumran ederler we halkynyň iň abraýly adamlaryny iň pes derejä düşürerler. Bular hem şeýle ederler.
 35. Gowusy men olara sowgat-salam ugradaýyn hem garaşyp göreýin, ilçiler näme (jogap) bilen öwrülip gelerkäler?» diýdi.
 36. (Iberilen ilçiler) Süleýmanyň ýanyna gelenlerinde, Süleýman olara: «Siz maňa mal-mülk hödürleýäňizmi? Allanyň maňa bereni (pygamberligi we şalygy) siziň bereniňizden has haýyrlydyr. Siz bolsa, munuň tersine, öz sowgat- salamyňyza buýsanýarsyňyz.
 37. Sen (eý, sebe halkynyň ilçisi), yzyňa dolanyp bar. Hökman biz olara şeýle bir goşun bilen bararys welin olar asla bäs gelip bilmezler we olary masgara edip, ol ýerden çykararys» diýdi.
 38. (Soň Süleýman): «Eý, emeldarlar! Olar boýun sunup gelmezlerinden öň, siziň haýsyňyz maňa (ol) hökümdaryň tagtyny getirip bilersiňiz» diýdi.
 39. Jynlaryň biri: «Men ony ýeriňden turmankaň saňa getirerin. Men muňa güýji ýetjek ynamdardyryn» diýdi. 40. Özünde kitapdan bir ylym bolan başga biri: «Men ony saňa göz açyp-ýumasy salymda getirerin» diýdi. Süleýman tagtyň öz ýanyna ýerleşdirilendigini görende: «Bu Perwerdigärimiň «şükür edermikä ýa-da gadyr bilmezlik edermikä» diýip meni synamak üçin eden ýagşylyklarynyň biridir. Kim şükür etse, ol diňe özi üçin (şükür) edýändir. Kim gadyr bilmezlik (näşükürlik) edýän bolsa, Perwerdigärim (onuň şükürine mätäç däldir). Ol (hiç zada mätäç däldir) Baýdyr, Jomartdyr.
 41. Onuň tagtyny özi hem tanamaz ýaly ediň, göreliň, dogry (ýoly) taparmyka ýa-da tapmaýanlardan biri bolarmyka?» diýdi.
 42. Hökümdar gelende oňa: «Seniň tagtyň hem şunuň ýalymydy?» diýildi. Ol (haýran bolup): «Göýä bu şol (tagt) ýaly» diýdi. (Şonda Süleýman): «Bize ondan (hökündardan) öň (Allanyň gudraty barada) ylym berlipdi we biz boýun bolupdyk» diýdi.
 43. Ony Alladan başga ybadat edýän zatlary ýoldan çykarypdy. Ol kapyrlaryň kowumyndan bolupdy.
 44. Oňa: «Köşge gir!» diýildi. Ol köşgi görende, ony suwdur öýdüp (etegini çermäp) baldyrlaryny açdy. Süleýman: «Bu aýnadan ýaldyradyp ýasalan köşkdür» diýdi. Hökümdar: «Eý, Perwerdigärim! Men öz janyma zulum eden ekenim. Süleýmana we älemleriň Perwerdigäri Alla boýun sundum» diýdi.
 45. Semud kowumyna hem: «Alla gulluk ediň» diýmegi üçin öz doganlary Salyhy iberdik. Görse olar biri-biri bilen çekeleşýän iki topara bölündiler.
 46. Salyh olara: «Eý, kowumym! Ýagşylyk etmek (Allanyň rehmeti) barka näme üçin ýamanlyk etmäge (azabyň gelmegine) howlugýarsyňyz. Käşgä, merhemet edilmegiňiz üçin Alladan özüňizi bagyşlamagyny dileseňiz bolmadymy» diýdi.
 47. Kowumy bolsa: «Sen we ýanyňdakylar bize şowsuzlyk getirdiňiz» diýdiler. Onda Salyh: «Siziň şowlulyk diýýän zadyňyz Allanyň ýanyndadyr (haýyr-şer Ondandyr). Siz synagdan geçýän bir kowumsyňyz» diýdi.
 48. Ol şäherde dokuz (sany) emeldar bardy, olar hem ýer ýüzünde diňe bozgaklyk edip, hiç bir düzüw iş etmeýärdiler.
 49. Olar öz aralarynda Allanyň adyndan kasam edişip: «Gije onuň (Salyhyň) we maşgalasynyň öýüni basyp, ony öldüreliň, soň hem hossaryna: «Biz Salyhyň maşgalasynyň öldürilen wagty şol ýerde däldik. Biz dogrymyzy aýdýarys diýeris» diýdiler.
 50. Şeýdip, olar özleriçe hile gurnadylar, biz hem, duýman durkalar, olara bir hile gurnadyk.
 51. Olaryň guran hileleriniň netijesi nähili bolupdyr, bir gör. Biz olary hem, kowumlaryny hem bilelikde ýok etdik.
 52. Ine, olaryň zulumlary sebäpli, çöken (harabaçylyga öwrülen) öýleri. Takyk, munda bilýän kowum üçin ybrat bardyr.
 53. Iman getirenleri we Alladan gorkanlary bolsa halas etdik.
 54. Biz Luty (pygamber edip iberipdik). Şonda ol öz kowumyna: «Siz akylyňyz ýetip durka bozgaklyk edýärsiňizmi?
 55. Siz indi aýallary taşlap, uly isleg bilen erkeklere ýanaşýarsyňyzmy? Ýok, takyk, siz nadan kowumsyňyz» diýipdi.
56. Kowumynyň oňa beren jogaby: «Lutuň neberesini obaňyzdan çykaryň, çünki olar asassaçyl ynsanlar eken» diýmek boldy.
 57. Biz onuň aýalyndan galan ähli maşgalasyny halas etdik. Aýalyna bolsa yzda galanlardan (heläk bolanlardan) bolmagy ýazgyt etdik.
 58. Olaryň üstüne aýylganç (daşly) ýagyş ýagdyrdyk. (Öňden) duýduryş edilenleriň üstüne (daş) ýagmagy, nähili erbet eken!
 59. (Eý, Muhammet!) Sen: «Alla hamdy-sena bolsun we Onuň saýlap seçen gullaryna salam bolsun! Alla has haýyrlymy ýa-da olaryň şärik goşýan zatlary (has haýyrlymy?)
 60. (Siziň Alla şärik goşýan hudaýlaryňyz haýyrlymy) ýa-da asmanlary we ýeri bar eden, siz üçin asmandan suw inderip, onuň bilen siziň güýjüňiz ýetmejek göwün açyjy bag-bakjalary ýetişdiren has haýyrlymy? Allanyň ýanynda başga hudaý bolup bilermi?! Ýok, dogrusy olar (Alla şärik goşup dogry) ýoldan çykan bir kowumdyr.
61. (Siziň Alla şärik goşýan) ýa-da ýer- ýüzüni (ähli janly-jandar meniň) mesgen eden, onuň arasyndan derýalar akdyran, ýer (yranmazlygy) üçin daglary ýaradan we iki deňziň arasynda perde goýan (Alla) has haýyrlymy? Allanyň ýanynda başga hudaý bolup bilermi? Ýok, dogrusy olaryň köpüsi (bu zatlary) bilmeýärler.
 62. (Siziň Alla şärik goşýan) ýa-da kyn günde galyp, diňe Özüni (Allany) kömege çagyran bendäniň dilegini kabul eden, kynçylygyny aýran we sizi ýer- ýüzüniň dolandyryjylary eden (Alla) has haýyrlymy? Allanyň ýanynda başga hudaý bolup bilermi? Ýok, nähili az pikir edýärsiňiz.
63. (Siziň Alla şärik goşýan) ýa-da gury ýerleriň we deňizleriň tümlüginde sizi dogry ýola gönükdiren we Öz merhemetiniň (ýagşynyň) öňünden ýelleri buşlukçy edip iberen has haýyrlymy? Allanyň ýanynda başga hudaýy bolup bilermi? Alla olaryň şärik goşýan zatlaryndan daşdyr, päkdir.
 64. (Siziň Alla şärik goşýan) ýa-da ýaratmagy ilkinji başladan, soň hem ony yzyna gaýtarýan, (ýaradýan, öldürýän, soň ýene-de direldýän) asmandan we ýerden size rysgal berýän has haýyrlymy? Allanyň ýanynda başga hudaý bolup bilermi? Sen olara: «Eger dogruçyl bolsaňyz, takyk deliliňizi getiriň» diýip aýt.
 65. Sen aýt: «Alladan başga asmanlardaky we ýerdäki hiç bir kişi gaýyby (görünmeýäni) bilip bilmez. Olar haçan direldiljekdiklerini hem duýup bilmezler».
66. Belki, olaryň ahyret hakyndaky ylymlary ýeterlikdir?! Ýok, olar bu barada şübhededirler, bu barada olar kördürler.
 67. Kapyrlar: «Heý-de, biz hem- de ata-babalarymyz (ölüp), toprak bolanymyzdan soň täzeden direldilerismi? 68. Bu (täzeden direldilme meselesi) bize we ata-babalarymyza mundan öň hem duýdurylypdy. Bu öňküleriň ertekilerinden başga zat däldir» diýdiler.
69. Sen olara: «Ýeriň ýüzüne aýlanyň hem-de günäkärleriň soňy nähili bolupdyr, görüň!» diý.
 70. Olar üçin gynanma we olaryň guran duzaklary sebäpli, darykma!
 71. Olar: «Eger dogry aýdýanlardan bolsaňyz, wada berýän (bu kyýamatyňyz) haçan gelýär?» diýýärler.
72. Sen hem olara aýt: «Siziň derrew bolmagyny isleýän zatlaryňyzyň bir bölegi, belki-de, eýýäm depäňizden injek bolup durandyr».
 73. Takyk, seniň Perwerdigäriň ynsanlara ýagşylyk edýändir, ýöne olaryň köpüsi şükür etmezler.
 74. Takyk, seniň Perwerdigäriň olaryň ýüreklerinde gizleýän zatlaryny hem, aýan edýän zatlaryny hem ikuçsuz bilýändir.
75. Asmandaky we ýerdäki gözden yrak ähli zat anyk kitapda (Lowhy-mahfuzda) bardyr.
 76. Takyk, bu Kuran ysraýyl ogullaryna özleriniň düşünişmedik meseleleriniň ençesini gürrüň berýändir.
 77. Takyk, ol (Kuran) möminler üçin ýolbelet hem-de rahmetdir.
 78. Takyk, seniň Perwerdigäriň olaryň (ysraýyl ogullarynyň) arasyny öz hökümi bilen çözer. Ol Gudraty güýçlüdir, (ähli zady) bilýändir.
 79. Sen Alla bil bagla! Çünki seniň barýan ýoluň äşgär hakykatdyr.
 80. Sen (sözleriňi) ölülere eşitdirip bilmersiň we eger yzlaryna öwrülen bolsalar, kerlere hem eşitdirip bilmersiň.
 81. Sen körleri hem azaşan ýolundan dogry ýola gönükdirip bilmersiň. Sen çakylygy diňe nyşanalarymyza (mugjyzalarymyza) iman getirenlere eşitdirip bilersiň. Hakyky boýun bolan hem şolardyr.
 82. Olara wada berlen söz (azap) hakykata öwrülende, (Biz) olar üçin ýerden ynsanlaryň biziň aýatlarymyza ýürekden iman getirmeýändiklerini aýdýan bir haýwan (kyýamatyň alamatlarynyň biri bolan dört aýakly jandar) çykararys.
 83. Ol gün (kyýamt güni) her bir kowumdan aýatlarymyzy ýalan hasaplanlary topar-topar edip jemläris. Olar hasap meýdanyna eltilmek üçin nyzama durarlar.
 84. Olar gelenlerinde, Alla olara: «Siz, nämedigine doly akyl ýetirmezden, Meniň aýatlarymy (gudratlarymy) ýalan hasapladyňyzmy? Ýa bolmasa başga näme etdiňiz?!» diýer.
 85. Eden zulumlary sebäpli, olara wada berlen söz (azap) hakykata öwrülendir, indi olar gepläp hem bilmezler.
86. Olar biziň gijäni dynç almaklary üçin, gündizi bolsa ýagtyldyjy edip ýaradandygymyzy görmeýärlermi? Takyk, munda iman getiren kowum üçin ybrat bardyr.
 87. Sura üflenip, Allanyň islän kişilerinden başga asmanlardaky we ýerdäki kişileriň hemmesi (ölüme eltýän) uly gorka düşjek we hemmeleriň oňa boýun egip geljek gününi (ýatlaň).
 88. Sen daglary (görüp) hereketsizdir öýdersiň. Aslynda bolsa, olar bulutlar ýaly hereket edýändir. Bu ähli zady mäkäm eden Allanyň sungatydyr. Takyk, Ol siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
 89. Kim (Allanyň huzuryna) haýyr-sogap işler bilen gelse, oňa ol (sogabyndan) has haýyrlysy bardyr. Olar kyýamatyň elhenç gorkusyndan hem aman-esen bolarlar.
 90. Kim erbet-günä işler bilen gelse, olar ýüzinligine dowzaha oklanalarlar. (Olara) size jogap hökmünde öz eden işleriňizden başga zat berlermi?! (diýler)
 91. (Eý, Muhammet!) Sen: «Maňa Öz mukaddes eden şu şäheriň (Mekgäniň) Perwerdigärine we ähli zat Özüne degişli bolana ybadat etmegim emir edildi. Meniň boýun egenlerden bolmagym hem emir edildi.
 92. Ýene-de maňa (ynsanlara) Kurany okamagym emir edildi» diý. Kim dogry ýola girse, ol özi üçin girendir. Kim dogry ýoldan çyksa, sen oňa: «Men diňe duýduryjydyryn» diýip aýt.
 93. (Şuny hem) aýt: «Alla hamdy- sena bolsun! Ol size Öz aýatlaryny (gudratlaryny) görkezer. Siz hem şonda olary görüp, (Allany) tanarsyňyz. Seniň Perwerdigäriň siziň edýän işleriňizden gapyl däldir.