1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

29.49. Takyk, ol (Kuran) özlerine ylym berlenleriň ýüreklerindäki anyk aýat- alamatlardyr. Biziň aýatlarymyzy zalymlardan başgasy inkär edip bilmez.

Başy » Sözbaşy » 50-nji süre: «Kaf»

«Kaf» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 45 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatdaky elipbiý harpy bolan «Kaf» harpyndan alnandyr. Bu sürede Allatagalanyň güýç-gudratyny we hikmetini görkezýän älemdäki käbir zatlar barada gürrüň açylýar. Bulary ýaradan Allanyň kyýamat-magşarda ynsanlary täzeden direltmäge güýjüniň ýetjekdigi beýan edilýär. Dini inkär edenlere öňki käbir milletleriň başyna gelenler ýatlanylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Kaf. Keramatly Kurana kasam bolsun!
 2. Öz aralaryndan bir duýduryjynyň özlerini (dogry ýola salmak) üçin gelmegine geň galan kapyrlar: «Bu gaty geň zat!
 3. Biz ölüp toprak bolanymyzdan soň, (täzeden direlerismi)? Bu (akyla gaty) uzak ähtimal (mümkin däl)» diýdiler.
 4. Biz topragyň olaryň bedenlerinden nämäni kemeldendigini (çüýredendigini) bilýäris. Biziň ýanymyzda (ähli zady) goraýan kitap bardyr.
 5. Aslynda, olar özlerine hak (hakykat) gelende ony ýalan hasapladylar. Olar indi bikarar (aljyraňňy) ýagdaýdadyrlar.
 6. Olar ýokarlaryndaky asmana seredip, biziň ony nädip gurandygymyzy, ony nädip bezändigimizi, onda hiç bir gädigiň (näsazlygyň) ýokdugyny görmeýärlermi?
 7. Biz ýeri (hem) ýazyp goýduk. Ol ýerde (deňagramlylygy saklamak üçin) berk (uly) daglar ýerleşdirdik. Ol ýerde dürli görnüşdäki ýakymly ösümlikleri bitirdik.
 8. (Bulary Alla) ýöneljek her bir bendäniň (köňül) gözüniň açylmagy we ybrat (bolmagy) üçin (berjaý) etdik.
9, 10. Biz asmandan bereketli suw inderdik. Onuň bilen bag-bakjalary we oruljak ekinleri, (şahalary) biri-biri bilen çyrmaşyp giden uzyn boýly hurma agaçlaryny ýetişdirdik.
11. Bendelerimize rysgal (bermek) üçin ol (suw) bilen öli ýere (topraga) ýaşaýyş berdik. (Mazardan) çykyş (direliş) hem şeýle bolar.
 12, 13. Olardan öň Nuhuň kowumy, res ýaranlary (halky), semud, ad, Fyrgawn we Lutuň doganlary hem (pygamberleri) ýalan hasaplapdylar.
14. Eýke ýaranlary (halky) bilen tubbag kowumy hem (ýalan hasapladylar). Olaryň hemmesi pygamberleri ýalan hasapladylar, bes, olara azap (bermek) hak boldy.
 15. Biz (ölenleri täzeden direltmekde ejizlik görkezer ýaly) ilkinji ýaradyşda (ýokdan bar etmekde) ejizlik görkezdikmi? Ýok! Olar (şonda-da) bu (täzeden) ýaradylyş (direliş) babatda (ynanman) şek edýärler.  
16. Kasam bolsun! Ynsany Biz ýaratdyk we nebsiniň oňa näme waswasy salýandygyny Biz gowy bilýäris. Biz oňa jan (ýeňse) damaryndan hem has ýakyndyrys.
 17. (Ynsanyň) sagynda we çepinde iki sany belleýji (perişde) oturyp, onuň (edýän işlerini) belleýändirler (ýazýandyrlar).
 18. Onuň (ynsanyň) aýdýan (ähli) sözlerini (hökman) ýazýan (ýörite bellenilen) berk gözegçi (perişde) bardyr.
 19. Ölüm serhoşlygy hakykat bolup gelende, (soňky deminde) oňa: «Bu seniň (öňden bäri) gaçýan zadyň» (diýler).
 20. (Soň) sura (tüýdüge) üflener. Ine, bu hem wada berlen gündür.
 21. Ol gün hem her kim ýanynda (erbetligi ýazan) bir sürüji, birem (gowulygy ýazan) şaýat bilen geler.
 22. (Alla oňa): «Sen (öň) mundan gaflatdadyň. Bes, Biz seniň gözüň öňünden perdäňi açdyk. Bes, bu gün seniň gözüň ýitidir» (diýer).
 23, 24, 25, 26. Onuň (ýanyndaky) dosty: «Ine, ýanymdaky taýyndyr» diýer. (Iki perişdä hem): «Ähli kejir kapyrlary, haýra böwet bolany, çäkden aşan müňküri, Allanyň ýany bilen başgany (hem) hudaý tutunany (hemmesini bilelikde), dowzaha oklaň!» (diýler).
 27. (Kapyryň) ýanyndaky ýoldaşy (şeýtan): «Eý, Perwerdigärim! Ony men azdyrmadym. Emma, ol (özi hakdan) daşlaşyp azaşdy» diýer.
 28. (Alla): «Meniň ýanymda dawalaşmaň! Men size öň duýduryş beripdim.
 29. Meniň ýanymda berlen söz üýtgedilmez. Men gullaryma hiç zalym däldirin» (diýer).
 30. Ol gün dowzaha: «Dolduňmy?» diýenimizde, ol: «(Ýok) ýene-de barmy?» diýer.
 31. Jennet hem takwalara ýakyn bolar, daşda bolmaz.
 32, 33. (Olara): «Ine, size wada berlen (jennet) budur. (Ol jennet) Haka ýönelen, emirleri gorap saklan (berjaý eden), görmese hem (elmydama) Rahmandan (Alladan) gorkan hem-de (Alla) ýönelen bir kalp bilen gelenlere mahsusdyr».
 34. (Hany, indi) salamatlyk bilen oňa (jennete) giriň! Bu ebedi ýaşaýşyň (başlanýan) günüdir» (diýler).
 35. Ol ýerde olara islän zatlary bardyr. Bizde (mundan has) artygy hem bardyr.
 36. Biz öň tutmakda bulardan has güýçli bolan, şäherme-şäher gezip, (gaçara) deşik gözlän, ençeme nesilleri heläk etdik. (Mundan) halas boluş barmy?
 37. Takyk, munda kalby (akly) bolan ýa- da şaýat bolup, üns bilen diňleýän üçin öwüt bardyr.
 38. Kasam bolsun! Biz asmanlary, ýeri we bu ikisiniň arasyndaky (ähli) zatlary alty günde ýaratdyk. Bize (hiç hili) ýadawlyk degmedi.
 39. (Eý, Muhammet!) Sen olaryň aýdýan zatlaryna sabyr et! Günüň dogýan we ýaşýan wagtyndan öň Perwerdigäriňi hamdy-sena bilen tesbih et!
 40. Gijäniň bir çagynda, seždeleriň yzyndan Ony (Allany) tesbih et!
 41. Çagyryjynyň (Ysrapylyň) ýakyn ýerden seslenjek (sura üflejek) gününe gulak sal!
 42. Ol gün (ähli ynsanlar) hakykat bolan bu sesi (doly) eşiderler! Bu (mazardan) çykyş (direliş) günüdir.
 43. Takyk, Biz direldýäris, öldürýäris.! Gaýdyp geliş Bizedir!
 44. Ol gün ýer ýarylar, (ynsanlar) çaltlyk bilen (magşar meýdanyna tarap ylgarlar). Bu (magşara) jemlemek Bize aňsatdyr.
 45. Biz olaryň aýdýan zatlaryny örän gowy bilýäris. Emma sen olary (güýç ulanyp imana getirjek) zabun dälsiň, (sen diňe duýduryjy ilçisiň). Bes, sen (Meniň) duýduryşymdan gorkýanlara Kuran bilen öwüt ber!