1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

67. 26. Aýt: «Takyk, (kyýamatyň geljegi baradaky) ylym Allanyň ýanyndadyr. Takyk, Men (diňe) äşgär bir duýduryjydyryn».

Başy » Sözbaşy » 11-nji süre: Hud

«Hud» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 123 aýatdan ybaratdyr. Süräniň 50-60-njy aýatlarynda Hud pygamber bilen baglanşykly wakalar beýan edileni üçin, süräniň ady Hud pygamberiň ady bilen baglanyşdyrylypdyr. Bu sürede ynanç-ygtykat meseleleri, kapyrlaryň we musulmanlaryň ahyretdäki ahwalatlary, Nuh, Hud, Salyh, Ybraýym, Lut, Şugaýyp we Musa ýaly pygamberleriň kyssalary beýan edilýär.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Elif, Läm, Ra. (Bu Kuran) hikmet eýesi we ähli zatdan habardar bolan Alla tarapyndan aýatlary pugta mäkämlenip, soň anyk aýan edilen bir kitapdyr.
 2. (Bu Kuran) diňe Alla ybadat etmegiňiz (üçin inderildi). Şübhesiz, men size Onuň tarapyndan (iberilen) duýduryjy we buşlukçydyryn.
 3. (Siziň) belli bir wagta çenli (ajalyňyz ýetýänçä) gözel durmuşda ýaşamagyňyz üçin hem-de her ýagşylyk edene ýagşylygyny (gaýtaryp) bermegi (üçin), Perwerdigäriňizden bagyşlanmagyňyzy diläň, soň Oňa toba ediň! Eger ýüz öwürseňiz, elbetde, men siziň başyňyza injek uly günüň (kyýamatyň) azabyndan gorkýaryn.
 4. (Siz ahyrsoňy) Alla dolanyp gelersiňiz. Onuň ähli zada güýji ýetýändir.
 5. Unutmaň, elbetde, olar (kapyrlar) Ondan (Alladan) gizlenmek üçin ýüreklerini düýrýärler (ýaşyrýarlar. Ýene-de) unutmaň, olar (ýüreklerindäkini gizläp) lybaslaryna bürenseler-de, (Alla) olaryň gizleýän we äşgär edýän zatlaryny bilýändir. Çünki Ol köňülleriň özenini bilýändir.
 6. Ýer ýüzünde hereket edýän bir zat bar bolsa onuň rysgalyny Alla berýändir. (Alla) onuň (bu dünýädäki) mesgenini- de, (ölenden soňky) amanat ediljek ýerini-de bilýändir. (Bularyň) ählisi anyk kitapda (Lowhy-mahfuzda) ýazylandyr.
 7. Ol (Alla) asmanlary we ýeri alty günde ýaratdy. (Şonda) Onuň Arşy suwuň üstündedi. (Asmanlary we ýeri) siziň haýsyňyz has ýagşy işleri ederkäňiz diýip, synamak üçin (ýaratdy). (Eý, Muhammet!) Sen: «Takyk, siz öleniňizden soň direldilersiňiz» diýseň, kapyrlar hökman: «Bu hakyky jadydan başga zat däldir» diýerler.
 8. Eger olardan azaby (sowup, wagty) sanalgy döwre çenli gijikdirenimizde, takyk, olar: «Ony (azaby) näme saklaýar?» diýerler. Unutmaň! (Azap) olara gelen güni olardan sowlup gitmez we äsgermezçilik eden zatlary olary gurşap alar.
 9. Eger biz ynsana Öz tarapymyzdan rahmet (nygmat) dadyrsak, soň hem ony ondan sogrup (yzyna) alsak, elbetde, ol örän näumyt bolar, näşükürlik eder.
 10. Eger-de oňa bir zyýan-kynçylyk ýetenden soň, gowulyk dadyrsak, elbetde, ol: «Ýamanlyklar menden (daşlaşyp) gitdi» diýer. Takyk, ol şatlanar, öwner (gomparar).
 11. Ýöne (kynçylyklara) sabyr edip, ýagşy işleri eden kişiler (beýle däldirler). Ol kişiler üçin bagyşlanmak we uly sylag bardyr.
 12. (Eý, Muhammet!) Ähtimal, sen (kapyrlaryň): «Oňa (pygambere, asmandan) bir hazyna iberilmeli dälmi ýa-da onuň bilen perişde gelmeli dälmi?!» diýmekleri sebäpli, özüňe wahyý edilen zatlaryň (aýatlaryň) käbirlerini (wagyz etmän) taşlamakçy bolýarsyň we şol sebäpli-de ýüregiň darygýar. (Unutma!) Sen diňe duýduryjysyň (habar ýetirijisiň). Alla ähli zada wekilçilik (gözegçilik) edýändir.
 13. Ýa-da ony (Kurany) onuň (Muhammediň) özi toslap tapdy diýýärlermi? (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger siz dogruçyl bolsaňyz, Alladan gaýry çagyryp biljek kişileriňizi çagyryp, şuňa meňzeş on sany «toslanan» süre getiriň bakaly?».
14. Eger size jogap bermeseler, bilip goýuň, (Kuran) Allanyň ylmy bilen inderilendir we Ondan başga hudaý ýokdur. Indi bir musulman bolarsyňyzmy?
 15. Kim (diňe) şu dünýä ýaşaýşyny we onuň zynatyny islese, onda (dünýäde) çeken zähmetlerini doly ödäris we olar ol ýerde (dünýäde) zyýana duçar edilmezler.
 16. Ol kişiler üçin ahyretde otdan başga zat ýokdur. (Olaryň) onda (dünýäde) eden ähli zatlary puç boldy. Eden işleriniň ählisi boş çykdy.
17. Perwerdigäri tarapyndan aýdyň delile daýanýan kişi (diňe dünýäniň sapasyny isleýän ýaly bolarmy?). Galyberse- de, ony (delili ýa-da Muhammedi) Perwerdigärinden bir şaýat, şeýle-de ondan (Kurandan) öň ýol görkeziji we rahmet edip (iberilen) Musanyň kitaby hem tassyklaýar. Olar (möminler) oňa (Kurana) ynanýarlar. Toparlardan kim ony (Kurany) inkär etse, onuň jaýy ot (dowzah) bolar. Ondan (Kurandan) hiç haçan şübhe etme! Çünki ol Perwerdigäriňden gelen hakykatdyr. Ýöne şonda-da adamlaryň köpüsi iman getirmeýärler.
18. Allanyň şanyna ýalan (sözläp), töhmet atýan kişiden has zalym kim bar? Olar (kyýamatda) Perwerdigäriniň huzuryna çykarylar we şaýatlar: «Ine, bular öz Perwerdigäriniň şanyna ýalan (sözlän) kişilerdir» diýerler. Unutmaň! Allanyň näleti zalymlaryň üstüne (ýagar).
19. (Ol zalym) kişiler Allanyň ýoluna böwet bolýarlar we dos-dogry bolan ol ýoly egreltmek (nädogry görkezmek) isleýärler. Olar ahyreti inkär edýän kişilerdir.
 20. Olar ýeriň ýüzünde (hiç haçan Allany) ejizledip bilmezler we olar üçin Alladan gaýry hiç hili dost ýokdur. Olar üçin azap üstüne azap bardyr. Çünki olar (hakykaty) eşitmegi hem, görmegi hem başarmaýarlar.
 21. Şeýdip, olar öz-özlerini zyýana uçratdylar. Toslap tapan zatlary bolsa olardan güm bolup ýitip gitdi.
 22. Takyk, olar ahyretde iň agyr zyýany çekerler.
 23. Elbetde, iman getirip, ýagşy işleri eden we Perwerdigärine ýürekden boýun egen kişiler, ine, şolar jennetidirler. Olar ol ýerde ebedi galarlar.
 24. Bu iki toparyň (kapyr bilen möminiň) mysaly kör we ker (adam) bilen görýän we eşidýän (adamyň mysaly) ýalydyr. Heý-de, bu ikisi deň bolarmy? Şonda-da oýlanyp ybrat almazmysyňyz?
 25. Kasam bolsun! Biz Nuhy hem öz kowumyna (pygamber edip) iberdik. (Ol): «Elbetde, men siziň üçin (hakykaty) aýan ediji, duýduryjydyryn.
 26. Alladan özgä ybadat etmäň! Çünki men siziň üstüňize ejirli bir günüň azabynyň gelmeginden gorkýaryn» diýdi.
 27. Şonda (Nuhuň) kowumyndan bolan kapyrlaryň ekabyrlary (baştutanlary): «(Eý, Nuh) biz saňa özümiz ýaly bir adam hökmünde garaýarys. Saňa biziň (aramyzdan) diňe pes düşünjeleri pes kişilerden gaýra hiç kimiň eýermeýändigini-de görýäris. Siziň bizden üstün tarapyňyzy görmeýäris. Tersine, biz sizi ýalançy hasap edýäris» diýdiler.
 28. (Nuh): «Eý, kowumym! Aýdyň bakaly, eger men Perwerdigärimden (gelen) aýdyň delile daýanýan bolsam hem-de (Ol) maňa huzuryndan rahmet (dogry ýol, pygamberlik) beren bolsa, bu- da size ýygşyrylan bolsa, näme, biz sizi ony (rahmeti) halamaýan halatyňyzda-da mejbur ederis (diýip pikir) edýärsiňizmi?
29. Eý, kowumym! Men sizden onuň üçin hiç hili hak soramaýaryn. Meniň hakym diňe Alla degişlidir. Men (siziň göwnüňiz ýetmeýän) iman getiren kişileri (ýanymdan) kowmaryn. Elbetde, olar (hem bir gün hasap bermek üçin) Perwerdigärine gowşarlar. Ýöne men sizi nadan kowum hökmünde görýärin.
 30. Eý, kowumym! Eger men olary kowsam, Alladan (ýagny gazabyndan gutulmagym üçin) kim maňa ýardam berer?! (Ol hakda) heý, pikir etmeýärsiňizmi?
 31. Men size: «Ýanymda Allanyň hazynalary bar» diýmeýärin. Gaýyby- da bilmeýärin. «Men perişdedirin» hem diýmeýärin. Siziň kemsidiji göz bilen garaýan kişileriňiz üçin: «Alla olara hiç haçan ýagşylyk bermez» hem diýmeýärin. Alla olaryň köňüllerindäki zatlary has gowy bilýändir. (Eger men hem möminlere siziň ýaly kemsidiji göz bilen garasam) onda, takyk, men zalymlardan bolaryn» diýdi.
 32. Olar: «Eý, Nuh! Takyk, sen biziň bilen dawalaşdyň hem-de biziň bilen dawaňda öte gitdiň. Eger sen dogruçyl kişilerden bolsaň, wada beren zadyňy (azabyňy) getir bakaly» diýdiler.
33. (Nuh): «Ony (azaby) diňe Alla islän wagtynda getirer. (Şonda) siz (Allanyň) azabynyň öňüni alyp bilmersiňiz.
 34. Alla sizi azdyrmak isländen soň, men size nesihat bermek islesem-de, meniň nesihatym peýda etmez. Ol siziň Perwerdigäriňizdir we siz Oňa gaýtarylyp getirilersiňiz» diýdi.
 35. Ýogsa-da «Ony (Kurany) onuň (Muhammet) toslap tapdy» diýýärlermi? (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger men ony toslap tapan bolsam, meniň günäm özüme degişli bolar. (Ýöne) men siziň edýän günäleriňizden daşdyryn».
 36. Nuha şeýle wahyý edildi: «Seniň kowumyňdan diňe (häzire çenli) iman getirenden başga hiç kim imana gelmez. Olaryň edýän zatlary sebäpli, gam çekme.
 37. Biziň gözümiziň alnynda we wahymyza görä gämi ýasa. Zulum edenler hakda Maňa ýüz tutma! Çünki olar gark ediler».
 38. Ol (Nuh) gämi ýasaýardy. Kowumynyň ekabyrlary her geçende ony masgaralaýardylar. (Nuh): «Eger bizi masgaralasaňyz, biz hem hökman siziň masgaralaýşyňyz ýaly (sizi) masgaralarys.
 39. Tiz wagtda ryswa ediji azabyň kime geljegini we (kimiň) üstüne hemişelik azabyň injegini bilersiňiz» diýdi.
 40. Ahyryn, emrimiz gelip gazan gaýnanda (suw çogup ugranda, Nuha): «Oňa (gämä) her (janlydan) iki (sanydan) jübüt (edip) ýükle we (gark boljakdygy barada) höküm çykan kişilerden başga galan maşgalaňy we iman getiren kişileri (gämä mündür» diýdik. Onuň bilen iman getiren (adam) örän azdy.
 41. (Nuh): «Oňa (gämä) münüň! Onuň ýüzmegi-de, durmagy-da Allanyň ady bilendir. Takyk, Perwerdigärim Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr» diýdi.
 42. Ol (gämi) olary daglar ýaly tolkunlaryň arasy bilen alyp barýarka, Nuh bir çetde galan ogluna: «Eý, oguljygym! Biz bilen (sen hem gämä) mün, kapyrlar bilen bolma!» diýip ýüzlendi.
 43. Ol (Nuhuň ogly): «(Ýok, men) meni suwdan gorap saklajak daga sygnaryn» diýdi. (Nuh): «Bu gün Allanyň buýrugyndan aman galjak ýokdur. Diňe (Onuň) rehim edeni (aman galar)» diýdi. Ikisiniň arasyna tolkun girdi we (Nuhuň ogly hem) gark edilenlerden boldy.
 44. (Soň): «Eý, ýer, suwuňy ýuwut! Eý, asman, (ýagyşyňy) bes et!» diýildi. Emir berjaý edildi we suw azaldy. (Gämi bolsa) Judy (dagynyň) üstüne oturdy. (Şonda): «Zalym kowum ýok bolsun!» diýildi.
 45. Nuh Perwerdigärine ýalbaryp: «Eý, Perwerdigärim! Elbetde, oglum meniň maşgalamdandyr hem-de, şübhesiz, Seniň wadaň hakdyr. Sen iň haýyrly Höküm ýöredýänsiň!» diýdi.
46. (Alla): «Eý, Nuh! Şübhesiz, ol (Haka boýun bolmanlygy üçin) seniň maşgalaňdan däldir. Dogrusy, ol (iş) nädürs amaldyr. Şonuň üçin bilmeýän zadyňy Menden sorama! Men saňa nadanlardan bolmazlygyňy ündeýärin» diýdi.
 47. (Nuh): «Eý Perwerdigärim! Men bilmeýän zadymy soranym üçin Saňa sygynýaryn (Senden pena soraýaryn). Eger meni bagyşlamasaň, merhemet etmeseň, zyýan çekenlerden bolaryn» diýdi.
48. Oňa: «Eý, Nuh! Saňa we seniň bilen bile bolan kişilerden (dörejek) ymmatlara Bizden (ýeten) salamatlyk we bereketler bilen (gämiden) düş. (Ýene şeýle) ymmatlar bolar, olary (şu dünýäden az salym) peýdalandyrarys, soň bolsa olara Biz tarapdan ejirli azap ýeter» diýildi.
 49. (Eý, Muhammet!) Ine, bular Biziň saňa gaýyp habarlardan wahyý edenlerimizdir. Mundan ozal olary ne sen bilýärdiň, ne-de kowumyň. Sabyr et! Şübhesiz, (bagtly) netije takwalar üçindir.
 50. Ad kowumyna hem olaryň dogany bolan Hudy (pygamber edip iberdik. Hud): «Eý, kowumym! Siziň üçin Özünden gaýry (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alla ybadat ediň! Siz (Alla) töhmet atýarsyňyz.
 51. Eý, kowumym! Men sizden munuň (dogry ýola çagyrýanlygym) üçin hak soramaýaryn. Meniň hakym ýalňyz meni ýaradana (Alla) bagly. Heniz hem akylyňyza aýlanmaýarsyňyzmy?
 52. Eý, kowumym! Perwerdigäriňizden (günäleriňiziň) geçilmegini soraň, soň Oňa toba ediň! Size asmandan bol ýagyş (bereket) ibersin hem-de siziň güýjüňize güýç goşsun! Günäkär bolup ýüz öwürmäň!» diýdi.
 53. Olar: «Eý, Hud! Sen bize (pygamberligiňi subut edýän) delil (mugjyza) getirmediň. Biz seniň sözüň sebäpli hudaýlarymyzy terk etmeris hem-de biz saňa iman getirmeris.
 54, 55. Ýöne biz: «Saňa hudaýlarymyzyň biri musallat bolupdyr diýip hasaplaýarys» diýdiler. (Hud): «Elbetde, men (bu barada) Allany şaýat tutunýaryn we (siz hem maňa) şaýat boluň. Takyk, men siziň Alladan gaýry (Oňa) şärik goşýan zatlaryňyzdan daşdyryn. Indi bolsa (siz we medet gözleýän hudaýlaryňyz) jem bolup, maňa (garşy) duzak guruň! Soň hem maňa garaşyk etmäň!
 56. Şübhesiz, men diňe meniň hem, siziň hem Perwerdigäriňiz bolan Alla bil bagladym. Hereket edýän zatlardan alyn saçy (jylawy, ygtyýary, eýeçiligi) Onuň elinde bolmadyk hiç zat ýokdur. Takyk, meniň Perwerdigärim (diňe) dogry (zatlary ündär).
 57. Eger ýüz öwürseňiz (bilip goýuň), men size (ýetirmek maksady bilen) iberilen zadymy size anyk ýetirdim. Perwerdigärim (sizi heläk edip) deregiňize başga kowumy getirer hem-de siz Oňa hiç bir zyýan ýetirip bilmersiňiz. Takyk, meniň Perwerdigärim her bir zada gözegçilik edýändir» diýdi.
 58. Buýrugymyz (azap) gelende, Hudy we onuň bilen bile iman getirenleri Bizden (gelen) rehimdarlyk saýasynda halas etdik. Biz olary agyr azapdan halas etdik.
 59. Ine, şu ad kowumy öz Perwerdigäriniň aýatlaryny inkär etdiler we Onuň (Allanyň) ilçilerine (garşy gelip) asy (günäkär) boldular. Olar her bir özdiýenli sütemkärlere eýerdiler.
 60. (Olar) hem bu dünýäde, hem kyýamat gününde nälet aldylar. Bilip goýuň! Takyk, ad (kowumy) özleriniň Perwerdigärini inkär etdiler. Ýene-de bilip goýuň! Huduň kowumy ad hem (Allanyň rahmetinden) daş düşdi.
61. (Biz) semud kowumyna olaryň dogany Salyhy (pygamber edip iberdik. Salyh): «Eý, kowumym! Siziň üçin Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alla ybadat ediň! Ol sizi toprakdan ýaratdy hem-de ol ýerde size ömür sürdürdi. Ondan (günäleriňiziň) geçilmegini soraň, soň Oňa toba ediň! Takyk, meniň Perwerdigärim ýakyn (hossardyr) we (dilegleri) kabul edijidir» diýdi.
 62. Olar: «Eý, Salyh! Mundan ozal sen biziň aramyzda (baş bolar diýlip) tama edilýän adamdyň. Sen bize ata- babalarymyzyň ybadat eden zatlaryna ybadat etmegimizi gadagan edýärsiňmi? Takyk, biz özüne çagyrýan zadyňdan örän şübhelenýäris» diýdiler.
 63. (Salyh): «Eý, kowumym! Aýdyň bakaly! Eger men Perwerdigärimden (gelen) aýdyň delile daýanýan bolsam we Ol maňa Özünden rahmet (pygamberlik) beren bolsa, (şundan soň) Oňa boýun bolmasam, Allanyň (azabyndan) kim meni halas eder?! Şonda siz maňa köpräk zyýan ýetirmekden başga zat etmersiňiz.
 64. Eý, kowumym! Ine, bu Allanyň mugjyza edip (iberen) düýesidir. Ony goýberiň! (Goý, ol) Allanyň ýerinde (ýaýlasynda) otlasyn. Oňa zyýan bermek üçin el uzatmaň! (Eger zyýan berseňiz) onda sizi ýakyn (gelip ýeten) azap gurşap alar» diýdi.
 65. (Olar düýäniň) damagyny çaldylar. Şonda (Salyh): «Öýüňizde (ýene) üç gün ýaşaň! Bu ýalany bolmadyk (hak) wadadyr» diýdi.
 66. Buýrugymyz (azap) gelende Salyhy we onuň bilen bile iman getirenleri Bizden (gelen) rehimdarlyk bilen (azapdan) we ol günüň ryswalygyndan halas etdik. Takyk, seniň Perwerdigäriň Güýç-kuwwat eýesidir, Gudraty güýçlüdir.
 67. (Şonda) zulum eden kişileri elhenç ses gurşap aldy hem-de olar şolbada mesgenlerinde çöküp galdylar.
68. Göýä ol ýerde ýaşamadyk ýaly (boldular). Habardar boluň! Takyk, semud (kowumy) öz Perwerdigärini inkär etdiler. (Ýene-de) habardar boluň! Semud (kowumy Allanyň rahmetinden) daş düşdi.
 69. Takyk, ilçilerimiz (perişdeler) Ybraýyma buşluk bilen geldiler. «Salam!» (Alla salamatlyk bersin!) diýdiler. (Ybraýym hem): «Salam!» diýdi. Salym geçmänkä (myhmanlara) gowrulan göle getirdi.
 70. (Ybraýym) olaryň elleriniň oňa (gowrulan gölä) barmaýandygyny görende, olary tanamady we olardan ýaňa gorka düşdi. Olar: «Gorkma, biz Lut kowumyna iberildik» diýdiler.
 71. (Ybraýymyň) aýak üstünde duran aýaly güldi. Şonda Biz oňa (Ybraýymyň aýalyna) Yshagy we Yshagyň yzyndan Ýakuby (olaryň dünýä injegini) buşladyk.
72. Ol: «Eý waý, men-ä bir kempir, ärim bolsa garran, (indiden soň çaga) dograrynmy? Dogrusy, bu juda geň zat!» diýdi.
73. (Perişdeler): «Allanyň işine geň galýarsyňmy? Eý, öý eýeleri! Size Allanyň rahmeti we bereketi bolsun! Elbetde, Ol öwgä mynasypdyr, şan- şöhraty beýikdir» diýdiler.
 74. Ybraýymdan gorky gidip, oňa buşluk gelende, (ol) biziň (perişdelerimiz) bilen Lut kowumy barada jedelleşip (gürleşip) başlady.
 75. Çünki Ybraýym örän ýumşak häsiýetli, (Alladan gorkup, iliň agysyna ýüregi awap) ah çekýän, (Alla) ýönelýän (ybadathon bendedi).
 76. (Perişdeler): «Eý, Ybraýym! Bu (jedeli) goý! Çünki Perwerdigäriň permany geldi. Takyk, olara yzyna gaýtaryp bolmaýan azap geler» diýdiler.
 77. Ilçilerimiz Luta gelenlerinde, (Lut) olaryň (gelmegi) bilen gaýga düşdi, ýüregi darykdy hem-de: «Bu örän agyr gündür» diýdi.
 78. (Lutuň) kowumy onuň ýanyna ylgaşyp geldiler. Olar öňden bäri günä (beçebazlyk) edýärdiler. (Lut): «Eý, kowumym! Ine, şular meniň gyzlarym. (Beçebazlyk etmäň, gyzlarymy nikalap alyň) olar siziň üçin has päkdir. Alladan gorkuň! Myhmanlarymyň ýanynda meni masgara etmäň! Araňyzda birjigem akylly-başly adam ýokmudyr?!» diýdi.
 79. Olar: «(Eý, Lut!) Takyk, biziň seniň gyzlaryňda hakymyzyň (gözümiziň) ýokdugyny bilýärsiň. Sen biziň näme isleýänimizi örän gowy bilýärsiň!» diýdiler.
 80. (Şonda Lut): «Käşgä, meniň size güýjüm ýetýän bolsady ýa-da mäkäm bir sütüne (adama ýa-da bir topara) sygynsadym» diýdi.
 81. (Perişdeler): «Eý, Lut! Şübhesiz, biz seniň Perwerdigäriň ilçileridiris. Olar hiç haçan saňa (zyýan ýetirip) bilmezler. (Şu) gijäniň bir böleginde maşgalaň bilen derrew ýola çyk. Aýalyňdan başga siziň araňyzdan hiç kim yza dolanmasyn. Şübhesiz, olaryň başyna injek zat (azap), onuň (aýalyň) başyna hem iner. Olara wada berlen wagt säher wagtydyr. Säher wagty ýakyn dälmidir eýsem?!» diýdiler.
 82. Emrimiz (azap) gelende, (ýurtlaryny başlaryna düňderip) başaşak etdik. Üstlerine-de bişen palçykdan taýýarlanan daşlary ýagdyrdyk.
 83. (Ol daşlaryň kime degjegi) Perwerdigäriň huzurynda belgilenip (goýlupdy). Ol (azap) zalymlardan daşda däldir.
 84. Medýen (kowumyna) olaryň dogany Şugaýby (pygamber edip iberdik. Şugaýyp): «Eý, kowumym! Siziň üçin Özünden gaýry hudaý bolmadyk Alla ybadat ediň! Ölçegi we terezini kem çekmäň! Elbetde, men siziň bolelin (ýaşaýandygyňyzy) görýärin. Takyk, men siziň üstüňize dolap alyjy bir günüň azabynyň inmeginden gorkýaryn.
 85. Eý, kowumym! Ölçegi we terezini adyllyk bilen dogry çekiň! Adamlara zatlaryny kem bermäň hem-de ýer ýüzünde pisat çykaryp, bulagaýlyk etmäň!
 86. Eger mömin bolsaňyz, Allanyň size beren halal gazanjy (has) haýyrlydyr. Men bolsa siziň üstüňize (dikilen) gözegçi däldirin» diýdi.
 87. (Olar): «Eý, Şugaýyp! ata- babalarymyzyň ybadat edýän zatlaryny terk etmegimizi ýa-da emläklerimizi isleýşimiz ýaly ulanmazlygymyzy saňa (okaýan) namazyň emir edýärmi? Aslynda, sen örän ýumşak häsýetli, akylly (adam ahyry)» diýdiler.
 88. (Şugaýyp): «Eý, kowumym! Aýdyň bakaly. Eger men Perwerdigärimden (gelen) aýdyň delile daýanýan bolsam hem-de maňa Öz huzuryndan gözel rysgal berýän bolsa, (şeýle halda men nädip Perwerdigärimiň halamaýan işini ederin? Şonuň üçin) men size gadagan eden zatlaryma (özüm meýil edip, ondan soň hem) size garşy çykmak islemeýärin. Men diňe güýjüm ýetdiginden düzetmek isleýärin. Meniň üstünlik gazanmagym ýalňyz Alla bagly. Men (ýalňyz) Oňa bil baglaýaryn we (elbetde) Oňa dolanyp bararyn.
 89. Eý, kowumym! (Siziň) maňa bolan duşmançylygyňyz sizi Nuhuň kowumynyň, Huduň kowumynyň ýa-da Salyhyň kowumynyň başyna gelen ýaly zatlaryň (azabyň) başyňyza gelmegine alyp barmasyn. Lutuň kowumy hem sizden daşda däldir.
 90. Siz Perwerdigäriňizden (özüňiziň) bagyşlanmagyňyzy diläň, soň Oňa toba ediň! Şübhesiz, Perwerdigärim Rehim-şepagatlydyr, (diýenini edýän) bendelerini eý görýändir» diýdi.
 91. (Olar): «Eý, Şugaýyp! Seniň aýdýan zatlaryň köpüsine düşünmeýäris. Biz seniň aramyzdaky ejiz (adamdygyňy) görýäris. Eger seniň taýpalyk (hormatyň) bolmadyk bolsa, hökman seni daşlardyk. Seniň biziň ýanymyzda (hiç hili) artykmaçlygyň ýokdur» diýdiler.
 92. (Şugaýyp): «Eý, kowumym! Siziň pikiriňizçe, meniň taýpam Alladan hem hormatlyrakmy? Alladan ýüz öwrüp, Ony unutdyňyz. Elbetde, Perwerdigärim edýän işleriňizi (hemme taraplaýyn) gurşap alandyr.
 93. Eý, kowumym! Siz bileniňizden galmaň! Men hem galmaýyn. Ryswa ediji azabyň kime geljegini we kimiň ýalançydygyny bilersiňiz. Garaşyň! Men hem siz bilen garaşaryn» diýdi.
 94. Emrimiz (azap) gelende, Şugaýby hem-de onuň bilen bile iman getirenleri Bizden (gelen) rehimdarlyk bilen (azapdan) halas etdik. (Şonda) zulum eden kişileri elhenç ses gurşap aldy hem- de olar şolbada mesgenlerinde çöküp galdylar.
 95. Göýä ol ýerde ýaşamadyk ýaly (boldular). Unutmaň! Semud (kowumynyň Allanyň rahmetinden) daş düşüşi ýaly, medýen (kowumy hem) daş düşdi.
 96, 97. Kasam bolsun! Biz Musany Fyrgawna we onuň egindeşlerine mugjyzalarymyz we aýdyň delil bilen (pygamber edip) iberdik. (Ýöne olar) Fyrgawnyň emrine boýun boldular. Fyrgawnyň emri bolsa dogry däldi.
 98. (Fyrgawn) kyýamat güni kowumynyň öňüne düşer we olary oda elter. Eltilen ýer (dowzah) nähili erbetdir.
99. (Olar) bu dünýäde hem, kyýamat gününde hem nälete ýolukdyryldylar. Berlen paý, nähili erbetdir.
 100. (Eý, Muhammet!) Bu Biziň saňa kyssasyny beýan eden şäherlerimiziň habarlaryndan (habardar edenlerimizdir). Olardan (şäherlerden entegem saklanyp) galanlary hem bar, orulanlary (weýran edilenleri) hem bar.
 101. Biz olara zulum etmedik, olar özlerine zulum etdiler. Seniň Perwerdigäriň emri (azaby) gelende, olaryň Alladan başga (ýardama) çagyran hudaýlary hiç bir peýda bermedi hem-de olara zyýany köpeltmekden başga zada ýaramadylar.
 102. Seniň Perwerdigäriň zulum eden şäherleriň (ýaşaýjylaryny) ele salanda, ine, şeýdip ele salýar. Şübhesiz, Onuň ele salmagy örän yzaly we gaty berk bolýandyr.
103. Elbetde, munda (bu kyssalarda) ahyret azabyndan gorkýan kişiler üçin hakyky ybrat bardyr. Ol (gün ähli) adamlaryň jemlenýän günüdir. Ol (her kim tarapyndan) görüljek bir gündür.
104. Biz ony (kyýamat gününi) sanalgy wagta çenli gijikdireris.
 105. Ol gün gelende, Onuň (Allanyň) rugsady bolmasa, hiç kim gürlemez. Olardan (kimisi) betbagtdyr, (kimisi bolsa) bagtlydyr.
 106. Betbagt kişiler otdadyrlar. Olar ol ýerde (dowzahda) ahy-perýat bilen harlap dem alyp goýbererler.
107. (Dowzahylar) ol ýerde, tä asmanlar we ýer durdugyça, ebedi galarlar. Ýöne diňe seniň Perwerdigäriň isläni bolar (günäkär musulmanlar dowzahda jezalaryny çekenlerinden soň, otdan halas bolarlar). Takyk, seniň Perwerdigäriň islän zadyny amala aşyrýandyr. Düşündiriş: Bu aýatda aýdylýan «Asmanlar we ýer» kyýamat gopandan soň täzeden ýaradyljak asmanlar we ýerdir. Bu barada «Ybraýym» süresiniň 48-nji aýatynda şeýle diýilýär: «Ol gün ýer başga bir ýer bilen, asmanlar bolsa (başga asmanlar bilen) çalşyrylar».
 108. Bagtly kişiler bolsa jennetdedirler. Ol ýerde, tä asmanlar we ýer durdugyça, ebedi galarlar. Diňe seniň Perwerdigäriň isläni bolar (günäkär musulmanlar jennete girmekde gijigerler, ilki dowzahda jezalaryny çekerler). (Perwerdigäriň tarapyndan jennetde beriljek nygmatlar) tükeniksiz peşgeşdir.
 109. (Eý, Muhammet!) Olaryň (Alla şärik goşanlaryň) ybadat edýän zatlarynyň (biderekdiginden) şübhe etme! Olar diňe ata-babalarynyň öňden bäri ybadat edişleri ýaly ybadat edýärler. Elbetde, biz olaryň paýyny hökman dolulygyna, kemsiz edip bereris.
 110. Biz Musa kitaby (Töwraty) berdik. (Ýöne) ol (kitabyň ylahylygy) hakda gapma-garşylşylyga düşüldi. Eger seniň Perwerdigäriň tarapyndan ozal geçen bir söz bolmadyk bolanda, olaryň arasynda hökman höküm berlerdi (olar heläk edilerdiler). Elbetde, olar ondan (Kurandan) hetdenaşa şek-şübhe edýärler.
 111. Takyk, seniň Perwerdigäriň olaryň her birine eden amallaryny (amallarynyň garşylygyny) hökman kämil edip berer. Çünki Ol (olaryň) edýän işlerinden habardardyr.
 112. Şuňa görä, (eý, Muhammet!) Saňa we seniň bilen bile toba eden kişilere emir edilişi ýaly dos-dogry bol! Hetden aşmaň! Elbetde, Ol (Alla) edýän (ähli) işleriňizi görýändir.
 113. Zulum eden kişilere meýil etmäň, (ýogsa) size-de ot (dowzah ody) deger. Siz üçin Alladan başga dost ýokdur. Soň (zalymlara meýil etseňiz) size ýardam berilmez.
114. Gündiziň iki tarapynda we gijäniň (gündize) ýakyn böleginde (bäş wagt) namazy oka. Elbetde, ýagşylyklar ýamanlyklary (günäleri) ýok eder. Bu aň edýänler üçin pentdir.
 115. (Eý, Muhammet!) Sabyr et! Takyk, Alla ýagşylyk edýänleriň hakyny köýdürmez.
 116. Käşgä, sizden öňki nesillerden ýer ýüzünde bozgaklyk etmekden gaýtarýan akylly (adamlar) galan bolsady?! Biz diňe olaryň arasyndan az sanlylaryny (bozgaklykdan gaýdanlaryny) halas etdik. Zulum eden kişiler bolsa berlen bolelinlige (keýpi-sapa) eýerdiler hem- de günäkär boldular.
 117. Seniň Perwerdigäriň ili düzüw bolan ýurdy nähak ýere heläk etmezdi.
 118. Eger Perwerdigäriň islesedi, adamlary ýeke-täk ymmat (bir dine eýeriji) ederdi. Olar (bir ymmat bolmanlygy üçin dawalaşyp) aýralyga düşer durarlar.
119. Ýöne seniň Perwerdigäriň merhemet eden kişisi (dogry ýoldadyr, bu ýolda dawalaşmazlar. Alla) olary şunuň üçin ýaratdy. Seniň Perwerdigäriň: «Men dowzahy adamlardan we jynlardan hökman dolduraryn» (diýen) sözi tamam (berjaý) boldy.
 120. (Eý, Muhammet!) Biz saňa pygamberleriň habarlaryndan seniň kalbyňy berkitjek kyssalaryň her birini beýan edýäris. Bu babatda saňa hakykat, möminler üçin bolsa öwüt-ündew we (ybrat alarlyk) ýatlatma geldi.
121. Iman getirmeýänlere aýt: «Siz bileniňizden galmaň! Biz hem galmaly.
 122. Garaşyberiň, biz hem garaşýandyrys».
 123. Asmanlaryň we ýeriň gaýyp (syrlaryny bilmek) diňe Alla mahsusdyr. Ähli iş Oňa gaýtarylyp getiriler. Oňa ybadat et we Oňa bil bagla! Seniň Perwerdigäriň edýän işleriňizden gapyl däldir.