1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

58.11. Eý, iman getirenler! Siz (bir ýere jemlenişen mahalyňyz): «Mejlisde (biri- biriňiz üçin sähel) ýer açyň» diýlende, dessine ýer açyň! Alla hem size giňişlik berer. Size: «Turuň!» diýlende, dessine ýeriňizden turuň! Alla hem sizden iman getirenleriň we ylym nesip edilenleriň derejelerini beýgelder. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 98-nji süre: «Beýýine» («Äşgär delil»)

«Beýýine» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 8 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Anyk we äşgär delil» manysyny aňladýan «Beýýine» sözünden alnandyr. Bu sürede ähli-kitabyň pygambere garşy eden etmişleri, Allany ykrar edip, oňa çyn ýürek bilen ybadat etmegiň zerurdygy, möminleriň we kapyrlaryň ahyretdäki ýagdaýlary beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Ähli-kitapdan bolan kapyrlar we Alla şärik goşýanlar, tä özlerine äşgär delil gelýänçä, (küpürlerinden) aýrylmadylar.
 2, 3. (Ol gelen äşgär delil hem) Alla tarapyndan iberilen we iň dogry hökümlerden doly ýazgylary (öz içine alýan) päk sahypalary okap berýän ilçidir.
 4. Özlerine kitap berlenler ol äşgär delil (ilçi) gelensoň agzalalyga düşdüler.
 5. (Aslynda), olara yhlas bilen ýalňyz Onuň dinini kabul edýän hanyflar (hak dine uýýanlar) bolup, Alla ybadat etmekleri, namazy berjaý etmekleri we zekat bermekleri emir edilipdi. Ine, berk (dogry) din budur.
 6. Ähli-kitapdan bolan kapyrlar we Alla şärik goşýanlar dowzah odunda ebedi galarlar. Olar ýaradylan zatlaryň iň erbedidir.
 7. Emma iman getirip, ýagşy işleri edýänler bolsa ýaradylan zatlaryň iň haýyrlysydyr.
 8. Bulara Perwerdigäriniň huzurynda beriljek sylag-sogaplary aşagyndan derýalar akýan hem-de ebedi galjak ýerleri bolan «Adn» jennetleridir. Alla olardan, olar hem Alladan razy bolandyr. Ine, bu (razyçylyk mertebesi) Perwerdigärden gorkan takwalaryňkydyr.