1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 54. Eý, iman getirenler! Sizden kim dininden dänse, (Alla olaryň ýerine) Özüniň söýýän, olaryň hem Ony (Allany) söýýän, möminlere pespäl (rehimli), kapyrlara (garşy) gazaply, Allanyň ýolunda söweşýän we hiç bir ýazgaryjynyň ýazgarmagyndan gorkmaýan bir kowum (millet) getirer. Bu (ýagşy sypatlar) Allanyň (bendelerine beren) pazly-keremidir, ony islänine berer. Allanyň pazly-keremi giňdir we (kimiň mynasypdygyny Özi) has gowy bilýändir.

Başy » Sözbaşy » 47-nji süre: Muhammet

«Muhammet» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 38 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň adyndan alandyr. Bu sürede Allanyň ýolunda gazawat etmek, oljalar, ýesirler we mynapyklar barada gürrüň gozgalýar. Allanyň mömin bendelerine berýän kömegi üçin gerekli şertleri beýan edýän bu süre, öten milletleriň ýok bolup gitmekleri bilen baglanyşykly jebir-sütemler, mynapyklaryň ýüzüniň perdeleriniň syryljakdygy, dünýäniň pany, ahyretiň bolsa ebedidigi barada habar berilýär.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Ol (Alla) inkär edenleriň (kapyrlaryň) we (ynsanlary) Allanyň ýolundan sowýanlaryň amallaryny puja çykardy. Düşündiriş: Mekgeli sada adamlar yslama girmekden çekinýärdiler. Sebäbi kapyrlar olara böwet bolýardylar, ezýet berýärdiler we yslamy kabul edenleri hem döndermek üçin, tagalla edýärdiler.
 2. Iman getirip, ýagşy işleri edýänleriň we özleriniň Perwerdigäri tarapyndan (gelen) hak (wahyý) bolan we Muhammede inderilen (Kurana) ynananlaryň bolsa erbetliklerini örtüp (bagyşlap), ýagdaýlaryny (işlerini) oň etdi.
 3. Munuň sebäbi, kapyrlaryň batyla tabyn bolup, iman getirenleriň bolsa özleriniň Perwerdigäri tarapyndan (gelen) haka (Kurana) tabyn bolmaklarydyr. Ine, Alla ynsanlara olaryň mysallaryny şeýdip getirýär.
 4. Siz (söweşde) inkär edenler bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda, (dessine olaryň) boýunlaryny uruň (goparyň)! Olary mazaly ýeňlişe sezewar edeniňizden (soň), olary (ýesir alyp), mäkäm daňyň! (Söweşden) soň olary, isle, rehim edip (goýberiň), isle-de, fidýe (töleg hakyny) alyp (goýberiň). Söweş, tä ýüklerini (kynçylyklaryny) goýýança (söweş gutarýança), şeýle (ediň). Eger Alla islesedi, (siz üçin) olardan ar alyp (olara jeza) beredi. Emma Ol sizi biri-biriňiz bilen synamak üçin, (söweşmegi emir edýär). Allanyň ýolunda öldürilenleriň eden işlerini (Alla) hiç haçan puja çykarmaz.
5. (Alla) olary dogry ýola gönükdirer we olaryň ýagdaýlaryny oň eder.
 6. Olary Özüniň olara taryp eden jennetine salar.
 7. Eý, iman getirenler! Eger siz Allanyň (dinine) kömek berseňiz, Ol hem size kömek berer, (hak ýolda) siziň aýaklaryňyzy (taýdyrman) mäkäm saklar.
 8. Inkär edýänlere heläkçilik bolsun! (Alla) olaryň eden işilerini puja çykarar.
 9. Munuň sebäbi olar Allanyň inderen (emirlerini) halamadylar. (Alla hem) olaryň (ähli) işlerini puja çykardy.
10. Olar ýer ýüzüne aýlanyp, özlerinden öň ýaşap geçenleriň (ahyrky) netijeleri nähili boldy görmeýärlermikä? Alla olaryň köklerini gyrandyr. Kapyrlar üçin hem munuň kimin (azaplar) bardyr.
 11. Bu, takyk, Allanyň iman getirenleriň goragçysydygy sebäplidir. Kapyrlaryň bolsa goragçysy ýokdur.  
12. Takyk, Alla iman getirip, ýagşy işleri edýänleri aşagyndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdirer. Kapyrlar bolsa, lezzetlerini (bu dünýäde) alarlar we olar haýwanlaryň iýişleri ýaly iýip (gezip ýörerler). Olaryň mesgeni (dowzah) ody bolar.
 13. (Eý, Muhammet!) Halky seni (kowup) çykaran (Mekge) şäheriniň halkyndan hem has güýçli (we) gujurly bolan niçeme şäherleriň (halklary) bardy. Biz olary heläk etdik we olara kömekçi hem ýokdur.
14. Bes, öz Perwerdigärinden äşgär delili bolan kişi, (heý-de), eden erbetl işleri özüne bezemen (görkezilen) we özleriniň haý-höweslerine tabyn bolan kişiler ýaly bolarmy?
15. (Alladan gorkan) takwalara wada berlen jennetiň mysaly (şeýledir): Ol ýerde durky üýtgemeýän suwly derýalar, tagamy üýtgemeýän süýtli derýalar, içýänlere lezzet berýän meý-şerbetli derýalar we süzülen arassa (we datly) baldan derýalar bardyr. Olara ol ýerde dürli görnüş miweler bilen özleriniň Perwerdigärinden (gelen) ýalkaw bardyr. (Heý-de), bu (nygmata gowşanlar) otda ebedilik galyp, bagyrlaryny para-para etjek gaýnag suwdan içirilen kişiler ýaly bolarmy?
16. Olardan seni diňlemäge (gelenleri) hem bardyr. Emma olar seniň ýanyňdan çykanlarynda (ýaňsylamak üçin) ylymdan (paý) berlenlere (we seni diňlänlere): «Ol ýaňy (size) näme diýdi?» diýerler. Ine, olar Allanyň kalplaryny möhürlän we öz haý-höweslerine tabyn bolan kişilerdir.
 17. Dogry ýoly girenleriň bolsa (Alla) dogry ýoldaky (tutanýerliligini has- da) artdyrar we olara takwalyklarynyň (sylagyny) berer.
18. Bes, olar meger kyýamatyň özlerine duýdansyz gelmegine garaşýarlarmy? Eýýäm onuň alamatlary geldi, (olar heniz hem ybrat almaýarlar). Emma (kyýamat) gelip ýetensoň, olaryň ýatlamaklary (ybrat almaklary) nämä ýarar?
 19. Bes, sen, Alladan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdugyny, takyk, bilip goý! Sen öz günäň hem-de mömin erkekleriň we mömin aýallaryň (günäleri) üçin Alladan ýalkaw dile! Alla siziň (bu dünýäde) gezip aýlanýan ýeriňizi-de, (ahyretde hem) baryp durjak ýeriňizi-de, (gowy) bilýändir.
 20. Iman getirenler: «Käşgä (söweş barada) bir süre inderilsedi» diýýärler. Emma hökümi açyk bir süre inderilip, onuň içinde hem söweş (emri) agzalsa, ýüreklerinde hassalyk bolanlaryň, saňa, ölümden ýaňa bihuş bolan kişiniň seredişi ýaly, (aňalyp) seredýändiklerini görersiň. Olaryň (başyna) has hem beteri (ölüm) bolsun!
21. (Olaryň etmeli işi) tabyn bolmak we ýagşy söz sözlemekdir. Iş çynlakaýlaşan mahaly olar Alla (beren sözlerinde) dursalardy, elbetde, özleri üçin has haýyrly bolardy.
 22. (Eý, mynapyklar!) Eger işler siziň (ygtyýaryňyz) berilse, (onda) siz ýer ýüzünde pisat (bulagaýlyk) çykaryp, garyndaşlyk gatnyşyklaryňyzy kesjekdiňiz, şeýlemi?!
23. (Ine), bular Allanyň näletläp, gulaklaryny ker, gözlerini kör eden kişileridir.
 24. Olar Kuran hakda pikir etmeýärlermi? Ýa-da olaryň kalplarynyň üstünde (gulplanan) gulplary barmy?
25. Takyk, özlerine dogry ýol belli bolandan soň, (ýene-de) yzlaryna öwrülip (dinden çykanlara), şeýtan (bu erbet işleri) olara gözel edip görkezdi we olary uzyn arzuw-hyýallara gümra etdi.
 26. Sebäbi hem olar Allanyň inderen zadyny halamaýanlara: «Biz käbir işlerde size tabyn boljak» diýipdiler. (Emma) Alla olaryň syrlaryny bilýändir.
 27. (Olar dünýäde käbir hilelerdir mekirlikler edensoňlar) perişdeler olaryň ýüzlerine we arkalaryna urup, janlaryny alan wagtlary, bes, (ýagdaýlary) nähili bolar?
28. Sebäbi olar Allanyň gazabyna sebäp bolan zatlara tabyn boldular. Onuň razyçylygyny (gazanjak zatlary bolsa) halamadylar. Bes, (Alla) olaryň (ähli) işlerini puja çykardy.
 29. Ýa-da ýüreklerinde hassalyk (ikiýüzlülik) bolanlar, Alla özleriniň (möminlere garşy beslän) kinelerini (duşmançylyklaryny) ýüze çykarmaz öýtdülermi?
 30. Biz eger islesedik, olary (ikiýüzlüleri) saňa (ýekän-ýekän) görkezerdik. Sen hem olary ýüzlerinden tanardyň. (Hatda) sen olary söz äheňlerinden hökman tanardyň. Alla siziň (ähli) işleriňizi bilýändir!
 31. Kasam bolsun! Biz, tä siziň içiňizden (Allanyň ýolunda) söweşenleri we (kynçylyklara) sabyr edenleri tanap, (ýüze çykarýançak) hem-de siziň habarlaryňyzyň (ýagdaýyny) anyklaýançak, sizi synag ederis.
 32. Takyk, (haky) inkär edip, (ynsanlary) Allanyň ýolundan sowýanlar we özlerine dogry ýol doly belli bolansoň, pygambere garşy çykanlar, Alla hiç haçan hiç hili zyýan ýetirip bilmezler. (Alla) olaryň işlerini puja çykarar.
 33. Eý, iman getirenler! Alla we pygambere tabyn boluň! Eden amallaryňyzy puja çykarmaň!
34. Takyk, (haky) inkär edip, (ynsanlary hem) Allanyň ýolundan sowýanlary, soň (hem) kapyr bolup ölenleri, Alla olary hiç haçan bagyşlamaz.
 35. (Şonuň üçin hem) siz rüstem (güýçli) wagtyňyz gowşamaň we (kapyrlary) ýaraşyga çagyrmaň! Alla siziň ýanyňyzdadyr we Ol hiç haçan siziň amallaryňyzy kemeltmez.
36. Takyk, dünýä ýaşaýşy diňe oýundan we (biderek) güýmenjeden (ybaratdyr). Eger siz iman getirip, (haram işlerden daş durup) takwa bolsaňyz, (Alla) size sylaglaryňyzy berer hem-de siziň (ähli) emläkeleriňizi (haýyr-sahawat etmegiňizi) islemez.
 37. Eger sizden olaryň (hemmesini haýyr-sahawat etmegiňizi) isläp, sizi kyn ýagdaýa salsady, siz husytlyk ederdiňiz we (Alla) siziň (ähli) kineleriňizi ýüze çykarardy.
 38. Ine, siz Allanyň ýolunda haýyr- sahawat etmäge çagyrylýarsyňyz. Siziň içiňizden (käbir) gyçgançlyk edýänler (bar). Kim gysganç bolsa, ol diňe öz zyýanyna gysgançdyr. Alla Baýdyr (hiç zada mätäç däldir), siz bolsa garypsyňyz! Eger siz (Onuň ýolundan) ýüz öwürseňiz, Ol siziň ýeriňize başga bir kowum (millet) getirer, olar bolsa siziň ýaly bolmazlar.