1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

19.43. Eý, atam! Saňa gelmedik ylym maňa geldi. Meniň yzyma düş, saňa dogry ýoly salgy bereýin.

Başy » Sözbaşy » 78-nji süre: «Nebe» («Habar»)

«Nebe» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 40 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Nebe» («Habar») sözünden galypdyr. Habardan maksat ölümden soňky direliş we ahyret durmuşydyr. Bu sürede kapyrlaryň hakykaty inkär edişleri, şeýle-de Allanyň ýaradyjy güýjüniň hakykatdygyna älemdäki ägirt işlerinden mysallar getirilip, Allanyň gudraty subut edilýär. Şeýle-de, ahyret durmuşyna ynananlaryň sogaba gowuşjakdygy, inkär edenleriň bolsa çekjek jezalary barada aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Olar (biri-birlerinden) nämäni soraşýarlar?
 2, 3. Özleriniň (ynanyp-ynanmazlykda) gapma-garşylyga düşen ol uly habarymy?
 4. Ýok! Olar tiz wagtda bilerler!
 5. Elbetde, olar tiz wagtda bilerler!
 6. Biz ýeri düşek edip goýmadykmy?
 7. Daglary hem (ýeri saklaýan) gazyk (etmedikmi?)
8. Sizi jübüt edip ýaratdyk.
 9. Ukyňyzy dynç alyş etdik.
10. Gijäni (dynç almaklary üçin) örtgi etdik.
 11. Gündizi güzeranyňyzy dolandyrmak üçin goýduk.
 12. Ýokaryňyzda ýedi mäkäm (asman) bina etdik.
 13. Ol ýerde ýagty saçýan bir çyra goýduk.
 14, 15, 16. Size tohumlar, ösümlikler, biri-birlerine çolaşan bag-bakjalar ösdürip çykaraly diýip gyslyşan bulutlardan bol ýagyş inderdik.
17. Aýralyk güni (wagty) anyk bolan bir gündür.
 18. Ol gün sura üflener, siz hem bölek- bölek bolup gelersiňiz.
 19. Asman hem gapy-gapy bolup açylar.
 20. Daglar ýörediler (herekete geler), salgym ýaly bolar.
 21, 22. Takyk, azgynlaryň aýlanyp barjak ýeri (bolan) dowzah (bukuda eline düşjek awlara) buky gurup ýatandyr.
 23. (Azgynlar) ençeme wagtlap ol ýerde galarlar.
 24. (Olar) ol ýerde ne (jana ýakymly) salkynlyk, ne-de (suwsuzlygy gandyrýan) şerbet dadarlar.
 25. (Olar) diňe gaýnag suw bilen iriň dadarlar.
 26. (Ine), bu olaryň (dünýäde eden ) etmişlerine ýaraşýan jezadyr.
 27. Sebäbi olar hasap (gününiň geljegine) garaşmaýardylar.
 28. Olar Biziň aýatlarymyza bütinleý ýalan diýýärdiler.
29. Biz (ähli zady belleýşimiz ýaly) olaryň eden işlerini-de (ýekeme-ýeke) sanap ýazdyk.
 30. (Şonuň üçin olara): «Bes, siz (eden etmişleriňiziň miwesini) dadyň! Indi Biz siziň diňe azabyňyzy artdyrarys» (diýeris).
 31. Elbetde takwalar üçin sylaglar bardyr.
 32, 33, 34. (Olara) bag-bakjalar, üzüm baglary, göwüsleri tegelenip gabaryp başlan (ýaş dilberler, meý-şerbet) doly käseler berler.
 35. Olar ol ýerde boş we ýalan söz eşitmezler.
 36. (Ine, bular) Perwerdigäriňden ýeterlik sylagdyr.
 37. Ol asmanlaryň, ýeriň we olaryň arasyndaky (barlyklaryň) Perwerdigäridir. (Ol) Rahmandyr (Alladyr. Ol gün) Onuň ýanynda gepläp biljek (hiç kim) ýokdur.
 38. Ol gün Ruh (Jebraýyl) we perişdeler hatar-hatar düzülerler. Rahmanyň (Allanyň) rugsat berenlerinden başga hiç kim geplemez. Geplän hem diňe dogryny aýdar.
 39. Ine, bu hakykatlygy anyk bolan gündür. Indi islän adam Perwerdigärine barýan ýoly tutsun!
 40. Biz golaýlaşýan bir azaby habar berip, size duýdurdyk. Ol gün geler, her kim diňe öz eden işlerine sereder. Kapyr (adam): «Käşgä, men toprak bolsadym» diýer.