1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 87. Eý, iman getirenler! Allanyň siziň üçin halal eden päk zatlaryny (terkidünýälik maksady bilen) özüňize haram etmäň we hetden aşmaň! Takyk, Alla hetden aşýanlary halamaz.

Başy » Sözbaşy » 100-nji süre: «Adiýät» («Ýüwrük atlar»)

«Adiýät» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 11 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan we «Ýüwrük atlar» manysyny aňladýan «Adiýät» sözünden alnandyr. Bu sürede adamzadyň bigadyrlygy, kyýamat gününde ähli gizlin zatlaryň äşgär ediljekdigi beýan edilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1, 2, 3, 4, 5. Haslap-haslap çapýan, (nallary) bilen uçgun çykarýan, daň bilen (duşman) üstüne okdurylýan, ol ýeri tot-tozana garýan, (şeýdibem duşman) toparynyň ortasyna girýän atlara kasam bolsun!
 6. Takyk, ynsan Perwerdigärine bigadyrdyr (näşükürdir).
 7. Takyk, muňa onuň özi hem şaýatdyr (bilýändir).
 8. Takyk, onuň (ynsanyň) mal-mülke bolan höwesi örän uludyr.
 9, 10. (Ynsan) mazardakylaryň direldilip (daşyna çykarylan) wagty, ýüreklerdäki zatlaryň ýüze çykarylan wagty, (ýagdaýlarynyň nähili boljagyny) bilmeýärlermi?
 11. Elbetde, şol gün özleriniň Perwerdigäri olaryň (eden ähli işlerinden) habardardyr.