1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3.19. Takyk, Allanyň ýanynda (hak) din yslamdyr. Kitap berlenler özlerine (hakykaty bildirýän) ylym geleninden soň, aralaryndaky göriplik sebäpli, çaprazlyga düşdüler. Kim Allanyň aýatlaryny inkär etse (bilip goýsun), Allanyň hasaby (jezasy) örän çalt geler.

Başy » Sözbaşy » 40-njy süre: «Mömin» («Iman getiren»)

«Mömin» süresi  Medinede inen sürelerden bolup, ol 85 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady 28-nji aýatda agzalýan «Iman getiren» manysyny aňladýan «Mömin» sözünden gelip çykýar. Bu sürede Fyrgawnyň maşgalasyndan bir adamyň Allanyň birligini kabul edip, musulman bolandygy barada gürrüň edilýär. Bu sürä başgaça «Gafir» («Günä geçiji (Alla)») hem diýilýär. Bu süreden başlap, tä 46-njy sürä çenli, hemme süreleriň başy «Ha, Mim» diýip, elipbiý harplary bilen başlanýar we olar «Hawamim» süreler topary» diýlip atlandyrylypdyr.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Ha, Mim.
2. Bu kitap Gudraty güýçli we ähli zady bilýän Alla tarapyndan inderildi.
3. (Ol) günäleri bagyşlaýjy, tobalary kabul ediji, (çyn toba etmedik günäkärleri) ýowuz daraýjy we (vagşylara) haýyr-yhsan ediji (Alladyr). Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Dolanyp baryljak ýer Onuň ýanydyr.
4. Allanyň aýatlary barada diňe kapyr bolanlar jedel ederler. Olaryň (kapyrlaryň) şäherlerde (asuda ýagdaýda) gezip ýörmekleri seni aldawa salmasyn (bir gün olaryň başyna azap iner).
 5. Olardan öň Nuhuň kowumy we olardan soňky milletler (hem pygamberlerini) ýalançy hasapladylar. Her bir ymmat öz pygamberiniň (synasyndan) ýapyşyp, (kynçylyk çykarmaga) çalyşdylar. (Üstesine-de) ýalan bilen hakykatyň ornuny çalşyrmak üçin elinden geleni aýamadylar. Men olary doly ele saldym. Indi Meniň jezamyň nähili bolýandygyny (bir gör)!
 6. Inkär edip, kapyr bolanlara Perwerdigäriň «Elbetde, olar dowzahdadyrlar» diýen sözi hakykata öwrüldi.
 7. Arşy göterýän we onuň töwereginde (gezýän perişdeler) özleriniň Perwerdigärine hamdy-senalar aýdyp, Ony tesbih edýärler we Oňa iman getirýärler. (Perişdeler) möminleriň günäleriniň bagyşlanmagyny diläp: «Eý, Perwerdigärimiz! Seniň rahmetiň we ylmyň ähli zady gurşap alýar. Beýle bolsa toba edip, Seniň görkezen ýoluňy tutýanlaryň günäsini geç hem-de olary dowzah azabyndan gora! Sen (ol gün) perişdeleriň Arşyň töweregini gurşap alyp, özleriniň Perwerdigärini hamdy-senalar bilen ýatlaýandyklaryny görersiň. Barça ynsanlaryň arasynda hakykat bilen höküm edildi hem-de «Ähli öwgüler älemleriň Perwerdigäri Allanyňkydyr» diýildi.
 8. Eý, Perwerdigärimiz! Ol (möminleri), olaryň ata-babalarynyň, aýallarynyň, nesilleriniň içinden salyh kişilerini Seniň wada beren «Adn» jennetleriňe ýerleşdir! Takyk, Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan Alla Özüňsiň!
 9. Sen ol (möminleri her hili) erbet işlerden gorap sakla! Ol (kyýamat) güni Sen kimi erbet işlerden gorap saklasaň, elbetde, ol rahmetiňe gowşan (nesibeli bende bolar). Ine, bu (iň) uly üstünlikdir!
 10. Inkär eden kapyrlara: «Elbetde, Allanyň gazaby siziň öz-özüňize edýän gazabyňyzdan (erbetlikleriňizden) has ýowuzdyr. Sebäbi, siz iman getirmäge çagyrylyp durkaňyz hem, (kabul etmän) inkär edýärsiňiz» diýler.
11. Ol (kapyrlar): «Eý, Perwerdigärimiz! Biziň iki gezek (enemiziň göwresinde nutfa (suw) bolup, heniz jan gelmezden öň we pany dünýäde ajalymyz ýetende) janymyzy aldyň, iki gezek (pany dünýäde doglanymyzda we magşarda direlenimizde) jan berdiň! Biz eden günälerimizi boýun aldyk. (Mundan soň bu dowzah odundan) çykalga barmyka?» diýerler.
 12. (Olara: Dowzah oduna taşlanmagyňyzyň düýp) sebäbi siz ýeke- täk Alla (ybadat etmäge) çagyrylan wagtyňyz Ony inkär edýärdiňiz, Oňa şärik toslanyp ýöňkelende bolsa ynanýardyňyz. Indi höküm bermek beýikleriň beýigi Allanyňkydyr» (diýler).
 13. Size aýatlaryny (alamatlaryny) görkezýän, siziň üçin asmandan (ygal bilen) rysgal inderýän Alladyr. Allanyň (ýoluna) ýönelýänlerden başga adamlar pent-nesihat almaýarlar.
 14. Kapyrlar halamasa hem, hakyky yhlasly bolup, dini ýalňyz özüne degişli edip, Alla doga-dileg ediň!
15. Derejeleri beýgeldýän Arşyň eýesi (Alladyr). Ol duşuşyk (kyýamat) gününiň (boljakdygyny) duýdurmak üçin bendeleriniň arasyndan islänine (pygamberlere) Öz emrindäki ruhy (eradasyna degişli wahyý) inderer.
16. Kyýamat güni ol (ynsanlar guburlaryndan) daşyna çykarylar. Olaryň Alladan gizläp biljek hiç hili zatlary ýokdur. Bu (kyýamat) güni hökmürowanlyk kimiňkikä? Elbetde, hemme zadyň hötdesinden gelmegi başarýan ýeke-täk Allanyňkydyr.
 17. Bu gün her bir kişä eden işleriniň sylagy berler. Bu gün (adalatsyzlyk) edilmez. Elbetde Alla (örän) tiz hasaba çeker.
 18. Ýetip gelýän (kyýamat) gününi olara habar ber! Çünki ol gün ýürekler gorkudan ýaňa bokurdaklaryna gelip (agyzlardan çykaýjak bolar). Zalymlar (ol gün) özlerine ne dost, ne-de sözi geçýän şepagat etjek birini tapyp bilerler.
 19. (Alla) gözleriň hyýanatçylykly seredişini we ýürekleriň pynhan işlerini biler.
 20. Alla hak (adalat) bilen höküm berýär. Alladan özge çagyrýanlary (ybadat edýänleri) ol (kapyrlaryň) hiç hili (dilegini) bitirip bilmezler. Takyk, Alla eşidýändir, görýändir.
 21. Eýsem ol (kapyrlar) ýeriň ýüzünde aýlanyp özlerinden öň ötenleriň ahyrky netijeleriniň nähili bolandygyny görmedilermi? Olar güýçleri we ýeriň ýüzünde galdyran yzlary taýdan bulardan has belentdi. Alla günäkärçilikli işleri zerarly olary ele salyp (jezalandyrdy). Olary Allanyň gazabyndan halas eden hem bolmady.
 22. Sebäbi olara gelen pygamberler (hemmä) äşgär mugjyzalary getirendiklerine (garamazdan), olar inkär edip kapyr bolupdylar. Alla bolsa (bu etmişleri zerarly) olary jezalandyrdy. Takyk, Ol güýçlüdir we azaby juda ýowuzdyr.
 23. Kasam bolsun! Biz Musany aýat- mugjyzalarymyz we aç-açan delillerimiz bilen iberdik.
 24. (Ony) Fyrgawnyň, Hamanyň we Karunyň (ýanyna ugratdyk). Olar bolsa: «Bu äşgär ýalançy jadygöýdir» diýdiler.
25. Şeýdip, Musa Biziň beren hakykatlarymyzy olara ýetirende, olar: «Musa bilen bilelikde iman getirenleriň ogullaryny öldüriň, aýal-gyzlaryny bolsa (hyzmat etdirer ýaly) diri goýuň!» diýdiler. Emma kapyrlaryň guran duzaklary, elbetde, şowsuzlyk bilen tamamlanar».
 26. Fyrgawn: «Goýberiň meni! Musany öldüreýin. (Goý), ol Perwerdigärine doga edip ýalbarsyn. Sebäbi men onuň diniňizi üýtgetmeginden ýa-da ýeriň ýüzünde pitne-pisat çykarmagyndan gorkýaryn» diýdi.
 27. Musa (bolsa): «Elbetde, men özümiň we siziň Perwerdigäriňiz bolan (Alla ýalbaryp), hasap gününe iman getirmeýän her bir tekepbirden pena soraýaryn!» diýdi.
28. Fyrgawnyň maşgalasyndan bolup, iman getirendigini gizläp ýören bir mömin adam (bolsa): «Siz «Perwerdigärim Alladyr» diýýän adamy öldürmekçi bolýarsyňyzmy? (Emma) ol size Perwerdigäriňizden äşgär mugjyzalar getiripdi. Eger ol ýalan sözleýän bolsa, ýalanyň (jogapkärçiligi) öz boýnunda galar. Eger-de dogrusyny aýdýan bolsa, size geler diýip gorkuzýan (azabynyň) bir bölegi başyňyzdan iner (sizi heläk eder). Elbetde, Alla hetden aşyp, ýalan sözleýän adamy dogry ýol gönükdirmez» diýdi.
 29. (Iman getiren adam): «Eý, kowumym! Bu gün yeriň ýüzünde (hojaýyn hökmünde) hökmürowanlyk siziňkidir. Eger Allanyň azaby biziň başymyza gelse, bize kim kömek edip biler?» diýdi. Fyrgawn bolsa: «Men size öz pikirimi beýan edýärin we diňe dogry ýoly görkezýärin» diýdi.
 30. Iman getiren bolsa: «Eý, kowumym! Dogrusy, men (pygamberlerini ýalançy hasaplan) milletleriň düşen gününe düşmegiňizden (azabyň) siziň başyňyza- da gelmeginden gorkýaryn.
 31. Nuh kowumynyň ad, semud we olardan soň gelenleriň ahwalaty ýaly (bolmagyndan gorkýaryn). Alla bendelerine zulum (adalatsyzlyk) etmegi islemeýär.
32. Eý, kowumym! Takyk, men siziň üçin şol dady-peryat edilip (aglanjak) günden gorkýaryn.
 33. Ol gün yzyňyza öwrülip gaçarsyňyz. Sizi Alladan (geljek azapdan) halas etjek hiç kim ýokdur. Alla kimi (dogry) ýoldan azaşdyrsa, oňa dogry ýoly görkezjek ýokdur» diýdi.
 34. Kasam bolsun! (Musadan) öň Ýusup hem size äşgär deliller getiripdi. Onuň size getiren zatlary babatynda şübhelenýärdiňiz. Ahyrynda ol dünýäden ötende: «Alla indi ondan soň pygamber ibermez» diýipdiňiz. Ine, Alla çendenaşa şübhe edip ýörenleri, şeýdip (dogry) ýolundan azaşdyrar.
 35. Özlerine gelen hiç hili anyk deliliň ýokdugyna garamazdan, Allanyň aýatlary hakda çekeleşýänler Allanyň hem-de iman getirenleriň ýanynda uly ýigrenç bilen kabul edilerler. Alla tekepbirlik edýän her bir sütemkäriň ýüregini, ine, şeýdip möhürleýär.
 36. Fyrgawn: «Eý, Haman! Meniň (gerekli) sebäplere ýetip bilmegim üçin maňa beýik bir diň bina et!
 37. Asmanlara ýetirýän ýollara çykyp, (belki), Musanyň Hudaýyny hem görerin. Dogrusyny aýtsam, men ony ýalançy hasaplaýaryn» diýdi. Fyrgawna eden ýaman işi gözel görkezildi we şeýdip, (ol dogry) ýoldan azaşdyryldy. Fyrgawnyň guran duzagy doly puja çykdy.
 38. Iman getiren kişi: «Eý, kowumym! Siz maňa eýeriň! Size dogry ýoly salgy bereýin.
39. Eý, kowumym! Takyk, bu dünýä ýaşaýşy geldi-geçer güýmenjeden (tomaşadan) ybaratdyr. Emma ahyret baky ýaşaljak ýerdir.
 40. Kim erbet iş etse, eden etmişi ýaly jezasyny alar. Kim zenan ýa-da erkek mömin bolup peýdaly iş etse, ine, şolar jennete girerler. Olara jennetde bihasap rysgal berler.
 41. Eý, kowumym! Bu nä boluş? Men-ä sizi halas bolmaga çagyrýaryn, siz bolsa meni dowzah oduna çagyrýarsyňyz.
 42. Siz meni Allany inkär etmäge we meniň bilmeýan zatlarymy Oňa şärik goşmagyza çagyrýarsyňyz. Men bolsa sizi Gudraty güýçli, Bagyşlaýjy Alla çagyrýaryn.
 43. Hakykaty aýtmak gerek bolsa, siziň meni (ybadat etmäge) çagyrýan zadyňyzda dünýäde-de, ahyretde- de çakylyga deger (hiç hili mynasyp tarapy) ýokdur. Biz (ahyry) Alla dolanyp bararys. Çenden aşanlar bolsa dowzah oduna girmeli adamlardyr.
 44. Size aýdanlarymy tiz wagtda ýatlarsyňyz! Men öz işimi Alla tabşyrýaryn. Elbetde, Alla bendelerini görüp durandyr» diýdi.
 45. Ahyrynda Alla ony olaryň gurnan ýaman hilelerinden gorap saklady. Fyrgawnyň kowum-garyndaşyny bolsa ýowuz azap gurşap aldy.
 46. Olar (kyýamata çenli) ertir-agşam dowzah oduna salnarlar. Kyýamat gopan güni bolsa: «Fyrgawnyň maşgalasyny (yzyna eýerýänlerini) iň gazaply azaba duçar ediň» (diýler).
 47. (Kapyrlar) dowzah odunda biri- birleri bilen çekeleşip durkalar, olaryň (aralaryndan) ejizräkleri şol (ýalançy dünýäde) tekepbirlik edenlere: «Biz size eýeripdik. Indi dowzah odunyň (azabyndan) bir bölegini hem bolsa bizden aýryp bilersiňizmi?» diýerler.
 48. Şol tekepbirlik edenler bolsa: «Dogrusyny aýtsak, biziň hemmämiz (eýýäm) oduň içinde. Takyk, Alla bendeleriniň arasynda bermeli (adalatly) hökümi berdi» diýerler.
 49. Dowzah oduna ýanýanlar (dowzahyň) sakçylaryna: «Perwerdigärimize doga- dileg edip ýalbaryň! Iň bolmanda, bir gün hem bolsa, bize azabyň sütemini ýeňilleşdirsin» diýerler. 474
50. (Sakçylar) «Eýsem size pygamberleriňiz aç-açan deliller getirmedilermi?» diýerler. Olar: «Hawa (getirdiler)» diýip jogap bererler. (Sakçylar) «Beýle bolsa siz ýalbaryberiň» diýerler. Ýöne kapyrlaryň ýalbaryp- ýakarmaklary biderek, puç bolar.
 51. Elbetde, pygamberlerimize we iman getirenlere dünýä ýaşaýşynda hem- de şaýatlaryň güwälik etjek gününde Özümiz goltgy bereris.
 52. Ol gün zalymlaryň soran ötünçleriniň (hiç hili) nepi degmez. Olara nälet ediler. Olar üçin iň ýaramaz ýer (dowzah) bolar.
 53. Kasam bolsun! Biz Musa dogry ýoly salgy berdik we ysraýyl ogullaryna kitaby (Töwraty) miras goýduk.
 54. (Şol kitap) akyl eýeleri üçin dogry ýoluň çeşmesi we öwüt-ündewdir.
 55. (Eý, Muhammet!) Indi sen sabyrly bol! Çünki Allanyň wadasy hakykatdyr. Günäň geçilmegini sora! Ertir-agşam Perwerdigäriňi hamdy-senalar bilen ýatla!
 56. Özlerine gelen hiç hili anyk deliliň ýokdugyna garamazdan, Allanyň aýatlary hakda çekeleşýänleriň ýüreklerinde ulaşmaklary asla mümkin bolmaýan tekepbirlikden başga zat ýokdur. Sen Alladan pena sora! Takyk, Ol eşidýändir, görýändir.
 57. Elbetde, asmanlaryň we ýeriň ýaradylmagy ynsanlaryň ýaradylmagyndan has uly (işdir). Emma ynsanlaryň köpüsi muny bilmeýärler.
 58. Kör bilen (gözi) görýän, iman getirip ýagşy işleri edýän bilen günä işleri edýän (ikisi) deň bolmaz. Siz (neneňsi) az pikirlenýärsiňiz?!
 59. (Kyýamat) güni hökman geler, ol barada şek-şübhe ýokdur. Ýöne ynsanlaryň köpüsi muňa iman getirmeýärler.
 60. Perwerdigäriňiz (Alla): «Meni çagyryň, (Menden diläň, şonda Men siziň doga-dilegleriňizi) kabul edeýin! (Menden özgelere ýüzlenip, ýalbaryp çagyrmak bilen) Maňa ybadat etmegi taşlap, ulumsylyk edýänler zelil ýagdaýda dowzaha girerler» diýdi.
 61. Alla siziň dynç almagyňyz üçin gijäni, görüp (işlemegiňiz) üçin bolsa gündizi ýaratdy. Allanyň ynsanlara keremlidigine şek-şübhe ýokdur. Emma ynsanlaryň köpüsi şükür etmeýärler.
 62. Ine, Ol ähli zadyň Ýaradyjysy, siziň Perwerdigäriňiz bolan Alladyr. Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur! Onda näme üçin (hakykatdan) dänip dursuňyz?
 63. Allanyň aýatlaryny inkär edenler, ine, şeýdip, (hakykatdan) daş düşýärler.
 64. Ýeri siziň üçin ýaşaýşyň mekanyna öwren, asmany bolsa bina edip (beýgelden), size şekil berip, syratyňyzy görmegeý eden we sizi päkize-halal rysgal bilen üpjün eden hem Alladyr. Ine, şu Alla siziň Perwerdigäriňizdir. Älemleriň Perwerdigäri Alla beýikleriň beýigidir.
 65. Ol hemişe Diridir. Ondan özge hiç hili (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Beýle bolsa dini ýalňyz Alla baglap yhlas bilen, diňe Oňa ýalbaryň! Ähli öwgüler älemleriň Perwerdigäri Allanyňkydyr.
 66. (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Perwerdigärimden äşgär deliller gelen wagty, siziň Alladan özge (kömege) çagyrýanlaryňyza ybadat etmek maňa gadagan edildi. Maňa älemleriň Perwerdigärine boýun egmek tabşyryldy.
 67. Sizi (ilki) toprakdan, soň damjadan, soň gan lagtasyndan ýaradan, soň bolsa sizi çaga halyňyzda (ene garnyndan ýagty dünýä) çykaran, soň gujur-gaýratly müçä ýetmegiňizi, soň garrylyk döwrüne ýetmegiňizi (ýazgyt eden Oldur) Özüdir. Siziň araňyzdan käbirleriňiz (dünýäden has) ir öterler. Belli bir döwre (ýaşa) ýetmegiňiz we akylyňyzy ulanmagyňyz üçin (Alla size ömür berýär.)
 68. Alla hem direldýändir, hem-de öldürýändir. Ol bir işiň bolmagyny erada etse, oňa diňe: «Bol!» diýer. Ol hem dessine bolar.
 69. Allanyň aýatlary hakda çekeleşýänleri görmediňmi? (Hak din aýan edilenden soň) olar nirä barýarlarka?!
 70. Olar kitaby we pygamberlerimize iberen zatlarymyzy ýalan hasapladylar. Olar tiz wagtda hakykata göz ýetirerler.
 71. Boýunlaryndaky demir halkalary we zynjyrlary bilen süýrelerler.
 72. Soň gaýnan suwda (süýrelerler) we yzyndan otda ýakylarlar.
 73, 74. Soň olara: «Alladan başga şärik goşanlaryňyz nirede?» diýler. Olar bolsa: «Olar bizden (daşlaşyp) ýitip gitdiler. Ýok (dogrusy), biz mundan öň hiç bir zada ybadat etmeýän ekenimiz» diýerler. Ine, Alla kapyrlary, şeýdip, azaşdylar.
 75. (Olara): «Bu ýagdaý siziň ýeriň ýüzünde adalatsyzlyk bilen başyňyza gitmegiňiz we aşa köp şatlanyp, tekepbirlik etmegiňiz zerarly emele geldi.
 76. Müdimilik ýaşamagyňyz üçin dowzahyň gapysyndan giriň! Tekepbirlik edýänleriň dolanyp barjak ýerleri nähili erbet!» (diýler).
 77. Şonuň üçin (eý, Muhammet!). Sen sabyrly bol! Elbetde, Allanyň beren wadasy hakykatdyr. Olara wada beren azabymyzyň bir bölegini ýa saňa görkezeris, ýa-da seniň janyňy (olara azap berilmezden) öň alarys. Nähili bolanda-da, olar bize gaýdyp gelerler.
 78. Kasam bolsun! Biz senden öň hem pygamberler ugratdyk. Olaryň arasynda saňa kyssalaryny gürrüň berenlerimiziň bolşy ýaly, saňa gürrüň bermediklerimiz hem bar. Alladan rugsat bolmazdan hiç bir pygamber (öz-özünden) bir aýaty hem getirip bilmez. Alladan buýruk gelenden soň bolsa, hakykat amala aşar we şondan soň ýalany öňe sürýänler zyýana sezewar bolarlar.
79. Alla käbirlerini münmegiňiz üçin, käbirlerini bolsa iýmegiňiz üçin size haýwanlary ýaradyp, (ygtyýaryňyza) berdi.
 80. Ol (haýwanlarda) siziň üçin ençeme peýdalar bardyr. Köňülleriňizde (beslän) maksadyňyza ýetmegiňiz üçin olaryň üstüne (goş-golamlaryňyz bilen syýahat edersiňiz). Şol (haýwanlaryň) we gämileriň üstüne (münüp) aýlanarsyňyz.
 81. Alla (şeýdip) size aýatlaryny (alamatlaryny) görkezýär. Indi siz Allanyň haýsy aýatlaryny (alamatlaryny) inkär edýärsiňiz?
82. Olar ýeriň ýüzünde gezip, seýil etmedilermi eýsem? Olar özlerinden öň ötenleriň ahyrky netijesiniň näme bilen gutarandygyny bir görsünler! (Öňki ötenler san taýdan) bulardan has kändi, güýçleri artykdy we ýeriň ýüzündäki (bina eden) ymaratlary (has mäkäm we kaşaňdy).
 83. Pygamberleri olara aç-açan deliller getirende, olar özleriniň ylymlaryna (göwünleri ýetip) şatlandylar daýandylar (we aýatlary ýaňsa aldylar). Ýaňsa alan zatlary (ahyrynda azap) bolup, olary gurşap aldy.
 84. Olar biziň ýowuz azabymyzy görenlerinde: «Ýeke-täk Alla iman getirdik hem-de oňa şärik goşanlarymyzy inkär etdik» diýerler.
 85. Emma azabymyzy görenlerinden soň, olara imanlary hiç hili peýda bermez. Allanyň öňden bäri Öz bendeleri hakda ýöredýän (hakykat) ýoly şeýledir. Ine, şonda kapyrlar zyýana duçar bolarlar.