1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

21.79. Biz (dogry) çözgüdi Süleýmanyň aňyna guýduk. Olaryň ikisine-de pygamberlik hem-de ylym berdik. Daglary we guşlary Dawut bilen tesbih edýän edip boýun egdirdik. Bu zatlary eden Bizdik.

Başy » Sözbaşy » 64-nji süre: «Tegabun» («Aldanma»)

«Tegabun» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 18 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady 9-njy aýatda agzalýan «Tegabun güni» sözünden alnypdyr. «Tegabun» diýmek, kemçilik eden ynsanyň günälerine göz ýetirip, bu dünýäde aldanandygyny kabul edip, ykrar etmegi we ökünmegidir. Aslynda Tegabun kyýamatyň atlarynyň biridir. Bu süre Alla ynanmak, yhlas, takwaçylyk, kanagat we ahyret bagtyýarlylygy üçin tagalla etmek ýaly meseleleri öz içine alýar. Şeýle-de sürede bu älemiň eýesiz däldigi, ähli zatda bolşy ýaly, ynsanyň ýaradylyşynyň hem maksadynyň bardygy, şonuň üçin hem ynsanyň öz ygtyýaryny haýyrly-sogaply ýollarda ulanmalydygy barada aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allany tesbih edýär. Mülk (hökmürowanlyk) Onuňkydyr. (Ähli) hamdy-senalar Oňa mahsusdyr. Onuň ähli zada güýji ýetýändir.
 2. Sizi ýaradan Oldur. Emma siziň käbiriňiz kapyr, käbiriňiz bolsa möminsiňiz. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizi görýändir.
 3. Alla asmanlary we ýeri (boş ýere däl-de) hak (we hikmet) bilen ýaratdy. Size şekil berip, ajaýyp görnüş (durk) berdi. Dolanyp baryş Oňadyr.
 4. Ol asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zady bilýändir. Siziň gizleýän we äşgär edýän (ähli) zadyňyzy hem bilýändir. Ol gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) hem bilýändir.
5. Size mundan öň inkär edenleriň (başlaryna gelenleriň) habary gelmedimi? Olar eden işleriniň jezasyny (bu) dünýäde datdylar (çekdiler) we (ahyretde hem) olara jebir-jepaly azap bardyr.
 6. (Ol azabyň sebäbi) pygamberler olara (äşgär) deliller (mugjyzalar) bilen gelýärdiler. Emma olar: «Bize (özümiz ýaly) bir ynsan ýol görkezmekçimi?» diýdiler we inkär edip ýüz öwürdiler. Alla olara mätäç däldir. Takyk, Alla Baýdyr (hiç zada mätäç däldir), hamdy-sena edilmäge mynasypdyr.
 7. Kapyrlar ölenlerinden soň hiç haçan direlmezler öýtdüler. (Olara): «Ýok, Perwerdigärime kasam bolsun! Siz (hökman) täzeden direldilersiňiz. Soň size eden işleriňiz (ýekeme-ýeke) habar berler. Bu Alla üçin (juda) aňsatdyr» diýip aýt.
8. Bes, Alla, Onuň ilçisine we oňa inderen nurumyza (Kurana) iman getiriň! Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
 9. Ol (kyýamat) güni (Alla siziň hemmäňizi, iň uly) jemlenme güni bolan (kyýamatda) bir ýere jemlär. (Ine), bu gün aldanma (ökünç) günüdir. Kim Alla ynanyp, ýagşy işleri berjaý etse, Alla hem onuň günälerini geçer we aşagyndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdirer. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir.
 10. (Dini) inkär edip, biziň aýatlarymyzy ýalan hasaplanlar bolsa dowzahydyrlar. (Olar) ol ýerde ebedi galarlar. Ol baryljak nähili erbet ýerdir.
 11. Alladan bidin hiç bir bela başa gelmez. Kim Alla iman getirse, Alla onuň kalbyna dogry ýoly görkezer. Alla ähli zady bilýändir.
12. Alla we pygambere tabyn boluň! Eger siz ýüz öwürseňiz, (bilip goýuň) ilçimiziň (wezipesi diňe) size (Biziň aýatlarymyzy) äşgär ýetirmekden ybaratdyr.
 13. Alladan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Möminler diňe Alla bil baglamalydyrlar.
 14. Eý, iman getirenler! Aýallaryňyzdan we perzentleriňizden size duşman (bolanlar hem) bardyr. Olardan habardar boluň! Emma siz onda-da geçirimlilik edip, minnet etmän, olary bagyşlasaňyz, takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
15. Takyk, mal-mülkleriňiz we perzentleriňiz siziň üçin bir synagdyr. (Hakyky) uly sylag (bolsa) Allanyň ýanyndadyr.
16. (Şonuň üçin) başardygyňyzça Alla garşy çykmakdan we haram işlere baş goşmakdan saklanyň! (Haka) gulak salyp, boýun boluň hem-de özüňiz üçin (Allanyň) ýolunda haýyr-sahawat ediň! Bu özüňize bähbit bolar. Kim nebsini gysgançlykdan gorasa, (hakyky) üstünlige ýetenler, olaryň hut özleridir.
 17. Eger Allanyň (razylygy üçin) ýagşy karz berseňiz (haýyr-sahawat etseňiz), Ol siziň üçin onuň (peýdasyny) birnäçe esseläp (gaýdyp) berer hem-de siziň (günäleriňizi) bagyşlar. Alla kiçijik ýagşylyklar sebäpli uly sogaplary berýändir, Halymdyr (howlugýan däldir).
 18. Ol görünmeýän we görünýän ähli zady bilýändir, Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.