1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

21.74. Luta pygamberlik hem-de ylym berdik. Ony erbet işler bilen meşgul bolýan oba-şäheriň halkyndan halas etdik. Takyk, olar ýaramaz we örän bozuk adamlardy.

Başy » Sözbaşy » 83-nji süre: «Mutaffifin» («Kem çekýänler»)

«Mutaffifin» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 36 aýatdan ybaratdyr. Adyny ilkinji aýatdan alandyr. Bu sürede işlerini dogry-dürs berjaý etmeýänleriň, terezide kem çekýänleriň geljekki erbet ykballary, dogruçyl ynsanlaryň bolsa ähmiýetleri we olara beriljek sylaglar barada aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. (Hilegärlik edip) kem çekýänleriň waý halyna!
 2. Olar ynsanlardan (bir zat) ölçäp alanlarynda, haklaryny (ölçeglerini) doly alýarlar.
 3. (Emma) özleri başgalara ölçäp berenlerinde welin, kem çekýärler, (hile edýärler).
 4, 5, 6. Olar uly (aýylganç) günde, (ähli) ynsanlaryň älemleriň Perwerdigäriniň huzurynda durjak günlerinde, özleriniň direldilip, (jemlenjekdikleri) barada oýlanmaýarmykalar?
 7. Ýok! (Siz mekirlige baş urmaň, ahyreti inkär etmäň!) Dogrusy, ýoldan azan pasyklaryň hasap depderi Sijjindedir.
8. Sen Sijjiniň nämedigini nädip biljek?
9. (Sijjin kapyrlaryň eden işleri) bellige alynýan kitapdyr.
 10. Ol gün (hakykaty inkär eden) ýalançylaryň waý halyna!
 11. Olar dini (kyýamat) gününi ýalan hasaplaýarlar.
12. Ony diňe hetden aşan, günäkär (kişi) ýalan hasaplar.
 13. Oňa Biziň aýatlarymyz okalan wagty: «(Bular) öňküleriň (aýdan) ertekileri» diýer.
 14. Ýok! Olar eden etmişleri zerarly kalplary gubar tutan kişilerdir.
 15. Ýok! (Bu jezasyz galmaz!) Olar ol gün özleriniň Perwerdigärini (görmekden) mahrum galarlar.
 16. Yzyndan hem olar hökman dowzaha girerler.
 17. Soň olara: «Ine, siziň ýalan hasaplan (inkär eden) zadyňyz (azabyňyz)!» diýler.
 18. Emma haýyrly ynsanlaryň kitaplary (hasap depderleri) Yllyýýyndadyr.
 19. Sen Yllyýýynyň nämedigini nädip biljek?
 20. (Yllyýýyn möminleriň eden işleri) ýazylan depderdir.
 21. (Alla) ýakyn bolanlar oňa şaýat bolarlar.
 22. Elbetde, ýagşy (haýyrly) ynsanlar ol «Nagym» jennetlerindedir.
 23. Olar tagtlaryň üstünde (oturyp daş- töwerege şadyýan) serederler.
 24. (Sen olara seredeniňde) ýüzlerinde jennet nygmatlaryndan peýdalananlaryň şatlygyny görersiň.
 25. Olara (gabynyň agzy möhürli) arassa meý-şerbet çüýşelerinden içirerler.
26. (Ol meý-şerbetleriň) soňy müşkdür! Ine, ýaryşjak bolsalar (ynsanlar bu jennet döwletine) ýetmek üçin ýaryşsynlar!
27. Ol meý-şerbetiň garyndysy (jennetdäki) tesnim (çeşmesiniň suwundandyr).
 28. Ol (tesnim) hem Alla ýakyn bolanlaryň içjek çeşmeleridir.
29. Günälere batanlar (dünýädekäler) möminleri ýaňsylap, olaryň üstünden gülerdiler.
 30. Ýanlaryndan geçenlerinde, gözleri we gaşlary bilen olary (ýaňsylap) äsgermezçilik edýärdiler.
 31. Maşgalalarynyň ýanlaryna baranda, (bu eden işleri bilen) şatlanyp öwünýärdiler.
 32. Olary gören wagtlary: «Bular ýoldan azan ynsanlar» diýerdiler.
 33. Olar bu möminlere gözegçi bellenmediler ahyry!
 34. Ine, bu gün hem möminler kapyrlaryň üstünden gülerler.
 35, 36. Tagtlaryň üstünde oturyp: «Kapyrlar eden işleriniň jezasyny tapdylarmy?» diýerler.