1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

12.76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.

Başy » Sözbaşy » 90-njy süre: «Beled» («Şäher»)

«Beled» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 20 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Beled» («Şäher») sözünden alnandyr. Ol şäher bolsa Mekge şäheridir. Sürede Allanyň ynsanlara beren nygmatlary we gudraty ýatladylyp, ölümden soňky direliş barada gürrüň edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Bu (mübärek) şähere!
 2. Seniň bu şähere girişiňe!
 3. Ol ata we onuň zürýadyna kasam bolsun! Düşündiriş: Aýatda «Ata we onuň zürýady» diýilmek bilen, Adam Ata we onuň neberesi, ýagny bütin adamzat göz öňünde tutulýar.
 4. Biz ynsany birnäçe muşakgatlyklara, synaglara we kynçylyklara (duçar bolmagy) üçin ýaratdyk.
 5. Ol ynsan özüne hiç kimiň güýji ýetmez diýip pikir edýärmi?
 6. (Ol) öwnüp: «Men ep-esli baýlyk sowdum» (diýer).
 7. Ol özüni hiç kim görýän däldir öýdýärmi?
 8, 9. Biz oňa görmegi üçin göz, (ýüregindäkini aýdara) dil we iki dodak bermedikmi?
 10. Oňa iki depäni (haýry we şeri) görkezmedikmi?
 11. Emma ol kyn depäni aşyp bilmedi.
12. Sen ol (aşmasy) kyn depäniň nämedigini (kyýamat azabyndan halas etjek zady) bilýärsiňmi?
13. Ol bir guly azatlyga çykarmakdyr.
 14. Ýa-da gytlyk zamanynda mätäje tagam iýdirmekdir.
 15. Ýa-da garyndaş bolan bir ýetime hossar çykmakdyr.
 16. Ýa-da bir mätäji (misgini) doýurmakdyr.
 17. Soň hem ýürekden iman getirip, biri- birlerine sabyry we merhemeti wesýet edenlerden bolmakdyr.
 18. Ine, bular (hasap depderleri sag ellerine berlen) sag tarapdaky (ynsanlardyr).
 19. Biziň aýatlarymyzy inkär edenler bolsa çep tarapdaky (ynsanlardyr).
 20. (Olaryň jezasy üstlerine gapylary) berk ýapylan ot bolar.