1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3.7. Saňa bu kitaby inderen Oldur. Onda käbir aýatlar äşgär manyly bolup, bular kitabyň esasy bölegidir. Beýlekileri (bolsa) çylşyrymly manyly (aýatlardyrdyr). Ýüreklerinde egrilik (erbet niýet) bolanlar, pitne gözlemek (ynsanlary ýalňyş ýola gönükdirmek) we ony (öz matlaplaryna görä) ýorgut etmek üçin manysy çylşyrymly aýatlara uýýarlar (olara salgylanyp, şolar bilen meşgul bolýarlar). Emma olaryň dogry ýorgudyny Alladan başga hiç kim bilmez. Ylymda öňe saýlananlar (hem): «Biz oňa bolşy ýaly ynandyk. Hemmesi-de Perwerdigärimizden gelendir» diýerler. Bulardan (diňe) akyl eýeleri ybrat alarlar.

Başy » Sözbaşy » 59-njy süre: «Haşr» («Jemlenme»)

«Haşr» süresiMedinede inen sürelerden bolup, ol 24 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Haşr» sözünden alnandyr. Manysy «Bir ýere jemlenme» diýmegi aňladýar. Pygamberimiz käbir ýahudylar we butparazlar bilen ylalaşyp, Medinede şäher döwletini esaslandyrypdy. Emma ýahudylaryň Beni nazyr taýpasy Mekgedäki kuraýşylar bilen dildüwşüp, bu ylalaşygy bozupdy. Bu sürede käbir şol ýahudylaryň Medineden çykarylmagy, mynapyklaryň hileleri, musulmanlara nesihatlar we Allanyň gözel wasplary beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allany tesbih edýär. Ol (Alla) Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 2. Ol (Alla) ähli-kitapdan bolan kapyrlary ilkinji sürgünde ýurtlaryndan çykardy. (Ýogsa) siz olaryň çykaryljakdyklary barada pikir hem etmeýärdiňiz. Olar galalary Alla tarapyndan (geljek azapdan özlerini) saklar öýtdüler. Emma Alla olaryň pikir etmeýän taraplaryndan geldi we olaryň kalplaryna gorky saldy. Hatda öýlerini öz elleri (bir tarapdan hem) möminleriň elleri bilen ýykýardylar. Eý, akyl eýeleri! Bes, ybrat alyň!
 3. Eger Alla olara (köpçülikleýin) sürgün (hökümini) ýazmasady (bermesedi), hökman olara dünýäde (başga görnüşde) azap (bela) bererdi. Ahyretde hem olara ot azaby bardyr. 22. Alla we ahyret gününe ynanýan kişiniň Allanyň we Onuň ilçisiniň garşysyna çykanlary, isle olar kakalary, ýa ogullary, ýa doganlary, ýa-da tiredeşleri bolsun, olara söýgi besläp dost edinendiklerini görmersiň. Ine, Alla olaryň kalplaryna imany ýazandyr we olary Öz tarapyndan bir ruh (güýç-kuwwat) bilen goldandyr. Alla olary aşagyndan derýalar akýan jennetlere ebedi galmak üçin ýerleşdirer. Alla olardan, olar hem Alladan razydyrlar. Ine, olar Allanyň toparydyr. Bilip goýuň! Takyk, Allanyň topary, olar üstünlik gazananlardyr.
 4. Munuň (sebäbi) olaryň Alla we Onuň ilçisine garşy çykandyklary (üçindir). Kim Alla we Onuň ilçisine garşy çyksa, takyk, Allanyň jezasy örän ýowuzdyr.
 5. (Eger söweşde ol kapyrlaryň) hurma agaçlaryndan haýsydyr bir zady kesseňiz ýa-da bolşy ýaly köki bilen goýsaňyz, bu (elmydama) Allanyň rugsady bilendir we Onuň (ýoldan çykan) pasyklary jezalandyrmagy üçindir.
 6. Allanyň (has öň) olaryň (emläklerinden) pygamberine olja edip (beren) zatlary (barada aýtsak), siz olar (oljalar) üçin ne at, ne-de düýe çapdyrdyňyz. Emma Alla pygamberlerini Öz islän kişilerinden (söweşsiz hem-de kynçylyksyz) üstün (edip, ýeňiş nesip) eder. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
7. Allanyň (söweşsiz) eýelenilen oba-şäherleriň (kapyr) halkyndan öz pygamberine beren oljalary (diňe) sizden bolan baýlaryň arasynda aýlanyp durmaz ýaly (olar barada) Alla (öz isleýşi ýaly höküm eder we olar), pygamberine, (pygamberiň ýakyn) neberesine, ýetimlere, garyp-gasarlara we ýolda galanlara degişlidir (sarp eder). Pygamber size nämäni berse (emir etse) alyň, nämäni gadagan (haram) etse, ondan gaçyň! Alladan gorkuň! Takyk, Allanyň jezasy örän ýowuzdyr.
 8. Şeýle-de (Allanyň beren bu oljalary) Allanyň pazly-keremini we razylygyny gözläp, Allanyň (dinine) we pygamberine kömek bermek üçin ýurtlaryndan çykarylan hem-de emläklerinden (jyda düşen) ol hijret (göç) eden garyp- gasarlara degişlidir. Olar dogruçyllaryň hut özleridir.
 9. Olardan (hijret edenlerden) öň ol ýurtda (Medinede) ýerleşenler (ensarlar) we (ýürekden) iman getirenler bolsa (öz diýarlaryna) hijret (göç) edenleri söýerler we olara berlen (oljalar) sebäpli ýüreklerinde isleg (biynjalyk) duýmazlar (bahyllyk etmezler). Hatda özleri mätäç bolsalar hem, (olary) öňe sürdüler (olara maddy kömegiň edilmegini teklip etdiler). Kim nebsiniň gysgançlygyndan özüni gorasa, halas boluşa (hem-de üstünlige) ýetenler olaryň hut özlerdir!
 10. Olardan soň (kyýamata çenli dünýä) gelen (ähli möminler): «Eý, Perwerdigärimiz! Biziň we bizden öňki iman bilen öten doganlarymyzyň günälerini bagyşla! Biziň içimizde iman getirenlere garşy hiç hili öýke-kine goýma! Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, Sen Mähirlisiň, Rehim-şepagatlysyň» diýenlere (hem söweşsiz alnan oljalardan berler).
 11. Mynapyklaryň (edýän işlerini) görmeýärsiňmi? Olar ähli-kitapdan (ýahudylardan) inkär eden doganlaryna: «Eger siz bu ýerden çykarylsaňyz, biz hem hökman siz bilen bile çykarys. Size (garşy) hiç haçan hiç kime tabyn bolmarys. Eger size garşy söweş edilse, biz hökman size kömek ederis» diýdiler. Emma olaryň ýalan sözleýändiklerine Alla şaýatdyr.
 12. Kasam bolsun! (Eger ýahudylar) ýurtlaryndan çykarylsalar, (mynapyklar) olar bilen bile çykmazlar. Eger olara (garşy) söweş (yglan) edilse, (mynapyklar) olara kömek etmezler. Eger olara kömek berseler hem hökman yzlaryna öwrülip gaçarlar. (Soň Alla olary heläk eder) we olara kömek hem edilmez.
 13. Olaryň kalplarynda sizden (duýan) gorkulary Alladan (gorkmaklaryndan) hem has beterdir. Bu olaryň (Allanyň gudratyny) bilmeýän kowumdygy sebäplidir.
 14. Olar (ýahudylar) siziň bilen köplük bolup (ýüzbe-ýüz) söweşmezler, diňe berk galalaryň içinden ýa-da diwarlaryň arkasyndan (siziň bilen) söweşmek islärler. Olaryň (ýahudylar bilen mynapyklaryň) öz aralaryndaky çaknyşyklar hem örän aýylgançdyr. Sen (daşyndan) olary jebisdir öýdersiň. (Emma) olaryň kalplary dargan (ýagdaýdadyr). Bu olaryň akylyny ulanmaýan kowumdygy sebäplidir.
 15. Olaryň (ýahudylaryň) ýagdaýy özlerinden sähelçe öň (Bedrde) eden (etmişleriniň) jezasyny dadan, ahyretde hem jebir-jepaly azap çekjekleriň (mekgeli kapyrlaryň) ýagdaýy ýalydyr.
16. (Ýahudylary söweşe höweslendirýän mynapyklaryň ýagdaýy bolsa) göýä şeýtanyň (ýagdaýy) ýalydyr. Ol ynsana: (Sen ynanma), inkär et!» diýer. Ol inkär edensoň (kapyr bolansoň) hem (şeýtan) oňa: «Takyk, men senden daşdyryn. Takyk, men älemleriň Perwerdigärinden gorkýaryn» diýer.
 17. Olaryň ikisiniň (azdyranyň we azanyň) hem netijesi ebedi galjak ýerleri bolan oda (dowzaha) girmek bolar. Ine, bu zalymlaryň jezasydyr.
18. Eý, iman getirenler! Allanyň (azabyna duçar bolmakdan) gorkuň! Her kim ertir (ahyret) üçin näme taýýarlandygyna seretsin! Alladan gorkuň! Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
19. Allany ýatdan çykarandyklary üçin, Onuň (Allanyň) hem (özlerine) özlerini unutdyran kişileri ýaly bolmaň! Olar pasyklaryň hut özleridir.
 20. Dowzahylar bilen jennetiler deň bolmaz. Jennetiler üstünlige ýetenleriň hut özleridir.
 21. Eger biz bu Kurany bir dagyň (depesine) indersedik, onuň (dagyň) Alladan gorkusyna başyny egip, bölek- bölek boljakdygyny görerdiň! Ine, Biz mysallary pikirlenmekleri üçin ynsanlara düşündirýäris.
 22. Ol Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Ol görülýän we görülmeýän (ähli) zady bilýändir. Ol Rahmandyr (Mähribandyr), Rahymdyr (Rehim-şepagatlydyr).
 23. Ol Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Ol Melikdir (Hökümdadyr), Kuddusdyr (Kemçiliklerden päkdir), Salamdyr (Salamatlyga ýetirýändir), Mömindir (Amanlyga ýetirýändir), Muheýmindir (Seredip duran gözegçidir), Ezizdir (Gudraty güýçlüdir), Jepbardyr (Güýç ulanyjydyr), Mutekebbirdir (Beýiklikde deňi-taýy ýokdur). Alla özüne şärik goşýanlaryň aýdýan zatlaryndan päkdir (hem-de beýikdir).
 24. Ol Alla Halykdyr (Ýaradyjydyr), Barydyr (Ýokdan bar edijidir), Musawwyrdyr (Şekil-surat berijidir). Ähli gözel atlar Onuňkydyr. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Ony tesbih eder. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.