1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

2. 254. Eý, iman getirenler! Söwda-satygyň, dostlugyň we şepagatyň bolmaýan ol (kyýamat) güni gelmezden öň size beren rysgalymyzdan haýyr-sahawat ediň! (Hakykaty) inkär edenler zalymlaryň hut özleridir.

Başy » Sözbaşy » 58-nji süre: «Mujadele» («Jedelleşme»)

«Mujadele» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 22 aýatdan ybaratdyr. Bu süre adyny ilkinji aýatda geçen sözden alandyr. Sürede aýallara degişli bolan zyhar talagy ýatyrylansoň, mynapyklaryň erbetlik üçin eden etmişleri ýazgarylýar, Allanyň gazap eden kişilerini dost tutunmak gadagandygy we Allanyň dinine uýmagyň gerekdigi habar berilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Elbetde, Alla ýanýoldaşy barada seniň bilen jedelleşen we (öz ýagdaýyny) Alla arz eden (aýdan) ol aýalyň sözüni eşitdi. Alla siziň gürrüňleriňizi eşidýändir. Takyk, Alla (ähli zady) eşidýändir, görýändir. Düşündiriş: Yslamdan öňki döwürde araplaryň arasynda talagyň «zyhar» diýilýän bir görnüşi bolupdyr. Äri eger aýalyna: «Sen maňa ejem ýalysyň» diýse, ol erkegiň aýalynyň ýanyna gelmegi haram hasaplanylypdyr. Emma aralaryndaky nika bozulmaýan eken. Aýal hem nikaly wagty ýanýoldaşsyz ýagdaýa düşer eken. Bu aýatyň inmegi bilen «zyhar» talagy hem aradan aýrylýar.
 2. Sizden aýallaryna zyhar edenler (bilip goýsun), olar (aýallary) öz ejeleri ýaly däldir. Olaryň ejeleri özlerini dogran (aýallardyr). Takyk, olar erbet we ýalan söz sözleýärler. Takyk, Alla Günä geçijidir, Bagyşlaýjydyr.
 3. Aýallaryna zyhar edip, (olardan aýrylyşmaga niýetlenip), soň hem aýdan sözlerini yza almak üçin öwrülenler biri-birleri (aýallary) bilen gatnaşyga girmezden ozal bir gul azat etmelidirler. Bu size nesihat berilýär. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
 4. Kimiň (gul azat) etmäge güýji ýetmese, (jynsy) gatnaşykdan öňürti, iki aýlap yzly-yzyna agyz beklemelidir. Muňa hem güýji ýetmeýän adam altmyş mätäje tagam bermelidir. Bu (zyhara degişli hökümler) Alla hem-de Onuň ilçisine iman getirmegiňiz üçindir. Bular Allanyň çäkleridir. Kapyrlara jebir-jepaly azap bardyr.
 5. Alla we Onuň ilçisine garşy çykanlar (duşmançylyk edenler) özlerinden öňküleriň heläk bolşy ýaly, (olar hem masgara bolup) heläk boldular. Ýogsa Biz olara äşgär aýatlar inderipdik. Kapyrlar üçin ryswa ediji azap bardyr.
 6. Ol günde (kyýamatda) Alla olaryň hemmesini direlder we olara (dünýäde eden) etmişlerini doly habar berler. Olar (öz etmişlerini) unudan hem bolsalar, Alla olary sanap (ýazyp goýandyr). Alla ähli zada şaýatdyr.
 7. Allanyň asmanlardaky we ýerdäki ähli zady bilýändigini görmeýärsiňmi?! (Bir ýere jemlenişip), gizlin pyşyrdaşyp, gürleşýän üç kişiniň dördünjisi (hökman) Oldur. Bäş kişi (gizlin gürleşse), altynjysy (hökman) Oldur. Mundan (bu sandan) isle az bolsun, isle köp bolsun, nirede bolsalar hem Ol (ylmy bilen hökman) olaryň ýanyndadyr. Soň kyýamat güni (gelende) eden işlerini olara (ýekän- ýekän) habar berer. Takyk, Alla ähli zady bilýändir.
 8. Gizlin gürrüň etmekleri gadagan edilse-de, özlerine gadagan bolan ol işi ýene-de gaýtalap, günä, duşmançylyk we pygambere garşy çykmak (meselesinde) gizlin pyşyrdaşanlary (ýahudylary) görmediňmi? Olar seniň ýanyňa gelenlerinde, saňa Allanyň (öwreden) salamyndan başga görnüşde salam bererler. Özleri hem: «Alla bize bu sözlerimiz sebäpli, azap bermezmi?!» diýip (ýaňsylaýarlar). Olar üçin dowzah ýeterlik (azapdyr). Olar (hökman) ol ýere girerler. Ol baryljak ýer nähili erbet ýerdir. Düşündiriş: Ýahudylar pygamberimize salam diýmegiň ýerine «sa:m» («ölüm») diýer ekenler.
 9. Eý, iman getirenler! Eger siz (gizlin) pyşyrdaşyp gürleşjek bolsaňyz, (seresap boluň), günä, duşmançylyk we pygambere garşy çykma (meselesinde) gürrüň etmäň! Haýyr we takwaçylyk işlerinde pyşyrdaşyp (gizlin) gürleşiberiň! Alla (garşy gelmekden) gorkuň! Siz (soň) Onuň ýanyna jemlenersiňiz.
10. (Munuň ýaly) pyşyrdaşyp (gizlin) aýdylýan sözler diňe iman getirenleri gynandyrmak üçin şeýtan tarapyndan (ündelýär). Emma Alladan bidin, (şeýtan) olara (möminlere) hiç hili zyýan bermez. Bes, möminler diňe Alla bil baglasynlar!
 11. Eý, iman getirenler! Siz (bir ýere jemlenişen mahalyňyz): «Mejlisde (biri- biriňiz üçin sähel) ýer açyň» diýlende, dessine ýer açyň! Alla hem size giňişlik berer. Size: «Turuň!» diýlende, dessine ýeriňizden turuň! Alla hem sizden iman getirenleriň we ylym nesip edilenleriň derejelerini beýgelder. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.  
12. Eý, iman getirenler! Eger Allanyň ilçisi bilen gizlin gürleşmek isleseňiz, mundan (bu gürrüňleşmeden) öňürti sadaka beriň! Şeýle etseňiz, siziň üçin has haýyrly we (günäleriňizi) päkleme meselesinde (dogry hereket) bolar. Eger (muňa mümkinçilik) tapmasaňyz, (Ol siziň ýagdaýyňyzy bilýändir). Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 13. Siz (pygamber bilen) gizlin gürleşmezden öň sadaka bermekden (garyp düşeris öýdip) çekinýärsiňizmi? Siz beýle etmeýändigiňiz üçin hem Alla sizi bagyşlady. Bes, siz namazy berjaý ediň, zekat beriň, Alla we Onuň ilçisine tabyn boluň! Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
 14. Allanyň gazap eden kowumyny dost tutunanlary görmeýärsiňmi?! Olar ne sizdendir, ne-de olardandyr. Bular bilseler hem ýalandan kasam edýärler.
 15. Alla olara ýowuz azap taýýarlady. Takyk, olaryň edýän işleri nähili erbetdir.
16. Olar kasamlaryny galkan edip, (ynsanlary) Allanyň ýolundan öwürýärler. Olara ryswa ediji azap bardyr.
 17. (Alla kimi jezalandyrmak islese) olaryň ne baýlykdyr emläkleri, ne-de perzentleri hiç haýsy peýda bermez. Olar dowzahydyrlar. Olar ol ýerde ebedi galarlar.
 18. Allanyň olaryň hemmesini direlden güni, olar (dünýäde musulman bolandyklaryna degişli) size kasam edişleri ýaly, Oňa (Alla) kasam etmek bilen bir iş edendiris (dogry ýoldadyrys) öýtdüler. Bilip goýuň! Olar ýalançylaryň hut özleridir.
 19. Şeýtan olaryň akyllaryny alyp, olara Allany ýatlamagy unutdyrypdyr. Ine, olar şeýtanyň toparydyr! Bilip goýuň! Şeýtanyň topary zyýan çekýänleriň hut özleridir.
 20. Alla we Onuň ilçisine garşy çykanlar (hem-de olara duşmanlyk edenler) iň pes (derejede) bolarlar.
 21. Çünki Alla: «Men we Meniň ilçilerim hökman ýeňeris!» diýip ýazandyr (höküm berendir). Takyk, Alla Kuwwatlydyr, hikmet eýesidir.