1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

2. 254. Eý, iman getirenler! Söwda-satygyň, dostlugyň we şepagatyň bolmaýan ol (kyýamat) güni gelmezden öň size beren rysgalymyzdan haýyr-sahawat ediň! (Hakykaty) inkär edenler zalymlaryň hut özleridir.

Başy » Sözbaşy » 24-nji süre: Nur

«Nur» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 64 aýatdan ybaratdyr. Sürede namysly aýallara töhmet atmagyň jezasy, gybatyň ýazgarylmagy, bir öýe baranyňda saklanylmaly edepler, jemgyýetçilik gatnaşyklary ýaly meseleler barada gürrüň gozgalýar. Süräniň ady 35-nji we 40-njy aýatlarda agzalýan «Allanyň nury» düşünjesinden alnandyr.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Bu biziň inderen we (hökümlerini) parz eden sürämizdir. Siz öwüt alarsyňyz diýip, Biz bu süräniň içinde äşgär aýatlary inderdik.
 2. Zyna (binika gatnaşyk) eden aýalyň we erkegiň her haýsyna ýüz gamçy uruň! Eger Alla we ahyret gününe ynanýan bolsaňyz, Allanyň goýan kanunlaryny berjaý etmekde dözmezçilik etmäň! Möminlerden bir topar hem olaryň (zynakär erkegiň we aýalyň) ikisine berilýän jezany gözleri bilen görsünler!
 3. Zyna eden erkek diňe zyna eden ýa- da Alla şärik goşan aýala öýlenip biler. Zyna eden aýal hem diňe zyna eden ýa-da Alla şärik goşan erkege durmuşa çykyp biler. Bu (zynakär bilen durmuş gurmak) möminlere haram edilendir.
 4. Namysly aýallara (zyna günäsi bilen) töhmet atyp, soň hem dört şaýat getirmediklere segsen gamçy uruň we olaryň şaýatlyklaryny hiç haçan kabul etmäň! Olar pasyk kişilerdir.
 5. Meger mundan soň toba edip, düzelenler (muňa degişli däldir). Çünki Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 6. Aýallaryna (zyna) ýöňkäp, (muňa) özlerinden başga şaýatlary bolmadyklar, takyk, özüniň dogry aýdýandygy barada dört gezek Allanyň adyndan kasam edip, şaýatlyk etmelidir.
 7. Bäşinji gezeginde bolsa, eger ýalan sözleýän bolsa, Allanyň näletiniň özüne siňmegini dilemelidir.
 8. Aýaldan azaby aýyrjak zat bolsa onuň adamsynyň ýalan sözleýändigine dört gezek Allanyň adyndan kasam edip, güwälik etmegidir.
9. Bäşinji gezeginde bolsa, eger adamsy dogrusyny aýdýan bolsa, Allanyň gazabynyň özüne siňmegini dilemelidir.
 10. Eger size Allanyň ýagşylygy we merhemeti bolmadyk bolsady, Ol tobalary kabul edýän we hikmet eýesi bolmadyk bolsady (gör, näme ederdiňiz)!
 11. (Bu) töhmeti toslanlar, elbetde, öz içiňizden bir topardyr. Siz muny şer hasaplamaň, tersine, ol siziň üçin haýyrdyr. Olaryň içinden her haýsyna öz eden günäsiniň jezasy berler. Olardan bu günäniň has ulusy ýüklenene bolsa uly bir azap bardyr. Düşündiriş: Bu we mundan soňky üç aýat hezreti Aýşa atylan töhmetiň ýalandygyny subut etmek üçin inipdir.
12. Käşgä, bu habary eşideniňizde mömin erkekler we aýallar öz ýanlaryndan ýagşy pikirde bolup, «Bu äşgär töhmetdir» diýsediler.
13. Käşgä, olar (Hezreti Aýşa töhmet atanlar) bu waka dört şaýat getirsediler. Eger şaýatlary getirip bilmedik bolsalar, onda olar Allanyň ýanynda ýalançylardyr.
 14. Eger size dünýäde we ahyretde Allanyň ýagşylygy we merhemeti bolmadyk bolsady, takyk, (bu töhmetiňiz sebäpli), size uly bir azap berlerdi.
 15. Siz bu töhmeti biri-biriňize aýdýarysyňyz, bilmeýän zadyňyzy (töhmeti) diliňize alýarsyňyz. Allanyň ýanynda örän uly günä hasaplanýan zady öz ýanyňyzdan ähmiýetsiz hasaplaýarsyňyz.
16. Käşgä, bu habary eşideniňizde: «Bu myş-myşy aýdyp ýörmek bize ýaraşmaz. Eý, päk Alla! Bu örän uly töhmetdir» diýseňiz bolmazmydy?!.
 17. Alla size, eger mömin bolsaňyz, şunuň ýaly işi hiç haçan gaýtalamazlygyňyzy nesihat edýär.
18. Alla size öz aýatlaryny we gözel ahlaklary düşündirýär. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 19. Iman getirenleriň arasynda erbet sözleri (habarlary) ýaýratmagy halaýanlar üçin dünýäde we ahyretde jebir-jepaly azap bardyr. Alla bilýär, siz bolsa bilmeýärsiňiz.
 20. Eger size Allanyň pazly-keremi we merhemeti bolmadyk bolsady, Alla örän Mähirli we Rehim-şepagatly bolmadyk bolsady (siziň ýagdaýyňyz, gör, nähili gözgyny bolardy)!
 21. Eý, iman getirenler! Şeýtanyň ädimleriniň (yzyna) düşmäň! Kim şeýtanyň ädimleriniň (yzyna) düşse, onuň (şeýtanyň) bozuklygy we erbetligi ündeýändigini bilsin! Eger size Allanyň pazly-keremi we merhemeti bolmadyk bolsady, siziň hiç haýsyňyz hiç haçan (günäden) päklenip bilmezdiňiz. Emma Alla öz islänini (günälerden) päkleýändir. Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 22. Siziň araňyzdan atly-abraýly we gurply bolanlaryňyz garyndaşlaryna, ýoksullara we Allanyň ýolunda göç edenlere haýyr-sahawat etmezlige kasam etmesin! Gaýtam, (tersine) olary bagyşlasynlar we hoşniýetli bolsunlar! Siz Allanyň özüňizi bagyşlamagyny islemeýärsiňizmi? Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
23. Namysly, erbetliklerden bihabar mömin aýallara (zynakärlikde) töhmet atanlar, dünýäde-de, ahyretde-de nälet edilenlerdir. Olar üçin örän uly azap bardyr.
 24. Ol (jeza) gününde olaryň dilleri, elleri we aýaklary eden etmişlerine şaýatlyk ederler.
 25. Ol gün Alla olara özleriniň mynasyp bolan jezalaryny doly berer we olar Allanyň äşgär hakdygyna göz ýetirerler.
26. Näpäk aýallara näpäk erkekler, näpäk erkeklere hem näpäk aýallar mynasypdyr. Päk aýallara päk erkekler, päk erkeklere bolsa päk aýallar mynasypdyr! Bular (töhmetçileriň) aýdýan zatlaryndan daşdyrlar. Olar üçin ýalkaw we mübärek rysgal bardyr.
 27. Eý, iman getirenler! Özüňiziňki bolmadyk keseki öýlere rugsat soramazdan we eýelerine salam bermezden girmäň! Bu siziň üçin bähbitlidir. Bu hakda (oýlanyp) pikir edersiňiz diýip (şeýle öwüt berýäris)!
 28. Eger (öýüň) içinde hiç kimi tapmasaňyz (adam ýok bolsa), tä özüňize rugsat berilýänçä, (ol öýe) girmäň! Eger size «Yzyňyza dolanyň!» diýilse, dessine yzyňyza dolanyň! Bu siziň üçin has arassa (şübhesiz) hereketdir. Alla siziň edýän işleriňizi bilýändir.
29. (Biziň üçin) mesgen bolmadyk (myhmanhana, metjit ýaly), özüňize degişli goşlaryňyz bar bolan öýlere (rugsat soraman) girmegiňizde size hiç- hili günäkärçilik ýokdur. Alla siziň äşgär edýän (amallaryňyzy) hem, gizleýän (işleriňizi) hem bilýändir.
 30. (Eý, Muhammet!) Mömin erkeklere aýt: «Gözlerini (nämährem aýallara seretmekden) saklasynlar we ujytlaryny (haramdan) gorasynlar». Bu olar üçin has arassa ýoldur. Takyk, Alla olaryň edýän zatlaryndan habardardyr.
 31. Mömin aýallara hem aýt: «Gözlerini (nämährem erkeklere seretmekden) saklasynlar we eteklerini (jynsy agzalaryny haramdan) gorasynlar, (geýimlikä) görünýän ýerlerinden galan beýleki zynatlaryny (beden agzalaryny nämähremlere) görkezmesinler. Ýaglyklary bilen gursaklarynyň üstüni ýapsynlar. Olar ýanýoldaşlaryndan, kakalaryndan, gaýnatalaryndan, öz ogullaryndan, ýanýoldaşynyň ogullaryndan, erkek doganlaryndan, erkek doganlarynyň ogullaryndan, aýal doganlarynyň ogullaryndan, (özlerine degişli hyzmarkär zenan ýa-da özleri ýaly musulman) aýallardan, şeýle hem gol astyndaky (gul-gyrnaklardan), aýallara (jynsy) duýgusy galmadyk erkek (hyzmatkärlerden), aýallaryň uýat ýerlerinden bihabar çagalardan başgalara beden agzalaryny görkezmesinler. Ýöränlerinde gizlin bezeglerini görkezjek bolup (özlerine üns çekiljek derejede) ýöremesinler. Eý, iman getirenler! Halas bolmagyňyz üçin hemmäňiz Alla toba ediň!
 32. Araňyzdaky sallahlary (öýeriň), şeýle-de ýagşy ahlakly gullaryňyzy (öýeriň), gyrnaklaryňyzy hem (durmuşa çykaryň). Eger olar garyp bolsalar, Alla olary Öz pazly-keremi bilen gurply eder. Allanyň pazly-keremi giňdir, ähli zady bilýändir.
 33. Öýlenip bilmeýänler bolsa, Alla Öz pazly-keremi bilen gurplandyrýança, özlerini (zynadan, haramdan) päk saklasynlar! Gol astyňyzydaky (gul- gyrnaklar azat edilmekleri meselesinde siziň bilen) şertnama baglaşmak isleseler, eger olara bähbitli bolar öýtseňiz, dessine şertnama baglaşyň! Allanyň size beren emläginden olara hem beriň. Dünýä ýaşaýşynyň wagtlaýyn (pany) bähbitlerine eýe bolaly diýip, namysly ýaşamak isleýän gyrnaklaryňyzy bozuklyga mejbur etmäň! Kimdir biri olary muňa mejbur etse, onda Alla, biygtyýar ýagdaýa düşendikleri üçin, olary bagyşlar we merhemet eder.
 34. Takyk, Biz size ýol görkeziji aýatlar we sizden öň ýaşap geçenleriň durmuşlaryndan mysallar, Alladan gorkýanlar üçin öwüt-nesihatlar inderdik.
 35. Alla asmanlaryň we ýeriň nurudyr. Onuň nurunyň (mömin bendeleriň kalbyndaky) mysaly bir tekçäniň üstündäki bir çyra ýaly bolup, ol çyra bir çüýşäniň içinde, ol çüýşe bolsa bir dür ýyldyza meňzeýär. Ol (çyra) gündogary we günbatary bolmadyk (zeminiň merkezindäki) mübärek zeýtun agajynyň (ýagyndan) ýakylýan (ýalydyr). Onuň ýagy (durulygyndan ýaňa) oňa ot degmese-de, (töweregi) ýagtyldyp durandyr. Nur üstüne nur (ýalydyr). Alla Öz islän bendelerini Özüniň (bu) nurunyň ýoluna salar. Alla ynsanlaryň (ybrat almagy) üçin (ine, şeýle) tymsallary getirýär. Alla ähli zady bilýändir.
36. (Bu çyra), Allanyň beýgelmegine hem-de içinde Öz adynyň agzalmagyna rugsat eden öýlerindedir (metjitlerdedir). Şol öýleriň içinde (ynsanlar) ertir-agşam Ony tesbih ederler.
 37. Olar söwda-satygyň özlerine Allany ýatlamaga, namazy berjaý etmäge we zekat bermäge päsgel bermeýän, ýürekleriň we gözleriň agyp-dönüp durjak gününden gorkýan adamlardyr.
 38. Alla olary eden işleriniň iň gowusy bilen sylaglar we Öz pazly-kereminden olara artykmaç hem berer. Alla islänine hasapsyz rysgal berer.
 39. Inkär edenleriň amallary bolsa sähradaky salgyma meňzär. Teşne adam ony suwdur öýder, (kynçylyk bilen) oňa ýeten wagty bolsa ol ýerde hiç zat tapmaz. Inkär edenler (bu dünýädäki eden işleriniň kyýamatda nepi deger öýdüp, öňe çykanlarynda) Allany görerler. Şeýdip, Alla onuň hasabyny birkemsiz berer. Alla hasaby öran tiz çykarýandyr.
 40. Ýa-da (kapyrlaryň amallary) möwç urýan düýpsüz deňizdäki tümlüge meňzär. Ony tolkun üstüne tolkun, ýokarsyny hem gara bulut gaplar. Bir tümlügiň üstüni beýleki bir tümlük gaplar. Elini çykaryp uzatsa, (tümlükden ýaňa) ony özi hem görmez. Allanyň nur bermedik adamsy üçin hiç hili nur (aýdyňlyk) ýokdur.
 41. Asmanlardakylaryň we ýerdäkileriň, hatar-hatar bolup barýan guşlaryň Allany tesbih edýändigini görmediňizmi? Her kim öz doga-dilegini we zikir-tesbihini kemsiz bilýändir. Alla olaryň edýän işlerini bilýändir.
 42. Asmanlaryň we ýeriň eýeçiligi Allanyňkydyr. Dolanyp baryljak ýer hem Allanyň ýanydyr. 43. Sen Allanyň buludy sürýändigini, soň onuň arasyny birleşdirýändigini, soň bolsa ony üýşürýändigini görmediňmi? Şonda sen ýagşyň onuň arasyndan çykýandygyny görersiň. Ol asmandan, (lemmer-lemmer bulutlardan), daglardan dolular inderer. Şeýdip, ony islän adamsyna duçar eder, islän adamsyndan bolsa sowa salar. Ýyldyrymynyň ýalpyldysy hem göýä gözleri kör eder.
 44. Alla gije bilen gündizi gezekleşdirer. Takyk, munda gözleri (köňül gözleri açyk) bolanlara ybratlar bardyr.
 45. Alla her bir janly-jandary suwdan ýaratdy. Olaryň içinde garny bilen süýrenýänleri, iki aýagynyň üstünde ýöreýänleri, dört aýagynyň üstünde ýöreýänleri hem bar. Alla islän zadyny ýaradýar. Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 46. Kasam bolsun! Biz äşgär aýatlar inderdik. Alla islänini dogry ýola gönükdirer.
 47. Olar: «Biz Alla we pygambere iman getirdik we tabyn bolduk» diýýärler. Soň hem olardan bir topar şeýle diýenlerinden soň (sözlerinden) dänýärler. Olar möminler däldir.
 48. Olaryň aralarynda höküm bermegi üçin Alla we Onuň ilçisine çagyrylan mahaly (beriljek höküm öz zyýanlaryna bolsa) içlerinden bir topar dessine muňa (pygamberiň hökümine) garşy çykar.
 49. Eger hakly tarap özleri bolan bolsady, oňa boýun bolup gelerdiler.
 50. Ýa bolmasa olaryň ýüreklerinde kesel barmyka, ýa güman edýärlermikä, ýa-da Alla we Onuň ilçisi özlerine adalatsyzlyk eder diýip gorkýarlarmyka? Ýok, zulum edýän olaryň hut özleridir.
 51. Aralarynda höküm bermegi üçin Alla we Onuň ilçisine çagyrylan mahaly möminleriň sözleri diňe «Eşitdik we tabyn bolduk» diýen sözleridir. Halas bolanlar hem şolardyr.
 52. Eger kim Alla we Onuň ilçisine tabyn bolsa, Allanyň azabyndan heder etse hem-de Ondan gorksa, üstünlik gazananlar şolar bolar.
 53. Olar (mynapyklar) eger sen buýruk berseň, (söweşe) çykjakdyklaryna Allanyň adyndan berk kasam etdiler. Sen olara: «Kasam etmäň! Bu şol bir bilinýän boýun sunmadyr (diňe dilde aýdýarsyňyz). Takyk, Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr» diýip aýt.
 54. Sen olara: «Siz Alla we Onuň ilçisine boýun boluň! Eger ýüz öwürseňiz (bilip goýuň), pygambere diňe öz üstüne ýüklenen (borç) düşer, size hem öz üstüňize ýüklenen (borç) degişli bolar. Eger oňa boýun bolsaňyz, dogry ýoly taparsyňyz. Pygamberiň etmeli işi bolsa diňe (Allanyň dinini) äşgär ýetirmekdir» diýip aýt.
 55. Ýene-de aýt: «Alla sizden iman getirip, ýagşy işleri edenleri özlerinden öňküleri hökmürowan edişi ýaly, ýeriň ýüzünde hökmürowan etjekdigini we olar üçin Özüniň razylyk bildiren yslam dinini pugtalandyryp ýerleşdirjekdigini we gorkularyndan soň olara howpsuzlyk, asudalyk berjekdigini wada etdi. Çünki olar Maňa (Alla) ybadat ederler, hiç bir zady Maňa şärik goşmazrlar. Eger kim mundan beýläk (hak dini) inkär etse (we şol nygmatlara näşükürlik etse), (bilip goýsunlar) olar azgyn adamlardyr.
 56. Özüňize merhemet edilmegi üçin namazy berjaý ediň, zekat beriň we pygambere boýun boluň!
 57. Inkär edenler ähli ýeriň ýüzüni boýun egdirer diýip hiç haçan pikir etme! Olaryň barjak ýeri dowzahdyr. Ol ýer nähili erbetdir!
 58. Eý, iman getirenler! Gol astyňyzdakylar (gul-gyrnaklaryňyz) we içiňizden heniz kämillik ýaşyna ýetmedik (çagalaryňyz), ertir namazyndan öň we öýlän (üstki) eşiklerňizi aýyrýan wagtyňyz, şeýle hem ýassy namazyndan soň (siziň huzuryňyza girmek üçin günüň dowamynda üç gezek sizden rugsat sorasynlar). Bu siziň uýat (ýerleriňiziň açyk) bolýan üç wagtyňyzdyr. Bu wagtlardan soň olaryň (rugsat soramazdan) size gelip-gitmeklerinde size-de, olara hem günä ýokdur. Biri- biriňiziňkä baryp bilersiňiz. Ine, şeýdip, Alla size aýatlary beýan edýär. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 59. Kämillik ýaşyna ýetensoňlar çagalar hem, özlerinden öňküleriň (ulularyň) rugsat soraýyşlary ýaly, girenlerinde rugsat sorasynlar. Şeýdip, Alla size aýatlary beýan edýär. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 60. Durmuş gurmakdan umydyny üzen (görümden we perzent dogurmakdan galan garry) aýallara, zynatlaryny (beden agzalaryny) görkezmezden, (käbir) geýimlerini aýyrmaklarynda günä ýokdur. Asylly, doly (suratda) geýnen bolmaklary özleri üçin haýyrlydyr. Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 61. Köre, agsaga we hassa (Allanyň ýolunda edilýän söweşlerden galsa) zyýany ýokdur. (Bulara başarmajak işleri ýüklenmez, başarmaýandyklary üçin hem günäkär bolmazlar). Size hem öz öýüňizden, kakaňyzyň öýünden, ejeleriňiziň öýünden, erkek doganlaryňyzyň öýlerinden, aýal doganlaryňyzyň öýlerinden, kakaňyzyň doganlarynyň öýünden, ejekeleriňiziň öýünden, daýylaryňyzyň öýünden, daýzalaryňyzyň öýünden ýa-da açarlaryna eýeçilik edýän ýerleriňizden ýa-da dostuňyzyň öýünden nahar iýmegiňizde zyýan (günä) ýokdur. Bular bilen jemlenişip ýa-da aýry- aýry iýmegiňizde günä ýokdur. Öýlere gireniňizde, özüňize (biri-biriňize) Allanyň tarapyndan mübärek we çyn (ýürek bilen) salam beriň! Alla, siziň akyl ýetirmegiňiz üçin, aýatlary (hökümleri) size şeýle mälim edýär.
 62. Elbetde möminler diňe Alla we Onuň ilçisine iman getirenlerdir. Olar pygamber bilen jemlenişip bir iş edýärkäler, rugsat almazdan (ony taşlap) gitmezler. Takyk, senden rugsat soraýanlar Alla we Onuň ilçisine iman getirenlerdir. Olar käbir işler üçin senden rugsat sorasalar, olardan isläniňe rugsat ber we Allanyň olary bagyşlamagyny dile. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 63. (Siz) pygambere öz araňyzda biri- biriňize ýüzlenişiňiz ýaly ýüzlenmäň! Alla siziň araňyzdan bukulyp, ýuwaşlyk bilen (gaçyp) gidýänleri bilýändir. Onuň (pygamberiň) emrine garşy gelýänler özbaşlaryna bir belanyň ýa-da jebir- jepaly azabyň gelmeginden gorksunlar.
 64. Asmanlardaky we ýerdäki zatlar Allanyňkydyr. Ol siziň barýan ýoluňyzy, takyk, bilýändir. Ynsanlar Oňa dolanyp baran günleri Ol hem olaryň (ähli) eden işlerini olara aýan eder. Takyk, Alla ähli zady bilýändir.