1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

21.79. Biz (dogry) çözgüdi Süleýmanyň aňyna guýduk. Olaryň ikisine-de pygamberlik hem-de ylym berdik. Daglary we guşlary Dawut bilen tesbih edýän edip boýun egdirdik. Bu zatlary eden Bizdik.

Başy » Sözbaşy » 72-nji süre: Jyn

«Jyn» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 28 aýatdan ybaratdyr. Bu sürede jynlar barada gürrüň gozgalýandygy üçin «Jyn» diýlip at berlipdir. Sürede bir topar jynyň Kurany diňläp, iman getirendikleri we Kuranyň hakykatlygy beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Maňa jynlardan bir taýpanyň (toparyň) Kurany diňländikleri wahyý edildi. Olar: «Takyk, Biz dogry ýoly görkezýän ajaýyp bir Kurany diňledik we oňa iman getirdik. Biz mundan soň hiç haçan Perwerdigärimize hiç kimi şärik goşmarys.
 3. Takyk, Perwerdigärimiziň şany örän beýikdir. Ol ne ýanýoldaş, ne-de perzent edinendir.
 4. Emma biziň (içimizden käbir) nadanlar (azgyn jynlar) Alla hakda asylsyz (hakykat bolmadyk) sözleri aýdýarlar.
 5. Biz ynsanlar we jynlar Alla hakda ýalan sözlemez diýip pikir edýärdik.
 6. Emma ynsanlardan käbir adamlar, jynlardan käbir kişilere sygynýan ekenler. Şeýdip, (olara sygynýan ynsanlaryň) azgynçylyklaryny artdyrar ekenler.
 7. Olar (jynlara sygynýanlar) hem siziň pikir edişiňiz ýaly, Alla (ölen hiç) kimi direltmez diýip pikir eder ekenler.
 8. Biz asmana çykmak isledik, emma, ol ýeriň hüşgär sakçylar we otly uçgunlar bilen doludygyny gördük.
 9. (Öňler) biz (asmanyň käýerlerine çykyp, habar) diňlemek üçin oturara ýer (tapyp) oturýardyk. Emma, indi kim diňlemäge (synanyşsa), derrew bukuda duran bir ot bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
 10. Takyk, ýerdäkilere erbetlik islendimi ýa-da özleriniň Perwerdigäri olara haýyr (dogry ýol) isleýärmi, (biz doly) bilmeýäris.
11. Biziň aramyzda salyhlaryň bolşy ýaly, munuň tersi (salyh bolmadyklar) hem bar. Biz dürli-dürli ýollar tutduk.
 12. Takyk, Biz ýerde Allany hiç haçan ejizledip (ygtyýaryna garşy çykyp) we gaçmak bilen ony ejizledip bilmejekdigimize göz ýetirdik.
 13. Biz dogry ýol bolan (Kurany) diňlänimizden (soň), oňa iman getirdik. Kim Perwerdigärine iman getirse, ne hakynyň kem berilmeginden, ne-de gazaba uçramakdan gorkar (hiç hili şübhesi bolmaz)!
 14. Biziň aramyzda musulmanlar hem bar, (hak ýoldan azan) zalymlar (kapyrlar) hem bar. Musulman bolanlar dogry ýoly gözleýänlerdir.
 15. (Hak ýoldan azan) zalymlar (kapyrlar) bolsa dowzahyň oduny bolandyrlar» (diýdiler).
 16. Eger (ynsanlar we jynlar Allanyň ýolunda) dogry gitselerdi, olara bol edip suw (ýagyş) bererdik.
17. (Bu) olary (nygmatymyz) bilen synag etmek üçindir. Kim Perwerdigärini ýatlamakdan ýüz öwürse, (Alla) ony gitdigiçe artýan (erbet bir) azaba duçar eder.
 18. Takyk, metjitler Allanyňkydyr. Bes, (metjitlerde) Allanyň ýany bilen başga hiç kimi çagyrmaň!
19. (Gör, nähili geň zat!) Allanyň (söwer guly bolan bir) bendesi olary (hak ýola) çagyranda, olar (jynlar Kurany diňlemek üçin şeýle bir üýşdüler welin), tasdanam, ony depeleýärdiler.
 20. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Men diňe Perwerdigärimi çagyrýaryn (ybadat edýärin)! Oňa hiç kimi şärik goşmaýaryn!».
 21. Aýt: «Meniň size ne zyýan bermäge, ne-de (bir uly peýda berjek) dogry ýola salmaga güýjüm ýeter».
 22. Aýt: «Takyk, (eger maňa azap bermek islese) meni Allanyň (jezasyndan) hiç kim halas edip bilmez! Men Ondan başga sygnara ýer tapmaryn!
 23. (Meniň wezipäm) meger Alladan (gelen) pygamberligi ýetirmekdir. Kim Alla we Onuň ilçisine garşy çyksa (tabyn bomasa), takyk, oňa ebedi galjak (ýeri bolan) dowzah ody bardyr.
 24. Olar özlerine wada berleni (azaby) görenlerinde, kimiň kömekçisiniň has ejizdigine we san taýdan has azdygyna anyk göz ýetirerler.
25. Aýt: «Ol size wada berlen (azap) ýakynmy ýa-da Perwerdigärim onuň üçin belli bir uzak wagt kesgitleýärmi, men (anyk) bilmeýärin?!
 26. Ol (Alla) gaýyby bilýändir. Emma gaýybyny hiç kime açmaz (habar bermez).
 27, 28. Meger, Öz razy bolan ilçisine (gaýyp habarlarynyň käbirini habar berer). Takyk, Ol (Alla) habarlaryny doly ýetirýändigini biler ýaly ilçisiniň öňüne we yzyna gözegçiler ýerleşdirer. Dogrusy, Alla gullarynyň ýanyndaky (hemme) zady (Öz ylmy) bilen gurşap alandyr. Ol hemme zady sanap (bellige alyp) goýandyr».