1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3.7. Saňa bu kitaby inderen Oldur. Onda käbir aýatlar äşgär manyly bolup, bular kitabyň esasy bölegidir. Beýlekileri (bolsa) çylşyrymly manyly (aýatlardyrdyr). Ýüreklerinde egrilik (erbet niýet) bolanlar, pitne gözlemek (ynsanlary ýalňyş ýola gönükdirmek) we ony (öz matlaplaryna görä) ýorgut etmek üçin manysy çylşyrymly aýatlara uýýarlar (olara salgylanyp, şolar bilen meşgul bolýarlar). Emma olaryň dogry ýorgudyny Alladan başga hiç kim bilmez. Ylymda öňe saýlananlar (hem): «Biz oňa bolşy ýaly ynandyk. Hemmesi-de Perwerdigärimizden gelendir» diýerler. Bulardan (diňe) akyl eýeleri ybrat alarlar.

Başy » Sözbaşy » 14-nji süre: Ybraýym

«Ybraýym» süresi Mekgede inen soňky sürelerden bolup, ol 52 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň 35-41-nji aýatlarynda Ybraýym pygamberiň eden doga-dilegleri beýan edileni üçin, bu sürä «Ybraýym» diýip at berlipdir.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) All anyň ady bilen
1. Elif, Läm, Ra. (Eý, Muhammet! Bu kitap) ynsanlary Perwerdigäriň rugsady bilen güýçli, öwgä mynasyp (bolan Allanyň) ýoluna (çagyryp, olary) tümlüklerden nura çykarmagyň üçin saňa inderen kitabymyzdyr.
2. Ol Alladyr, asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. (Ahyretde) agyr azapdan ýaňa kapyrlaryň dat gününe.
 3. Ahyrete derek dünýä ýaşaýşyny saýlap alýanlar, Allanyň ýolundan gaýtarýanlar we onuň (dogry ýoluň) egri (ters) bolmagyny isleýänler, ine, bular (hakdan) uzak ters ýoldadyrlar.
 4. Biz her pygamberi olara (hakykaty aýdyň) beýan etmegi üçin, öz kowumynyň dili bilen (sözleýän kişi edip) iberdik. Alla islän kişisini azaşdyrar, islän kişisini dogry ýola salar. Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 5. Kasam bolsun! Biz Musany: «Kowumyňy zulmatdan nura çykar, olara Allanyň (öňki milletleriň başyna salan agyr) günlerini ýatlat!» diýip, aýatlarymyz (mugjyzalarymyz) bilen iberdik. Elbetde, munda her bir sabyrly, şükürana (bendeler) üçin ybratlar bardyr.
 6. Şonda Musa kowumyna: «Allanyň size beren nygmatlaryny ýatlaň! Çünki (Alla) sizi agyr azap bilen gynaýan, ogullaryňyzyň damagyny çalyp, gyzlaryňyzy diri galdyrýan Fyrgawn neberesinden halas etdi. Ine, munda Perwerdigäriňiz tarapyndan size uly synag (ybrat) bardyr» diýdi.
 7. Şol wagt Perwerdigäriňiz: «Kasam bolsun! Eger şükür etseňiz, takyk, (nygmatymy) artdyraryn. Eger näşükürlik (küpürlik) etseňiz, elbetde, Meniň azabym gaty gazaplydyr» diýip habar berdi.
 8. Musa: «Eger siz we ýer ýüzündäki kişileriň ählisi näşükür bolsalar, (bilip goýuň), takyk, Alla Baýdyr (mätäç däldir), öwgä mynasypdyr» diýdi.
 9. Sizden öňkülerden Nuh, ad, semud kowumynyň we olardan soňky (ýaşap geçen) kişileriň habary size gelmedimi? Olary Alladan başga (hiç kim) bilmez. Olara pygamberleri aýdyň deliller (mugjyzalar) getirdi. Olar (geňirgenip) barmaklaryny dişläp: «Takyk, biz siz bilen iberilen zatlary inkär etdik we biz özüne çagyrýan zadyňdan biçak şübhedediris» diýdiler.
 10. Olaryň pygamberleri: «Asmanlary we ýeri ýaradan Alla barada şek edip bolarmy? (Alla) siziň günäleriňizden (bir bölegini) bagyşlamak üçin (imana) çagyrýar hem-de sizi belli bir wagta çenli (öldürmän) gijikdirýär (möhlet berýär)» diýdiler. Olar: «Siz hem biz ýaly adamsyňyz. Siz bizi ata-babalarymyzyň ybadat eden zatlaryndan daşlaşdyrmak isleýärsiňiz. Hany, bize aýdyň delil getiriň bakaly» diýdiler.
 11. Pygamberleri olara: «(Hawa), biz hem siziň ýaly adamlardyrys. Ýöne Alla bendelerinden islän kişisine (pygamberlik) berýär. Allanyň rugsady bolmasa, biziň size delil getirmegimiz mümkin däl. Möminler diňe Alla bil baglasynlar!
12. Biz näme üçin dogry ýolumyzy görkezýän Alla bil baglamaly däl?! Siziň bize berýän ezýetleriňize hökman sabyr- takat ederis. Bil baglaýanlar diňe Alla bil baglasynlar!» diýdiler.
 13. Inkär eden kişiler pygamberlerine: «(Ýa) sizi ýurdumyzdan çykararys ýa-da siz dinimize gaýdyp gelersiňiz» diýdiler. Şonda olaryň Perwerdigäri: «Biz zalymlary hökman heläk ederis» (diýip) wahyý etdi.
 14. Olardan soň olaryň ýerlerine biz sizi hökman (mirasdüşer edip) ýerleşdireris. Bu meniň (belent) mertebämden gorkýan we wadamdan (azabymdan) heder edýän kişi üçindir.
 15. (Şonda pygamberler Alladan) ýardam (ýeňiş) islediler we ähli sütemkärler heläk boldy.
 16. (Beýle kişilere) ondan soň dowzah bardyr. (Olara dowzahda) iriňli suw içiriler.
17. Ony ýuwutjak bolar, (ýöne) ýuwdup bilmez. Oňa her ýandan ölüm geler. (Ýöne) ol ölmez. Onuň yzyndan bolsa agyr azap (geler).
 18. Perwerdigärini inkär eden kişileriň amallary, göýä bir kül mysaly bolup, güýçli ýel öwsüp duran bir günde ýeliň ony sowrup goýberişine meňzeýändir. Olar kesbi-kär eden zatlaryndan hiç zat ele salmazlar. Ine, bu ters ýolda bolmagyň hut aňrybaşydyr.
 19. (Eý, ynsan!) Allanyň hak (we hikmet) bilen asmanlary we ýeri ýaradanyny görmediňmi? Eger islese, sizi gidirip, (ornuňyza) täze halky getirer.
 20. Bu Alla üçin kyn däldir.
 21. (Kyýamat güni ynsanlar) jem bolup, Allanyň huzuryna çykarlar. Ejizler tekepbirlik eden kişilere: «Takyk, biz size eýeripdik. Siz bizden Allanyň azabyndan (az hem bolsa) bir zady sowup bilmezmisiňiz?» diýerler. Olar hem: «Eger Alla bizi dogry ýola gönükdiren bolsady, sizi hem gönükdirerdik. (Indiden soň), dady-perýat etsegem, sabyr-kanagat etsegem, barybir, bize gaçalga ýokdur» diýerler.
 22. Iş (höküm) tamamlanandan soň şeýtan: «Takyk, Alla size hakykaty wada berdi. Men hem wada berdim, (ýöne) size beren wadamdan dändim. Meniň size (höküm etjek) güýjüm ýokdy. Ýöne men sizi (ters ýola) çagyrdym, siz hem maňa boýun egdiňiz. Meni ýazgarmaň, özüňizi ýazgaryň! Ne men size ýardam berip bilerin, ne-de siz maňa ýardam berip bilersiňiz. Takyk, men siziň öň hem meni (Alla) şärik goşmagyňyzy inkär edipdim. Takyk, zalymlar üçin ezýet beriji azap bardyr» diýer.
 23. Iman getirip, ýagşy işleri eden kişiler, Perwerdigäriň rugsady bilen, içinde ebedi galjak hem-de aşagyndan derýalar akýan jennetlere salnar. Olaryň ol ýerdäki saglyk-amanlyk dilegleri «Salamdyr!».
 24. Görmediňmi, Allanyň nähili mysal getirişini? (Alla) gözel sözi, köki (ýerde) mäkäm bolup, şahalary asmanda bolan ýagşy (peýdaly) daragta meňzetdi.
 25. Ol daragt Perwerdigäriň rugsady bilen her zaman miwesini getirer. Alla, ynsanlaryň öwüt-nesihat almaklary üçin, olara şeýle mysallar getirýär.
 26. Ýaman sözüň (Allany inkär edýän sözüň) mysaly, köki-damary ýerden goparylan, bir ýerde ornaşyp, karar tapmaýan peýdasyz agaç ýalydyr.
 27. Alla berk (mäkäm) söz bilen iman getiren kişileri dünýä ýaşaýşynda we ahyretde mäkäm eder. Alla zalymlary azaşdyrar. Alla islän zadyny eder.
 28. Allanyň nygmatyny kapyrlyga çalşan we kowumyny heläket diýaryna alyp baran kişileri görmediňmi?
 29. (Olar) oňa (dowzaha hökman) girerler. (Ol) ýer nähili erbetdir.
 30. (Ynsanlary) Allanyň ýolundan azaşdyrmak üçin Oňa şärikler goşdular. (Eý, Muhammet!) Aýt: «(Häzirlikçe bu dünýäniň nygmatlaryndan) peýdalanyň! Çünki siziň dolanyp barjak ýeriňiz otdur».
 31. (Eý, Muhammet!) Iman getiren bendelerime aýt: «Aluw-satuw we dostluk-ýakynlyk bolmaýan gün gelmezden öň namazy doly okasynlar, gizlin we äşgär halda olara beren rysgalymyzdan (Allanyň razylygyny gazanmak üçin) sarp etsinler.
 32. Alla şeýle bir hudaý bolup, Ol asmanlary we ýeri ýaratdy. Asmandan suw inderdi. Ol (suw) bilen siziň üçin rysgal edip (toprakdan dürli) miweler çykardy. Emri bilen deňizde ýüzmegi üçin gämini siziň erkiňize berdi. Derýalary size boýun egdirdi.
 33. (Borjuny berjaý etmek üçin) dowamly hereket edýän Güni we Aýy size boýun egdirdi. Gijäni we gündizi-de size boýun egdirdi.
 34. Size Ondan islän zatlaryňyzyň ählisini berdi. (Eý, ynsanlar!) Eger Allanyň (size beren) nygmatlaryny sanamaga çalyşsaňyz, sanap gutaryp bilmersiňiz. Elbetde, ynsan örän zalymdyr, diýseň näşükürdir.
35. Bir wagt Ybraýym: «Eý, Perwerdigärim! Bu şäheri (Mekgäni) asuda (şäher) eýle! Meni we ogullarymy butlara uýmakdan daş edeweri!
36. Eý, Perwerdigärim! Olar (butlar) ynsanlaryň köpüsini (dogry ýoldan) azaşdyrdylar. Indi kim maňa eýerse, ol mendendir (Allanyň maňa görkezen hak ýolundadyr). Kim boýun bolmasa, (onuň işi Saňa bagly). Takyk, Sen Bagyşlaýjysyň, Rehim-şepagatlysyň!
37. Eý, Perwerdigärimiz! Men zürýatlarymyň bir bölegini Seniň Beýtil- Haramyň (Käbäň) ýanynda ekinsiz bir jülgä ýerleşdirdim. Eý, Perwerdigärimiz! (Muny) namazy dos-dogry okamaklary üçin (etdim. Eý, Perwerdigärim) ynsanlardan (bir böleginiň) köňülleri olara (perzentlerime söýgi besläp) maýyl bolsun! Olara şükür etmekleri üçin miwelerden rysgal ber!
 38. Eý, Perwerdigärimiz! Elbetde, Sen biziň gizleýän zadymyzy hem, äşgär edýän zadymyzy hem bilýärsiň. Ne ýerdäki, ne-de asmandaky hiç bir zat Alladan gizlin galmaz.
39. Maňa garran çagymda Ysmaýyly we Yshaky beren Alla hamdy-sena bolsun! Elbetde, Perwerdigärim dileg-dogalary eşidýändir.
40. Eý, Perwerdigärim! Meni we zürýatlarymy (dowamly) namaz okaýanlardan et! Perwerdigärimiz! Dogamy kabul et!
 41. Eý, Perwerdigärimiz! Hasap berilýän (kyýamat) gününde meni, ene-atamy we möminleri bagyşlaweri» diýip (dileg etdi).
 42. Allany zalymlaryň edýän zatlaryndan bihabardyr diýip pikir etme. Olary diňe gözleriň gorkudan agaryp, doňup galjak (kyýamat) gününe çenli gijikdirýär.
 43. (Ol gün) olar kellelerini ýokary tutup ylgarlar. (Gorkudan doňup galan) gözleri özlerine aýlanmaz (seretmez). Köňülleri (umytdan) boşdur.
 44. (Eý, Muhammet!) Adamlara duýduryş ber! Ol gün olara azap geler. Şonda zulum eden kişiler: «Eý, Perwerdigärimiz! Bizi (jezalandyrman) ýakyn wagta çenli gijä goý, Seniň çakylygyňy kabul edeli we pygamberlere eýereli» diýerler. (Olara): «Siz owal özüňiziň ýok bolmajagyňyz (heläk edilmejegiňiz) barada kasam etmänmidiňiz?» (diýler).
45. (Ad we semut kowumlary ýaly) özlerine zulum eden kişileriň mesgenlerinde ýerleşdiňiz. Olary nähili (heläk) edenimiz size anyk mälim boldy we Biz size (ybrat almagyňyz üçin) mysallar getirdik.
 46. Takyk, olar (elinden geleni edip) duzaklaryny gurdular. Eger olaryň (mekirlik bilen guran) duzaklary daglary ýok edýän hem bolsa, olaryň (bu) duzaklary Allanyň ýanynda (mälimdir. Alla olaryň guran duzaklaryny bozar, jezasyny berer).
47. (Eý, Muhammet! Sen) hiç haçan Alla pygamberlerine beren wadasyndan däner diýip pikir etme. Takyk, Alla Gudraty güýçlüdir, ar alyjydyr.
 48. Ol gün ýer başga ýere, asmanlar (bolsa başga asmanlara) öwrüler. (Ynsanlar) ýeke-täk bolan (we) hemmeleri boýun egdirip üstün çykýan Allanyň huzuryna çykarlar.
49. Ol gün günäkärleri (aýaklary) gandallanan (zynjyrlanan) halda görersiň.
 50. Olaryň eşikleri katrandandyr. Ýüzlerini bolsa ot çawlar. Düşündiriş: Katran – gara reňkli, ýakymsyz ysly, oda çalt tutaşýan, gyzgyn we ýiti ýag görnüşli madda. Katran gotur açan düýe üçin derman hökmünde ulanylypdyr.
51. Alla her kişini eden işiniň öwezini bermek üçin (direlder). Takyk, Alla çalt hasaba çekýändir.
 52. Bu (Kuran) adamlara duýduryş berilmek üçin, (olaryň) Onuň ýeke-täk Hudaýdygyny bilmekleri üçin we akyl eýeleriniň öwüt (ybrat) almaklary üçin (iberilen) bir beýandyr.