1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

2. 254. Eý, iman getirenler! Söwda-satygyň, dostlugyň we şepagatyň bolmaýan ol (kyýamat) güni gelmezden öň size beren rysgalymyzdan haýyr-sahawat ediň! (Hakykaty) inkär edenler zalymlaryň hut özleridir.

Başy » Sözbaşy » 52-nji süre: «Tur» süresi

«Tur» süresi  Mekgede inen sürelerden bolup, ol 49 aýatdan ybaratdyr. Bu süre Musa pygamberiň ylahy habara gowşan Tur dagy bilen baglanyşykly waka beýan edilýändigi üçin şeýle atlandyrylypdyr. Bu süre kapyrlaryň wahynyň öňünde nädip ejizländiklerini beýän edýär. Sürede ahyret ýaşaýşynda kapyrlara elhenç azaplar beriljekdigi hem-de musulmanlaryň jennetdäki ýaşaýşy beýan edilýär.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2, 3, 4, 5, 6. Tur (dagyna), inçe derä (setir- setir) ýazylan ol kitaba (Kurana), Beýti- magmura (Käbä), ol ýokarsy galdyrylana (asmana) we gaýnaýan (tolkun urup ýatan) deňze kasam bolsun! Düşündiriş: «Beýti-magmur» sözüniň manysy «Ybadat edilýän öý» diýmek bolup, onuň Käbedigi, şeýle-de Arşyň deňinde perişdeleriň yzygiderli ybadat edýän bir ýeridigi bellenilýär.
7. Takyk, seniň Perwerdigäriň azaby hökman amala aşar.
 8. Oňa päsgel bolup biljek (hiç hili güýç) ýokdur!
 9. Ol gün (gelende), asman (özboluşly) çaýkanyş (bilen) güýçli çaýkanar.
 10. Daglar (özboluşly) ýöreýiş bilen ýörär (süýşer).
 11. Ol gün (hakykaty) ýalan hasaplanlaryň waý hallaryna!
 12. Olar çümen batgalyklarynyň içinde oýnap (urnup) durarlar.
 13, 14. Ol gün olar dowzaha tarap iteklenilip: «Bu siziň ýalan hasaplan oduňyz!
 15. (Hany, aýdyň) bu hem jadymy ýa-da siz (henizm) görmeýärsiňizmi?
 16. Oňa giriň! Isle çydaň, isle çydamaň, siziň üçin deňdir. Siz näme iş eden bolsaňyz, (onuň) jezasyny çekersiňiz» (diýler).
 17. Takyk, takwalar jennetlerde we nygmatdadyrlar.
 18. Olar özleriniň Perwerdigäriniň beren zatlarynyň sapasyny sürerler. Özleriniň Perwerdigäri olary ýakyp barýan oduň azabyndan gorandyr (halas edendir).
 19. (Olara: «Bu dünýäde) eden ýagşy işleriňiz üçin, iýiň, içiň, işdäňiz açyk bolsun!» (diýler).
 20. Olar hatar-hatar düzülen tagtlarda oturarlar. Biz olara iri gözli (owadan) hüýrleri ýanýoldaş edip bereris.
 21. Özleri ynanyp, zürýatlary hem imanda özlerine uýanlaryň zürýatlaryny hem olara (iman getirenlere) goşarys (biri- birine duşurarys). Olaryň amallaryndan hiç bir zady (sylagy) kemeltmeris. Her kim öz gazanan zadyna girewdir.
 22. Olara göwün islän (dürli görnüş) miweleri we etli (tagamlary) bereris.
 23. Olar ol ýerde (şerbet doly) käseleri çakyşdyrarlar. (Ony içenler) boş söz aýtmazlar we (olara) günä hem bolmaz.
 24. Olaryň daşynda (hyzmat etmek üçin) sadapda saklanýan gizlin dür ýaly ýaş hyzmatkär oglanlar aýlanarlar.
 25, 26, 27, 28. Olar (biri-birlerine): «Biz öň (dünýäde) maşgalamyzyň arasynda (geljegimiz barada) alada ederdik. Alla bize merhemet etdi we bizi gowrup barýan oduň azabyndan gorady. Takyk, biz öň Ondan (bizi otdan goramagyny) dileg ederdik. Takyk, Ol (Alla) ýagşylyk berýändir, Rehim-şepagatlydyr» diýerler.
 29. (Eý, Muhammet!) Sen öwüt (bilen ynsanlara dogry ýoly salgy) ber! Sen Perwerdigäriň (beren) nygmaty bilen (kapyrlaryň aýdyşlary ýaly) ne jadygöýsiň, ne-de dälisiň.
30. Ýa-da olar (sen barada: «Ol) bir şahyrdyr, biz (zamananyň) onuň (başyna getirjek) betbagtlyklaryna garaşýarys» diýýärlermi?
 31. Sen (olara): «Garaşyň (bakaly)! Takyk, men hem siziň bilen (ahyrky netijäňize) garaşýaryn» diýip aýt.
 32. Muny olara akyllary emir edýärmi (aýtdyrýarmy) ýa-da olar azgyn kowum (bolandyklary üçin edýärlermi)?
 33. Ýa-da (olar saňa): «Ony (Kurany) onuň (Muhammediň) özi toslady» diýýärlermi? Ýok, (muňa) olaryň (özleri hem) ynanmazlar.
 34. Eger dogruçyl bolsalar, onuňky (Kuranyňky) ýaly bir söz getirsinler.
35. Olar hiç zat bolmazdan (ýaradyjysyz) ýaradyldylarmy? Ýa-da olaryň özleri ýaradyjymy?
 36. Ýa-da asmanlary we ýeri olar ýaratdymy? Ýok, olar (muňa anyk) ynanmazlar.
37. Ýa-da seniň Perwerdigäriň hazynasy olaryň ýanyndamy? Ýa-da olaryň özleri ähli zada eýemi?
 38. Ýa-da olaryň (asmanlardaky habarlary) diňlemek üçin (ýokary çykar ýaly) basgançagy barmy? Eger (şeýle bolsa), ol (habar) diňleýänleri (perişdeleriň sözlerini diňleýändigine degişli) anyk bir delil getirsin?
 39. Ýa-da gyz perzentler Onuňky (Allanyňky), oglanlar bolsa siziňkimi?
 40. Ýa-da sen (wahyny getireniň üçin) olardan hak isläniň sebäpli, olar agyr bergi ýüküniň aşagynda galdylarmy (kyn ýagdaýa düşdülermi)?
 41. Ýa-da gaýyba (degişli habar) olaryň ýanynda bolup, olar (göwün isleýişleri ýaly) ýazýarlarmy?
 42. Ýa-da olar duzak gurmak isleýärlermi? Bes, duzaga düşjekler inkär edenleriň hut özleridir!
43. Ýa-da olaryň Alladan başga hudaýy barmy? Alla olaryň goşýan şäriklerinden päkdir.
 44. Eger olar asmandan bir bölegiň gaçandygyny görseler (kejirlikden ýaňa): «(Bular) üsti-üstüne goýlan bulut» diýerler.
45. Bes, sen olary depelenjek günlerine (sur çalynmagyna) gowuşýançalar (öz erklerine) goý!
 46. Ol gün olaryň hileleri olara hiç hili peýda bermez, olara kömek hem edilmez.
47. Takyk, ol zulum edenlere mundan başga-da azap bardyr. Ýöne olaryň köpüsi (muny) bilmezler.
 48. Sen Perwerdigäriň hökümi (amala aşýança) sabyr et! Takyk, sen Biziň goragymyzdasyň. (Namaza) turan wagtyň Perwerdigäriňi hamdy-sena bilen tesbih et!
 49. Sen gijäniň (bir böleginde) we ýyldyzlar batanyndan soň Ony (Allany) tesbih et!