1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

2. 264. Eý, iman getirenler! Alla we ahyret gününe ynanmaýan we öz emlägini ynsanlaryň görmegi üçin sarp edýänler ýaly minnet we ynjytmak bilen eden haýyr-sahawatlaryňyzy puja çykarmaň! Onuň mysaly üstünde sähelçe toprak bolan ýylçyr daşyň mysaly ýalydyr. Onuň üstüne çabga ýagyp, ony ýylmanak daşa öwrer. Olar gazanan hiç zatlaryna eýe bolmazlar. Alla kapyrlary dogry ýola salmaz.

Başy » Sözbaşy » 73-nji süre: «Muzzemmil» («Bürenip ýatan»)

«Muzzemmil» süresi Mekgede ilki inen süreleriniň biri bolup, ol 20 aýatdan ybaratdyr. Ol adyny ilkinji aýatda pygamberimize ýüzlenilip aýdylýan sözden alandyr. «Muzzemmil» sözi «Bürenip ýatan» diýmegi aňladýar. Sürede pygamberiň we oňa ynanan möminleriň gije ybadat etmekleri, Allanyň birligi, Oňa bil baglamak, Oňa tabyn bolmagyň syrlary we bu dini inkär edenleriň pajygaly soňlanmalary beýan edilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Eý, bürenip ýatan (pygamber)! Düşündiriş: Pygamberimiz Muhammet aleýhissalama ilkinji gezek wahyý gelende, Jebraýyl perişde oňa öz asyl suratynda görünýär. Ol hem gorkup, öýüne tarap gaýdýar we maşgalasy Hatyja: «Meniň üstümi ört!» diýýär. Onuň üstüni örtýärler. Pygamberimiz bürenip ýatyrka, Jebraýyl perişde ýene gelip bu süräni wahyý edýär.
 2. Gijelerine turup, (onuň köp bölegini ybadat bilen geçir), meger az wagt (ukla)!
 3. (Ýagdaýa görä) gijäniň ýarysyny ýa-da ondan hem az ýa-da köp wagtyňy (ybadat et)!
 4. Kurany tertil bilen (pikirlenip, her aýatyň soňunda säginip) oka!
 5. Biz saňa agyr bir söz (wahyý) iberjekdiris.
 6. Takyk, gijelelerine turup (ybadat etmegiň kalba) täsiri uludyr we (bu) dogry sözdür.
 7. Takyk, gündiz saňa päsgel berjek uzyn (birtopar) iş bardyr.
 8. Sen Perwerdigäriň (beýik) adyny zikir et! (Diňe Alla bil bagla hem-de) bütin durkuň bilen diňe Oňa ýönel!
9. Ol Gündogaryň we Günbataryň Perwerdigäridir. Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Sen diňe Ony dost tutun!
 10. Olaryň (kapyrlaryň) aýdýan zatlaryna sabyr et we olary emaý bilen terk et!
 11. Sen özlerine (dünýä) nygmaty berlip, (hak dini ýalan hasaplan) ýalançylary Maňa goý! Olara biraz möhlet ber!
 12, 13. Takyk, Biziň ýanymyzda gandallar, otly alawlar, bogaza tegek bolan tagamlar we jebir-jepaly azap bardyr.
 14. (Ol gün) ýer we daglar güýçli (ýagdaýda) sarsylar, daglar üýşen gum depelerine öwrüler.
15. (Eý, kapyrlar!) Biz, (birmahal) Fyrgawna bir ilçi iberşimiz ýaly, size hem şaýat boljak bir ilçi iberdik.
16. Bes, Fyrgawn pygambere garşy çykdy. Biz ony ýowuz azap bilen jezalandyrdyk.
 17. Eger siz inkär etseňiz, (elhençliginden ýaňa kiçijik) çagalary hem (ak saçly) garrylara öwürjek ol günden (özüňizi) nädip gorap bilersiňiz?
18. Ol günüň (elhençliginden ýaňa) asman çaýkanar (ýarylar). Allanyň wadasy (hökman) amala aşar.
 19. Takyk, bu (aýatlar) bir öwütdir (we duýduryşdyr). Bes, (kim islese) Perwerdigärine barýan ýoly tutsun (islemedik tutmasyn)!
 20. (Eý, Muhammet!) Takyk, Perwerdigäriň seniň (käwagt) gijäniň üçden ikisine ýakyn wagtyny, (käwagt) ýarysyny, (käwagt hem) üçden birini (ybadat bilen) geçirýändigiňi, seniň ýanyňda (orun alan) bir toparyň hem muny berjaý edýändigini bilýär. Gijäni we gündizi (ýaradyp, olaryň möhletlerini) ölçän (hem) Alladyr. Ol siziň muny sanap bilmejekdigiňizi bilýändigi (ýagny siziň gijäni tutuşlygyna ybadat bilen geçirip bilmeýänligiňiz) üçin (Öz pazly-keremi bilen) siziň tobaňyzy kabul etdi. (Siz) Kurandan (başardygyňyzça) özüňize ýeňil gelen bölegini okaň! Alla siziň araňyzda hassalaryň hem boljakdygyny bilýär. Siziň käbiriňiz, Allanyň pazly-kereminden (nesibeleriňizi) gözlemek üçin, (ýol geçip), ýer ýüzüniň (çar künjüne) aýlanýarsyňyz. Käbiriňiz bolsa Allanyň ýolunda söweş üçin (ýörişe) çykýarsyňyz. (Geliň) indi Kurandan (başardygyňyzça) özüňize ýeňil gelen bölegini okaň! Namazy doly berjaý ediň! Zekat beriň! Alla ýagşy karz beriň (Allanyň razylygy üçin haýyr-sahawat ediň!) Siz öz ýagşylygyňyz üçin (ahyrete) näme taýýarlasaňyz, Allanyň ýanynda ony (sogaby) has haýyrly we köpeldilen halda taparsyňyz. Alladan ýalkaw diläň! Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.