1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

21.74. Luta pygamberlik hem-de ylym berdik. Ony erbet işler bilen meşgul bolýan oba-şäheriň halkyndan halas etdik. Takyk, olar ýaramaz we örän bozuk adamlardy.

Başy » Sözbaşy » 104-nji süre: «Hümeze» («Gybat edýänler»)

«Hümeze» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 9 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji sürede agzalýan «Gybat edýän, ýaňsylaýan» manysynda bolan «Hümeze» sözünden alnandyr. Bu sürede ynsanlary ýazgarmagyň, aýyplamagyň erbetdigi, beýle iş edýänler üçin taýýarlanan dowzah odunyň aýylgançdygy beýan edilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. (Ynsanlaryň) yzyndan gep-gybat edýänleriň, aýyplaýanlaryň, olary (köpçülikde göz-gaş kakyp) ýaňsylap, peseldýänleriň (kyýamat güni) waý hallaryna!
 2. Ol (özüniň) ýygnan mal-mülküni sanar durar.
 3. Ol (ýygnan bu) mal-mülki özüni ebedi ýaşadar öýder.
 4. Ýok, beýle däl! Ol hökman Hutamä oklanar.
 5. Sen Hutamäniň nämedigini näbiljek?
 6. (Ol) Allanyň tutaşdyran odudyr.
 7. Ol ot ýüreklere çenli ýetip (ony ýakar).
 8. Bu ot olaryň (gybatkeşleriň) üstüne örtülendir.
 9. (Özleri hem bu oduň içinde) uzyn sütünlere daňlandyr.