1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

13.37. Ine, şeýdip, Biz ony (Kurany) arap dilinde hikmetli höküm edip inderdik. Eger sen özüňe gelen (bu) ylymdan soň, olaryň haýy-höweslerine eýerseň, (bilip goýgun) seni Alladan (gorajak) ýardamçy hem ýokdur, goragçy hem ýokdur.

Başy » Sözbaşy » 107-nji süre: «Mägun» («Ýardam bermek»)

«Mägun» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 7 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady «Ýardam bermek» manysynda bolan we iň soňky aýatda agzalýan «Mägun» sözünden alnandyr. Bu sürede iman getirmegiň, jemgyýetde daýanyşmagyň we ýardamlaşmagyň ähmiýeti we zerurlygy barada aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Sen dini (kyýamaty) inkär edýäni gördüňmi?
 2. Ol ýetimi kowup goýberýän (adamdyr).
 3. Ol garyba (misgine) tagam bermegi halamaz.
 4, 5. Okan namazlaryndan özleri gapyl bolanlaryň (namazy wagtynda okamaýanlaryň) waý hallaryna!
 6, 7. Olar (edýän işlerini) göz üçin edip, haýyr işlere hem päsgel bolýanlardyr.