1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 87. Eý, iman getirenler! Allanyň siziň üçin halal eden päk zatlaryny (terkidünýälik maksady bilen) özüňize haram etmäň we hetden aşmaň! Takyk, Alla hetden aşýanlary halamaz.

Başy » Sözbaşy » 36-njy süre: Ýäsin

«Ýäsin» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 83 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda gelýän elipbiý harplary bolan «ýä» we «sin» harplarynyň guşulyp gelýändigi sebäpli, bu at bilen atlandyrylypdyr. Käbir alymlaryň garaýşyna görä, «Eý, ynsan!» manysyny aňladýan «Ýäsin» diýmek bilen Muhammet aleýhissalama ýüzlenilýär. «Ýäsin» süresinde Haky ykrar edýänler bilen etmeýänleriň ahwalaty, kyýamatda boljak zatlar we Allanyň gudratynyň beýany getirilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1, 2. Ýäsin. Hikmetli Kurana kasam bolsun!
 3. Takyk, sen iberilen (pygamberlerdensiň).
 4. Sen dogry ýoldan barýarsyň.
 5, 6. Bu (Kuran) Gudraty güýçli we Rehim- şepagatly (Alla) tarapyndan ata-babalaryna duýduryş berilmedik, (şonuň üçin hem) gapyl galan kowuma duýdurmagyň üçin inderilendir.
7. Kasam bolsun! Olaryň köpüsine (jeza bermek) söz hakykat boldy! Bes, olar iman getirmezler.
 8. Biz olaryň boýunlaryna eňeklerine çenli ýetip duran halkalar geçirdik. (Şol halkalar sebäpli) kelleleri ýokaryk bakyp durandyr.
 9. Biz olaryň öňlerinden bir bent, yzlaryndan hem bir bent etdik. (Şeýdip), olary gabap goýduk. Indi olar (hakykaty) görüp bilmezler.
10. Sen olary (azap bilen) gorkuzsaň-da, gorkuzmasaň-da, (olar üçin) tapawudy ýok, (bary bir) ynanmazlar.
11. Sen diňe Kurana eýerýän görmese hem, Rahmandan (Alladan) gorkýan (adama) duýduryp bilersiň! Ine, ony (Allanyň) ýalkawy we ýagşy sylagy bilen söýünjile.
 12. Takyk, Biz ölüleri hökman direlderis we olaryň öň eden (hemme işlerini) hem- de (soňky galdyrjak) yzlaryny (işlerini) ýazyp goýarys. Biz ähli zady aýdyň ýol görkezijide (Lowhy-mahfuzda) ýazyp goýduk. 442
13. (Eý, Muhammet!) Sen olara ilçiler gelen (iberilen) obanyň (şäheriň) halkyny mysal getir.
 14. (Haçanda) Biz olara iki sany ilçini iberenimizde (olar) ol ikisini ýalançy hasap etdiler. Soň üçünji ilçi bilen goldaw berdik. (Ilçiler): «Dogrusy biz (Allanyň) size iberen ilçileridiris» diýdiler.
 15. Olar (ilçilere): «Siz biz ýaly (adaty) ynsanlar (ahyry). Rahman (Alla) hiç zady indermedi. Siz diňe ýalan sözleýärsiňiz» diýdiler.
 16. (Ilçiler bolsa olara): «Perwerdigärimiz, takyk, biziň size iberilen ilçilerdigimizi bilýändir.
 17. Biziň wezipämiz diňe size (Allanyň buýruklaryny) açykdan-açyk ýetirmekdir» diýdiler.
 18. (Soň olar): «Dogrusy, siziň bilen bize şumluk gelýär. Eger-de siz (bu päliňizden) dänmeseňiz, kasam edýäris, biz sizi daşlarys. Biziň tarapymyzdan size juda ýowuz azap gelip ýeter» diýdiler.
 19. (Ilçiler) olara: «Siziň şumlugyňyz özüňize bolsun! Eger-de size nesihat berilýän bolsa (munuň nämesi şumluk bolsun)? Tersine, siz hetden aşan kowumsyňyz» diýdiler.
 20. (Şol wagt) şäheriň çetki (künjeginden) bir adam ylgap geldi. Ol: «Eý, kowumym! Bu ilçilere boýun boluň!
 21. Sizden hak (tölemegiňizi) islemeýän bu adamlara eýeriň, (sebäbi) olar dogry ýola tabyn bolan (kişilerdir).
22. Men näme üçin özümi Ýaradana ybadat etmeli däl?! Siziň (hemmäňiz) Oňa dolanyp bararsyňyz.
 23. Men, Alladan başga hudaýlary tututunaýynmy? Eger Rahman (Alla) maňa (haýsydyr) bir zyýan ýetirmek islese, onda olaryň (Alladan özge hudaý hasaplaýanlaryňyzyň) şepagaty maňa hiç hili peýda bermez. Olar meni halas hem edip bilmez.
 24. Beýle ýagdaýda men äşgär (görünip duran) ters ýolda bolaryn.
 25. Takyk, men siziň Perwerdigäriňize iman getirdim, maňa gulak asyň!» (diýdi). Düşündiriş: Ol adamyň bu sözlerinden soň kapyrlar: «Diýmek, sen hem onuň dininden ekeniň» diýip, ony daşlap başlaýarlar. Ol adam hem şol ýerde jan berýär.
 26, 27. (Ol adama: «Eý, bendäm: «Gel), jennete gir!» diýildi. Şonda ol: «Käşgä, kowumym hem Perwerdigärimiň meniň günälerimi geçendigini we meni hormatly kişilerden edendigini bilsediler» diýdi.
 28. Biz ondan soň, onuň kowumynyň üstüne (olary heläk etmek üçin) asmandan goşun indermedik. Indermekçi hem däldik.
 29. Diňe elhenç bir ses boldy. Olar dessine (duran ýerlerinde doňup) sönüp galdylar.
 30. Özlerine bir pygamber gelende , onuň üstünden gülüp ýaňsylaýan ol bendelere haýp bolsun!
 31. Olar (Alla şärik goşanlar) özlerinden öň öten ençe kowumlary heläk edendigimizi görmeýärlermi eýsem? Olar gaýtadan dolanyp, olaryň ýanlaryna gelip bilmezler.
 32. Elbetde, olaryň hemmesi jemlenip (kyýamat gününde) biziň huzurymyza getiriler.
 33. (Bu meselede) öli toprak olar üçin bir ybrat nyşanydyr. (Biz topraga ýagyş bilen) jan berdik we ýerden dänesini (gögerdip) çykardyk. Ine, olar (ynsanlar) şondan iýýärler.
 34, 35. Biz ýeriň ýüzünde (ençe-ençe) hurma bossanlaryny, üzüm baglaryny döretdik. (Ynsanlaryň) şol (bossanlaryň) miwesini hem-de öz elleri bilen öndüren zatlaryny iýmekleri üçin, ol ýerlerde (ençe) çeşmeleri akdyryp goýduk. Eýsem, olar (şonda-da) şükür etmeýärlermi?
 36. Ýeriň öndürip-ösdüren zatlaryndan, ynsanlaryň özlerinden hem-de entek bilmeýän zatlaryndan barça jübütleri ýaradan Alla (ähli kemçiliklerden) päkdir.
 37. Gije (hem) olar üçin ybrat nyşanydyr. Biz ondan gündizi çekip aýyrýarys, olar şonda dessine tümlükde galýarlar.
 38. Gün özüne görkezilen (kesgitli) ýere tarap akar. (Ine), bu Gudraty güýçli hem- de (ähli zady) bilýän (Allanyň) takdyrydyr (ýola goýan düzgün-nyzamydyr).
 39. Aý üçin hem birnäçe menzilleri (ýollary) kesgitläp goýduk. Ahyrynda Aý hem egrelen hurma şahasy dek (ýaý şekilli Aý halyna) gaýdyp geler.
 40. Ne Gün Aýyň (yzyndan) ýetip biler ne-de gije gündüziň öňüne geçip biler. Olaryň hersi bir pelekde (orbitasynda) ýüzerler (aýlanarlar).
 41. Olaryň (Adam atanyň we How enäniň) zürýatlaryny üsti doly (Nuhuň) gämisinde daşamagymyz hem olar üçin (uly) ybratdyr.
 42. Biz olar üçin şoňa meňzeş münülýän (başga) zatlary hem döredip berdik.
 43. Islesek, olary suwda gark edip hem bileris. Şonda ne olaryň (dadyna) ýetişenler (tapylar), ne-de olar (gazapdan) halas edilerler.
44. Emma biz olara merhemet ederis hem-de belli bir wagta çenli (dünýä ýaşaýşyndan) peýdalanmaga (rugsat bereris).
 45. Olara: «Merhemet edilmegiňiz üçin siziň indiki etjek işleriňiz zerarly Alladan gorkuň!» diýlende, olar (muňa düýbünden gulak gabartmazlar).
 46. Olara özleriniň Perwerdigäriniň aýatlaryndan bir aýat gelende, ondan ýüz öwürýärler.
 47. Olara «Allanyň size rysgal edip beren zadyndan (Alla ýolunda) sarp ediň!» diýlende, kapyrlar möminlere: «Allanyň islese tagam berjek kişisine biz tagam berelimi? Takyk, siz göz-görtele ters ýoldasyňyz» diýdiler.
48. Olar: «Eger siz dogruçyl bolsaňyz, ol wada (azap) haçan bolar?» diýýärler.
 49. Olar diňe biri-birleri bilen çekeleşip durkalar, (duýdansyz ýagdaýda) özlerini tutjak elhenç bir sese garaşýarlar.
 50. Ine, şol wagt olar ne biri- birlerine wesýet edip ýetişerler, ne-de maşgalalaryna gaýdyp baryp bilerler.
 51. (Ahyry hem) sura üflener. Şol wagt olar guburlaryndan turarlar we ylgaşyp özleriniň Perwerdigärine giderler.
 52. (Şonda) olar: «Bize haýp bolsun! Bizi guburlarymyzdan kim turuzdy (çykardy)? Bu Rahmanyň (Allanyň) wadasydyr. Pygamberler dogry aýdypdyrlar» diýerler.
 53. (Şol wagt) diňe elhenç bir ses bolar. Şonda olaryň hemmesi dessine biziň huzurymyzda häzir bolarlar.
 54. Şol gün hiç kime hiç hili zulum (adalatsyzlyk) edilmez. Siz (ol ýerde) diňe eden işleriňiziň sylagyny alarsyňyz.
 55. (Kyýamat) güni jennetiler, elbetde, nygmatlaryň hözirini görerler.
 56. Olar we jübütleri kölegeli ýerlerde sekilere ýaplanyp oturarlar.
 57. Ol ýerde olar üçin (dürli-dümen) ir- iýmişler bardyr. Olar üçin ol ýerde islän zady bolar.
 58. Olara rehim-şepagatly Perwerdigär tarapyndan salam sözi (aýdylar).
 59. (Olara): «Eý, günäkärler! Hany, bu gün (ýagşylardan) saýlanyň!» diýler.
 60, 61. Eý, Adam perzentleri! Size: «Şeýtana ybadat etmäň (boýun bolmaň), çünki ol size göz-görtele duşmandyr. Maňa ybadat ediň, sebäbi dogry ýol budur» diýip äht edip aýtmadymmy?
 62. Şeýtan siziň (araňyzdan) nesilleriň köpüsini azdyryp aldawa saldy. (Henizem) akylyňyzy ulanyp pikirlenjek dälmisiňiz?!
 63. Ine, bu size wada berlen dowzahdyr.
 64. Inkär edip, kapyr bolandygyňyz sebäpli, bu gün oňa (dowzaha) giriň!
 65. Bu gün olaryň agyzlaryny möhürläp goýarys, olaryň eden işlerini Bize öz elleri gürrüň berer, aýaklary hem şaýatlyk eder.
 66. Eger Biz islesedik, olaryň gözlerini bütinleý kör edip goýardyk. Şonda olar dogry ýoly tapmak üçin ylgaşardylar, emma olar (hakykaty) nädip görüp bilsinler!
 67. Eger Biz islesedik, duran ýerlerinde olaryň durkuny (sypatyny) üýtgederdik. Olar öňe-de gidip bilmezler, yza-da gaýdyp bilmezler.
 68. Biz kime uzak ömür bersek, onuň (ýagdaýyny) tersine öwreris. (Ynsan gartaşansoň tapdan düşüp çaga ýaly, akyl we beden taýdan ejizlemek bilen bolar. Heý), akyllaryny ulanyp pikirlenmeýärlermi?
 69. Biz oňa (pygambere) şygyr-goşgy öwretmedik. Bu oňa (pygamberligine) gelişmez. (Onuň aýdýanlary) diňe Alladan gelen nesihatdyr we aýdyň Kurandyr.
 70. (Ol) dirilere duýduryş berýän, kapyrlara bolsa sözüň (azabyň) laýyk boljakdygyny (habar berýän Kurandyr).
 71. Olar biziň ellerimiz (gudratymyz) bilen özleri üçin ýaradan ençe mallarymyza-haýwanlarymyza eýe bolýandyklaryny görmeýärlermi eýsem?
 72. Bu haýwanlary olaryň ygtyýarlaryna berdik. Olaryň käbirlerini münmek üçin, käbirlerini bolsa iýmek üçin (ulanýarlar).
73. Bu haýwanlarda olar üçin ençe peýdalar hem-de içmekleri üçin (süýt) bardyr. (Eýsem) henizem şükür etmeýärlermi?
 74. Olar özlerine kömek eder öýdüp (gümanlary bilen) Alladan özge hudaýlar tutundýlar.
 75. Ýöne (hudaýlaryň) olara kömek etmäge güýçleri ýetmez. (Gaýtam tersine) olaryň özleri ol (toslama hudaýlara hyzmat edýän) taýýar esgerlerdir.
76. (Eý, pygamber!) Olaryň aýdýan sözleri seni gynandyrmasyn! Takyk, biz olaryň gizlin zatlaryny hem, äşgär zatlaryny hem bilýäris. Düşündiriş: Ölümden soňky direlmegi inkär edýän Ubeý ibn Halef atly bir kapyr eline çüýräp giden bir süňki alyp, ony owradýar. Soň bolsa pygamberimize ýüzlenip: «Sen Allanyň çüýräp giden bu süňkleri täzeden direltjegine ynanýarsyňmy?» diýýär. Pygamberimiz hem oňa: «Hawa, ol direlder, seni hem dowzaha salar» diýýär. Bu wakadan soň hem aşakdaky aýatlar inýär.
 77. Eýsem, (ol kapyr) adam (Biziň) özüni bir damja erkeklik suwundan ýaradandygymyzy görmeýärmi? Ol Bize göz-görtele duşmançylyk edýär.
 78. Ol öz ýaradylyşyny ýatdan çykaryp, Bize garşy mysal getirmäge (akyl öwretmäge) synanyşýar. Ol: «Çüýräp giden bu süňkleri kim direldip biler?» diýýär.
 79. Oňa: «(Olary) ilkibaşda kim ýaradan bolsa, şol hem (täzeden) direlder. Çünki Ol ähli görnüşdäki ýaratmagy bilýändir» diýip aýt.
 80. Ol ýaşyl (öl) agaçdan siziň üçin ot çykarýan hem (Alladyr). Siziň özüňiz hem (ondan) ot ýakýarsyňyz. Düşündiriş: Çarwa araplar «Merh» we «Ufar» diýilýän agaçlary biri-birine süýkäp, ondan ot çykarar ekenler. Bu aýatda hem ýaşyl (öl) agaçlardan ot çykarmaga güýji ýeten Allanyň, çüýrän süňkleri direltmäge hem güýjüniň ýetjekdigi aýdylmak islenýär.
 81. Asmanlary we ýeri ýaradanyň, (heý- de) ýene-de şonçasyny ýaratmaga güýji ýetmezmi? Elbetde (ýeter)! Ol ähli zady ýaradyjydyr we (ýaratmagy we ähli zady gowy) bilýändir.
 82. Ol bir zady (ýaratmak) islän wagty Onuň işi oňa diňe «Bol!» diýmekdir. Ol (zat) dessine (peýda) bolar.
83. Ähli zadyň mülki (hökmürowanlygy) elinde bolan Alla ähli kemçiliklerden päkdir! Siz hem Oňa dolanyp bararsyňyz.