1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

67. 26. Aýt: «Takyk, (kyýamatyň geljegi baradaky) ylym Allanyň ýanyndadyr. Takyk, Men (diňe) äşgär bir duýduryjydyryn».

Başy » Sözbaşy » 62-nji süre: «Juma» («Anna güni»)

«Juma» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 11 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň 9-njy aýatynda juma namazynyň parzdygy aýdylýandygy üçin oňa «Juma» diýlip at berlipdir. Bu sürede Muhammet aleýhissalamyň pygamberliginiň adamzada peýdasy, ýahudylaryň özlerini beýleki milletlerden artyk hasaplap, bu düşünjelerini dinlerine hem ornaşdyrmakçy bolandyklary we onuň zyýany, şeýle-de yslam dininiň bütin ynsanlyga gujak açýan ybadat düşünjesi barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zatlar Melik (Hökümdar), Kuddus (Mukaddes), Eziz (Gudraty güýçli) we Hekim (Hikmet eýesi) bolan Allany tesbih edýär.
2. Ol (aglabasy) bisowat (ynsanlaryň arasyna) özlerinden bolan bir ilçi iberdi. (Bu ilçi) olara Allanyň aýatlaryny okap berýär, olary (ynançlaryna we hal- hereketlerine ýetirýän zeperlerden) päkleýär. Olara kitaby hem-de hikmeti öwredýär. Olar mundan öň äşgär ters ýoldadylar.
 3. Ol (Alla pygamberi) olardan (möminlerden) heniz özlerine goşulmadyk bolan beýleki (ynsanlara) hem (iberendir). Takyk, Ol (Alla) Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 4. Bu Allanyň pazly-keremidir (we) ony öz islänine berer. Alla uly pazly-kerem eýesidir.
 5. Töwratyň (hökümini ynsanlara ýetirmegi we onuň hökümlerini berjaý etmek garamatyny) göterip (kabul edip), soň bu (garamaty) göterip (ýerine ýetirip) bilmedikleriň mysaly, (birnäçe jilt) kitap göterýän eşek ýalydyr. Allanyň aýatlaryny ýalan hasaplanlaryň (düşen) ýagdaýlary nähili erbetdir! Alla (beýle) zalymlar kowumyny (hergiz) dogry ýola salmaz.
 6. (Olara): «Eý, ýahudylar! Siz özüňizi beýleki ynsanlardan (artyk hasaplap), Allanyň dostlarydygyňyzy öňe sürýärsiňiz. (Eger) siz (bu aýdýan zatlaryňyzda) dogruçyl bolsaňyz, hany (onda) ölümi arzuw ediň-dä!» diýip aýt.
 7. Emma olar, elleri bilen eden etmişleri sebäpli, hiç haçan ölümi arzuw etmezler. Alla zalymlary gowy bilýändir.
 8. (Eý, Muhammet!) Sen (olara): «Siziň gaçýan ol ölümiňiz sizi hökman tapar. Soň hem siz (göze) görünmeýän we görünýän (ähli zady) bilýän (Allanyň ýanyna) dolanyp getirilersiňiz. Ol siziň eden işleriňizi (size) habar berer» diýip aýt.
 9. Eý, iman getirenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allany ýatlamaga (namaza) howlugyň, söwda-satyk (işleriňizi) taşlaň! Eger biler bolsaňyz, bu siziň üçin (has) haýyrlydyr!
 10. Namaz gutarandan soň bolsa ýer ýüzüne ýaýraň (işleriňizi berjaý ediň) we Allanyň pazly-kereminden (nesibäňizi) gözläň! Halas bolmagyňyz üçin Allany köp zikir ediň (ýatlaň)!
11. Olar (sen hutbada) dik durkaň, bir söwda ýa-da bir (biderek) güýmenje görüp, ol ýere tarap gidip, seni taşladylar. (Olara): «Allanyň ýanyndaky (ahyretde bar bolan) nesibe (bu ýerdäki) güýmenjeden we söwdadan, (elbetde), has haýyrlydyr. Alla rysgal berýänleriň iň haýyrlysydyr» diýip aýt. Düşündiriş: Bir gün Medinede açlyk, guraklyk ýyllarynda bir kerweniň gelip düşländigini eşiden musulmanlar, beýle ýagdaýda pygamberi goýup gitmeli däldigini bilmänsoňlar, juma namazynyň hutbasyny okap duran pygamberi taşlap, metjitden çykyp gidiberipdiriler. Ýokardaky aýat juma namazynyň wagyzynyň (hutbasynyň) ähmiýetini habar berýär.