1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

12.76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.

Başy » Sözbaşy » 99-njy süre: «Zilzäl» («Ýertitreme»)

«Zilzäl» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 8 aýatdan ybaratdyr. Süre adyny ilkinji aýatda agzalan we «Ýertitreme» manysyny aňladýan «Zilzäl» sözünden alandyr. Bu sürede kyýamatyň öňýanynda boljak güýçli ýertitremesi, soň hem ähli ölüleriň mazarlaryndan çykyp berjek hasaby barada aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Ýer güýçli titrän wagty!
 2. (Ýer öz aşagyndaky) ähli ýüklerini (çogduryp daşyna) çykaran wagty!
 3. Ynsan öz-özüne «Näme bolýarka?» diýen wagty!
 4. Ine, şol gün, ýer (üstünde bolup geçen ähli zatlary) habar berer.
 5. Sebäbi Perwerdigäri oňa bulary wahyý eder.
 6. Ine, şol gün ynsanlar eden işlerini görmek üçin (mazarlaryndan çykyp) bölek-bölek (bolup gelerler).
 7. Kim zerre mukdarynda haýyr eden bolsa, onuň (peýdasyny) görer.
 8. Kim hem zerre mukdarynda şer (günä) iş eden bolsa, onuň (zyýanyny) görer.