1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

28. 14. Ol kämillige ýetip (akyl käsesi) dolandan soň, Biz oňa hikmet we ylym bagyş etdik. Biz salyhlary şeýle sylaglaýarys.

Başy » Sözbaşy » 102-nji süre: «Tekäsur» («Köplük bilen buýsanmak»)

«Tekäsur» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 8 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Köplük bilen buýsanmak» sözünden alnandyr. Bu sürede islendik meselede men- menlik edip, bir zadyň köplügi bilen buýsanmagyň ynsany aldaýandygy we ynsanlaryň başyna geljek hadysalar barada aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Siz (wagtlaýyn dünýädäki näzi- nygmatlaryňyzyň, mal-mülküňiziň, perzentleriňiziň sanlarynyň) köplügine buýsanyp, (olary köpeltjek bolup) aldandyňyz (başagaý bolduňyz).
 2. Siz ahyry guburlary zyýarat etdiňiz, (ýagny siz mal-mülküňizi köpeltmek bilen gümra bolup, ahyrynda hem gabra girdiňiz).
 3. Ýok! Siz (goýberen ýalňyşlaryňyza) tiz wagtda göz ýetirersiňiz.
 4. Soň siz tiz wagtda (anyk) göz ýetirersiňiz.
5. Ýok, beýle däl! Eger siz anyk görnüşde bilsediňiz (beýle günä işleri etmezdiňiz).
 6. Siz dowzahy hökman görersiňiz.
 7. Soň siz ony (ahyretde) hut öz gözleriňiz bilen görersiňiz.
 8. Soň siz ol gün (dünýäde özüňize berlen) nygmatlardan hökman soraga çekilersiňiz.