1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

2. 264. Eý, iman getirenler! Alla we ahyret gününe ynanmaýan we öz emlägini ynsanlaryň görmegi üçin sarp edýänler ýaly minnet we ynjytmak bilen eden haýyr-sahawatlaryňyzy puja çykarmaň! Onuň mysaly üstünde sähelçe toprak bolan ýylçyr daşyň mysaly ýalydyr. Onuň üstüne çabga ýagyp, ony ýylmanak daşa öwrer. Olar gazanan hiç zatlaryna eýe bolmazlar. Alla kapyrlary dogry ýola salmaz.

Başy » Sözbaşy » 114-nji süre: «Näs» («Ynsanlar»)

«Näs» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 6 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady her aýatyň soňunda gaýtalanýan we ynsanlar diýmek bolan «Näs» sözünden alnandyr. Bu süre «Felak» süresiniň dowamy hökmünde bolup, onda Beýik Alladan gorag-pena islenilýär. Bu soňky iki sürä «Muawwizeteýn» («Pena islenilýän iki süre») diýilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1, 2, 3, 4, 5, 6. Aýt (eý, Muhammet!): «Men ynsanlaryň Perwerdigärine, ynsanlaryň Hökümdaryna, ynsanlaryň Hudaýyna sygnyp, (gaflatda wagty) ynsanlaryň gursaklaryna (ýüreklerine) was-wasy salýan, (Allany ýatlaýan wagty bolsa gaçýan) ynsanlardan we jynlardan bolan şeýtanyň şerinden pena isleýärin!».