1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 8. Eý, iman getirenler! Allanyň (haky) üçin dogry ýoly tutup, adyllyk bilen şaýatlar boluň! Bir kowuma bolan kinäňiz sizi adalatsyzlyga itermesin. Adalatly boluň, ol takwalyga (gelişýän) iň ýakyn (häsiýetdir). Alladan gorkuň! Takyk, Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 63-nji süre: «Munafikun» («Ikiýüzlüler»)

«Munafikun» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 11 aýatdan ybaratdyr. Sürede mynapyklar barada gürrüň gozgalýandygy üçin sürä bu at galypdyr. Şeýle-de, mynapyklaryň edýän işleri, dünýäniň wagtlaýyn lezzetine aldanmazlyklary üçin möminlere öwüt-nesihatlar berlip, möminlere mynapyklaryň howply ýollaryndan halas boluş ýollary görkezilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Mynapyklar (ikiýüzlüler) seniň ýanyňa gelenlerinde: «Takyk, Biz seniň Allanyň ilçisidigiňe şaýatlyk edýäris» diýerler. Alla hem seniň Öz ilçisidigiňi, elbetde bilýändir. Takyk, Alla mynapyklaryň ýalançydyklaryna şaýatlyk edýändir.
 2. Olar (ýalan) kasamlaryny galkan edinip, (ynsanlary) Allanyň ýolundan daş düşürýärler. Takyk, olaryň edýän bu işleri nähili erbetdir.
 3. Munuň sebäbi olar (ilki) iman getirendiklerini (aýtdylar), soň bolsa inkär etdiler. Şonuň üçin hem olaryň kalplary möhürlendi. Bes, olar (hakykata) düşünip bilmezler.
 4. Sen olary göreniňde, olaryň daşky görnüşleri saňa hoş ýakar. Geplänlerinde, sözlerini diňlärsiň. (Hakykatda bolsa) olar, (diwarlara) söýelen agaçlar ýalydyr. Her bir sesi (gohy) özlerine garşy (aýdylýandyr) öýderler. Olar (size) duşmandyr, olardan daş dur! Alla olaryň janyny alsyn! (Munça äşgär delillere garamazdan) olar nädip (hakykatdan) geçip bilýärler!
 5. Olara: «Geliň, Allanyň ilçisi siziň (günäleriňiziň geçilmegi) üçin ýalkaw dilesin!» diýlende, (tekepbirlikleri zerarly) kellelerini ýaýkaýarlar. Sen olaryň tekepbirlik edip, (toba etmekden) ýüz öwürýändiklerini görersiň.
 6. Sen olar üçin isle ýalkaw dile, isle-de ýalkaw dileme, olar üçin bary birdir. Alla olary hiç haçan ýalkamaz. Takyk, Alla pasyklary dogry ýola salmaz.
7. Olar: «Allanyň ilçisiniň ýanyndaky (garyplara) eklenç bermäň, goý, (olar) dagap gitsinler!» diýdiler. (Aslynda welin) asmanlaryň we ýeriň (ähli) hazynalary Allanyňkydyr. Emma mynapyklar muňa düşünmezler.
8. Olar: «Medinä gaýdyp gelsek, (görersiňiz), güýçli bolan ejiz bolany (ol ýerden) kowup çykarar» diýdiler. (Emma), güýç Allanyňkydyr, Onuň ilçisiniňkidir we möminleriňkidir. Emma mynapyklar bu (hakykaty hergiz) bilmezler.
 9. Eý, iman getirenler! Mal-mülkleriňiz we perzentleriňiz size Allany zikir etmegiňize päsgel bermesin! Beýle edýänler uly zyýana sezewar bolarlar.
 10. Siziň biriňize ölüm gelip: «Eý, Perwerdigärim! Meniň ölümimi biraz möhlete çenli gijikdir (sakla), men hem sadaka berip (haýyr işleri edip), salyhlardan bolaýyn» diýmezden ozal, size beren rysgalymyzdan (Allanyň ýolunda) haýyr-sahawat ediň!
 11. Ajaly geleninden soň, Alla hiç kimiň (ölümini) gijä goýmaz. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr».