1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

10. 39. Ýok, olar ylmyna (manysyna) aň ýetirip bilmedik, entek özlerine ýorgudy hem gelmedik zada (Kurana) ýalan diýdiler. Olardan owalky kişiler hem şeýdip, (ynanman) ýalan diýipdiler. Hany bir nazar eýle! Zalymlaryň soňy nähili boldy?!

Başy » Sözbaşy » 39-njy süre: «Zümer» («Toparlar»)

«Zümer» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 75 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady 71-nji we 73-nji aýatlarda agzalýan «Toparlar» manysyny aňladýan «Zümer» sözünden gelip çykýar. Bu sürede mömin we kapyr toparlaryň ýagdaýlary barada gürrüň edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Bu kitap Gudraty güýçli, hikmet eýesi bolan Alla tarapyndan inderilendir.
 2. (Eý, Muhammet!) Elbetde, Biz saňa bu kitaby hak (we hikmet) bilen inderdik. Sen dini ýalňyz Oňa (Alla) degişli edip, yhlasyň bilen Alla ybadat et!
3. Habardar bol, hakyky din diňe Allanyňkydyr. Ondan (Alladan) özge özlerine dostlar edinenler: «Biz olara bizi diňe Alla has-da ýakynlaşdyrmaklary üçin ybadat edýäris» (diýerler). Elbetde, Alla çekeleşip ýören meselelerinde olaryň arasynda höküm berer. Takyk, Alla ýalançy, inkär edýän (näşükür ynsany) dogry ýola gönükdirmez.
 4. Eger-de Alla perzent edinmek islän bolsady, elbetde, ýaradanlarynyň arasyndan islän birini saýlardy. Ol (perzent edinmekden) päkdir (daşdyr)! Ol Alla ýeke-täkdir, ähli zatdan üstündir!
 5. Alla asmanlary we ýeri (boş ýere däl- de) hak (we hikmet) bilen ýaratdy. Ol gijäni gündiziň üstüne örtýär, gündizi hem gijäniň üstüne örtýär. Güni we Aýy (Öz) emri bilen dolandyrýar. Olaryň her haýsy belli bir döwre çenli akar durar (hereket eder). Bilip goý, Ol Gudraty güýçlüdir, Bagyşlaýjydyr.
 6. Alla sizi ýeke-täk jandan (Adamdan) ýaratdy. Soň ondan bolsa jübütini (How enäni) ýaratdy. Siziň üçin haýwanlardan sekiz jübüt inderdi (döretdi). Ol (Alla) sizi eneleriňiziň göwresindekäňiz üç (tapgyrdan ybarat) tümlükde ýaratmagyň (bir görnüşinden) soňky ýaratmagyň (beýleki bir görnüşine geçirip) ýaradýar. Ine, bu siziň Perwerdigäriňiz Alladyr. Mülk (hökmürowanlyk) Onuňkydyr. Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Bes, siz (Alla ybadat etmän) nirä tarap öwrülýärsiňiz?
 7. Eger inkär etseňiz, takyk, Allanyň size mätäçligi ýokdur! Şeýle-de bolsa Ol bendeleriniň kapyr bolmagyna razy däldir. Eger şükür etseňiz, (peýdaňyz) üçin oňa (şükranalagyňyza) razy bolar! Hiç bir günäkär başgasynyň günäsini götermez. Siz soň diňe Perwerdigäriňize dolanyp bararyňyz. Şonda (Ol) size eden işleriňizi habar berer. Çünki Ol ýürekleriň özenini bilýändir.
 8. Ynsana bir kynçylyk duçar bolanda, özleriniň Perwerdigärine ýüzlenip ýalbarar. Soň (Alla) oňa Öz tarapyndan nygmat berse, Oňa öňki ýalbaranlaryny ýadyndan çykarar. (Başgalary) Allanyň ýolundan azdyrmak üçin Oňa (bir topar) şärik goşar. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Sen kapyrlyk edip, sähel (bu ötegçi dünýäniň) sapasyny gör! Takyk, sen dowzahylardansyň».
 9. Ýa-da gijesine sežde edip we dik durup ybadat edýän, ahyretden gorkýan hem-de Perwerdigäriniň rahmetini umyt edýän kişi (bilen ol inkär edýän ikisi heý, deň bolarmy)? Aýt: «Eýsem bilýänler bilen bilmeýänler deň bolup bilermi?». Dogrusy, (bu zatlar barada) diňe akyl eýeleri pent-nesihat alarlar.
10. Aýt: «Eý, iman getiren bendelerim! Perwerdigäriňizden gorkuň! Bu dünýäde gowulyk edenlere gowulyk bardyr. Allanyň (ýaradan) zemini giňdir. Elbetde, sabyr edenleriň sylaglary bimöçber berler».
 11. Aýt: «Maňa dini ýalňyz Oňa degişli bilip, yhlas bilen (çyn ýürekden) ybadat etmeklik emir edildi.
 12. Maňa musulmanlaryň ilkinjisi bolmagym emir edildi».
13. Aýt: «Perwerdigärime garşy gidip, asy bolsam, takyk, men beýik günüň azabyna (duçar bolmakdan) gorkýaryn».
 14. Aýt: «Men dinimi diňe Alla baglap, yhlas bilen ybadat edýärin».
 15. (Eý, Alla şärik goşýanlar!) Siz (Alladan) özge isläniňize ybadat ediň! Olara aýt: «Kyýamat gününde özlerini hem, maşgalalaryny hem zyýana duçar edenler hakyky manyda zyýana sezewar bolanlardyr. Habardar boluň! Bu äşgär zyýandyr».
 16. Olaryň ýokarylarynda (otdan bolan) saýawanlar, aşaklarynda hem (otdan bolan) saýawanlar bardyr. Ine, Alla öz bendelerini şeýdip gorkuzýar. Eý, bendelerim! (Siz) diňe Menden gorkuň!
 17. Taguta (Alladan özgä) ybadat etmekden (we şeýtana uýmakdan) saklanyp, (çyn ýürekden) Alla ýönelenler üçin hoş habar bardyr. Onda (sen ol) bendelerimi hoş habar bilen söýünjile!
 18. Olar (möminler) özlerine aýdylan söze gulak asarlar we iň ýagşysyna eýererler. Ine, Allanyň dogry ýoluna gönükdiren adamlary şolardyr. Hakyky manyda akyllaryny ulanyp bilýänler hem şolardyr.
 19. (Eý, Muhammet!) Eýsem, azap sözi hak bolany we dowzah (odundaky) kişini halas edip biljek senmi?
 20. Emma Perwerdigärinden gorkan takwalar üçin gat-gat edip gurlan (köşkler), aşagyndan akýan derýalar bardyr. (Bu) Allanyň (beren) wadasydyr. Alla (beren) wadasyndan dänmez.
 21. Görmediňmi? Alla asmandan suw (ýagyş) ýagdyrdy, ony ýerdäki çeşmelere akdyrdy, soň bolsa şol (suwuň) saýasynda reňbe-reň ösümlikleri (gögerdip) çykardy. Emma soň ol (ösümlikleriň guraşyp), saralyp solandygyny görersiň. Soň bolsa (Alla) ol (ösümlikleri) haşal ota öwrer. Takyk, munda akyl eýeleri üçin öwüt-ündewler bardyr.
 22. Allanyň ýüregini yslama (musulmançylyga) açan ol kişisi Perwerdigärinden gelen nur bilen ýagtylmazmy?! Allany ýatlamakdan (gapyl galyp), ýürekleri gatan (kişileriň) dat gününe! Olar göz-görtele ters ýoldadyr.
 23. Alla sözüň iň ýagşysyny (aýatlary), biri-birine (sazlaşykly ýagdaýda bolup) meňzeýän kitap (Kuran) görnüşinde inderdi. Perwerdigärinden çekinip heder edýänleriň ondan (bu kitabyň täsirinden ýaňa) endam-jany jümşüldäp, tiken-tiken bolar. Soň olaryň bedenleri we ýürekleri Allanyň (adynyň) zikir edilmegine (maýyl bolup ýumşar). Ine, bu Allanyň dogry ýola gönükdiriji (kitabydyr). Onuň bilen islän kişisini dogry ýola gönükdirer. Alla kimi azaşdyran bolsa, ony dogry ýola gönükdirjek ýokdur.
 24. Kyýamat gününde (elleri bagly bolandygy üçin ol) erbet azapdan ýüzi bilen goranmaga çalşan (kişi) bilen ol azapdan halas bolan (kişi) deň bolarmy? (Ol gün) zalymlara: «Gazanan zadyňyzy dadyň!» diýler.
 25. Olardan öň ötenler (pygamberlerini) ýalan hasapladylar. Şonuň üçin hem olara garaşmaýan taraplaryndan azap geldi.
26. Alla dünýä ýaşaýşynda wagty olara ryswalygy datdyrdy. Ahyret azaby has gazaplydyr. Käşgä, olar (bu ýagdaýy) bilsediler!
27. Kasam bolsun! Biz bu Kuranda ynsanlar, öwüt-ündew almaklary üçin dürli mysallar getirdik.
 28. Biz ony (Alladana) gorksunlar diýip, (özünde hiç hili) egrilik bolmadyk arap dilinde Kuran edip (inderdik).
 29. Alla biri-birleri bilen dawalaşýan ortaklaryň (eýeçiliginde) bolan bir adam (gul) bilen diňe bir kişiniň eýeçiligine degişli bolan adamy mysal hökmünde berýär. Bu iki adam deň bolarmy? (Elbetde, deň bolmaz. Bularyň deň bolmaýşy ýaly, diňe ýeke-täk Alla ybadat edýän ynsan bilen Ondan özge ýa-da Onuň bilen bile birnäçe hudaýlara gulluk edýän ynsan hem hiç haçan deň bolmaz). Hamdy-sen (ähli öwgüler) Alla mahsusdyr. Emma olaryň köpüsi (muny) bilmeýärler.
 30. (Eý, Muhammet!) Elbetde, sen hem ölersiň, olar hem ölerler (bu hakykatdyr).
31. Soň, elbetde, siz kyýamat gününde Perwerdigäriňiziň huzurynda (biri- biriňiz) bilen dawalaşarsyňyz.  
32. Alla barada ýalan sözleýän hem- de özüne gelen hakykaty (Kurany) ýalan hasaplaýan adamdan has zalym kim bolup biler? Kapyrlaryň orunlary dowzahda dälmi eýsem?
33. Hakykaty getirip, ony tassyklanlar, ine, şolar (Alladan gorkýan) takwalardyr.
 34. Olara özleriniň Perwerdigäriniň huzurynda islän zatlary bardyr. Ine, bu ýagşylyk edenleriň sylaglarydyr.
35. Bes, Alla olaryň (öňki) eden iň erbet etmişlerini gizlär (bagyşlar) we bitiren iň ýagşy işlerine görä sylaglaryny berer.
 36. Bendesine Allanyň Özi ýeterlik dälmi eýsem? (Eý, Muhammet!) Seni ondan (Alladan) özge zatlar (hudaýlar) bilen gorkuzarlar. Alla kimi (dogry ýoldan) azaşdyrsa, onda ony dogry ýola gönükdirjek ýokdur.
37. Alla kimi dogry ýola ugrukdyrsa, onda ony (ýolundan) azaşdyrjak-da ýokdur. Eýsem, Alla güýç eýesi, ar alyjy dälmi?
38. Kasam bolsun! Olara: «Asmanlary we ýeri kim ýaratdy?» diýip sorasaň, «Elbetde, Alla» diýip aýdarlar. Sen (olara) aýt: «Hany aýdyň! Alladan başga çagyran zatlaryňyz, eger-de Alla maňa zyýan bermek islese, Onuň berýän zyýanyny aradan aýryp bilerlermi?». Ýa- da (Alla) maňa rahmet nazaryny aýlamak islese, olar Allanyň rahmetini saklap bilerlermi? (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Maňa Alla (goldaýjy hökmünde) ýeterlikdir. Bil baglamak isleýänler diňe Oňa bil baglarlar».
 39, 40. (Eý, Muhammet!) Sen (olara) aýt: «Eý, kowumym! Eliňizden gelenini ediň, dogrusy, men hem (elimden gelýäni) edýärin. Ryswa ediji azabyň kime ýolukjakdygyny we hemişelik azabyň kime duçar boljakdygyny tiz wagtda bilersiňiz».
 41. (Eý, Muhammet!) Takyk, Biz saňa bu kitaby (Kurany) ynsanlaryň (halas bolmagy üçin) hak edip inderdik. Şuňa görä, kim dogry ýoly saýlap alsa, öz peýdasyna, kim (dogry ýoldan) azaşsa, diňe öz zyýanyna azaşar. Sen olara (jogapkär) wekil dälsiň.
 42. Alla (ajaly ýeteniň) janlaryny ölüm pursatynda alar, (entek ajaly ýetmän) ölmedik (dirileriň janlaryny) bolsa uklap ýatyrka alar. (Alla) janyny almak üçin höküm berenleriniň janlaryny saklar, beýleki (ajaly ýetmedikleriň) janlaryny bolsa bellenilen wagta (ölüme) çenli goýberer. Takyk, bu barada pikirlenip bilýänler üçin ybratlar bardyr.
 43. Ýa-da olar (özlerine) Alladan başga şepagatçylar tutundylarmy? Sen (olara) aýt: «Olary hiç zada güýçleriniň ýetmeýändiklerine we akylsyz- huşsuzdyklaryna garamazdan (şepagatçy edinmek isleýärsiňizmi?)».
 44. (Olara) : «Barça şepagat (etmek) Alla degişlidir. Asmanlaryň we ýeriň hökmürowanlygy hem Allanyňkydyr! Ahyrynda hemmäňiz Oňa gaýdyp getirilersiňiz» diýip aýt.
 45. Allanyň birligi (ýeke-täkligi) dile getirilen wagty ahyrete iman getirmeýänleriň gursaklarynda (ýüreklerinde) ýigrenç (gahar) dörär. Emma Alladan özgeleriň (atlary) dile getirilen wagty (ýüzlerinde) şatlyk-gülki peýda bolar.
 46. Aýt: «Eý, asmanlary we ýeri ýaradan, gizlin we äşgär (zatlary) bilýän Allam! Bendeleriniň arasyndaky düşünişmezligi (aradan aýyrýan) hökümi diňe Sen berip bilersiň!».
 47. Eger-de ýerde bar bolan zatlaryň hemmesi we onuň bilen birlikde (ýene) şonçasy şol zulum edenleriňki bolan bolsady, şol zatlary kyýamat günündäki erbet azapdan (halas bolmak üçin), şübhesiz, gurban ederdiler. Ýöne ol gün Alla tarapyndan olar üçin göz öňlerinde tutmadyk zatlary ýüze çykarylar.
 48. Ol gün olara eden etmişleriniň erbetlikleri äşgär bolar hem-de olary ýaňsa alyp ýören zatlary gurşap alar.
49. Ynsanlara bir zyýan ýetende, Bizi çagyrarlar. Soň oňa Biz Öz tarapymyzdan nygmat berenimizde: «Bu (zatlar) maňa diňe meniň (danalygym) saýasynda berildi» diýer. Ýok, bu (zatlar, bir) synagdyr, emma olaryň köpüsi (muny) bilmezler.
 50. Olardan öňki ötenler hem Allanyň pazly-keremi bilen däl-de, öz güýçleridir başarnyklary bilen amala aşandygyny) aýdyp geçdi, ýöne gazanan zatlary olara peýda bermedi.
 51. Bes, eden etmişleriniň erbet (netijesi) olaryň başlaryna ýetdi. Bularyň arasyndan zulum edenleriň eden etmişleriniň ýamanlyklary başlaryna geler. (Bu babatda) Allany welin ejizledip (Allanyň gazabyndan gutulyp) bilmezler.
52. Allanyň rysgaly islänine bol (mukdarda, islänine bolsa) az mukdarda berýändigini bilmeýärlermi eýsem? Takyk, munda iman getiren kowum üçin ybratlar bardyr.
 53. (Eý, Muhammet!) Sen (olara) aýt: «Eý, özlerine zyýan edip, hetden aşan bendelerim! Allanyň rahmetinden umydyňyzy üzmäň! Çünki Alla (islese) bütin günäleri bagyşlar! Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr».
 54. Size azap gelmezden öň (toba edip) Perwerdigäriňize ýöneliň we Oňa boýun boluň! (Ýogsa) soň size goldaw berilmez.
 55. Siz garaşman durkaňyz, duýdansyz başyňyza azap gelmänkä Perwerdigäriňizden size inderileniň iň ýagşysyna (Kurana) eýeriň!
56. (Günäkär) kişiniň: «Allanyň ýanynda eden kemçiliklerim sebäpli, waý meniň halyma! Takyk, men (Allanyň dinini) ýaňsa alanlardandym» (diýjek gününden heder ediň!).
 57, 58, 59. Ýa-da: «Alla maňa dogry ýoly görkezen bolsady, elbetde, men hem takwalardan bolardym» (diýip aýtjak) ýa-da azaby görende: «Käşgä, maňa ýene-de bir gezek (pany dünýä dolanyp barmak üçin pursat berilse), men hem ýagşylardan bolsam» diýip (ökünjek gününden heder ediň)! Ýok (dolanyp barmarsyňyz)! Aýatlarym saňa gelipdi welin, sen olary ýalan hasaplapdyň, tekepbirlik edip, inkär edenlerden bolupdyň.
 60. Kyýamat gününde Alla babatda ýalan sözlänleriň ýüzleriniň gara ört bolandygyny görersiň. Eýsem, tekepbirlik edýänlere dowzahda ýer ýokmudyr?
 61. Alla takwalary (eden ýagşy işleriniň saýasynda ýeten) üstünlikleri sebäpli, halas eder. Olara hiç hili erbetlik ýetmez hem-de gamgyn hem bolmazlar.
 62. Alla barça zatlaryň ýaradyjysydyr. Ol ähli zadyň gözegçisidir.
 63. Asmanlaryň we ýeriň açarlary (hökmürowanlygy) Onuňkydyr. Allanyň aýatlaryny inkär edenler (barada aýdylanda), ine, olar zyýana galanlardyr.
 64. (Olara) aýt: «Eý, nadanlar! Maňa Alladan başgasyna ybadat etmegimi emir edýärsiňizmi?».
 65. (Eý, Muhammet!) Takyk, saňa we senden öňki ötenlere: «Kasam bolsun! Alla şärik goşsaň, eden amalyň biderek bolar we zyýan çekenlerden bolarsyň» diýip wahyý edilipdi.
66. Ýok, sen diňe Alla gulluk et we (şeýdip) şükür edenlerden bol!
 67. Olar (Alla şärik goşanlar) Allany doly manyda tanap bilmediler. Kyýamat gününde ýer dolulygyna Onuň gysymynda bolar. Asmanlar hem Onuň elinde düýrlener. (Alla) şärik goşýan zatlaryndan päkdir, beýikdir.
 68. (Kyýamat güni) sura üflenilen wagty Allanyň (diri galmagyny) islän kişisinden başga, asmanlarda we ýerde kim bar bolsa, güýçli urga sezewar bolup, jan berer. Soň sura ýene-de bir gezek üflenen wagty olar ör-boýuna galyp (dumly- duşa) seredişip durarlar.
69. Ýeriň ýüzi Perwerdigäriň nury bilen ýagtylar, kitap (amal depderleri orta) goýlar. Pygamberler we şaýatlar getiriler hem-de olaryň arasynda adalat bilen höküm berler. Olara hiç hili zulum edilmez.
 70. Kim näme eden bolsa, (sylagy) doly berler. Ol (Alla) olaryň (ynsanlaryň) edýän işlerini gowy bilýändir.
71. Inkär edip kapyr bolanlar, topar-topar (edilip) dowzaha sürlerler. Ahyrynda ol ýere baranlarynda (dowzahyň) gapylary açylar, onuň sakçylary olara: «Size öz araňyzdan Perwerdigäriňiziň aýatlaryny okap beren we bu güne gelip ýetjekdigiňizi duýduran pygamberler gelmedimi eýsem?» diýerler. Olar: «Hawa, (geldi)» diýerler. Emma (hemme zadyň boljagy bolansoň) azap hökümi kapyrlar üçin hakykata öwrüler.
 72. Olara: «Içinde ebedilik galmak üçin dowzahyň gapylaryndan giriň, tekepbirlenenleriň barjak ýeri nähili elhençdir!» diýler.
 73. Özleriniň Perwerdigärinden gorkup takwa bolanlar bolsa topar-topar edilip jennete eltilerler. Ol ýere baranlarynda, jennetiň gapylary açylar we onuň sakçylary olara: «Size salam bolsun, siz päklik bilen geldiňiz! Ebedilik galmak üçin ol (ýere) giriň!» diýerler.
 74. Olar bolsa: «Bize beren wadasynda dogryny aýdandygy we islän ýerimizde orun tapyp oturyp bilmegimiz üçin jennet ýurduna mirasçy edendigi sebäpli, Alla hamdy-senalar bolsun! Ýagşy işleri edenleriň sylaglary nähili gowudyr!» diýerler.