1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

63. 9. Eý, iman getirenler! Mal-mülkleriňiz we perzentleriňiz size Allany zikir etmegiňize päsgel bermesin! Beýle edýänler uly zyýana sezewar bolarlar.

Başy » Sözbaşy » 111-nji süre: «Mesed» («Işilen süýüm»)

«Mesed» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 5 aýatdan ybaratdyr. Adyny «Işilen süýüm» manysynda bolan we iň soňky aýatda agzalýan «Mesed» sözünden alandyr. Bu sürede hak dine duşmançylyk edendigi sebäpli, barjak ýeri dowzah bolan Ebu Lehebiň we onuň aýalynyň mysalynda din duşmanlarynyň başyna geljek netijeler barada habar berilýär.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Ebu Lehebiň elleri gurasyn! Ol (dogrudan hem) gurady.
 2. Oňa mal-mülküniň we eden işleriniň peýdasy hem degmedi.
3. Ol (dowzahda) alawlap ýanýan otda ýanar.
 4. Onuň aýaly (hem otda ýanar we) odun daşar.
 5. Onuň boýnunda hurma süýüminden işilen ýüp bardyr.