1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 87. Eý, iman getirenler! Allanyň siziň üçin halal eden päk zatlaryny (terkidünýälik maksady bilen) özüňize haram etmäň we hetden aşmaň! Takyk, Alla hetden aşýanlary halamaz.

Başy » Sözbaşy » 10-njy süre: Ýunus

«Ýunus» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 109 aýatdan ybaratdyr. Sürede käbir pygamberleriň kyssasy beýan edilýär. Süräniň ady hem olaryň biri bolan Ýunus pygamberiň ady bilen atlandyrylýar. Bu sürede Mekgedäki kapyrlaryň pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň pygamberligine garşy çykandyklary barada aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Elif, Läm, Ra. Bular hikmetli kitabyň aýatlarydyr.
 2. Özlerinden (bolan) bir adama (Muhammede): «Ynsanlary (Allanyň azaby bilen) gorkuz we iman getirenlere özleri üçin Perwerdigäriniň huzurynda dogrulyk (belent) mertebäniň bardygy bilen söýünjile!» diýip wahyý ibermegimiz (ol) adamlary geň galdyrdymy? Kapyrlar: «Takyk, bu (Muhammet) hakyky jadygöýdir» diýdiler.
 3. Elbetde, Perwerdigäriňiz Alladyr. Ol asmanlary we ýeri alty günde ýaratdy. Soň (özüne mahsus görmüşde) arşa istiwa etdi (hökmürowanlyk bilen älemi dolandyrdy). (Ol ähli) işi dolandyrýar. Onuň rugsady bolmasa, hiç kim şepagatçy bolup bilmez. Ine, şol Alla hem siziň Perwerdigäriňizdir. Oňa ybadat ediň! Eýsem, (bu hakykata) göz ýetirmeýärsiňizmi?
4. Hemmäňiz Oňa dolanyp bararsyňyz. Allanyň beren wadasy hakdyr. Elbetde, Ol (ilki bilen) halky (adamy) ýaradýar. Soň iman getirip, ýagşy işleri edenleri, adyllyk bilen sylaglamak üçin, (kyýamat güni) gaýtadan direldýär. Kapyrlar üçin bolsa, inkär edendikleri sebäpli, (dowzahda) gaýnan suwdan içimlik we yza beriji azap bardyr.
 5. Ol (Alla) Güni yşyk saçyjy, Aýy aýdyňlyk edip goýdy. Ýyllaryň sanyny we hasabyny bilmegiňiz üçin oňa (Aýa) menziller goýdy. Alla bulary (boş ýere däl-de), hak (we hikmet) bilen ýaratdy. Ol bilýän kowum üçin aýatlary (şeýle ýagdaýda) aýdyň beýan edýär.
 6. Elbetde, gijäniň we gündiziň çalşyp durşunda hem-de Allanyň asmanlarda we ýerde ýaradan zatlarynda (Alladan) gorkýan kişiler üçin ybratlar bardyr.
7, 8. Takyk, Bize duşmak umydyny üzenler hem-de (bu) dünýä ýaşaýşyna kaýyl bolup, şonuň bilen aram tapanlar biziň aýatlarymyzdan gapyl bolan kişilerdir. Olaryň (ahyrky) barjak ýeri etmişleri üçin (dowzah) odudyr.
 9. Iman getirip ýagşy işleri edenleri bolsa özleriniň Perwerdigäri, iman getirendikleri sebäpli, aşakgyndan derýalar akýan bolelin «Nagym» jennetlere salar.
 10. Olaryň şol ýerdäki dilegleri: «Eý, Allam! Sen ähli kemçiliklerden päksiň!», biri-birlerine aman-esenlik dilegleri: «Salam-salamatlyk», ahyrky dilegleri bolsa: «Älemleriň Perwerdigäri Alla üçin hamdy-senalar bolsun!» (diýen sözleridir).
 11. Eger Alla ynsanlara olaryň haýra tiz gowuşmagy isleýişleri ýaly, şeri hem, tiz wagtda bersedi, elbetde, olaryň (bireýýäm) ajallary ýeterdi. Şonuň üçin bize duşmak umydyny üzenleri taşlap, azgynçylyklarynda sergezdan ederis.
 12. Ynsana bir kynçylyk ýetse, ýaplanyp ýatyrka, otyrka ýa-da dik durka Bize (ýalbaryp) dileg eder. Indi ondan kynçylygy aýyrsak, göýä ol kynçylyga sezewar bolan mahaly Bize (ýalbaryp) dileg etmedik ýaly bolup gezer ýörer. Hetden aşan kişileriň etmişleri, şeýdip, olara bezemen görkezildi.
13. Biz sizden öňki döwürdäki nesilleri, zulum edendikleri we pygamberleri olara aýan deliller getirse-de, iman getirmändikleri sebäpli, heläk edipdik. Ine, Biz günäkär adamlary, şeýle jezalandyrýarys.
 14. Soň olaryň yzyndan, siziň nähili amal edýändigiňizi synlamak üçin, (sizi) bu dünýäde oruntutar edip goýduk (olaryň ýerine getirdik).
15. Olara (manysy) äşgär aýatlarymyz okalanda, Bize duşmak umydy bolmadyk ol kişiler: «(Eý, Muhammet!) Bize mundan başga bir Kuran getir ýa-da ony üýtget!» diýdiler. (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Meniň ony öz-özümden üýtgetmegim bolup biljek zat däl. Men diňe maňa wahyý edilene tabyn bolýaryn. Eger men (siziň diýeniňizi edip) Perwerdigärime boýun bolmasam, (ahyretde beriljek) uly günüň azabyndan gorkýaryn».
 16. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger Alla islemese, men ony (Kurany) size okamazdym we (Alla meniň üstüm bilen) ony size ýetirmezdi. Eýsem, ondan (Kuranyň inderilmeginden) owal hem bir ömür (kyrk ýyl) siziň araňyzda ýaşapdym-a! Akylyňyzy ulanmaýarsyňyzmy?!
 17. Eýsem, ýalan toslap, ony Alla ýöňkeýän ýa-da Onuň aýatlaryny ýalan hasaplaýan kişiden has zalym kim bar? Takyk, günäkärler halas bolmazlar.
 18. Olar Alladan özge, özlerine zyýan hem, peýda hem berip bilmeýünlere ybadat edýärler hem-de: «Bular Allanyň ýanynda biziň şepagatçylarymyzdyr» diýýärler. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Siz Alla asmanlarda we ýerde (bar bolup, Onuň) bilmeýän bir zadyny habar berýärsiňizmi?». Ol (Alla) olaryň şärik goşýan zatlaryndan päkdir we beýikdir.
 19. (Owalda) adamlar diňe bir ymmatdylar. Soň (oňuşman) gapma- garşy boldular. Eger Perwerdigäriň tarapyndan geçmişde (owal takdyrda Haka garşy çykanlara möhlet bermek we olara dessine azap bermezlik babatda berlen) bir söz bolmasady, elbetde, olaryň çaprazlyga düşen zatlary barada (şu dünýäde jeza) höküm berlerdi.
 20. (Olar): «Oňa (Muhammede) Perwerdigäri tarapyndan (başga) bir aýat (mugjyza) inderilmeli dälmi?» diýýärler. (Olara) aýt: «Gaýyby (gaýypdan geljek zatlary bilmek) diňe Alla mahsusdyr. Garaşyberiň! Men hem siz bilen bile garaşýaryn».
 21. Adamlara sezewar bolan kynçylyklaryndan (horlukdan we gytçylykdan) soň rahmet (lezzetini) dadyranymyzda, olar derrew Biziň aýatlarymyz barada mekirlik (duzagyny gurmaga) baş goşýarlar. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Alla (olaryň edýän mekirlikleriniň jezasyny has tiz berer). Takyk, ilçilerimiz (perişdelerimiz) siziň mekirlikleriňizi (depderlerine) ýazýarlar.
 22. Sizi gury ýerde we deňizde gezdiren Ol (Alladyr). Siz gämide bolan wagtyňyz (oýlanyp görüň! Gämiler içindäki) adamlary ýakymly şemal bilen alyp barýarka we olar muňa begenip barýarkalar, güýçli ýel turup olara ähli tarapdan tolkun gelende hem-de olar özleriniň girdapda galandyklaryna (gark boljakdyklaryna) göz ýetirenlerinde, dini (ybadaty) diňe Alla baglap, yhlas bilen: «(Eý, Allam!) Eger bizi mundan halas etseň, takyk, Biz şükür edenlerden bolarys» (diýip) dileg ederdiler.
 23. Biz olary halas edenimizde, olar derrew ýeriň ýüzünde nähak ýere bozgakçylyk ederler. Eý, adamlar! Siziň bozgakçylyklaryňyz öz zyýanyňyzadyr. (Bu) dünýä ýaşaýşy (bolsa wagtlaýyn) peýdadyr. Soň Bize gaýdyp gelersiňiz. Şonda Biz size eden ähli işleriňizi habar bereris.
 24. Aslynda, dünýä ýaşaýşynyň mysaly şeýledir: Biziň asmandan inderen suwumyz bilen adamlaryň we haýwanlaryň iýýän zatlaryndan (iýmitlerinden) bolan ýer ösümlikleri gatyşanda, hatda ýer (ol ösümlikler bilen) bezenip zynatlananda we ýer ýüzüniň halky özleriniň (ýetişen hasyly ýygnamaga) gurbatlarynyň çatjakdygyny pikir edenlerinde, (birdenkä) ýere gije ýa- da gündiz Biziň permanymyz (apatymyz) gelip, düýn hem bolmadyk ýaly orulan dek edip goýmagymyz ýalydyr. Ine, Biz oýlanýan adamlar üçin aýatlary şeýle aýan edýäris.
 25. Alla (ynsanlary) salamatlyk ýurduna (jennete) çagyrýar we islän kişisini dogry ýola düşürýär.
26. Ýagşy iş edenler üçin has gowy ýagşylyk hem-de artykmaç (ýagşylyk) bardyr. Olaryň ýüzlerini tozan hem tutmaz, ryswalyk hem. Olar jennetidirler. Olar ol ýerde ebedi galarlar.
 27. Ýaman işleri edenler (barada aýdylanda), bir ýamanlygyň jezasy barabarynda (bir jeza bolar) we olary ryswalyk gurşap alar. Olary Allanyň (azabyndan) gorajak hiç kim ýokdur. Olaryň ýüzleri göýä garaňky gijäniň bir bölegi bilen örtülen ýalydyr. Ine, olar oduň (dowzahyň) kowumydyr. Olar şol ýerde hemişelik galarlar.
 28, 29. Ol gün olaryň ählisini (magşar meýdanyna) jemlüris, soň (Alla) şärik goşanlara: «Siz we siziň şärikleriňiz ýeriňize (geçiň)» diýeris. Şeýdibem, olaryň arasyny (şärik goşan zatlaryndan) aýrarys. Şonda olaryň şärik goşan (Alladan özge zatlary we kişileri): «Siz bize ybadat etmeýärdiňiz. (Bu barada) biz bilen siziň araňyzda Allanyň şaýat bolmagy ýeterlikdir. Takyk, biz siziň eden ybadatyňyzdan düýbünden bihabardyk» diýerler.
 30. Şol ýerde her kim eden işiniň hasabyny berer we hakyky eýeleri bolan Alla gaýtarylyp getirilerler. Toslap tapan zatlary bolsa özlerinden daşlaşyp, ýitirim bolup gider.
 31. «Size asmandan we ýerden rysgal berýän kim ýa-da gulaklara we gözlere eýelik edýän kim?! Kim ölüden dirini çykarýar we diriden ölüni çykarýar hem-de kim (ähli) işleri dolandyrýar?» (diýeniňde), olar şolbada: «Alla» diýerler. (Eý, Muhammet! Sen olara) aýt: «Eýsem, (siz Alla boýun bolmazlykdan) gorkmaýarsyňyzmy?».
32. Ine, Ol siziň hakyky Perwerdigäriňiz bolan Alladyr. Hakdan gaýry, (ýagny daş düşen üçin) azaşmakdan başga näme bolup biler?! Şundan soň siz (Hakdan ýüz dönderip) haýsy tarapa öwrülýärsiňiz?
 33. Ine, şeýdip, Perwerdigäriň pasyk kişiler barada: «Elbetde, olar iman getirmezler» diýen sözi hakykat boldy.
34. (Eý, Muhammet!) Aýt: «(Alla) şärik goşýanlaryňyzyň arasynda (birini) owalbaşdan ýaradyp, soň ony (ölenden soň direldip) gaýtadan getirýäni barmy?!». (Eý, Muhammet!) Aýt: «Alla owalbaşdan ýaradyp, soň ony (ölenden soň direldip) gaýtadan getirýär. Eýsem-de, siz nädip (dogry ýoldan) azaşdyrylýarsyňyz?!
 35. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Siziň şärikleriňiziň arasynda hak ýola gönükdiriji barmy?! (Eý, Muhammet!) Aýt: «Alla hak (ýola) gönükdirer!». Şuňa görä, hak (ýola) ýetirýäne tabyn bolmak has dogrusymy ýa-da (dogry ýola) ýetirmeýän, gaýtam (özi dogry ýola) ýetirmäge (mätäç) bolanmy?! (Eý, Alla şärik goşanlar!) Size näme bolýar? Siz neneňsi höküm çykarýarsyňyz?!
 36. Olaryň köpüsi gümandan başga zada eýermeýärler. Gümanyň bolsa hakyň ýanynda hiç bir ähmiýeti ýokdur. Takyk, Alla siziň edýän işleriňizi bilýändir.
 37. Bu Kuran Alladan başga (hiç kim) tarapyndan oýlanyp tapylan zat däldir. Elbetde, (ol) özünden öňkini (Zebur, Töwrat, Injil ýaly ylahy kitaplaryň hakdygyny) tassyklaýan we älemleriň Perwerdigäri tarapyndan (inderilenligi barada) özünde hiç hili şübhe bolmadyk kitabyň düşündirişidir.
 38. Ýogsa-da olar ony (Kurany: («Pygamber oýlap tapdy» diýýärlermi? (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger-de siz dogry (sözli) kişiler bolsaňyz, oňa meňzeş bir süräni getiriň hem-de (munuň üçin) Alladan gaýry güýjüňiz ýetýän kişileri (kömege) çagyryň!
 39. Ýok, olar ylmyna (manysyna) aň ýetirip bilmedik, entek özlerine ýorgudy hem gelmedik zada (Kurana) ýalan diýdiler. Olardan owalky kişiler hem şeýdip, (ynanman) ýalan diýipdiler. Hany bir nazar eýle! Zalymlaryň soňy nähili boldy?!
 40. Olaryň käbiri (Kurana) ynanýar, käbiri hem ynanmaýar. Perwerdigäriňiz bozgak kişileri örän gowy bilýändir.
 41. (Eý, Muhammet!) Eger saňa ýalan (aýdýarsyň) diýseler, (olara) aýt: «Meniň edýän işim maňa degişli, siziň edýän işiňiz size degişli. Meniň edýän zatlarymdan siz soralmarsyňyz, siziň edýän işiňizdenem men soralmaryn».
 42. Olaryň arasynda saňa gulak gabardýanlary hem bardyr. Eger, akyllaryny ulanmaýan bolsalar, sen kerlere nädip eşitdirip biljek?!
43. Olaryň arasynda saňa seredýänler (seniň pygamberdigiňi gözleri bilen görýänler) hem bardyr. Eger (hakykaty) görmeýän bolsalar, sen körlere nädip ýol görkezip biljek?!
 44. Takyk, Alla ynsanlara hiç-hili zulum etmez. Ýöne ynsanlar öz-özlerine zulum ederler.
 45. (Allanyň) olary (direldip, magşar meýdanyna) jemlän güni, göýä olar (bu dünýäde) gündiziň bir salymy biri-birleri bilen tanşyp, diňe bir sagatlyk eglenen ýaly bolarlar. Alla duşmagy inkär edenler dogry ýola düşmediler hem-de uly zyýana galdylar.
 46. Biz olara (kapyrlara) wada beren (azabymyzyň) käbirini saňa (bu dünýäde) görkezsek-de, (görkezmän) seniň amanatyňy alsak-da, barybir olar bize gaýdyp gelerler. Galyberse-de, Alla olaryň edýän işlerine şaýatdyr.
 47. Her ymmatyň bir pygamberi bardyr. Olara pygamberleri gelende, adalatlylyk bilen höküm berler we olara zulum (nähaklyk) edilmez.
 48. Olar: «Eger (siz) dogruçyl kişiler bolsaňyz, şu wadaňyz (azabyňyz) haçan geler?» diýýärler.
 49. (Eý, Muhammet!) Aýt: «(Özgeler-ä beýlede dursun), meniň özüme hem zyýan bermäge-de, peýda etmäge-de ygtyýarym ýok. Diňe Allanyň islän zady bolýar. Her ymmatyň (wagty kesgitlenen) ajaly (möhleti) bardyr. Olaryň ajaly ýetende, (ony) bir sagat yza tesdirip hem bolmaz, öňe süýşürip hem bolmaz.
 50. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Heý-de, göz öňüne getirip gördüňizmi?! Eger Onuň (Allanyň) azaby gije ýa-da gündiz gelse (näderdiňiz)?». Günäkärler onuň (azabyň) nämesine howlugýarkalar?!
 51. (Azap) gelenden soň Oňa (Alla) iman getirmekçimi (ýa-da) şu wagt?! (Ahyretde Alla şärik goşanlara): «Hany, oňa (azaba) howlugypdyňyz-a?» (diýler).
 52. Soň zalymlara: «Ebedilik azaby dadyň!» diýler. Siz diňe öz gazanan günäleriňiz üçin jezalandyrylýarsyňyz dälmi eýsem?
 53. (Eý, Muhammet!) Senden: «Ol (azap) hakmy?» (diýip) sorarlar. Aýt: «Hawa, Perwerdigärime kasam bolsun! Elbetde, ol hakdyr. Siz (ol azapdan) gaçyp gutulyp bilmersiňiz.
54. Zulum eden her kim, eger ýeriň ýüzündäki (ähli) zada eýe bolsa-da, (azapdan halas bolmak üçin) ony pida ederdi. Olar azaby görenlerinde, puşmanlyklaryny äşgär ederler. Olara adalatlylyk bilen höküm ediler. Olara zulum edilmez.
 55. Unutmaň! Elbetde, asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allanyňkydyr. Unutmaň! Elbetde, Allanyň beren wadasy hakdyr. Ýöne olaryň (kapyrlaryň) köpüsi (muny) bilmeýärler.
 56. Ol (Alla) direldýär we öldürýär. Diňe Oňa gaýtarylyp getirilersiňiz.
 57. Eý, ynsanlar! Perwerdigäriňizden size öwüt (nesihat), ýüreklerde bolan zatlara (dertlere) şypa we möminler üçin dogry ýol we rahmet bolan (Kuran) geldi.
 58. (Eý, Muhammet! Iman getirenlere) aýt: «Goý, olar Allanyň pazly-keremi we rahmeti (imany) sebäpli, diňe şonuň üçin şatlansynlar. Bu olaryň jemlän (dünýälik ähli) zatlaryndan haýyrlydyr».
 59. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Heý, Allanyň size rysgal edip beren zatlaryna üns berdiňizmi? Siz onuň (käbirlerini öz ýanyňyzdan) haram, (käbirlerini) halal etdiňiz». Aýt: «Ýa-da Alla size (bu halal- haram meselesinde) rugsat berdimi ýa-da Allanyň üstüne töhmet atýarsyňyzmy?».
 60. Allanyň üstüne ýalan töhmet ýöňkeýän kişileriň kyýamat güni (nähili ýagdaýa duçar boljakdygy baradaky) çaklamasy nähilikä? Şübhesiz, Alla ynsanlara keremlidir. Ýöne (şonda-da) olaryň köpüsi şükür etmeýärler.
 61. (Eý, Muhammet!) Sen islendik ýagdaýda bolsaň-da, Kuran okaýan bolsaň-da, islendik bir işiň başyny tutsaň-da, işe yhlasly ýapyşan halatyňda hem Biz sizi görüp durandyrys. (Eý, Muhammet!) Ne ýerdäki, ne-de asmandaky, zerre agyrlygyndaky hiç zat seniň Perwerdigäriňden gizlin galmaz! (Hat-da) ondan (zerreden) has kiçi bolsa hem, has uly bolsa hem, (ol zatlaryň ählisi) bir aýdyň kitapda (ýazylandyr).
62. Habardar boluň! Allanyň dostlaryna (ahyret azabyndan) gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.
 63. Olar (Allanyň dostlary) iman getirip, takwa bolanlardyr.
 64. Olara dünýä durmuşunda we ahyretde buşluk (hoş habar) bardyr. Allanyň sözlerinde üýtgeme bolmaz. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir.
 65. (Eý, Muhammet!) Olaryň (kapyrlaryň: «Sen pygamber dälsiň» diýýän) sözleri seni gamgyn etmesin. Çünki ähli yzzat-hormat Allanyňkydyr. Ol (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 66. Unutmaň! Asmanlarda we ýerde kim (näme) bar bolsa, (ählisi) Allanyňkydyr. Alladan gaýry şärikleri çagyrýan kişiler nämä uýýandyrlar (öýdýärsiňiz)? Olar diňe (hyýallaryndaky) gümana uýýarlar. Olar diňe (hyýala düşüp) ýalan sözleýärler.
 67. Dynç almagyňyz üçin gijäni (garaňky eden, kesbi-kär etmegiňiz üçin) gündizi ýagtylyk eden Oldur. Elbetde, munda (gulak asyp) diňleýän adamlar üçin ybratlar bardyr.
 68. (Kapyrlar:) «Alla perzent edindi» diýdiler. Ol (Alla bularyň edýän betgümanyndan) juda päkdir. Ol hiç bir zada mätäç däldir. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Onuňkydyr. Siziň ýanyňyzda bu barada, (ýagny «Alla perzent edindi» diýen sözüňiz barada) hiç hili delil ýokdur. Siz näme üçin Allanyň şanyna bilmeýän zadyňyzy aýdýarsyňyz?!
 69. (Eý, Muhammet! Olara) aýt: «Elbetde, Allanyň şanyna ýalan (sözläp) töhmet atýanlar halas bolmazlar.
70. (Olara) bu dünýäde sähelçe peýda bolar. Soň Bize dolanarlar. Şondan soň olara, inkär edendikleri sebäpli, örän ýowuz azaby dadyrarys.
71. (Eý, Muhammet!) Olara Nuhuň habaryny oka (ýetir). Ol kowumyna: «Eger meniň (araňyzda) bolmagym we Allanyň aýatlaryny ýatlatmagym size agyr degýän bolsa, (şuny unutmaň, men owalbaşdan) ýalňyz Alla bil bagladym. Şoňa görä, siz, şärikleriňiz bilen jemlenip, (etjek) işiňiz (barada karara geliň! Ýöne) soň siziň (bu) işiňizde gümürtiklik bolmasyn. Soň bolsa men baradaky hökümiňizi beriň, garaşmaň!
 72. Eger (dogry ýoldan) ýüz öwürseňiz (öwrüň). Çünki men sizden hiç bir hak soramadym. Meniň hakymy ýalňyz Alla berer. Maňa musulmanlardan bolmagym emir edildi» diýipdi.
 73. Şonda ony (Nuhuň pygamberligini) inkär etdiler. Biz ony hem-de onuň bilen bile gämide bolan kişileri halas etdik we olary (heläk bolanlaryň mak-mülküne, ýerine) mirasdüşer etdik. Aýatlarymyzy ýalan hasaplanlary bolsa gark etdik.
 74. Soň onuň (Nuhuň) yzysüre (niçe) pygamberleri öz kowumlaryna iberdik. (Pygamberler) olara aýdyň mugjyzalar bilen geldiler. Olar ozal ýalan hasaplan zatlaryna ýene-de iman getirmediler. Biz hetden aşýanlaryň ýüreklerini, ine, şeýdip, möhürläp goýýarys.
 75. Soň olaryň yzyndan Fyrgawna we onuň emeldarlaryna mugjyzalarymyz bilen Musany we Haruny iberdik. Olar tekepbirlik etdiler we günäkär kowum boldular.
 76. Olara biziň huzurymyzdan hakykat (mugjyza) gelende: (olar) «Şübhesiz, bu hakyky jadygöýlikdir» diýdiler.
 77. Musa: «Siz özüňize gelen hakykata (jadygöýlik) diýýärsiňizmi?! Eýsem, jadymy şu?! (Elbetde) jadygöýler halas bolmazlar» diýdi.
 78. Olar: «(Eý, Musa, sen) bize ata- babalarymyzyň ýörän ýolundan ýüz öwürtmek we ýer ýüzündäki beýikligiň (soltanlygyň) ikiňize galmagy üçin geldiňmi? Biz siziň ikiňize-de ynanmaýarys» diýdiler.
79. Fyrgawn: «Maňa ähli ökde jadygöýleri getiriň!» diýdi.
 80. Jadygöýler gelende, Musa olara: «Siz oklajak bolýan zadyňyzy (ýüpleriňizi) oklaň!» diýdi.
 81. Olar (ellerindäki zatlaryny) oklanlarynda, Musa: «Siziň getiren zadyňyz jadygöýlikdir. Elbetde, Alla ony ýok eder. Takyk, Alla bozgaklaryň işini başa bardyrmaz» diýdi.
82. Günäkärler hernäçe halamasalar-da, Alla Öz sözleri (emri) bilen hakykaty amala aşyrar.
 83. Şonda Fyrgawnyň we onuň emeldarlarynyň pitnesinden (ýamanlyk etmeginden) gorkandyklary zerarly Musanyň kowumyndan diňe bir juwan topar iman getirdi. Çünki Fyrgawn (ol) ýerde (örän) rüstemdi we ol, takyk, hetdenaşan kişilerdendi.
 84. Musa: «Eý, kowumym! Eger Alla iman getiren bolsaňyz, onda ýalňyz Oňa bil baglaň!» diýdi.
 85. Olar: «Biz ýalňyz Alla bil bagladyk. Eý, Perwerdigärimiz! Bizi zulum eden kişileriň pitnesine (agyr synagyna duçar) eýleme.
 86. (Eý, Allam) Bizi kapyr kowumdan Öz rahmetiň bilen halas edeweri!» diýdiler.
 87. Biz Musa we onuň dogany (Haruna): «Ikiňiz Müsürde kowumyňyz üçin öýler taýýarlaň we öýleriňizi kybla (metjit) edip, namazy dürs okaň! (Eý, Musa) möminleri (hoş habar bilen) söýünjile!» (diýip) wahyý iberdik.
 88. Musa: «Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, Sen Fyrgawna we onuň emeldarlaryna şu dünýä ýaşaýşynda zer-zynat we mal- mülk bagyş etdiň! Eý, Perwerdigärimiz! Sen (bulary olara) ýoluňdan azaşsynlar diýip (berdiňmi)? Eý, Perwerdigärimiz! Olaryň mal-mülklerini ýitirim et! Olary doňýürek eýle! Olar, tä jebir-jepaly azaby görýänçäler, iman getirmesinler» diýdi.
89. (Alla): «Ikiňiziň dilegiňiz kabul boldy. Dogry (ýolda) boluň! Siz hergiz nadanlaryň ýoluna eýermäň!» diýdi.
 90. Biz ysraýyl ogullaryny deňizden geçirdik. Şonda Fyrgawn we onuň leşgerleri zulum we sütem etmek üçin olaryň yzlaryna düşdüler. Oňa (Fyrgawna) gark bolmak (wagty) ýetende, ol: «Takyk, men hem ysraýyl ogullarynyň iman getiren Hudaýyndan (Alladan) başga hudaýyň ýokdugyna iman getirdim. Men hem (Alla boýun egen) musulmanlardan boldum» diýdi.
 91. Indiden soň (ölüm bokurdagyňyza gelende iman getirýärsiňizmi)? Sen ozal (şu wagta çenli) Alla boýun bolman, bozgaklardan bolupdyň ahyryn.
 92. Ine, bu gün, özüňden soňky kişilere ybrat bolmagyň üçin, seniň jesediňi halas edýäris. Takyk, adamlaryň köpüsi biziň aýatlarymyzdan (gudratlarymyzdan) gapyldyrlar. Düşündiriş: Dogrudan hem Fyrgawnyň mumyýalanan jesedi soň tapylýar we ol biziň günlerimize çenli saklanyp galýar. Oňa heniz hem muzeýde adamlar tarapyndan ybrat bilen seredilýär.
 93. Şübhesiz, Biz ysraýyl ogullaryny ajaýyp menzile ýerleşdirdik we olara päk zatlardan rysgal berdik. Olar özlerine, tä ylym (Töwrat) gelýänçä (tersleşip) çaprazlyga düşmediler. Elbetde, Perwerdigäriň kyýamat gününde olaryň (dawalaşyp) çaprazlyga düşen zatlary barada höküm berer.
 94. Eger-de sen özüňe inderen zadymyzdan şübhelenseň, onda sen özüňden öňki (inderilen ylahy) kitaby okaýan kişilerden sora. (Eý, Muhammet!) Elbetde, saňa Perwerdigäriň tarapyndan hak (Kuran) geldi. Şonuň üçin hem şübhelenýänlerden bolma!
 95. Hiç haçan Allanyň aýatlaryny ýalan hasaplaýan kişilerden bolma! Ýogsa zyýan çekenlerden bolarsyň.
 96. Elbetde, boýnuna Perwerdigäriň sözi (azaby) hak bolan kişiler hergiz iman getirmezler.
 97. Olara her hili aýat gelse-de, tä jebir-jepaly azaby görýänçäler (iman getirmezler).
98. Käşgä, (şol heläk eden obalarymyzyň içinde) bir oba (başlaryna azap inmänkä) iman getiren bolsady, imanlary (özlerine) peýda bererdi. Ýöne Ýunusyň kowumy (başlaryna azap inmänkä) iman getirendikleri üçin, şu dünýä ýaşaýşynda olardan ryswa ediji azaby aýyrdyk hem- de olara belli bir wagta çenli (ajallary ýetýänçä dünýä durmuşunda) hözir gördürdik.
 99. Eger Perwerdigäriň islesedi, ýer ýüzündäki kişileriň ählisi hökman iman getirerdi. (Eý, Muhammet!) Eýsem, adamlary mömin bolmaga sen mejbur etjekmi?
 100. Allanyň rugsady bolmasa, hiç bir jan (adam) iman getirip bilmez. (Alla) akylyny ulanmaýan kişilere azaby berer.
 101. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Asmanlardaky we ýerdäki zatlara syn ediň (we ybrat alyň)». (Ýöne) iman getirmeýän kowuma aýat-deliller hem- de duýduryşlar peýda bermez.
 102. Eýsem, olar diňe özlerinden öňki öten (kapyr) kişileriň günleri ýaly (agyr günlere ýa-da kyýamat gününe) garaşýarlarmy? (Eý, Muhammet!) Aýt: «Garaşyberiň. Men hem siziň bilen bile garaşýanlardandyryn».
103. Soň ilçilerimizi we iman getirenleri halas ederis. (Biz) özümize hak (borç) edip möminleri hem halas ederis.
 104. Aýt: «Eý, adamlar! Eger siz meniň dinimden şek-şübhe edýän hem bolsaňyz, men siziň Alladan gaýry ybadat edýänleriňize (zatlaryňyza we kişileriňize) ybadat etmerin. Ýöne welin siziň janyňyzy alýan Alla ybadat edýärin. Maňa möminlerden bolmak emir edildi.
 105. Ýüzüňi hanyf (hak dinli) bolup (Allany ýeke-täk bilip), dine öwür! Hiç haçan (Alla) şärik goşanlardan bolma!
 106. Saňa Alladan özge peýda hem bermeýäne, zyýan hem ýetirmeýäne ýalbarma (olary kömege çagyrma). Eger şeýtseň, onda sen hakyky zalymlardan bolarsyň.
107. Eger Alla saňa zyýan ýetirse, ony Özünden başga aýyrjak ýokdur. Eger saňa ýagşylyk islese, Onuň pazly-keremini yzyna gaýtarjak hem ýokdur. (Alla) ony (ýagşylygy) bendelerinden islän kişisine nesip eder. Ol Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 108. Aýt: «Eý, adamlar! Size Perwerdigäriňizden hak (din we Allanyň ilçisi) geldi. Kim dogry ýola düşse, ol diňe özi üçin (öz peýdasyna) dogry ýola düşýär. Kim (ters ýola düşüp) azaşsa, diňe öz zyýanyna azaşýar. Men siziň üstüňize (bellenilen goragçy) wekil däl.
109. (Eý, Muhammet!) Sen özüňe wahyý edilen zada (aýatlara) eýer, tä Alla höküm berýänçä sabyrly bol! Ol (Alla) Höküm edijileriň iň haýyrlysydyr.