1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

12.76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.

Başy » Sözbaşy » 22-nji süre: Haj

«Haj» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 78 aýatdan ybaratdyr. Bu sürede Ybraýym pygambere Käbäniň ýeriniň görkezilmegi we ynsanlary haj ybadatyna çagyrmak barada gürrüň edilýänligi sebäpli, bu süre «Haj» diýlip atlandyrlypdyr. Bu söz süräniň 27-nji aýatynda agzalyp geçilýär.
 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Eý, ynsanlar! Perwerdigäriňizden gorkuň! Çünki kyýamat gününiň sarsgyny örän aýylganç zatdyr.
 2. Ony görjek günüňizde her bir çaga emdirýän zenan emdirýän çagasyny unudar, göwresinde çagasy bolan her bir zenan göwresindäkini düşürer we ynsanlary şerhoş ýagdaýda görersiňiz. Aslynda, olar serhoş däldirler, emma Allanyň azaby gazaplydyr.
 3. Ynsanlaryň arasynda, hiç zat bilmeseler hem, Alla hakda çekeleşige girýänleri we kejir şeýtana tabyn bolýanlary bardyr.
 4. Ol şeýtan barada: «Kim onuň bilen dostluk gursa, ol hem şony ýoldan çykarar we alawly oduň azabyna alyp barar» diýlip ýazylandyr.
 5. Eý, ynsanlar! Eger siz täzeden direlmek barada şübhe duýýan bolsaňyz, Biz size (gudratymyzy) aýan etmek üçin (başda) sizi toprakdan, soň bir damja suwdan, soň gan lagtasyndan, ondan soň hem şekili belli we näbelli bolan bölejik et parçasyndan ýaratdyk. Islänimizi belli döwre çenli ýatgylarda goýýarys, soň hem sizi (çaga halda) dünýä inderýäris. Soň kämillige ýetersiňiz we käbiriňiz ýogalyp, käbiriňiz hem bilimlilikden soň hiç zat bilmän, ömrüň iň kemakyllyk (huşy gidenlik) döwrüne gaýtarylýarsyňyz. Sen ýer ýüzüni demsiz-düýtsüz halda görersiň. (Emma) biz onuň üstüne suw inderenimizde, ol gybyrdar, gabarar we her jübütden ýalkymly ösümlikler bitirer.
 6. Çünki Alla hakyň hut özüdir, ol ölüleri direldýändir we ähli zada güýji ýetýändir.
 7. Takyk, kyýamat geler we Alla guburlardaky ölüleri direlder. Bu barada hiç şek-şübhe ýokdur.
8. Ynsanlaryň arasynda, hiç bir bilimi, ýolbeledi we aýdyňlaşdyryjy kitaby bolmazdan, Alla barada çekeleşýänleri hem bar.
 9. Olar Allanyň ýolundan çykarýanlygy üçin hondanbärsidir. Oňa (olara) bu dünýäde masgaraçylyk bardyr, kyýamat gününde hem biz ony (olary) ýakyjy azaby datmaga mejbur ederis.
 10. Bu seniň öň elleriň bilen eden etmişleriň zerarlydyr. Alla bendelerine zulum edýän däldir.
 11. Ynsanlaryň arasynda Alla ejizlik we şek-şübhe bilen gulluk edýänleri hem bar. Başyna haýyr gelse, muňa hoşal bolar, eger başyna bir bela (synag) geläýse, ýeňsesini öwrer (dinden çykar). (Ol) dünýäni hem, ahyreti hem ýitirendir. Ine, hakyky ýitgi budur.
 12. Ol Alladan gaýry özüne hiç bir zyýan hem, peýda hem berip bilmeýän zatlara ýalbarar. Bu hakyky ýoldan çykmakdyr.
 13. Ol peýdasynyň degmesinden zyýanynyň degmesi has ýakyn bolanlara ýalbarar. (Gör, ol) nähili erbet hossardyr we nähili erbet garyndaşdyr!
 14. Alla iman getirenleri we ýagşy işleri edenleri aşagyndan derýalar akýan jennetlere salar. Takyk, Alla myrat eden zadyny ýerine ýetirer.
15. Kim Alla dünýäde we ahyretde (dinine we pygamberine) hiç hili kömek etmez öýdýän bolsa, (ýüreginde dine we pygambere bolan ýigrenç beslese) ol bir serişde bilen asmana çyksyn (özüni assyn), soň (serişdäni) kessin-de görsün, göreli, bu pirimi (hilesi) ýüregindäki ýigrenjini ýok edip bilermikä?
 16. Şeýdip, biz oňa aýdyň subutnamalar (Kuran) inderdik. Takyk, Alla islän bendesini dogry ýola gönükdirer.
17. Takyk, Alla kyýamat güni iman getirenleriň, ýahudylaryň, sabylaryň, nasranylaryň, otparazlaryň we Alla şärik goşanlaryň arasyny aýyl-saýyl eder. Çünki Alla ähli zady görüp durandyr.
 18. Sen asmandakylaryň we ýerdäkileriň, Günüň, Aýyň, ýyldyzlaryň, daglaryň, agaçlaryň, haýwanlaryň we ynsanlaryň (köpüsiniň) Alla üçin sežde edýändiklerini görmeýärsiňmi?! (Ynsanlaryň) köpüsi hem azaba mynasyp boldy. Alla kimi abraýdan düşürse, oňa abraý gazandyrjak (hiç kim) ýokdur. Alla islän zadyny ýerine ýetirer.
 19. Bu (ikisi) özleriniň Perwerdigäri barada biri-birleri bilen çekeleşen iki garşydaş (imanly we imansyz) topardyr. Indi inkär edenlere özleri üçin otdan geýim biçilendir. Olaryň depelerinden gaýnag suw döküler.
 20. Olaryň garynlaryndaky zatlar hem- de derileri erediler.
 21. Ýene olar üçin demirden gürzüler bardyr.
 22. Her gezek, gam-gussa sebäpli, ol ýerden çykmak islänlerinde, yzlaryna gaýtarylyp, olara «Ýakyjy azaby dadyň!» diýler.
 23. Alla Özüne iman getirip, ýagşy işleri edenleri aşagyndan derýalar akýan jennetlere salar. Olar şol ýerde altyndan bilezikler we hünjüler bilen bezenerler. Olaryň şol ýerdäki geýimleri ýüpekdendir.
 24. Olar sözüň iň ýakymlysyna (Alla hamdy-sena aýtmaga) gönükdirildiler we öwgä mynasyp ýola eltildiler.
25. Inkär edenler bilen Allanyň ýoluna, (şeýle-de) ýerli ýa-da zyýarat üçin gelen ynsanlara deň (kybla) edip goýan (ýerimiz) Mesjidi-Harama (Käbä) gelmeklerine päsgel bolanlar (azaba laýyk bolandyrlar). Kim ol ýerde (Käbede) zulum edip, hetden aşsa, (hakdan daşlaşsa), Biz oňa jebir-jepaly azaby dadyrarys.
 26. Biz Ybraýyma Öýüň (Käbäniň) ýerini görkezip şeýle diýipdik: «Maňa hiç bir zady şärik goşma we Meniň öýümi togap edýänler, dik durýanlar, rukug we sežde edýänler üçin tämiz sakla!
 27. Ynsanlaryň arasynda hajy yglan et! Olar, isle pyýada, isle-de her dürli çuň derelerden aşyp gelýän argyn haýwanlaryň üstünde, saňa tarap gelsinler.
 28. (Gelsinler-de), özlerine degişli käbir peýdalary gözleri bilen görsünler we bellenilen (gurbanlyk) günlerinde Allanyň rysgal edip beren gurbanlyk mallaryna (olaryň damaklaryny çalanlarynda) Allanyň adyny agzasynlar. Şeýdip, bu mallaryň etlerinden hem özüniz iýiň hem-de garyp-gasarlara iýdiriň!
29. Soň kir-kimirlerinden dynsynlar, aýdan janlylaryny bersinler we Gadym Öýi (Käbäni) togap etsinler».
 30. Kim Allanyň mukaddes eden zatlaryna hormat goýsa, bu Perwerdigäriniň huzurynda onuň özi üçin has haýyrlydyr. Size (haramdygy) aýdylanlardan başga mallar halal edildi, onda hapalyk-nejislik bolan butlardan gaçyň we ýalan (töhmet we Alla ýalan ýöňkemeklik ýaly) sözlerden gaçyň!
 31. Hakyky manyda Allany ýeke- täk bilenler, Oňa şärik goşmaýanlar hökmünde şeýle ediň! Kim Alla şärik goşsa, ol (Hakdan daşlaşmakda) göýä asmandan aşak gaçyp barýan ýalydyr. Ony ýa guş gapar, ýa-da ýel alyp, daş ýere zyňar.
 32. Kim Allanyň buýran zatlaryna (hökümlerine) hormat goýsa, takyk, bu hormat onuň kalbynyň takwalygy sebäplidir.
 33. Siziň üçin olarda (gurbanlyk mallarynda) belli bir wagta çenli käbir bähbitler bardyr. Soň olaryň gurbanlyk hökmünde barjak ýerleri Gadymy öýdür (Käbedir). Düşündiriş: Yhramly gezmeli günler gutarandan soň, eýeleri gurban etmek maksady bilen getiren mallaryndan münmek ýa-da süýdüni sagmak maksady bilen peýdalanyp bilerler.
 34. Allanyň özlerine rysgal edip beren gurbanlyk haýwanlarynyň (damagyny çalanlarynda) Allanyň adyny agzamaklary üçin her ymmata gurban çalmagy ybadatyň bir görnüşi edip goýduk. Siziň hudaýyňyz ýeke- täk Hudaýdyr (Alladyr). Siz Oňa boýun boluň! (Eý, Muhammet!) Gulak asýanlara (jenneti) buşla!
 35. Olar Allanyň ady agzalanda ýürekleri galpyldaýanlardyr, başlaryna gelene sabyr edýänlerdir, namazy berjaý edýänlerdir we Biziň özlerine rysgal edip beren zatlarymyzdan (mätäçlere) sarp edýänlerdir.
 36. Düýeleri hem (iri mallary hem) siziň üçin Allanyň dessurlaryndan biri (gurbanlyk) etdik. Olarda siziň üçin haýyr bardyr. Olar hatar bolup durkalar (damagyny çalmak maksady bilen) Allanyň adyny agzaň! (Janlary çykyp) ýan tarapa ýatansoň, ondan özüňiz hem iýiň, kanagatly (dilegçilik etmeýän) mätäje hem, dilegçi garyba hem iýdiriň! Şeýdip, Biz bu haýwanlary siziň minnetdar (şükür edenlerden) bolmagyňyz üçin size boýun etdik.
37. Hiç haçan bu gurbanlyklaryň etleri we ganlary Alla gowuşmaz. Oňa diňe siziň takwalygyňyz gelip ýeter. Sizi dogry ýola salanlygy sebäpli, Allany beýik bilmegiňiz üçin (Alla) olary (gurbanlyk mallary), şeýdip, size boýun etdi. Salyhlara (jenneti) buşla!
 38. Takyk, iman getirenleri Alla gorar. Alla hyýanatçy gadyr bilmezi halamaz.
 39. Özleri bilen söweş alnyp barylýanlara (Alla ynananlara) zulum edilenligi sebäpli, (söweşmäge) rugsat edildi. Takyk, Allanyň olara kömek etmäge güýji ýetýändir.
 40. Olar diňe: «Biziň Perwerdigärimiz Alladyr» diýenleri üçin nähak ýere öz ýurtlaryndan çykaryldylar. Eger Alla ynsanlaryň käbirlerini (erbetlerini) beýleki käbirleri bilen dep etmedik bolsady, takyk, içlerinde Allanyň ady bol agzalýan ruhany öýleri, kiliseler, ýahudylaryň ybadathanalary we metjitler ýumrular giderdi. Alla özüne (dinine) kömek edenlere hökman ýardam berer. Takyk, Alla çäksiz kuwwatlydyr, Gudraty güýçlüdir.
41. Olar özlerine häkimiýet berenimizde namaz okan, zekat beren we ýagşylygy ündäp, ýamanlygy gadagan eden adamlardyr. Işleriň netijesi (soňy) Alla degişlidir.
 42. Eger olar seni ýalan hasaplasalar, olardan öň Nuhuň, adyň we semudyň kowumlary hem (öz pygamberlerini) ýalan hasaplapdylar.
 43. Ybraýymyň kowumy hem, Lutuň kowumy hem (pygamberlerini) ýalan hasaplapdylar.
44. Medýen halky hem (Şugaýby) ýalan hasaplapdy. Musa hem (kowumy tarapyndan) inkär edilipdi. Men inkär edenlere möhlet berdim, soň hem olary garbap aldym. Şonda inkär (edenleriň jezasy) nähili bolupdy?
45. Biz ençeme oba-şäheri halky zalym bolany sebäpli, heläk edipdik. Indi ol obalaryň üçekleri (binalarynyň üstüne) çökendir. Ençeme taşlanan guýular we boşap galan beýik köşkler!
46. Olar ýeriň ýüzünde hiç gezip görmedilermi? Akyl ýetirere ýürekleri, ýa-da eşidere gulaklary ýokmy?! Çünki hakyky gözler kör bolmaz, ýöne gursakdaky ýürekler kör bolar.
 47. Olar senden azabyň dessine gelmegini isleýärler. Alla Öz wadasyndan hiç haçan dönmez. Perwerdigäriň huzurynda bir gün siziň sanaýan günüňiziň müňüsi ýalydyr.
 48. Halky zalym bolan ençeme obalara (ýurtlara) hem möhlet beripdim, soň hem olary garbap alypdym. Soň gaýdyp geliş Meniň ýanymadyr.
 49. (Eý, Muhammet!) Sen: «Eý, adamlar men siziň üçin (iberilen) anyk sözli duýduryjydyryn» diýip aýt.
50. Iman getirip, ýagşy işleri edenler üçin ýalkaw we mübärek rysgal bardyr.
 51. Aýatlarymyz hakynda (jadydyr, şygyrdyr ýa-da ertekidir diýip garşylyk bildirmekde) biri-birinden üstün çykmaga çalşanlaryň hemralary dowzah odudyr.
 52. (Eý, Muhammet!) Biziň senden öňki iberen her bir ilçimiz we pygamberimiz özüne inderilen kitaby okan wagtynda, hökmany suratda şeýtan onuň okaýan zatlaryna bir zatlar goşýardy. Dessine, Alla şeýtanyň goşan zadyny ýok eder. Soň Alla Öz aýatlaryny berkider. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 53. Şeýtanyň goşýan zady ýürekleri keselli bolanlary we rehimsiz daş ýürekli bolanlary synag etmek üçindir. Takyk, zalymlar hakykatdan daş bir jenjeliň içindedirler.
54. Özlerine ylym berlenler munuň (Kuranyň) seniň Perwerdigäriň tarapyndan (gelen) bir hakykatdygyny bilsinler. Bes, iman getirip, ýürekleri bilen oňa boýun bolsunlar. Takyk, Alla iman getirenleri dogry ýola gönükdirendir.
55. Inkär edenler başlaryna duýdansyz ýagdaýda kyýamat wagty ýa-da gysyr (özlerine haýryň bolmajak) günüň azaby gelip ýetýänçä ol (Kuran) hakynda şübhelenmeklerini dowam ederler.
 56. Ol gün eýeçilik (hökmürowanlyk) ýalňyz Alla degişlidir. Alla olaryň (ynsanlaryň) arasynda höküm berer. Iman getirip, ýagşy işleri edenler nygmatdan doly jennetlerde bolarlar.
 57. Inkär edenlere we aýatlarymyzy ýalan hasaplanlara bolsa har ediji azap bardyr.
58. Alla Öz ýolunda (öýünden- öwzaryndan geçip) hijret (göç) edip, soň hem öldürilenlere ýa-da ölenlere hökmany suratda gowy sylag (jennet) berer. Çünki Alla, elbetde, rysgal (sylag) berýänleriň iň haýyrlysydyr.
59. Alla olary özleriniň razy boljak bir girelgesine hökman salar. Takyk, Alla (ähli zady) bilýändir, howlugýan däldir.
 60. (Hak söz) şudur. Kim özüne edilen ezýete deň bir ezýet bilen gaýtawul berse, soň hem özüne zulum edilse, Alla oňa hökman ýardam berer. Çünki Alla Geçirimlidir, Bagyşlaýjydyr.
61. Bu Allanyň gijäni gündiziň içine we gündizi hem gijäniň içine girizýänligi, şeýle hem Allanyň ähli zady eşidýänligi we görýänligi sebäplidir.
 62. Bu Allanyň hakykatyň hut özi bolanlygy we olaryň Ondan özge çagyrýanlarynyň galp bolanlygy, şeýle hem iň beýigiň, hut Allanyň Özi bolanlygy sebäplidir.
 63. Sen, Allanyň asmandan suw inderip, (şonuň hasabyna) ýer ýüzüniň ýaşyllyga öwrülýänligini görmeýärsiňmi? Takyk, Alla Mylakatlydyr, (ähli zatdan) Habardardyr.
 64. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zatlar Oňa degişlidir hem-de, elbetde, Alla hakyky öwgä laýykdyr we hiç zada mätäç bolmadyk baýdyr.
 65. Allanyň ýeriň ýüzündäki ähli zatlary, şeýle hem deňizde öz emri bilen ýüzýän gämileri size boýun edendigini, asmany hem Öz rugsadyndan daşgary ýere gaçmakdan saklaýandygyny görmeýärsiňizmi? Takyk, Alla ynsanlara Mähirlidir, Rehim-şepagatlydyr.
 66. Ol (başda) size ýaşaýyş berip, soň öldürer, soň täzeden direlder. Takyk, ynsan örän gadyr bilmezekdir.
 67. Biz her bir ymmata (özlerine mahsus bolan) ybadat görnüşlerini (borç edip) goýduk. Olar şol ybadatlary berjaý edýändirler. Onda olar (beýleki dinliler) bu emir (bu ybadatlar) babatda seniň bilen hiç haçan çekeleşmesinler. Sen Perwerdigäriňe dileg et! Takyk, sen dogry ýoldasyň.
 68. Eger olar seniň bilen dawalaşsalar, onda olara: «Alla siziň edýän işleriňizi has gowy bilýändir» diýip aýt.
69. Alla kyýamat güni dawalaşýan bu meseläňiz barada siziň araňyzda höküm berer.
 70. Sen Allanyň asmanlardakylary we ýerdäkileri bilýändigini, munuň bir kitapda ýazylgy durandygyny bilmeýärsiňmi?! Takyk, bu Alla üçin örän ýeňildir.
 71. Olar Alladan gaýry Allanyň olar hakynda hiç bir subutnama ibermedik we özleriniň olar barada hiç zat bilmeýän zatlaryna gulluk (ybadat) edýärler. Zalymlara hiç hili kömekçi bolmaz.
 72. Sen biziň aýatlarymyz okalýan wagty inkär edýänleriň ýüzlerindäki ýigrenjini görýänsiň. Olar pursat tapsalar, aýatlarymyzy okaýanlary darajak bolarlar. Sen olara: «Size mundan hem beterini habar bereýinmi? (Ol) dowzahdyr! Alla inkär edenleri ol ýere atjakdygyny wada etdi. Gör, bu nähili erbet netijedir» diýip aýt.
 73. Eý, ynsanlar! Bir mysal getirildi, indi şony diňläň! Siziň Alladan gaýry çagyrýanlaryňyzyň (Alla şärik goşýanlaryňyzyň) hemmesi bir ýere jemlenseler hem, hiç haçan (hatda) bir siňegi-de ýaradyp bilmezler. Eger siňek olardan bir zady goparyp alaýsa, şony hem yzyna alyp bilmezler. (Çünki) isleýän hem ejizdir, islenilýän hem ejizdir.
74. Olar Allanyň gadyryny (beýikligini) çynlakaý, hakyky görnüşde bilmediler. Takyk, Alla Kuwwatlydyr, Gudraty güýçlüdir.
 75. Alla perişdeleriň içinden hem, ynsanlaryň içinden hem ilçiler saýlandyr. Takyk, Alla (ähli zady) eşidýändir, görýändir.
 76. Alla olaryň öňlerindäkini hem (geçmişde eden işlerini hem), yzlaryndakyny hem (geljekde etjek işlerini hem) bilýändir. Barça işler, netijede, Alla ýeter.
 77. Eý, iman getirenler! Maksada ýetmegiňiz (azapdan halas bolmagyňyz) üçin rukug we sežde ediň, Perwerdigäriňize gulluk ediň we haýyrly iş ediň!
 78. Allanyň ýolunda (bar gaýratyňyz bilen) çyn ýürekden söweşiň. Ol sizi saýlady we dinde size kynçylyk döretmedi. Bu ataňyz Ybraýymyň dinidir. Ol öň hem (öňki kitaplarda), munda hem (Kuranda) size «musulmanlar» diýip at goýdy. Ondan maksat pygamberiň size, siziň bolsa beýlekilere (dinlere ýa-da günäkärlere) görelde we şaýat bolmagyňyzdyr. Onda namazy berjaý ediň, zekat beriň we ýürekden Alla baglanyň! (Alla ýüzleniň we ähli işleriňizde Oňa bil baglaň!). Ol siziň Hossaryňyzdyr. Ol nähili ajaýyp Hossardyr we Kömekçidir!