1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

12.76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.

Başy » Sözbaşy » 3-nji süre: «Äli-Ymran» («Ymranyň maşgalasy»)

 

«Äli-Ymran» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 200 aýatdan ybaratdyr we uzyn süreleriň biridir. Süräniň ady 33-nji aýatynda agzalýan «Äli- Ymran» sözünden alnandyr. Ymran bibi Merýemiň kakasynyň adydyr. Bu sürede Töwratyň, Injiliň we Kuranyň şol bir ylahy gözbaşdan gaýdýandygy barada aýdylýar we ähli-kitap bilen hoşniýetli gatnaşyk etmäge we haka-hakykata çagyrylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Elif, Läm, Mim.
 2. (Ol) Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Ol Diridir, Kaýýumdyr (bendeleriň işini ýöredýändir).
 3. (Eý, Muhammet!) Ol (Alla) bu kitaby saňa hakykatyň (hut özi) we özünden öňki (kitaplary) tassyklaýjy edip inderdi. Ol (Alla) Töwraty we Injili hem inderipdi.
 4. Mundan (Kurandan) öň olary (Töwraty we Injili) ynsanlary dogry ýola gönükdirmek üçin (inderipdi). Ol Furkany (Kurany) hem inderdi. Allanyň aýatlaryny inkär edenlere örän ýowuz azap bardyr. Takyk, Alla Gudraty güýçlüdir we (kapyrlardan) ar alyjydyr.
 5. Takyk, ne ýerde, ne-de asmanda hiç zat Alladan gizlin galmaz.
 6. (Eneleriňiziň) göwrelerinde size islän görnüşinde şekil beren Oldur. Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur, (Ol) Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 7. Saňa bu kitaby inderen Oldur. Onda käbir aýatlar äşgär manyly bolup, bular kitabyň esasy bölegidir. Beýlekileri (bolsa) çylşyrymly manyly (aýatlardyrdyr). Ýüreklerinde egrilik (erbet niýet) bolanlar, pitne gözlemek (ynsanlary ýalňyş ýola gönükdirmek) we ony (öz matlaplaryna görä) ýorgut etmek üçin manysy çylşyrymly aýatlara uýýarlar (olara salgylanyp, şolar bilen meşgul bolýarlar). Emma olaryň dogry ýorgudyny Alladan başga hiç kim bilmez. Ylymda öňe saýlananlar (hem): «Biz oňa bolşy ýaly ynandyk. Hemmesi-de Perwerdigärimizden gelendir» diýerler. Bulardan (diňe) akyl eýeleri ybrat alarlar.
 8. (Olar): «Eý, Perwerdigärimiz! Bizi dogry ýola gönükdireniňden soň, ýüreklerimizi (hakdan) azaşdyrma we bize Öz rahmetiňi eçil! Takyk, Sen eçilijileriň iň beýigisiň!
 9. Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, (geljekdigine) hiç hili şek-şübhe bolmadyk (kyýamat-magşar) gününde (bütin) ynsanlary jemlejek Sensiň. Takyk, Alla beren wadasyndan dänmez» (diýerler).
10. Takyk, dini inkär edenleriň ne mal-mülkleri, ne-de perzentleri (hiç haýsy) olary Allanyň azabyndan halas edip bilmezler. Ine, olar dowzahyň odunlarydyr.
 
11. (Olaryň ýagdaýy) Fyrgawnyň adamlarynyň we olardan öňki aýatlarymyzy ýalan hasaplanlaryň ýagdaýy ýalydyr. Alla günäleri sebäpli, olary tutdy (jezalandyrdy). Allanyň jezasy örän ýowuzdyr.
 12. (Eý, Muhammet!) Inkär edenlere: «Siz tiz wagtda ýeňlersiňiz we (ahyretde täzeden direldilip) dowzaha üýşürilersiňiz. Ol ýeri nähili erbet düşekdir (ýerdir)!» diýip aýt.
 13. (Bedr söweşinde) ýüzbe-ýüz gelen iki toparyň (düşen ýagdaýynda) siziň üçin ybrat bardyr. Bularyň biri Allanyň ýolunda söweşýärdi, beýlekisi (bolsa), kapyrdy. Olar (kapyrlar) olary (musulmanlary), göz görüşi bilen, özlerinden iki esse (köp) görýärdiler. Alla islänini kömegi bilen güýçlendirer. Takyk, munda paýhas eýeleri üçin ybrat bardyr.
 14. Aýallardan, ogullardan, üýşmek- üýşmek ýygnalan altyndyr kümüşlerden, owadan bedewlerden, (sagymlyk) mallardan we ekinlerden (gelen) nebsi otugdyrýan (zatlar) ynsanlara bezemen (özüne çekiji) edilip görkezildi. Bular dünýä ýaşaýşynyň (wagtlaýyn) peýdalarydyr. (Asyl) baryljak gözel ýer Allanyň ýanyndadyr.
15. (Olara): «Size bulardan hem haýyrlysyny habar bereýinmi? Takwalar üçin özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda aşagyndan derýalar akýan jennetler bolup, olar ol ýerde ebedi galarlar. Ol ýerde (olara) päkize ýanýoldaşlar, (aýratyn hem) Allanyň razyçylygy bardyr. Alla bendeleriniň (edýän ähli işlerini) doly görýändir» diýip aýt.
 16. (Ol takwalar): «Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, biz iman getirdik, biziň günälerimizi bagyşla we bizi ot (dowzah) azabyndan gora!» (diýerler).
 17. (Olar) sabyrly, dogruçyl, (Alla) boýun egýän, haýyr-sahawat edýän we säher wagtlarynda Alladan ýalkaw soraýan (möminlerdir).
 18. Alla Özünden başga (ybadata laýyk) hudaýyň ýokdugyna adalaty dik tutup şaýatlyk berdi. Perişdeler we ylym eýeleri hem (bu hakykaty ykrar etdiler). Gudraty güýçli we hikmet eýesi bolan Ondan (Alladan) başga hudaý ýokdur.
 19. Takyk, Allanyň ýanynda (hak) din yslamdyr. Kitap berlenler özlerine (hakykaty bildirýän) ylym geleninden soň, aralaryndaky göriplik sebäpli, çaprazlyga düşdüler. Kim Allanyň aýatlaryny inkär etse (bilip goýsun), Allanyň hasaby (jezasy) örän çalt geler.
 20. (Eý, Muhammet!) Eger seniň bilen (din meselesinde) dawalaşsalar, (olara): «Men özüme tabyn bolanlar bilen ýüzümi (özümi) Alla tabşyrdym» diý. Kitap berlenler bilen (mekgeli) nadanlara: «Siz yslama girmegi (kabul etdiňizmi)?» diýip aýt. Eger yslama girseler, bes, dogry ýoly taparlar. Emma eger ýüz öwürseler, takyk, seniň wezipäň diňe (olara haky) ýetrimekdir. Alla bendeleriniň (edýän işini doly) görýändir.
 21. Takyk, Allanyň aýatlaryny inkär edenleri, nähak ýere pygamberleri öldürenleri, ynsanlaryň arasyndan adalaty emir edenleri (ýaýmak islänleri) öldürenleri jebir-jepaly azap bilen buşla (habar ber)!
 22. Ine, olar amallary bu dünýäde-de, ahyretde-de puja çykanlardyr. Olaryň (halas etjek) kömekçileri hem ýokdur.
23. Kitapdan nesip berlenleriň (ýahudylaryň) öz aralarynda Allanyň kitabyny emin bolmagy üçin çagyryp, soň hem (hakykat ýüze çykanda) olardan bir toparyň (ol kitabyň hökümlerine amal etmekden) ýüz öwrendigini görmediňmi? Olar ýüz öwrüji (milletdirler).
 24. Bu olaryň: «Dowzah ody bize diňe sanlyja günden başga hiç haçan degmez» diýendikleri üçindir. Dinleri (meselesinde) olary toslan (ýalanlary) aldady.
 25. Biz olary (geljekdigine) hiç hili şek- şübhe bolmadyk (kyýamat) gününde bir ýere jemlän, hiç haýsyna hähaklyk edilmezden her kime gazanan zadynyň (öwezi) doly berlen wagty (olaryň hallary) niçik (bolar)?
 26. Aýt: «Eý, mülk eýesi bolan Allam! Sen mülki isläniňe berersiň, isläniňden mülki alarsyň! Isläniňi eziz edersiň, isläniňi har-zelil edersiň! Haýyr Seniň eliňdedir (ygtyýaryňdadyr)! Takyk, Seniň ähli zada güýjüň ýetýändir.
 27. Gijäni gündize salyp, (gündizi uzaldýarsyň), gündizi gijä salyp, (gijäni uzaldýarsyň). Ölüden diri döredýärsiň, diriden öli döredýärsiň. Sen isläniňe bihasap rysgal eçilýärsiň!».
 28. Möminler möminlerlerden galan kapyrlary dost tutunmasynlar! Kim beýle etse, onda Allanyň (dostlugyndan) hiç zat ýokdur. Emma olardan (gelip biljek) howpdan gorkup (dostlaşyp, duşmançylygy gizleseňiz) zyýany ýokdur). Alla sizi Özüne garşy gitmekden ägä edýär. (Ahyry) gaýdyp baryljak ýer Allanyň (huzurydyr)!
 29. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Siz gursagyňyzdakylary (ýüregiňizdäkileri) gizleseňiz-de, daşyna çykarsaňyz-da, Alla ony bilýändir. Ol asmanlardaky we ýerdäki zatlary hem bilýändir. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir».
 30. Her kimiň eden haýyr ýa-da erbet hemme işini öz öňünde görjek ol gününde (ynsan) onuň (eden erbetlikleri bilen) özüniň arasyny açmak (gaçyp gutulmak) islär. Alla sizi Özüne garşy gitmekden ägä edýär. Alla bendelerine mähirlidir.
 31. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger Allany söýýän bolsaňyz, maňa tabyn boluň! (Şonda) Alla hem sizi söýer we günäleriňizi bagyşlar. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr».
32. Aýt: «Alla we pygambere tabyn boluň! Eger (olar) ýüz öwürseler, Alla kapyrlary halamaz».
33. Takyk, Alla Adamy, Nuhy, Ybraýymyň maşgalasy bilen Ymranyň maşgalasyny älemlerden (öz döwründäkilerden üstün edip) saýlady.
 34. (Olary) yzly-yzyna dowam edip gelýän bir (pygamberlik) zürýady edip (saýlady). Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 35. Ymranyň aýaly: «Eý, Perwerdigärim! Göwrämdäkini (çagamy) erkin gul edip Seniň (ýoluňa) bagyş etdim. Meniň bu (bagşymy) kabul et! Takyk, Sen (ähli zady) eşidýänsiň, bilýänsiň!» diýipdi.
36. Ol gyz dogranda: «Eý, Perwerdigärim. Takyk, men gyz çaga dogurdym» (diýdi). Alla onuň näme dogranyny örän gowy bilýärdi. Elbetde, erkek (perzent) gyz ýaly däldir. (Soň ol): «Men onuň adyna Merýem goýdum. Takyk, men ony we onuň zürýadyny daşlanylan şeýtanyň (şerinden goramagyň üçin) Saňa sygyndyrýaryn» diýdi.
 37. Perwerdigäri ony hoş (razylyk) bilen kabul etdi we ony kämil terbiýe bilen kemala ýetişdirdi. Oňa howandar bolmagy Zekeriýýa tabşyrdy. Zekeriýýa näwagt onuň ýanyna mähraba (otagyna) girse, onuň (Merýemiň) ýanynda rysgal (ir-iýmiş) görýärdi. (Ol): «Eý, Merýem! Bular saňa nireden gelýär?» diýende, ol: «Bular Alla tarapyndan (gelýär). Takyk, Alla islänine bihasap rysgal eçiler» diýerdi. Düşündiriş: Zekeriýýa pygamber bibi Merýemiň daýzasynyň ýanýoldaşydy. Aýatda hem aýdylyşy ýaly, Zekeriýýa bibi Merýeme gözegçilik edýärdi. Metjidiň içinden Merýeme ýörite bir otag taýýarlapdy. Zekeriýýa aleýhissalam Merýemiň otagyna giren wagty dürli ter we täze miweler görýärdi. Bular şol möwsümde ol sebitde ýetişmeýän miwelerdi. Şeýle hem bibi Merýeme rysgal gelýändigini habar beren bu aýat keramatyň hakykatdygyna- da delildir.
 38. Zekeriýýa ol ýerde Perwerdigärine dileg edip: «Eý, Perwerdigärim! Maňa Öz tarapyňdan päk zürýat nesip eýle! Takyk, Sen dilegleri eşidýänsiň!» diýdi.
 39. Ol (Zekeriýýa) mährapda namaz okap durka, perişdeler oňa ýüzlenip: «Alla saňa Alla tarapyndan gelen kelemäni (sözi) tassyklaýjy, (öz kowumyna) hojaýyn, (nebsiniň arzuwlaryndan) özüni saklaýan we salyh pygamberlerden boljak Ýahýany (berjekdigi) bilen hoş habar berýär» diýdiler. Düşündiriş: Tefsir alymlarynyň aglabasynyň pikirine görä, bu aýatdaky «keleme» (söz) diýilmeginden maksat Isa pygamberdir.
 40. Ol (Zekeriýýa): «Eý, Perwerdigärim! Meniň nädip oglum bolsun, gojalyk başyma çökdi, aýalym bolsa önelgesiz!» diýdi. Ol (Alla): «Ine, şeýdip, Alla islän zadyny eder» diýdi.
 41. Zekeriýýa: «Eý, Perwerdigärim! Maňa (oglumyň boljakdygy barada) bir alamat ber!» diýende, Ol (Alla): «Seniň alamatyň seniň üç günläp ynsanlar bilen gepleşmezligiňdir, diňe ümläp (düşünişip bilersiň). Perwerdigäriňi köp ýatla, Ony ertir-agşam tesbih et!» diýdi.
 42. Perişdeler: «Eý, Merýem! Alla seni saýlady, seni päkize eýledi we seni älem-jahanyň ähli zenanlaryndan saýlap (mertebäňi belent etdi)» diýipdiler.
 43. Eý, Merýem! Perwerdigäriňe tabyn bol, sežde et we rukug edýänler bilen rukug et (egil)!
 44. Ine, bular Biziň saňa wahyý eden gaýypdan gelen habarlarymyzdyr. Olar Merýeme kimiň howandarlyk etjekdigi barada galamlaryny zyňyp (bije atýarkalar) we biri-birleri bilen jedelleşýärkäler, sen olaryň ýanlarynda däldiň.
 45. Perişdeler (oňa): «Eý, Merýem! Alla saňa ady Merýem ogly Isa Mesih bolan, bu dünýäde-de, ahyretde-de mertebesi beýik, (Allanyň iň) ýakyn (bendelerinden) bolan Özünden bolan bir keleme (söz) bilen buşlaýar. Düşündiriş: Allatagala Isa pygamberi ýaradanda oňa «Bol!» diýipdir welin, ol ene göwresinde peýda bolup, dünýä inipdir. Şol sözden dünýä inendigi üçin hem Isa pygambere «Allanyň sözi» diýilýär.
 46. Ol sallançakda-da, kemala gelende- de, ynsanlar bilen gepleşer we salyhlardan bolar» diýdiler.
47. Ol (Merýem): «Eý, Perwerdigärim! Maňa hiç bir ynsan (erkek) degmedi, meniň nädip çagam bolup biler?» diýende, (Alla): «Alla islän zadyny ýaradýandyr. Ol bir işiň bolmagyny islese, oňa (diňe) «Bol!» diýer, ol hem dessine (peýda) bolar» diýdi.
 48. Ol (Alla) oňa (Isa) kitaby (ýazmagy), hikmeti, Töwraty we Injili öwreder.
 49. (Ony) ysraýyl ogullaryna ilçi edip iberer. (Isa olara şeýle diýdi): «Takyk, men size Perwerdigäriňizden bir aýat (mugjyza) getirdim. Takyk, men size palçykdan guşuň şekiline meňzeýän bir zat ýasap, oňa üflärin. Ol Allanyň rugsady bilen şolbada (janly) guş bolup (uçar). (Şeýle-de) men Allanyň rugsady bilen dogabitdi köri we pis kesellini sagaldyp, ölüleri direlderin. Size öýleriňizde näme iýýändigiňizi we näme ýygnap goýandygyňyzy hem habar bererin. Eger mömin bolsaňyz, takyk, munda siziň üçin ybrat bardyr.
 50. Men özümden öňki Töwraty tassyklamak we size (Musanyň dininde) haram edilen käbir zatlary halal etmek üçin geldim. Men size Perwerdigäriňizden bir alamat (mugjyza) getirdim. Bes, siz Alladan gorkuň we maňa tabyn boluň!
 51. Takyk, Alla meniň Perwerdigärimdir, siziň-de Perwerdigäriňizdir. Bes, Oňa ybadat ediň! Ine, bu dogry ýoldur».
 52. Isa olardan küpüri aňanda: «Allanyň (ýolunda) meniň kömekçilerim kimler?» diýdi. Hawarylar (şägirtleri): «Allanyň (ýolunda) kömekçiler bizdiris. Biz Alla iman getirdik. (Eý, Isa!) Sen biziň musulmandygymyza şaýat bol!
 53. Eý, Perwerdigärimiz! Biz inderen kitabyňa iman getirip, pygambere uýduk. Biz şaýatlar bilen bile ýaz!» diýdiler.
 54. Olar (ýahudylar Isany öldürjek bolup) hile (duzak) gurdular. Alla olaryň hilelerini (hile bilen) puja çykardy. Alla hileleri (iň) haýyrly (güýçli) puja çykaryjydyr.
 55. Alla (şeýle) diýdi: «Eý, Isa! (Ajalyň gelende) seniň janyňy (olar däl) Men alaryn, seni Öz ýanyma galdyraryn. Seni inkär edenlerden (halas edip) päklige çykararyn we saňa tabyn bolanlary, tä kyýamata çenli inkär edenlerden üstün ederin. Soň siz Maňa gaýdyp gelersiňiz. Bes, Men (şol wagt) siziň araňyzda çaprazlyga düşen zatlaryňyz hakda höküm bererin.
 56. Bes, inkär edenlere bolsa bu dünýäde we ahyretde ýowuz azap bilen azap bererin. Olaryň (halas etjek) kömekçileri hem ýokdur.
 57. Emma iman getirip, salyh amal edenlere bolsa, (Alla) olaryň sylaglaryny doly berer. Alla zalymlary halaýan däldir».
 58. (Eý, Muhammet!) Bulary Biz saňa (beýan edilen) aýatlardan hem- de hikmetli Zikirden (Kurandan) okap berýäris.
 59. Takyk, Allanyň ýanynda Isanyň ýagdaýy Adam (atanyň) ýagdaýy ýalydyr. Alla (Adamy) toprakdan ýaratdy, soň oňa «Bol!» diýdi. Ol hem dessine (peýda) boldy.
 60. Bu hakykat (saňa) Perwerdigäriňden (gelendir). Sen güman edijilerden bolma!
 61. Saňa ylymdan (munça alamatlar) geleninden soň, kim seniň bilen ol (Isa) hakynda dawalaşsa, (oňa): «Hany geliň, ogullarymyzy we ogullaryňyzy, aýallarymyzy we aýallaryňyzy, biz özümizi we siz hem özüňizi çagyryp, soň hem zary-tazarrug edip, (bu meselede) Allanyň näletiniň ýalançylaryň üstüne (inmegini) diläliň!» diý. Düşündiriş: Bu aýata iki tarapyň haýsydyr bir meselede jedelleşip, bir karara gelip bilmeseler, haýsy tarap ýalançy bolsa, Allanyň oňa nälet etmegini bütin kalbyň bilen islemek manysynda «näletleme aýaty» diýilýär.
 62. Takyk, saňa aýdylan bu (habarlar), elbetde, hakykatdyr. Alladan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Takyk, Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 63. Eger olar ýüz öwürseler, takyk, Alla ol bozgaklary (anyk) bilýändir.
 64. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eý, ähli- kitap! Geliň, biziň siziň bilen araňyzda deň (manyda) bolan (şu) sözi (kabul edeliň): «Alladan başgasyna ybadat etmäliň. Oňa hiç zady şärik goşmalyň, Alladan başga (käbir ynsanlaryň toslan zatlaryny kabul edip), biri-birlerimizi perwerdigärler edinmäliň (hudaýlaşdyrmalyň)». Eger (olar ýene-de) ýüz öwürseler: «(Eý, kapyrlar!) Biziň musulmandygymyza şaýat boluň!» diýiň.
 65. Eý, ähli-kitap! Näme üçin Ybraýym hakda (ol biziň dinimizden diýip) jedelleşýärsiňiz? Töwrat we Injil ondan soň inmedimi eýsem? Heý, siz akyl ýetirmeýärsiňizmi?
66. Siz (sähelçe) bilýan zadyňyz (barada) jedelleşdiňiz (diýeli), emma hiç zat bilmeýän zadyňyz barada näme üçin jedelleşýärsiňiz? Alla (dogrusyny) bilýändir, siz bilmersiňiz. Düşündiriş: Ýahudylar bilen nasranylar öz aralarynda Ybraýym aleýhissalamyň ýahudy ýa- da nasranydygy barada jedel eder ekenler. Bu aýat olaryň bu pikirlerini ret edýär. Sebäbi ýahudylyk we nasranylyk Ybraýym aleýhissalamdan soň dörän dindir.
 67. Ybraýym ýahudy-da, nasrany-da däldi. Emma ol hanyf (hak dinde) bolan musulmandy we Alla şärik goşanlardan däldi.
68. Takyk, Ybraýyma ynsanlaryň (arasynda) iň ýakyny oňa tabyn bolanlar bilen bu pygambere (Muhammede) iman getirenlerdir. Alla möminleriň dostudyr.
69. Ähli-kitapdan bir topar siziň (diniňizden) azaşmagyňyzy isledi. (Emma) olar özlerinden başga hiç kimi azaşdyryp bilmezler. (Muny) özleri hem aňmaýarlar.
 70. Eý, ähli-kitap! Siz (Töwratda we Injilde hakykaty) görüp durkaňyz, näme üçin Allanyň aýatlaryny inkär edýärsiňiz?
 71. Eý, ähli-kitap! Näme üçin hakykaty nähak bilen gaştyşdyrýarsyňyz we bilip durkaňyz hakykaty gizleýärsiňiz? Düşündiriş: Haýbar ýahudylaryndan on iki adamdan ybarat ruhanylar topary agyz birikdirip irden ýalandan yslamy kabul eden bolýarlar. Agşamrak bolsa, öz kitaplaryny okandyklaryny we hezreti Muhammediň pygamberligine degişli hiç hili habara gabat gelmändiklerini aýdyp, yslamdan ýüz öwürýärler. Şeýlelik bilen olar musulmanlaryň arasynda şübhe döredip, olaryň hem dinden çykmaklaryna sebäp bolmak isleýärdiler. Aşakdaky aýatlar bu waka yşarat edýär.
 72. Ähli-kitapdan (ýahudylardan) bir topar (birek-birege): «Iman getirenlere (musulmanlara) inderilen (Kurana) günüň başynda (irden) iman getireliň, soňunda- da (agşamara) hem (olarda şübhe döräp, dinlerinden) ýüz öwürmekleri üçin inkär edeliň.
 73. Siz öz diniňize tabyn bolandan başga hiç kime (bu syry) ynanmaň!» diýdiler. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Takyk, dogry ýol (diňe) Allanyň ýoludyr. Siz özüňize berlene meňzeş zadyň (kitabyň) başga birine (Muhammet ymmatyna) hem berilmeginden ýa-da Perwerdigäriňiziň huzurynda özüňize garşy delil (hökmünde) getirer öýtdüňizmi?». (Ýene-de) aýt: «Takyk, pazly-kerem Allanyň elindedir, ony islänine berer. Allanyň (pazly-keremi) giňdir, (ähli zady) bilýändir.
 74. Ol (Alla) Öz rahmeti (pygamberligi) bilen islänini tapawutly eder. Alla uly pazly-kerem eýesidir!».
75. Ähli-kitapdan özüne harwar-harwar altyn amanat goýsaň-da, ony saňa (elini batyrman) doly gaýtaryp berýänler hem bar. Emma olaryň içinde eger ýekeje dinar (altyn) amanat goýsaň hem, başynda dikilip durmasaň, saňa gaýtaryp bermeýänler hem bar. Munuň (sebäbi), olar: «Ümmiler (ähli-kitap bolmadyk butparaz araplaryň garşysyna näme etsek bolýar, onuň) üçin bize hiç hili ýol (sorag) ýokdur» diýdiler. Olar bilip dursalar hem, Alla hakda (toslap) ýalan sözleýärler.
76. Ýok! (Hakykat beýle däldir). Kim ähti-peýmanyna wepaly bolup, (erbet işlerden) saklansa, bes, takyk, Alla takwalary halaýandyr
. 77. Takyk, Alla beren ähti-peýmanyna we kasamlaryna (derek) az bir puly (bähbidi) satyn alanlaryň (bozanlaryň) ahyretde nesibeleri ýokdur. Kyýamat gününde Alla olar bilen gepleşmez, olara (rahmet nazary bilen) seretmez we olary aklamaz (ýalkamaz). Olara jebir-jepaly azap bardyr.
 78. Takyk, olardan (ähli-kitapdan) kitapda (ýazylan) bolmasa hem, siziň kitapda (ýazylandyr) öýtmegiňiz üçin kitaby (okaýan mahallary) dillerini aýnadyp (käbir sözleri üýtgedip okaýan) bir topar bardyr. Olar (okaýan zatlary) Alla tarapyndan bolmasa hem: «Bu Alla tarapyndandyr» diýerler. Olar bilip dursalar hem, Alla hakda (toslap) ýalan sözleýärler.
 79. Alla tarapyndan özüne kitap, hikmet we pygamberlik berlen hiç bir adamyň ynsanlara (ýüzlenip): «Alladan başga maňa gul boluň!» diýmegi mümkin däldir. (Ol ynsanlara) diňe: «Okap öwrenýän we size öwredýän şol kitabyňyzda (aýdylyşy) ýaly rabbany (takwa alymlar) boluň!» (diýer).
 80. (Hiç bir pygamber) siziň perişdeleri we pygamberleri Perwerdigärler edinmegiňizi emir etmez. Siz musulman bolanyňyzdan soň, heý-de ol size küpüri emir edermi?
81. Alla pygamberlerden: «Kasam bolsun! Size kitap we hikmet berenimden soň, siziň ýanyňyzdaky kitaby tassyklaýjy bir pygamber gelende, hökman oňa ynanyp, ony goldaýjy bolmalysyňyz» diýip söz alypdy. (Alla): «Siz ykrar etdiňizmi we Meniň size bu ähdi-peýmanymy (kabul edip) aldyňyzmy?» diýende, (olar): «Ykrar (kabul) etdik» diýdiler. (Alla): «Siz (biri-biriňize we ymmatlaryňyza) şaýat boluň, Men hem siziň bilen birlikde (bu ykraryňyza) şaýatlyk edýärin» diýdi.
82. Indi kim mundan soň (hakdan) ýüz öwürse, olar pasyklaryň hut özleridir.
83. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zatlar öz erkine ýa-da mejbury ýagdaýda (isleseň, islemeseň) Alla tabynkalar (ähli- kitapdan bolanlar) Allanyň dininden başga (din) gözleýärlermi? (Hemmeler ahyry) Oňa (Alla) gaýdyp bararlar.
 84. (Olara): «Biz Alla, özümize inderilene (Kurana), Ybraýyma, Ysmaýyla, Yshaga, Ýakuba we onuň neberesine inderilenlere, özleriniň Perwerdigäri tarapyndan Musa, Isa we (ähli) pygamberlere berlenlere iman getirdik. Biz olary birek-birekden aýra tutmaýarys we biz Oňa (Alla) boýun egenlerdendiris» diýip aýt.
 85. Kim yslamdan başga din gözlese, (bilip goýsun), ondan (başga din) hiç haçan kabul edilmez we ol ahyretde hem zyýana galanlardan bolar.
 86. Özlerine äşgär deliller gelip, pygamberiň hakdygyna şaýat bolup, iman getirenlerinden soň kapyr bolan kowumy Alla nädip dogry ýola gönükdirsin? Alla zalymlar kowumyny dogry ýola gönükdirmez.
 87. Ine, bularyň jezalary olaryň Allanyň, perişdeleriň we ähli ynsanlaryň näletine galmaklarydyr.
 88. Olar bu (näletiň) içinde (ebedi) galarlar. Olaryň azaby ýeňilleşdirilmez, hiç kim olara nazar etmez.
 89. Emma mundan soň toba edip, (özlerini) düzedenler (nälete galmazlar). Bes, takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 90. Imanlaryndan soň inkär edip, soň hem küpürde aşa gidenleriň tobalary hiç haçan kabul edilmez. Olar ýoldan azaşanlaryň hut özleridir.
 91. Takyk, inkär edip, kapyr bolup jan berenleriň halas bolmak üçin ýer ýüzüne (dünýä) barabar altyn fidýe (töleg) berseler hem, olaryň hiç haýsyndan kabul edilmez. Olara jebir-jepaly azap bardyr we olara kömek etjek hem ýokdur.
 92. Siz öz söýýän zatlaryňyzdan Alla ýolunda haýyr-sahawat etmeseňiz, (iň uly) ýagşylyga (jennete) gowşup bilmersiňiz. Siz näme haýyr-sahawat etseňiz, takyk, Alla ony (hökman) bilýändir.
 93. Töwrat inderilmezden öň, Ysraýylyň (Ýakubyň) özüne haram eden zatlaryndan başga, ähli (görnüşli) tagamlar ysraýyl ogullaryna halal edilipdi. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger dogruçyl bolsaňyz, Töwraty getirip, ony okaň!».
94. Bes, mundan soň kim Allanyň adyndan ýalan toslasa, ine, olar zalymlaryň hut özleridir.
 95. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Alla dogry sözledi. Bes, hanyf (hak din) bolan Ybraýymyň dinine tabyn boluň! Ol (hiç haçan) Alla şärik goşanlardan bolmandy».
 96. Takyk, ynsanlaryň (ybadat etmegi) üçin ýer ýüzünde gurlan ilkinji öý (bina) Mekgedäki ol mübärek we ynsanlary dogry ýola gönükdirýän (Käbedir).
 97. Ol ýerde äşgär alamatlar we Ybraýymyň makamy bardyr. Kim ol ýere girse, hopwsuzlykda bolar. Ýoluna güýç ýetirenleriň (Allanyň) öýüne haj etmegi ynsanlaryň Allanyň öňündäki borjudyr. Kim (hajy) inkär etse, kapyr bolar. Takyk, Alla Baýdyr, älem-jahandaky (hiç zada mätäç däldir).
98. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Eý, ähli- kitap! Näme üçin Allanyň aýatlaryny inkär edýärsiňiz?! Alla edýän (ähli) işleriňize şaýatdyr».
 99. Aýt: «Eý, ähli-kitap! Siz näme üçin (hakykaty) görüp durkaňyz, Allanyň ýolunda egrilik gözläp, iman getirenleri ondan sowmaga synanyşýarsyňyz? Alla siziň edýän işleriňizden gapyl däldir».
 100. Eý, iman getirenler! Eger kitap berlenlerden bir topara uýsaňyz, olar sizi imanyňyzdan soň kapyrlara öwrerler.
101. Size Allanyň aýatlary okalýan, araňyzda Allanyň ilçisiniň hem bar wagty nädip siz inkär edip bilersiňiz? Kim Allanyň (dinine berk) ýapyşsa, bes, ol dogry ýola gönükdirilendir.
102. Eý, iman getirenler! Alladan Oňa mynasyp görnüşde (çyn ýürekden) gorkuň (Oňa garşy çykmakdan saklanyň) we diňe musulman ýagdaýda jan beriň!
 103. Hemmäňiz bilelikde Allanyň ýüpüne (dinine) ykjam ýapyşyň, bölünişmäň! Allanyň özüňize beren nygmatlaryny ýatlaň! (Bir wagtlar) siz birek-birege duşmandyňyz, Ol (Alla) siziň kalplaryňyzyň arasyny birleşdirdi, siz hem onuň nygmatynyň (netijesinde) dogan bolduňyz. Siz otdan bir gorpuň erňeginde durkaňyz, Ol (Alla) sizi onuň (içine düşmekden) halas etdi. Alla siziň dogry ýola gelmegiňiz üçin, şeýdip, size Öz aýatlaryny beýan edýär. Düşündiriş: Yslamdan öň Arap ýarymadasynda ynsan ýaşaýşynyň hiç bir gymmaty galmandy. Iň ownuk bir sebäbe görä hem ynsanlary çekinmän öldürer ekenler. Tire-taýpa söweşleriniň, öç alma we gan dawalarynyň soňy gelmeýärdi. Medinedäki ews we hazraç taýpalary 120 ýyllap dowamly söweşýärdiler. Yslam dininiň gelmeginiň netijesinde hem olar biri-birleri bilen ýaraşyp, dogan bolýarlar.
 104. (Eý, musulmanlar!) Siziň (araňyzdan) haýra çagyrýan, ýagşylygy emir (wagyz-nesihat) edýän, erbetliklerden gaýtarýan bir (alymlar) topary bolsun! Ine, olar halas bolanlaryň hut özleridir.
 105. Siz özlerine äşgär deliller geleninden soň bölünip, agzalalyga düşen (ähli- kitap) ýaly bolmaň! Ine, olar üçin uly azap bardyr.
 106. (Ol) günde (kyýamatda) käbir ýüzler ap-ak bolar, käbir ýüzler gap-gara bolar. Bes, ýüzleri gap-gara bolanlara: «Imanyňyzdan soň inkär etdiňizmi? Bes, inkär edendigiňiz sebäpli, bu azaby dadyň!» (diýler).
 107. Ýüzleri ap-ak bolanlar bolsa, Allanyň rahmetinde (nygmatynda) bolarlar. Olar ol ýerde ebedi galarlar.
108. Ine, bular Allanyň aýatlarydyr. Biz olary saňa (boş ýere däl-de) hak (we hikmet) bilen okap berýäris. Alla älem- jahandaky (ynsanlara) hiç hili nähaklyk etmek islemez.
 109. Asmanlardaky we ýerdäki bar bolan (ähli) zat Allanyňkydyr we ähli işler (ahyry) Alla gaýdyp getiriler.
110. (Eý, musulmanlar!) Siz ynsanlaryň (ýagşylygy) üçin (öňe) çykarylan iň haýyrly ymmatsyňyz. Siz ýagşylygy emir (wagyz) edip, ýamanlygyň öňüni alyp, Alla ynanýarsyňyz. Käşgä, ähli-kitap hem iman getirsedi, elbetde, bu özleri üçin gowy bolardy. Olaryň (aralarynda) iman getirenler bardyr, (emma) olaryň aglabasy (ýoldan çykan) pasyklardyr.
 111. Olar size ezýet berip (ynjytmakdan) başga hiç hili zyýan berip bilmezler. Eger olar siziň bilen söweşseler, arka öwrüp (gaçarlar). Soň olara hiç kim ýardam bermez.
 112. Olar nirede bolsalar-da, Alladan gelen ýüpe (ähti-peýmana) we ynsanlaryň (möminleriň) ýüpüne (hemaýatyna) sygynmasalar, olara harlyk-zelillik (tagmasy) basylar. Olar Allanyň gazabyna duçar bolup, olara misginlik (tagmasy) basylandyr. Bu olaryň Allanyň aýatlaryny inkär edendikleri we nähak ýere pygamberi öldürendikleri sebäplidir. Bu hem olaryň (öňden bäri) asy bolup, hetden aşa geçendikleri üçindir.
113. Olaryň (ähli-kitabyň hemmesi) deň däldir. Ähli-kitapdan dogry ýolda bolup, gijelerine sežde edip, Allanyň aýatlaryny okaýan bir topar hem bardyr.
 114. Olar Alla we ahyret gününe ynanyp, ýagşylygy emir (wagyz) edip, erbetligiň öňüni alyp, haýyrly işlere ylgaýarlar. Ine, olar salyhlardandyr.
 115. (Olar) näme haýyr iş etseler, onuň (sogabyndan) mahrum bolmazlar. Alla takwalary gowy bilýändir. 66
116. Takyk, inkär edenleri Allanyň (azabyndan) ne olaryň gazananlary, ne-de perzentleri halas edip biler. Olar dowzahy bolup, ol ýerde ebedi galarlar.
117. (Ol kapyrlaryň) bu dünýäde eden haýyr-sahawatlarynyň mysaly (inkär edendikleri üçin) özlerine zulum eden bir kowumyň ekinlerini urup, ony zaýalan gazaply sowuk ýeliň ýagdaýy ýalydyr. (Dogrusy) Alla olara zulum etmedi, olar öz-özlerine zulum etdiler.
 118. Eý, iman getirenler! Siz özüňizden (musulmanlardan) galanlaryny (kapyrlary) dost tutunmaň! (Sebäbi) olar (kapyrlar) size zyýan bermekde çetde durmazlar. (Olar) siziň kynçylyga düşmegiňizi islärler. Olaryň (size) kineleri agyzlaryndan çykýan (sözlerden) bellidir. Gursaklarynyň (ýürekleriniň) gizleýän zatlary (kineleri) bolsa has uludyr. Eger akylyňyzy ulanar bolsaňyz, bes, Biz size aýatlarymyzy beýan etdik.
 119. (Haýp), siz olary (kapyrlary) söýýärsiňiz. (Emma) siz ähli (ylahy) kitaplara iman getirseňiz hem, olar sizi söýmezler. Olar siz bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda: «Biz ynandyk!» diýerler. Öz-özleri galanlarynda bolsa, size besleýän kineleri sebäpli, barmaklarynyň uçlaryny dişlärler. (Olara): «Kinäňiz bilen jan beriň! Alla gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) doly bilýändir» diýip aýt.
 120. Siziň bir gowulyga (nygmata) gowuşmagyňyz olary gynandyrar. Eger size bir erbetlik (kynçylyk) gelse (welin), şatlanarlar. (Ýöne) eger siz sabyr etseňiz we (Alladan) gorksaňyz, olaryň guran hilesi size (hiç hili) zyýan ýetirip bilmez. Takyk, Alla olaryň edýän işlerini (Özüniň ylmy bilen) gurşap alandyr.
 121. (Eý, Muhammet!) Sen (bir gezek) säher bilen maşgalaňdan (aýrylyp), möminleri söweş ýerlerine ýerleşdirmek üçin (Medineden) ýola çykypdyň. Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
122. Sizden iki topar, Allanyň özleriniň ýardam bermegine (garamazdan, söweşde) ejizlik görkezip yza tesjek boldular. Möminler diňe Alla bil baglasynlar.
 123. Kasam bolsun! Siz ejiz (sanyňyz az) wagtyňyz Alla size Bedrde kömek edipdi. Şükür etmegiňiz üçin Alladan gorkuň!
 124. Şol wagt sen möminlere: «Perwerdigäriňiziň üç müň perişde bilen ýardam etmegi size ýetmeýärmi?» diýýärdiň.
 125. Elbetde, sabyr edip, (Alladan) gorksaňyz olar (duşmanlaryňyz) hem şolbada üstüňize gelseler (çozsalar), Perwerdigäriňiz size (özlerini aýyl- saýyl etjek) nyşanlary bar bolan bäş müň perişde bilen kömek eder.
126. Alla ony (kömegini) size söýünji bolmagy we onuň bilen siziň ýürekleriňiziň arap tapmagy üçin berdi. Ýeňiş diňe Gudraty güýçli we hikmet eýesi Alla tarapyndan (geler).
127. Alla (size bu goldawy) kapyrlaryň bir toparyny kesmek (ýok etmek) ýa- da olary (derbi-dagyn) edip, (aralaryna) dowul salyp, (niýetlerine ýetmän) umytsyz ýagdaýda (yzlaryna) gaýdyp gitmekleri üçin berdi.
 128. (Alla islese) olaryň tobalaryny kabul etsin, islese özlerine zulum edendikleri üçin olara azap bersin, (diňe hakykaty ýetirmekden başga) sen hiç bir işe (jogapkär) dälsiň.
 129. Asmanlardaky we ýerdäki ähli zat Allanyňkydyr. Ol islänini bagyşlar, islänine azap berer. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 130. Eý, iman getirenler! Essesi bilen artdyrylyp alynýan göterimi iýmäň! (Azapdan) halas bolmagyňyz üçin Alladan gorkuň!
 131. (Eý, möminler!) Siz kapyrlar üçin taýýarlanylan ol otdan gorkuň!
 132. Merhemet edilmegiňiz üçin Alla we pygambere tabyn boluň!
 133. Perwerdigäriňiz tarapyndan ýalkawa we giňişligi asmanlardyr ýer ýaly takwalar üçin taýýarlanylan jennete howlugyň!
134. (Ol takwalar) bollukda-da, gytlykda- da haýyr-sahawat edýärler, gaharlaryny ýuwudýarlar, ynsanlaryň hatalaryny bagyşlaýarlar. Alla ýagşylyk edýänleri halaýandyr.
 135. (Ol takwalar) eger uly bir günä iş ýa-da özlerine zulum etseler, (dessine) Allany ýatlap, günäleriniň geçilmegini dilärler. Günäleri Alladan başga kim bagyşlap biler? Olar (Allanyň tobalary kabul edýändigini) bilseler hem, günä şol günä işleri gaýtalap dowam etmezler.
 136. Ine, olaryň sylagy özleriniň Perwerdigäri tarapyndan uly bir ýalkaw we ebedi galjak ýerleri bolan aşagyndan derýalar akan jennetler bolar. Amal edenleriň sylagy, gör, nähili ajaýypdyr!
 137. Sizden öň niçeme (ymmatlaryň) hadysalary (bolup) geçendir. Siz ýer ýüzüni seýr ediň, (dini) ýalan hasaplanlaryň soňunyň nähili (bolandygyny) görüň!
 138. (Ine), bu (ähli) ynsanlar üçin bir beýandyr, takwalar üçin bolsa dogry ýoldur we öwüt-nesihatdyr.
 139. Siz (kapyrlar bilen söweşde) ejizlemäň we gamgyn bolmaň! Eger siz mömin bolsaňyz, siz hökman üstün çykarsyňyz!
140. Siz (Uhutda) nähili ýara alan bolsaňyz, ol (kapyr) kowum hem (Bedrde) şonça ýara alandyr. Ine, Allanyň iman getirenleri bilmegi we sizden şehitleriň bolmagy üçin Biz ol (ýeňiş) günlerini ynsanlaryň arasynda (gezekleşdirip) aýlap durýarys. Alla 69 zalymlary halamaz.
 141. (Munuň bilen) Alla iman getirenleriň (günälerini) päklemek (geçmek), kapyrlary bolsa heläk etmek (isleýär).
142. Ýogsa-da siz Allanyň siziň araňyzdan söweşýänleri we sabyr edýänleri bilmezden (ýüze çykarmazdan), jennete girersiňiz öýtdüňizmi?
143. Kasam bolsun! Siz ölüm bilen ýüzbe-ýüz gelmezden öň, ony (şehit bolmagy) arzuw edipdiňiz. Ine, siz (şu wagt) ony (şehitligiň sebäbini) gördüňiz, (emma) seredip dursuňyz (berk durup bilmän yza gaçdyňyz).
144. Muhammet diňe bir ilçidir. Ondan öň hem (ençeme) pygamberler gelip geçipdi. Eger ol ölse ýa-da öldürilse, siz ökjeleriňiziň üstünde yza tesip, (öňki kapyrlygyňyza) dänmekçimi? Kim iki ökjesiniň üstünde yza tesip, (yslamdan) dänse, (bilip goýsun), ol hiç haçan Alla zyýan berip bilmez. (Emma) Alla (dogry ýola) şükür edenleri bihasap sylaglar.
 145. Alladan bidin hiç bir janly zadyň jan bermegi mümkin däldir. (Ölüm) kesgitlenen wagta görä ýazylandyr. Kim bu dünýäniň sogabyny (eşretini) islese, oňa ondan bereris. Kim ahyret sogabyny (sylagyny) islese, oňa hem ondan bereris. Biz şükür edenleri hökman sylaglarys.
 146. Ençeme pygamberler gelip geçdiler. Özlerini Perwerdigäre bagyş eden ençeme (yhlasly) kişiler olar (pygamberler) bilen bilelikde söweş etdiler. Olar Allanyň ýolunda başlaryna gelen kynçylyklar sebäpli, hiç ejizlemediler, (duşmanlaryna) boýun egmediler. Alla sabyr edenleri halaýandyr.
147. Olar (şol kyn ýagdaýlarda) diňe: «Eý, Perwerdigärimiz! Biziň günälerimizi we işlerimizde öte geçmegimizi bagyşla! (Söweşde) aýaklarymyzy berk basdyr (öz ýoluňdan taýdyrma) we kapyrlardan üstün çykmaga bize kömek et!» diýdiler.
148. Alla olara hem bu dünýä sylagyny, hem-de ajaýyp ahyret sylagyny berdi. Alla ýagşylary halaýandyr. 70
149. Eý, iman getirenler! Eger siz kapyrlara tabyn bolsaňyz, sizi ökjeleriňiziň üstünde (yzyňyza kapyrlyga) döndererler. Siz hem zyýana uçranlara öwrülersiňiz.
 150. Ýok! (Kapyrlar däl), siziň dostuňyz Alladyr. Ol kömek edýänleriň iň haýyrlysydyr.
 151. Allanyň (ybadat eder ýaly) hiç bir delil indermedik zatlaryny Oňa (Alla) şärik goşandyklary üçin Biz kapyrlaryň kalplaryna gorky salarys. Olaryň barjak ýerleri otdur (dowzahdyr). Zalymlaryň barjak ýerleri, nähili erbetdir.
 152. Kasam bolsun! Siz Onuň (Allanyň) rugsady (kömegi) bilen olary (duşmanlaryňyzy) öldürýän (ýeňýän) wagtyňyz Alla size eden wadasyny ýerine ýetirdi. Soň (Alla) size arzuw edýän (ýeňşiňizi) görkezende, siziň araňyzda (duşmana garşy) ejizlik emele geldi, siz (pygamberiň berýän) emirlerini (berjaý etmekde) çekeleşip, baş göterdiňiz. Sizden kim dünýä (bähbidini), kimler (bolsa) ahyret (sogabyny) isleýärdi. Soň (Alla) sizi synamak üçin size olara garşy (durmakda beren goldawyny) yza çekdi, (siz tasdanam derbi-dagyn bolupdyňyz). Kasam bolsun! (Alla) onda-da sizi bagyşlady! Alla möminlere pazly-kerem eýesidir.
153. Şol wagt siz (söweş meýdanyndan) çaltlyk bilen daşlaşyp, hiç kime öwrülip seretmeýärdiňiz. Pygamber siziň yzyňyzdan sizi çagyryp durdy. Şol sebäpli, siziň ne eliňizden gidene, ne-de başyňyza gelen (bela-betere) gynanmazlygyňyz üçin Alla size gamgynlyk üstüne gamgynlyk berip, sizi jezalandyrdy. Alla (ähli) edýän 71 işleriňizden habardardyr.
 154. Soň (Alla) ol gam-gussanyň yzyndan siziň içiňizden bir bölegiňizi gaplap alan rahatlyk beriji ýeňil uky inderdi. Jan derdine düşen bir bölegiňiz (mynapyklar) bolsa Alla hakda nadanlyk (döwründäki) ýaly hakykat bolmadyk pikirleri edýärdi. (Olar): «Bu işden bize (ýeňşe degişli) heý bir zat barmy?» diýýärdiler. (Olara): «Takyk, ähli işleriň (ygtyýary) Allanyňkydyr» diýip aýt. Olar öz içlerinde saňa (garşy) aýtmak islemeýän zatlaryny gizläp, (biri- birlerine): «Eger bize bu işden (ýeňişden) bir zat (nesibe) bolsady, (häzir) bu ýerde (bolmazdyk we) öldürilmezdik» diýýärdiler. (Olara): «Eger siz öýleriňizde bolsadyňyz, ýazgytlarynda öldürilme bolanlar hökman ýatjak (öldüriljek) ýerlerine çykyp (giderdiler). Alla siziň gursagyňyzdakyny synamak we ýürekleriňizi (was-wasylykdan) saplamak üçin (Uhut söweşini amala aşyrdy)» diýip aýt. Alla gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) doly bilýändir. Düşündiriş: Aýatdaky söweş musulmanlaryň ýeňlişi bilen gutaran Uhut söweşidir. Käbir mynapyklar musulmanlar bilen bile söweşe goşulandyklary üçin puşman edip, öz aralarynda: «Ýolbaşçylykda ygtyýarymyz bolup, biziň pikirimiz bilen hereket edilsedi, beýle ryswa bolup, ýeňilmezdik» diýdiler. Şeýdip, olar pygamberimize töhmet atýardylar, musulmanlaryň ruhy güýjüne-de zeper ýetirýärdiler. Sahabalardan Abdylla ibn Mesgut söweşdäki uky halynyň Alladan, namazdaky uky halynyň bolsa şeýtandandygyny aýdypdyr.
 155. Takyk, iki goşunyň duşuşan güni araňyzdan yzyna öwrülip gaçanlary, ine, olary eden käbir (ýalňyşlary) sebäpli, şeýtan taýdyrmak (ýoldan çykarmak) isläpdi. Kasam bolsun! Alla onda- da olaryň günäsini geçdi. Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Halymdyr (howlugýan däldir).
 156. Eý, iman getirenler! Siz ol dini inkär edip, ýer ýüzünde ýörişe çykan ýa-da (söweşen) gazylar bolup (ölen ýa-da öldürilenler) özleriniň (mynapyklykda ýa-da garyndaşlykda) dogan-garyndaşlary hakda: «Eger biziň ýanymyzda (galan) bolsalardy, ne ölerdiler, ne-de öldürilerdiler» diýen (mynapyklar) ýaly bolmaň! Alla muny (olaryň bu düşünjesini) özleriniň ýüreklerinde puşmanlyk (ýarasy) bolup galmagy üçin (etdi). Ýaşadýanam, öldürýänem Alladyr. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizi görýändir.
157. Kasam bolsun! Eger siz Allanyň ýolunda öldürilseňiz ýa-da ölseňiz, (bilip goýuň), Alla tarapyndan beriljek ýalkaw we rahmet olaryň (dünýäparazlaryň) 72 ýygnan ähli zatlaryndan haýyrlydyr.
 158. Kasam bolsun! Siz ölseňiz- de, öldürilseňiz-de, hökman Allanyň (huzurynda) jemlenersiňiz.
 159. (Eý, Muhammet!) Sen Alladan gelen rahmet bilen olara (söweşde dagap, soň daşyňda jem bolan musulmanlara) mylaýym bolduň. Eger sen gödek, doňýürek bolsadyň, elbetde, (musulmanlar) seniň daşyňdan dagap giderdiler. Bes, sen olary bagyşla, olar üçin ýalkaw dile we işleriňde olar bilen maslahatlaş! Bir zady ýüregiňe düwseň, Alla bil bagla! Takyk, Alla (Özüne) bil baglanlary halaýandyr.
 160. Eger Alla size kömek etse, sizi hiç kim ýeňip bilmez. Eger (Ol) sizi goldawsyz goýsa, size Ondan başga kim kömek edip biler? (Şonuň üçin) möminler diňe Alla bil baglamalydyrlar.
 161. Bir pygamberiň (amanada ýa-da olja) hyýanat etmegi mümkin däldir. Kim (amanata ýa-da olja) hyýanat etse, kyýamat gününde (haýynlyk edip) alan zatlary bilen geler. Soň her kimiň gazanan zatlarynyň (sylagy ýa-da jezasy) birkemsiz ödeler we olara adalatsyzlyk edilmez.
162. Allanyň razylygyna tabyn bolan kişi, heý-de, Allanyň gazabyna uçran we (ahyrky) barjak ýeri dowzah bolan kişi ýaly (bolarmy)? Ol baryljak nähili erbet ýerdir!
 163. Olaryň (ynsanlaryň) Allanyň huzurynda (dürli) derejeleri bardyr. Alla olaryň edýän işlerini görüp durandyr.
 164. Kasam bolsun! Alla (olaryň) öz aralaryndan birini Özüniň (Allanyň) aýatlary okamagy, olary (her dürli) erbetliklerden saklamagy, olara kitaby we hikmeti doly öwretmegi üçin ilçi edip ibermek bilen Alla möminlere (bihasap) ýagşylyk edendir. Çünki olar mundan öň äşgär azaşan (ýoldadylar).
 165. Siz (Bedrde duşmanlaryňyzyň) başyna iki esse bolup inen bir belanyň (Uhutda) siziň başyňyza gelen wagty: «Bu nireden geldi?» diýdiňiz. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Ol (bela) siziň özüňiz sebäpkär. Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir». Düşündiriş: Uhut söweşinde musulmanlardan ýetmiş kişi şehit bolýar. Bedrde bolsa kapyrlardan ýetmiş öli, ýetmiş adam hem ýesir düşýär. netije- de hem olaryň ýitgisi musulmanlaryňkydan iki 73 esse köp bolýar.
 166. Iki goşunyň ýüzbe-ýüz bolan (çaknyşan) güni siziň başyňyza gelen bela (ýeňliş) Allanyň islegi bilendir. Bu möminleriň (imanynyň) bilinmegi (ýüze çykarylmagy) üçindi.
 167. (Şeýle-de) ikiýüzlüleriň bilinmegi (ýüze çykarylmagy) üçindi. Olara (ikiýüzlülere): «Geliň, Allanyň ýolunda söweşiň ýa-da (iň bolmanda duşmanlaryňyzyň size we maşgalaňyza çozmasynyň) öňüni alyň!» diýlende, (olar): «Biz (muny) söweş (diýip) bilsedik (hasaplasadyk), elbetde, size goşulardyk» diýdiler. Ol gün olar imandan küpüre has ýakyndylar. Olar dilleri bilen ýüreklerinde bolmadyk zatlary aýdýardylar. (Ýöne), Alla olaryň gizleýän zatlaryny örän gowy bilýändir.
 168. Olar söweşe çykman, (öýde) oturan ýerlerinden (garyndaşlyk ýa- da mynapyklyk taýdan) doganlary (öldürilenler) hakda: «Eger (biziň sözümizi diňläp) bize tabyn bolsadylar, öldürilmezdiler» diýdiler. (Eý, Muhammet! Olara): «Eger dogruçyl bolsaňyz, hany, (eliňizden gelýän bolsa), özüňizden ölümi dep ediň, (göreli)!» diýip aýt.
169. Siz Allanyň ýolunda öldürilenleri, öli hasaplamaň! (Gaýtam) tersine, (olar) özleriniň Perwerdigäriniň huzurynda diridirler, olara (jennet nygmatlaryndan) rysgallar berilýändir.
 170. Olar Allanyň Öz pazly-kereminden beren zatlary (nygmatlary) bilen şatlanýarlar. Olar yzlaryndan heniz özlerine goşulmadyklar (indiki geljek şehitler) bilen hem: «Olara gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar» diýip söýünji alarlar.
 171. Olar Alladan gelen nygmaty, pazly- keremi we Allanyň möminleriň sylagyny puja çykarmajakdygynyň söýünjisi bilen şatlanarlar.
 172. Ýaralananlaryndan soň Allanyň we pygamberiň (söweş) çakylygyny kabul edenlere we olardan ýagşylyk edenlere hem-de takwalara uly sylaglar bardyr.
173. Olar (käbir) ynsanlaryň (söweşden dönderjek bolup) özlerine: «Takyk, (size duşman bolan) ynsanlar size garşy (goşun) jemlediler, bes, olardan gorkuň!» diýenlerinde, (bu ýagdaý olaryň) ynanjyny artdyrdy we olar: «Alla bize ýeterlikdir (hossardyr). Ol nähili ýagşy 74 wekildir (dostdur)!» diýdiler.
 174. (Soň) olar hiç bir erbetlige duş gelmän, Allanyň nygmaty we pazly- keremi bilen (yza) dolandylar hem-de Allanyň razyçylygyna boýun boldular. Alla uly pazly-kerem eýesidir.
 175. Ine, ol şeýtan (häsiýetliler) sizi öz dostlary bilen gorkuzýar. Eger siz mömin bolsaňyz, olardan gorkmaň, Menden gorkuň!
 176. (Eý, Muhammet!) Inkäre (tarap) ylgaýanlar seni gama batyrmasyn. Takyk, olar Alla hiç hili zyýan ýetirip bilmezler. Alla olary (bu boluşlary sebäpli) ahyretdäki paýdan (beriljek nygmatdan) mahrum etmek isleýär. Olara uly azap bardyr.
177. Takyk, imana derek inkäri (küpüri) satyn alanlar Alla hiç hili zyýan ýetirip bilmezler we olara jebir-jepaly azap bardyr.
 178. Inkär edenler biziň özlerine möhlet bermegimizi özleri üçin haýyr hasaplamasynlar. Biziň olara möhlet bermegimiz olaryň günälerini artdyrmaklary üçindir. Olara har ediji azap bardyr.
 179. Alla murdary (ikiýüzlini) päkden (möminden) aýyrýança, möminleri siziň bu ýagdaýlaryňyzda galdyrmaz. Alla size gaýybyň (syrlaryny) hem äşgär etmez. Emma Alla Öz pygamberlerinden islänini saýlar (we wahyý arkaly oňa gaýypdan habar berer). Bes, siz Alla we Onuň ilçilerine iman getiriň! Eger siz iman getirip, (Alladan) gorksaňyz, size uly sylag bardyr.
 180. Allanyň Öz pazly-kereminden beren zatlaryny (haýyr-sahawat etmekde) gysgançlyk edenler, muny özleri üçin haýyr hasaplamasynlar. Tersine, bu olar üçin şerdir. Gysgançlyk edip (bermedik zatlary) kyýamat güni olaryň boýunlaryna saralar. Asmanlaryň we ýeriň (ähli) mirasy Allanyňkydyr. Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr.
 181. Kasam bolsun! Elbetde, Alla: «Takyk, Alla garypdyr, biz bolsa baýdyrys» diýenleriň sözüni eşidendir. Biz olaryň aýdan (bu) sözlerini we pygamberleri nähak ýere öldürendiklerini ýazarys we olara: «Ýakyp-ýandyryjy azaby dadyň!» diýeris.
 182. Bu (azap) siziň öz elleriňiz bilen eden zatlaryňyzyň (netijesidir). Alla bendelere hiç haçan nähaklyk etmez.
 183. Olar: «Takyk, Alla (bize asmandan inen), oduň iýip (köz ýaly eden) bir gurbanlyk getirýänçä, hiç bir pygambere ynanmazlygymyzy emir etdi» diýdiler. (Sen olara): «Menden öňki ençeme pygamberler äşgär deliller (mugjyzalar) bilen we siziň aýdýan (gurbanlygyňyzy) getiripdiler. Eger siz dogruçyl bolsaňyz, näme üçin olary öldürdiňiz?» diýip aýt.
 184. (Eý, Muhammet!) Eger olar seniň (pygamberligiňi) ýalan hasaplasalar, (gynanma)! Çünki senden öň äşgär deliller, sahypalar we nur saçyjy kitaplar getiren (ençeme) pygamberler hem ýalan hasaplanypdy.
 185. Her bir janly barlyk (hökman) ölüm (şerbetini) dadar. Size kyýamat güni (eden işleriňize görä) hakyňyz doly berler. (Şol wagt) kim otdan daşlaşdyrylyp jennete salynsa, ol halas bolandyr. Bu dünýä ýaşaýşy aldawdan başga zat däldir.
 186. Kasam bolsun! Siz hökman emläkleriňiz we janlaryňyz bilen synag edilersiňiz. Siz özüňizden öň kitap berlenlerden hem-de (Alla) şärik goşanlardan özüňizi köp ynjytjak (sözleri) hökman eşidersiňiz. Emma eger sabyr edip, günälerden daş durup (takwa bolsaňyz), elbetde, bu ediljek 76 işleriň iň dogrusydyr.
 187. Alla kitap berlenlerden: «Kasam bolsun! Siz ony (özüňize inderilen kitaby) hökman ynsanlara düşündirersiňiz, ony gizlemersiňiz» diýip söz alypdy. Emma olar ony (sözlerini) arkalaryna zyňdylar we onuň deregine sähelçe bähbidi satyn aldylar. Olaryň satyn alan zady nähili erbetdir!
188. (Eý, Muhammet!) Eden işlerine şatlanýan, etmedik işleri üçin hem öwgä garaşýan kişiler azapdan gutuljak bir ýerdedir öýdüp pikir etme! Olara jebir- jepaly azap bardyr.
 189. Asmanlaryň we ýeriň mülki (hökümdarlygy) Allanyňkydyr. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.
 190. Takyk, asmanlaryň we ýeriň ýaradylyşynda, gije bilen gündiziň çalşyp durmagynda akyl eýeleri üçin ybratlar bardyr.
 191. Olar dik durkalar, otyrkalar, gapdala gyşaryp ýatyrkalar (hem) Allany zikir edýärler. Olar asmanlaryň we ýeriň ýaradylyşy barada oýlanyp: «Eý, Perwerdigärimiz! Sen muny (bulary) boş (ýere) ýaratmadyň. Biz Seni tesbih edýäris! Bes, Sen bizi ot (dowzah) azabyndan gora!
192. Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, Sen kimi oda salsaň, hökman ony ryswa edersiň. Zalymlaryň hiç hili kömekçisi ýokdur!
 193. Eý, Perwerdigärimiz! Takyk, biz «Perwerdigäriňize iman getiriň!» diýip imana çagyrýan bir çakylykçyny (Muhammedi) diňledik we iman getirdik. Eý, Perwerdigärimiz! Sen biziň günälerimizi bagyşla, biziň erbetliklerimiziň üstüni ört we biziň janymyzy ýagşylar bilen bile al!
 194. Eý, Perwerdigärimiz! Bize pygamberleriň üsti bilen wada beren (sylagyňy) nesip eýle, bizi kyýamat güni ryswa etme. Sen beren sözüňden hiç 77 dänmersiň!» (diýerler).
 195. Olaryň Perwerdigäri (dileglerini) kabul edip, (olara): «Sizden isle erkek, isle aýal bolsun, (haýyr) iş edeniň amalyny puja çykarmaryn. Çünki siz biri- birleriňiz bilen (dogansyňyz). Kasam bolsun! (Meniň razyçylygym üçin) hijret (göç) edenleriň, ýurtlaryndan çykarylyp (sürgün edilenleriň), Meniň ýolumda jebir-sütem görenleriň, söweşenleriň we öldürilenleriň (şehit bolanlaryň) günälerini hökman örterin we Alla tarapyndan sylag hökmünde olary aşagyndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdirerin. Iň ajaýyp sylaglar Allanyň ýanyndadyr.
 196. Inkär edenleriň (söwda, syýahat ýaly maksatlar bilen arkaýynlykda) ýurtma-ýurt aýlanyp ýörmeleri seni aldawa salmasyn!
197. (Olaryňky örän) az wagtlyk (lezzet we) peýdadyr. Soň baryp sygynjak ýerleri dowzahdyr! Ol ýeri nähili erbet düşekdir!
 198. Ýöne özleriniň Perwerdigärine garşy çykmakda gorkanlar üçin Alla tarapyndan pazly-kerem hökmünde aşagyndan derýalar akýan jennetler bardyr. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Takyk, ýagşylar üçin Allanyň ýanyndaky (nygmatlar) has haýyrlydyr.
 199. Ähli-kitabyň içinde Alla, size inderilene (Kurana) hem-de özlerine inderilene (Töwrata we Injile) Alla tagzym edip iman getirýänler hem bardyr. Olar Allanyň aýatlaryna derek sähelçe baha (bähbide) satyn almazlar. Ine, olar üçin özleriniň Perwerdigäriniň ýanynda sylaglary bardyr. Takyk, Allanyň hasaby örän tiz gelýändir.
 200. Eý, iman getirenler! Sabyr ediň! Sabyrly bolmakda bäsleşiň! (Duşmanlaryňyzdan üstün boluň! Elmydama) nobatda durup (taýynlykly we ätiýaçly) boluň! Halas bolmagyňyz üçin Alladan gorkuň!