1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

53.28. Olaryň muňa degişli ylymlary (bilýän zatlary) ýokdur. Olar diňe çaklama (öz pikirlerine) eýerýärler. Takyk, çaklama hakykatyň ýanynda hiç zat aňladýan däldir.

Başy » Sözbaşy » 81-nji süre: «Tekwir» («Düýrlemek»)

«Tekwir» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 29 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Düýrlenen, saralan, dolanan» manysyndaky bir işlikden alandyr. Sürede ynsanlaryň ölümden soň direlip, dünýäde eden işleriniň hasabyny berjekdikleri habar berilýär, şeýle-de Jebraýyl perişdäniň mertebesi barada aýdylýar.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1.Gün düýrülip, gatlanan wagty!
 2. Ýyldyzlar (ýerlerinden) gaçan wagty!
 3. Daglar ýöredilen wagty!
 4. Botlajak bolýan düýeler (dözüp bolmajak mallar) terk edilen wagty!
 5. Wagşy haýwanlar (bir ýere üýşürilip) jemlenen wagty!
 6. Deňizler (alawlanyp), gaýnadylan wagty!
 7. Ruhlar (janlar bedene girip, birleşdirilen) wagty!
 8, 9. Diriligine gömlen gyz çaganyň haýsy günä sebäpli öldürilendigi soralan wagty!
 10. (Hasap) depderleri açylan wagty!
 11. Asman (jisimleri) syrylyp açylan wagty!
 12. Dowzah lowladylyp gyzardylan wagty!
 13. Jennet golaýlaşdyrylan wagty!
 14. Şol wagt her kim (kyýamat üçin) taýýarlan zadynyň nämedigine göz ýetirer.
 15. Ýok! Gündiz siňip gizlenen ýyldyzlara!
 16. Aýlanyp-aýlanyp (ýerlerine) giren ýyldyzlara!
 17. Garaňkylygy yzda goýan gijä!
 18. Agaryp gelýän daňa kasam bolsun!
 19. (Kuran) hormatly bir ilçiniň (Jebraýylyň getiren) sözüdir.
 20. (Ol ilçi) örän güýçlüdir. (Beýik) Arşyň eýesi bolan Allanyň ýanynda örän abraýlydyr.
 21. Ol ýerde (asmanlarda özüne) boýun egilýän, ynam edilýän ilçidir.
22. (Siziň) dostuňyz (Muhammet) däli däldir.
23. Ol (Muhammet) ony (Jebraýyly) asmanda äşgär görüpdi.
 24. Gaýypdan (gelýän wahyny getirmekde) ol husyt däldir.
25. Bu söz (Kuran) daşlanylyp jennetden) kowlan şeýtanyň sözi däldir.
 26. Siz (bu ýagdaýda) nirä gidýärsiňiz?
 27. Bu (Kuran) diňe ähli älemlere bir öwütdir (duýduryşdyr)!
 28. Dogry ýoly tapmak isleýänler üçin (öwüt-ündewdir).
 29. (Emma bu dogry ýolda berk durmak) siziň islegiňize bagly däldir, ol diňe älemleriň Perwerdigäri bolan Allanyň islegi bilen (amala aşar).