1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

31.6. Adamlaryň arasynda, hiç bir ylmy delile daýanmazdan, Allanyň ýolundan daşlaşdyrmak, soň bolsa, ýaňsa almak maksady bilen, boş sözleri satyn alýan kişiler bardyr. Olara ryswa ediji azap bardyr.

Başy » Sözbaşy » 4-nji süre: «Nisa» («Aýallar»)

«Nisa» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 176 aýatdan ybaratdyr. Sürede aýallaryň hak-hukugy barada gürrüň gozgalýandygy üçin bu sürä «Aýallar» manysyny aňladýan «Nisa» ady berlipdir. Bu süre Kuranda «Eý, ynsanlar!» ýüzlenmesi bilen başlanýan iki süräniň biri bolup, ikinjisi «Haj» süresidir. «Nisa» süresi Allanyň haklary, ähli ynsanlaryň doganlygy, garyndaşlygy, çagalara, zenanlara, ýetimlere merhemet edilip hak-hukuklarynyň berilmegi, emlägiň goralmagy, nikalaşmak, miras, tämizlik, namaz okamak, arkalaşmak, amanaty gorap saklamak, adalatlylyk, ähli-kitap bilen gatnaşyk ýaly meseleler baradadyr.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Eý, ynsanlar! Sizi ýeke-täk bir jandan (Adam atadan) ýaradan, ondan hem aýalyny (How eneden) ýaradyp, ol ikisinden bolsa, ençeme erkekleri we aýallary köpelden Perwerdigäriňize garşy çykmakdan saklanyň! Onuň (Allanyň ady) bilen biri-biriňizden bir soran wagtyňyz, Alla (hormat goýmazlykdan) we öz araňyzdaky garyndaşlyk gatnaşyklaryny (saklamazlykdan) gorkuň! Takyk, Alla siziň üstüňizden gözegçilik edip durandyr.
2. Ýetimleriň emlägini (özlerine) beriň, päk zady (halaly) näpäk zada (harama) çalyşmaň, olaryň emläklerini özüňiziňkä (goşup) iýmäň! Çünki bu uly günädir.
3. Eger (gol astyňyzdaky) ýetim gyzlara (öýlenseňiz), olaryň haklaryny berjaý etmekden heder etseňiz, (olar bilen däl-de, size halal bolan başga) göwnüňiz islän aýallardan iki, üç ýa-da dört aýala (çenli) öýlenip (bilersiňiz)! Eger (bu ýagdaýda hem aralarynda) adalaty saklamakdan heder etseňiz, onda biri bilen ýa-da gol astyňyzda bolanlar (gyrnaklar) bilen çäkleniň! Ine, bu (adalatdan) aýrylmazlygyňyz üçin iň göwnejaý bolanydyr. Düşündiriş: Bu aýat, aýalyň ýaradylyşynda gabanjaňlyk duýgusynyň bardygyna garamazdan, erkege dörde çenli aýal bilen nikalaşmaga rugsat berýär. Ýöne yslamyň bu rugsadyna söweş sebäpli, erkekleriň azalyp, aýallaryň artmagy ýaly durmuş şertlerine, erkekleriň güýçli, aýallaryň ejiz, islegsiz, önelgesiz bolmagy ýaly aýal-erkegiň ýaradylyş aýratynlyklaryna görä garalmalydyr. Şeýle-de yslamda zyna haram edilendigi üçin zyna eltýän ýollaryn öňüniň alynmagy hökmanydyr. Üstesine-de, erkegiň dört sany aýala öýlenmegi hökmany bir emir däl-de, diňe bir rugsatdyr we ikinji, üçünji, dördünji boljak aýal hem muňa mejbur däldir. Şeýle-de erkege aýallarynyň arasynda adalaty saklamak şert edilýär, muny başarmakdan heder edýän bolsa, ýeke aýal bilen oňmalydygy, ýogsa günäkär boljakdygy aýdylýar.
 4. (Öýlenen) aýallaryňyza galyňlaryny göwün hoşallygy bilen beriň! Eger olar onuň (alan galyňlarynyň) bir bölegini göwün razylygy bilen size bagyş etseler, siz ony arkaýyn, hoşallyk bilen iýiň (sowuň)!
 5. Allanyň siziň (ýaşaýşyňyzyň) üçin eklenç çeşmesi edip (kesgitlän) emläkleriňizi (ederini bilmeýän) kemakyl kişilere bermäň! (Ýöne) şol (emläkleri) bilen olary ekläp saklaň, egin- eşiklerini beriň, olara ýagşy söz aýdyň!
 6. Ýetimleri öýlenme çagyna barýança (göz astynda saklap), synap görüň! Eger olaryň ýetginjeklik çagyna ýetip (akyllarynyň goýalandygyny) görseňiz, emläklerini özlerine gaýtaryp beriň! Ulalanlarynda (olaryň emläklerini bizden alarlar) diýip, olaryň emlägini isrip edip, tizden-tiz iýjek bolmaň! (Ýetime hossar bolan) gurply kişi (ýetimiň hakyny iýmekden) saklansyn! Garyp (hossar) bolsa, (zerurlyk ýagdaýyna we zähmetine laýyklap) peýdalansyn! Olara emlägini gaýdyp bereniňizde bolsa şaýat tutunyň! Hasap soraýjy hökmünde Alla ýeterlikdir.
 7. Ene-atanyň we ýakyn garyndaşlaryň terekesinden (galdyran mirasyndan) erkeklere bir paý bardyr. Ene-atanyň we ýakyn garyndaşlaryň terekesinden aýallara-da bir paý bardyr. (Alla) ondan (terekeden) isle az bolsun, isle köp bolsun, parz edilen bir paý edip (kesgitländir).
 8. (Miras) bölünen wagty ol ýerde (mirasdan paý düşmeýän) garyndaşlar, ýetimler we garyp-gasarlar hem bar bolsalar, olara-da bir rysgal (sadaka) beriň hem-de (göwünlerini göterjek) ýakymly sözleri aýdyň!
 9. Yzlarynda (eklenje) mätäç kiçi çagalary galdyran ýagdaýlarynda (olaryň ýagdaýy nähili bolarka diýip) heder edýänler (ýetimlere adalatsyzlyk etmekden) gorksunlar! (Bu meselede) Alladan gorksunlar we (ýetimlere) dogry sözi aýtsynlar!
 10. Takyk, ýetimleriň emlägini nähak ýere iýenler, (aslynda) garynlarynda bir ot iýýändirler. Olar (kyýamat güni) lowlap ýanýan oda düşerler.
 11. Alla size (miras meselesinde) perzentleriňiz barada (şeýle) wesýet (emir) edýär: oglan üçin iki gyzyň paýy ýaly möçber bardyr. Eger olar (perzentler) ikiden köp gyz bolup (oglan bolmasa), terekäniň üçden ikisi olaryňkydyr. (Eger gyz) ýeke bolsa, onda (terekäniň) ýarysy onuňkydyr. Eger onuň (ýogalanyň) perzendi bar bolsa, onuň terekesinden ene-atanyň her haýsyna altydan bir paý düşer. Eger perzendi ýok bolup, mirasdüşer ene-ata bolsa, enesine üçden bir paý düşer (galany atanyňkydyr). Eger onuň (ýogalanyň) doganlary bar bolsa, onda altydan bir paý enäniňkidir. (Bular ýogalanyň dirikä) eden wesýeti we bergileri ödelenden soň (galan emlägine degişlidir). Siz atalaryňyz bilen perzentleriňiziň haýsysynyň özüňize peýda taýdan has ýakyndygyny bilmersiňiz. Bular Allanyň goýan parzlarydyr (paýlardyr). Takyk, Alla (ähli zady bilýändir), hikmet eýesidir. Düşündiriş: Yslamyň miras hukugynda paýlar bilen jogapkärçilik arasynda bir baglanyşyk bardyr. Şol sebäpli, mirasda oglan perzent gyzyň paýyna görä iki esse köp alýar. Çünki yslama görä, erkek maşgalasyny eklemäge borçludyr. Aýalyň bolsa beýle bir wezipesi ýa-da borjy ýokdur. Aýalyň eklemji ärine degişlikä, erkek maşgalasynyň, çagalarynyň, ýagdaýa görä ene-atasynyň güzeranyny öz üstüne almaga mejburdyr. Netijede, tereke meselesindäki bu höküm dolulygy bilen adalatlydyr.
 12. Eger (ýogalan) aýallaryňyzyň çagalary ýok bolsa, onuň (ýogalan aýalyň) wesýeti (berjaý edilensoň) ýa- da bergileri tölenenden soň, terekesiniň ýarysy siziňkidir (äriniňkidir). Eger çagalary bar bolsa, onda terekäniň dörtden biri siziňkidir. Siziň (äriniň) hem çagaňyz ýok bolsa, onuň (ýogalan erkegiň) wesýeti (berjaý edilensoň) ýa- da bergileri tölenenden soň, terekesiniň dörtden biri aýalyňyzyňkydyr. Eger çagaňyz bar bolsa, terekäniň sekizden biri olaryňkydyr (aýallaryňkydyr). Eger miras galdyran erkek ýa-da aýal, çagasyz ýa-da ene-atasyz kişi bolup, onuň hem diňe (enebir) erkek ýa-da gyz dogany bar bolsa, olaryň her haýsyna altydan bir paý bardyr. Eger olaryň sany mundan köp bolsa, onda olar onuň (ýogalan erkegiň) wesýeti (berjaý edilensoň) ýa- da bergileri tölenenden soň (terekäniň) üçden birine şärik bolarlar. (Bu hökümler) Alla tarapyndan size edilen wesýetdir (emirdir). Alla (ähli zady) bilýändir, Halymdyr (howlugýan däldir).
 13. Ine, bular Allanyň goýan çäkleridir. Kim Alla we Onuň ilçisine boýun bolsa, Alla ony aşagyndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdirer. Olar ol ýerde ebedi galarlar. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir.
 14. Kim Alla we Onuň ilçisine garşy çykyp, Onuň (Allanyň) çäklerinden geçse, Ol (Alla) ony ebedi galmak üçin oda salar. Oňa ryswa ediji azap bardyr.
 15. Zyna eden aýallaryňyz hakda araňyzdan dört şaýat talap ediň! Eger (dört kişi) şaýatlyk etseler, olary (zyna edeni) ajaly ýetýänçä ýa-da Alla özlerine bir ýol görkezýänçä öýüň içinde saklaň!
16. Araňyzda ony (zynany) eden her iki tarapa-da temmi beriň (gamçy uruň)! Eger toba edip, ýagdaýlaryny düzetseler, olara (jeza bermegi) ýatyryň! Takyk, Alla tobalary kabul edýändir, Rehim- şepagatlydyr. Düşündiriş: Zynanyň jezasy hökmünde Kuranda gelen ilkinji höküm bu aýatlarda bildirilişi ýaly temmi bermek, zyna eden aýaly öýde saklamak, soňky jeza bolsa ýüz gamçy urmakdyr.
17. Allanyň ýanynda (kabul ediljek) toba, ýalňyşyp erbetlik edip, soň gysga wagtyň içinde (puşman edenleriň) eden tobasydyr. Ine, Alla olaryň tobalaryny kabul eder. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 18. (Ýogsa) erbetlik baryny edip, soň hem biriniň başyna ajal gelende: «Çyndan hem men şu wagt toba etdim» diýenler bilen kapyr bolup ölenleriň tobasy kabul edilmez! Ine, Biz olar üçin jebir-jepaly azap taýýarlap goýduk. Düşündiriş: Tobanyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly aýaty we hadyslary derňän tefsir alymlarynyň ahyrky gelen netijeri şeýledir: Jany bogazyna gelmezden öň, heniz ýaşaýşa umyt barka, küpürden ýüz öwrüp, toba edip imana gelmeklik dürsdür. Emma jan bogaza gelip, ýaşaýyşdan umydyny kesen wagty küpürden ýüz öwrensoň toba edip imana gelmek dürs däldir. Tobanyň kabul bolmagy üçin iman getireniňden soň sogaply işler edip bilmek üçin wagt bolmalydyr.
19. Eý, iman getirenler! Siziň aýallara zor bilen mirasdar bolmagyňyz halal däldir. Aç-açan erbetlik (zyna we oňa eltýän erbet işleri) etmeýän bolsa, olara beren (galyňyňyzyň) bir bölegini yzyna almak üçin olara zor salmaň. Olar bilen mylakatly boluň! Emma olardan göwnüňiz suw içmeýän bolsa, (göwnüňize ýaramasa), belki, siziň göwnüňize ýaramaýan zatlarda Alla size köp haýyr nesip eder. Düşündiriş: Yslamdan öňki nadanlyk döwründe ölen bir erkegiň iň ýakyn mirasdary onuň aýalynyň üstüne bir mata bölegi oklasa, ony öz gol astyna geçirdigi bolar eken. Soň islese galyň tölemän ony nikalap alar eken, islese başga bir erkek bilen nikalap, galyňyny özi alar eken, islese-de ony öýünde tussag edip, emlägini elinden alar eken. Aýat bu erbet adaty aradan aýyrýar. Aýatyň soňky bölümi maşgala düzgüniniň dowam etmegi üçin örän möhüm bir kadany getirýär. Maşgala gurlan wagty kişiniň ýanýoldaşynyň gözellik ýa-da ahlak taýdan kemçilikleri bolup biler. Emma oňa gowy taraplaryny görkezmäge pursat bermezden, söhbetde we ysnyşykda bolman, derrew aýrylyşmakçy bolmagyň nädogrudygy aýdylýar.
 20. Bir aýaldan aýrylyp, başga bir aýaly nikalamak isleseňiz, olardan birine (talak beren aýalyňyza) öň (näçe köp galyň) beren bolsaňyz hem ondan (beren zadyňyzdan) hiç zady yzyna almaň! Siz (aýrylyşmaga bahana gözläp) töhmet atyp we (äşgär) günä (işe baş) goşup, heý-de ony yzyna alarsyňyzmy eýsem?
 21. Siz biri-biriňiz bilen hylwatda bolduňyz, (bir ýassyga baş goýduňyz), olar sizden (özleriniň haklaryny gorajakdygyňyz barada) ynamly söz alanlaryndan (soň), siz nädip (galyňyňyzy yzyna) alyp bilersiňiz?!
 22. Geçmişde (nadanlyk döwründe) bolan ýagdaýlar bir tarapa, (emma mundan beýläk) kakalaryňyzyň nikalap alan aýallary (öweý eneleriňiz) bilen nikalaşmaň! Çünki bu bihaýalykdyr we (Allanyň halamaýan) işidir. Ol nähili erbet ýoldur! Düşündiriş: Yslamdan öň nadanlyk döwründe öweý enä öýlenmek däbe laýyk hasaplanýan eken, emma bu aýat ony gadagan edýär we musulmançylyga sygmaýan zatdygyny äşgär edýär.
23. (Eý, möminler!) Size (şular bilen nikalaşmak) haram edilendir: ejeleriňiz, gyzlaryňyz, gyz uýalaryňyz, kakaňyzyň aýal doganlary (ejekeleriňiz), daýzalaryňyz, erkek doganyňyzyň gyzlary, aýal doganyňyzyň gyzlary, sizi emdiren süýt eneleriňiz, süýt emşen uýalaryňyz, gaýyneneleriňiz, (jynsy gatnaşykda bolan) aýallaryňyzyň ýany bilen gelen öýüňizdäki öweý gyzlaryňyz. Ýöne (nikalaşyp), heniz jynsy gatnaşykda bolman (aýrylyşan aýallaryňyzyň gyzlary bilen nikalaşmagyňyzda) hiç hili günä ýokdur. Emma öz biliňizden önen (ogullyk alynmadyk) ogullaryňyzyň (aýrylyşan) aýallaryna (öýlenmegiňiz) we iki gyz dogany bir wagtda (nikaňyzda) birleşdirmegiňiz (hem haram edildi). Emma (nadanlyk döwründe öň bolup) geçeni geçdi biliň! (Siz oňa jogapkär dälsiňiz). Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 24. (Heniz nikada duran) ärli aýallara (öýlenmegiňiz) haramdyr, ýöne (söweşde ýesir düşüp), gol astyňyzda bolan gyrnaklar (muňa) degişli däldir. (Bular) Allanyň size ýazan (anyk hökümleridir). Bulardan başgalary bilen namysyňyzy gorap, zyna etmezlik (şerti bilen) emlägiňizden (galyň töläp) nikalaşmagy talap etmegiňiz size halaldyr. Olardan gören peýdaňyza derek galyňlaryny beriň, bu olaryň hakydyr. Emma (galyň) kesgitlenilenden soň, araňyzda ylalaşyp, (mukdary artdyrmagyňyzda ýa-da kemeltmegiňizde) size bir günä ýokdur. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir. Düşündiriş: Käbir ymmatlarda gyz durmuşa çykanda, erkege gymmat bahaly zatlar ýa-da pul berer ekenler. Bu aýalyň emlägine hormat edilmegi üçin edilipdir. Yslamda bolsa, aýalyň emlägine däl, özüne hormat edilýär. Hatda goýulýan hormatyň alamaty hökmünde erkek oňa galyň töleýär.
 25. Sizden azat (gyrnak bolmadyk) mömin aýallara öýlenmäge gurby çatmaýanlar, golastlaryndaky mömin ýaş gyrnaklara öýlenip bilerler. Alla siziň imanyňyzyň (derejesini) örän gowy bilýändir. Siz (möminler) biri- biriňiz bilen (bir ymmatsyňyz). Bes, namyslaryny goraýan, zyna etmeýän, gizlin dostlar tutunmaýan ol aýallary (gyrnaklary) hossarlarynyň rugsady bilen (özüňize) nikalaň! Galyňlaryny hem köňül hoşlugy bilen olara beriň! Eger (nikadan soň) zyna etseler, olara azat aýallara degişli jezanyň ýarysy berilýändir. Bu (gyrnaklara öýlenmek) siziň araňyzdan zyna ýüz urmakdan gorkýanlar üçindir. Ýogsa sabyr etmegiňiz siziň üçin has haýyrlydyr. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 26. Alla size (halaly we haramy) äşgär bildirmek, sizi sizden öň geçen (ýagşylaryň) ýollaryna gönükdirmek we (günäleriňizi bagyşlamak) üçin toba etmegiňizi isleýär. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 27. Alla siziň tobaňyzy kabul etmek isleýär, haý-höwesleriniň (haram lezzetiň) yzyna düşenler bolsa siziň uly höwes bilen (bütinleý ýoldan çykmaga) meýil etmegiňizi isleýär.
 28. Alla siziň ýüküňizi ýeňilleşdirmek isleýär. (Çünki) ynsan (ýaradylyşy taýdan) juda ejiz ýaradylandyr.
 29. Eý, iman getirenler! Öz araňyzda razyçylykly bolan söwdadan başga (emläkleriňizi nähak ýollar bilen iýmäň (sowmaň)! Özüňize kast etmekden saklanyň! Takyk, Alla size örän Rehim- şepagatlydyr.
 30. Kim duşmançylyk we nähaklyk edip (bu işe baş goşsa), Biz ony tiz (wagtda) oda taşlarys. Bu Alla üçin örän aňsatdyr.
 31. Eger-de siz gadagan edilen uly günälerden saklansaňyz, siziň (beýleki) erbetlikleriňizi (kiçi günäleriňizi) örteris (bagyşlarys) we sizi belent mertebeli ýere salarys. Düşündiriş: Uly günäler Allanyň anyk haram eden we olary edenlere ahyretde azap beriljek günälerdir. Bir hadysda olaryň şulardygy aýdylýar: Alla şärik goşmak, jadygöýlik, adam öldürmek, ýetimiň malyny iýmek, zyna etmek, hak söweşde goşundan gaçmak, namysly mömin aýallara zyna töhmetini atmakdyr. Şeýle-de ene- ata garşy gitmek, süýthorluk hem uly günälerden hasaplanylýar.
 32. Allanyň siziň biriňizi beýlekiňizden artyk (etmäge sebäp) eden zatlaryna (bahyl bolup) arzuw edip durmaň! Erkeklere gazanan zatlaryndan nesibeleri bardyr. Aýallara hem gazanan zatlaryndan nesibeleri bardyr. Siz Allanyň pazly-kereminden (özüňize haýyrly bolan zatlary) isläň! Takyk, Alla elmydama ähli zady bilýändir.
 33. Her kim üçin ene-atanyň we (beýleki) ýakyn garyndaşlaryň terekelerinden (paý aljak) mirasdarlara (paý) kesgitledik. Kasam edip, (söz beren) kişileriňiziň hem paýlaryny beriň! Takyk, Alla ähli zada şaýatdyr.
 34. Erkekler aýallaryň hojaýynydyr. (Munuň sebäbi) Allanyň (ynsanlaryň) käbirlerini beýlekilerinden artyk etmegi hem-de (erkekleriň) emläklerinden (galyň tölemek, eklemek ýaly) çykdajylary etmekleridir. Bes, ýagşy zenanlar (Allanyň emrine) boýun egýänlerdir. Olar Allanyň (öz haklaryny) goraýandygy üçin (ärleri ýok wagty namyslaryny) goraýan aýallardyr. Boýun egmezliginden gorkýan aýallaryňyza (ilkibaşda) öwüt beriň, (sözüňizi diňlemese), düşekde ýalňyz galdyryň. (Munuň bilen hem ýola gelmeseler), olary (ýeňiljek) kötekläň! Eger olar size boýun egseler, olara azar bermek üçin başga ýol agtarmaň! Takyk, Alla Belentdir, Beýikdir. Düşündiriş: Ärlerine boýun bolmaýan we onuň namysyny goramaýan aýallara ýokarda sanalyp geçilen üç görnüş temmi berlip biler. Eger bir duýduryş ýeterlik bolsa, soňkulara geçmek dogry däldir. Köteklemäge rugsat berilse-de, ol ýüze degmezlik we ýara salmazlyk şerti bilen berilýän jezadyr. Hezreti pygamber aleýhissalam göwünsiz, diňe maşgala ojagynyň ýykylmazlygy üçin muňa rugsat beripdir, ýagny, hezreti pygamber aýat bilen bagly düşündirişde bu kötekleme işiniň juda çäkli bolmalydygyny bildirýän görkezmeler beripdir. Bulardan biri- de «Awundyrmaýan, ýeňiljek kötek» diýlen düşündirişdir.
 35. Eger (är-aýalyň) aýrylyşmaklaryndan heder edýän bolsaňyz, onda (olaryň ýanyna) erkegiň maşgalasyndan bir wekil, aýalyň maşgalasyndan hem bir wekil ýollaň! Iki tarap düşünişmek islese, Alla olaryň ylalaşmagyna ýardam eder. Takyk, Alla (ähli zady) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr.
36. Alla ybadat ediň, Oňa hiç zady şärik goşmaň! Ene-ata, dogan-garyndaşa, ýetimlere, garyp-gasarlara, ýakyn goňşulara, daş goňşulara, ýol hemraňyza, ýolagça we gol astyňyzdakylara (gul- gyrnaklara) örän gowy gatnaşykda boluň! Takyk, Alla tekepbir we öwünjeň kişini halamaz.
37. (Olar) gysgançlyk edýän, ynsanlary gysgançlyga ündeýän we Allanyň pazly- kereminden özlerine berlen nygmatlary gizleýän kişilerdir. Biz (beýle) kapyrlara ryswa ediji azap taýýarlap goýduk.
 38. Olar Alla we ahyret gününe iman getirmeýärler, emläklerini ynsanlaryň gözi üçin sarp edýärler. Kimiň ýoldaşy şeýtan bolsa, ol nähili erbet ýoldaşdyr.
 39. Eger Alla we ahyret gününe ynanyp, Allanyň özlerine beren nygmatlaryndan (Allanyň ýoluna) sarp etseler (erbet) bolarmydy eýsem? Alla olary örän gowy bilýändir.
 40. Alla (bendelerine) zerre ýalyjak hem zulum etmez. (Emma bendesiniň zerre ýalyjak eden) ýagşylygy bar bolsa, ony birnäçe esse artdyrar we Öz tarapyndan oňa uly sylag berer.
 41. (Eý, Muhammet!) Her ymmatdan özlerine şaýat boljak bir (pygamber) getirenimizde we seni hem olara (öz ymmatyňa) şaýat hökmünde getiren wagtymyz, olaryň (ýahudylaryň we nasranylaryň) haly niçik bolar?
42. Ine, ol gün dini inkär edip, pygambere garşy çykanlar ýeriň teýine girmek (ýer bilen ýegsan bolmak) islärler. Olar Alladan hiç bir sözi (habary) gizläp bilmezler.
43. Eý, iman getirenler! Serhoş bolup, we näme diýýäniňizi bilýänçäňiz namaza golaýlaşmaň! Eger iniňiz hapa bolsa, emma ýolagçy hem bolmasaňyz, gusul almazdan (namaz okamaň). Eger hassa, ýolagçy ýa-da aýak ýolundan gelýän bolsaňyz ýa-da aýallaryňyza ýakynlaşyp, gusul almaga suw tapmasaňyz, onda tämiz topraga teýemmum (teýim) edip, arassalanmak niýeti bilen ýüzüňize we elleriňize mesh ediň! Takyk, Alla Ýalkaýjydyr, Bagyşlaýjydyr. Düşündiriş: Serhoş edýän içgileri içmek bütinleý haram edilmezden öň käbir çäklendirmeler bolupdyr. Ilkibaşda diňe ýassy namazyndan soň içmäge rugsat berlipdir. Soň «Mäide» süresiniň 90-91-nji aýatlarynyň inmegi bilen musulmanlara şerap içmek doly haram edilýär. Teýemmum (teýim) – suw ýok bolup ýa-da hassalyk sebäpli, suw ulanmak zyýan ýetirjek bolsa, täret ýa-da gusul üçin arassalanmak niýeti bilen elleri tämiz topraga sürüp, ýüzi we elleri mesh etmekdir. Teýemmum rugsady ynsanda belli bir nyzama, düzgüne tabyn bolmak we boýun bolup tagat etmegi üçin hemişe taýýar bolmak düşünjesini berkidýär. Ynsanyň aňynda özüni arassa saklamak we namazyň mukaddesdigi baradaky düşünjäni güýçlendirýär.
 44. Özlerine kitapdan nesip berlenleriň (edýän işlerini) görmediňmi? Olar (özleriniň hak ýollaryny taşlap), azaşmaklygy satyn alýarlar we siziňem ýoldan çykmagyňyzy isleýärler.
 45. Alla siziň duşmanlaryňyzy örän gowy bilýändir. Dost hökmünde Alla ýeterlikdir! Kömekçi hökmünde Alla ýeterlikdir.
 46. Käbir ýahudylar (käbir) sözleriň (manysyny) ýerinden (üýtgedip), dillerini aýnadyp, dine zyýan ýetirmek üçin (pygambere garşy): «Eşitdik we asy bolduk», «Diňle, käşgä, ker bolsaňdyň» «Ragynä» («Biziň çopanymyz)» ýaly (ters manylarda) aýdýarlar. Eger olar: «Eşitdik we boýun egdik», «Diňle we bizi gora» diýselerdi, elbetde, bu özleri üçin haýyrly we has göwnejaý bolardy. Emma inkär edýändikleri üçin Alla olary näletledi. Olaryň (köpüsi ynanmazlar) diňe az (sanlysy) iman getirerler.
 47. Eý, özlerine kitap (Töwrat, Injil) berlenler! Ýüzüňizi-ýeňsäňizi des- deň etmänkäk ýa-da «Ashaby-sebti» («Şenbelik ýaranlaryny») näletleýşimiz ýaly näletlemänkäk, öz ýanyňyzdaky (kitaplary) tassyklamak üçin inderen zadymyza (Kurana) iman getiriň! Allanyň emri hökman amala aşar. Düşündiriş: Alla ýahudylara şenbe günleri balyk tutmagy gadagan edýär. Bu kada boýun egmedikleri Alla jezalandyrýar. Şonuň üçin hem olara Kuranda «Ashaby-sebt» («Şenbelik ýaranlary») diýlip at galýar. 48. Takyk, Alla özüne şärik goşulmagyny bagyşlamaz. Emma ondan (şärik goşmakdan) başga islän kişisiniň günälerini bagyşlap biler. Kim Alla şärik goşsa, örän uly günä (bilen) töhmeti etdigi bolar.
 49. Özlerini päk hasaplaýanlary görmediňmi? Ýok, (diňe) Alla islänini päk (günäsiz) yglan eder we olara hurma şäniginiň inçe sapagy ýalyjak hem nähaklyk edilmez.
 50. Seret, Allanyň (adyna) nähili myjabat atýarlar. Bu (töhmetleriniň) özi agyr günä hökmünde (olara artygy bilen) ýeterlikdir!
 51. Özlerine kitapdan nesip berlenleri görmediňmi? Olar butlara we taguta (şeýtana) ynanýarlar. Kapyrlar hakda (bolsa): «Olar iman getirenlerden (musulmanlardan) has dogry ýoldadyr» diýýärler.
 52. Ine, olar Allanyň özlerini näletlän kişileridir. Alla kimi näletlese, sen oňa kömekçini hiç haçan tapyp bilmersiň.
53. Ýa-da olaryň mülkden (hökümdarlykdan) paýlary barmy? Bes (şeýle bolsady), olar ynsanlara bir owuntyk zat hem bermezdiler.
54. Ýa-da olar Allanyň Öz pazly- kereminden ynsanlara beren zatlary (nygmatlary) üçin olara göriplik edýärlermi? Biz Ybraýymyň maşgalasyna kitap we hikmet berdik. Olara uly hökümdarlyk bagyş etdik.
 55. Olardan käbiri oňa (pygambere) ynanýar, käbiri bolsa ondan ýüz öwürýär. (Olaryň eminden gelmäge) lowlap duran dowzah (ody) ýeter.
 56. Takyk, Biziň aýatlarymyzy inkär edenleri tiz wagtda oda (dowzaha) salarys. Olaryň derileri (hamlary) her gezek (otda) azabyň (awusyny) datmaklary üçin derilerini başga (hamlar bilen) çalşarys. Takyk, Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 57. (Emma) iman getirip, ýagşy işleri edenleri (bolsa) ebedi galmak üçin aşagyndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdireris. Olaryň ol ýerde päkize ýanýoldaşlary bolar. Biz olary (nygmatlardan doly) goýy kölegelerde goýarys.
 58. Takyk, Alla size amanatlary öz eýelerine bermegi, ynsanlaryň arasynda höküm bereniňizde adalat bilen höküm etmegiňizi emir edýär. Alla size munuň bilen nähili ajaýyp öwüt berýär! Alla (ähli zady) eşidýändir, görýändir.
 59. Eý, iman getirenler! Alla boýun boluň! Pygambere we özüňizden bolan (musulman, adalatly) baştutanlaryňyza boýun boluň! Eger Alla we ahyrete ynanýan bolsaňyz, (bir meselede) düşünişmän jedelleşseňiz, Alla (Kurana) we pygambere (hadyslara) ýetiriň (ýüz tutuň)! Bu (siziň üçin) haýyrlydyr we netije taýdan ajaýypdyr.
                Düşündiriş: Aýatdaky «Baştutanlaryňyz» («Ulul- emr») sözi giň manyda bolup, ol musulmanlaryň islendik işleriniň başynda bolan ýolbaşçydyr. Şeýle-de din alymlary, kazylar, ýurduň baştutany hem muňa girýändirler.(Bellik: Has düşnükli bolmagy üçin Internetden "О ПОВИНОВЕНИИ ПРАВИТЕЛЯМ В СВЕТЕ КОРАНА И СУННЫ" makalany öwrenip bilesiňiz  Ylym)
 60. Saňa hem-de senden öň inderilen (kitaplara) ynanýandyklaryny öňe sürenleri görmediňmi?! Olar özlerine taguty inkär etmeklik emir edilse-de onuň (tagutyň) höküm çykarmagyny isleýärler. Şeýtan hem olary (dogry ýoldan) doly azaşdyrmak isleýär. Düşündiriş: Bir mynapyk bilen bir ýahudy bir meselede dawalaşýarlar. Bu dawany çözmek üçin ýahudy pygamberimiziň ýanyna gitmegi teklip edýär, emma mynapyk kabul etmeýär. Ol mynapyk özüniň şygyrlary bilen pygamberimizi tankytlaýan Kagb ibn Eşref atly jadygöý kapyryň emin bolmagyny teklip edýär. Bu aýatdaky tagut sözünden maksat hem bu şahs hasaplanylýar.
 61. Olara: «Geliň, Allanyň inderen (Kuranyň hökümlerine) we pygambere (ýüz tutalyň)!» diýlende, mynapyklaryň senden doly ýüz öwürýändiklerini görersiň.
 62. Emma elleri bilen eden etmişleri sebäpli, başlaryna bir bela gelen wagty nähili bolar? Soň olar seniň ýanyňa gelip: «Kasam bolsun! Biz diňe gowulyk etmek we ýaraşdyrmak isledik» diýerler.
 63. Alla olaryň kalplarynda näme bardygyny (gowy) bilýändir. Bes, sen olardan ýüz öwür, (ýöne) olara öwüt ber we olara özleri barada täsir edip biljek sözleri aýt.
 64. Biz her pygamberi Allanyň rugsady bilen (halkyň) olara boýun bolmaklary üçin iberdik. Eger olar (ikiýüzlülik edip), özlerine zulum edip, seniň ýanyňa gelip, günäleriniň geçilmegi üçin Alladan ýalkaw sorasalar, pygamber hem olaryň günäleriniň geçilmegi üçin ýalkaw sorasady, elbetde, olar Allanyň tobalary kabul edýändigini, rehim- şepagatlydygyny görerdiler.
 65. Ýok! Seniň Perwerdigäriňe kasam bolsun! Olar öz aralarynda dörän düşünişmezliklerinde höküm etmegiň üçin seni (emin) edip, seniň çykarjak hökümiňi göwünlerine hiç zat getirmezden (kabul edip, saňa) doly boýun bolmasalar iman getirdikleri bolmaz. Düşündiriş: Hezreti Muhammet aleýhissalamy Allanyň ilçisi hökmünde kabul etmegiň manysy, onuň ündeýän we durmuşa geçirýän ynanç, düşünje we ýaşaýyş ýörelgelerini kabul etmek, bu babatda ony nusga edinmekdir.
 66. Eger-de Biz olara: «Özüňizi öldüriň ýa-da ýurduňyzy terk ediň!» emrini beren bolsadyk, az sanlysyndan galany (köpüsi) muny etmezdi. Eger olar özlerine berlen öwüdi ýerine ýetirsediler, elbetde, özleri üçin haýyrly bolup, (imanlaryny) berkleşdirmekde güýçli (täsir) ederdi.
 67. Biz hem olara Öz tarapymyzdan hökman uly sylaglar bererdik.
 68. Olary, elbetde, dogry ýola gönükdirerdik.
 69. Kim Alla we pygambere boýun bolsa, ine, olar Allanyň nygmatlaryna mynasyp bolan pygamberler, syddyklar, şehitler, salyhlar bilen bile bolarlar. Bular nähili ajaýyp dostlardyr!
70. Bu pazly-kerem Alladandyr. (Bulara kimiň laýykdygyny) Allanyň bilmegi ýeterlikdir!
 71. Eý, iman getirenler! (Duşmanlaryňyzdan) goranmak üçin hüşgär (taýýar) boluň! Ýagdaýa görä kiçeňräk bölümler halynda ýa-da uly ýygyn görnüşinde hereket ediň! Düşündiriş: Uhud söweşinde musulmanlaryň ýarym ýeňlişinden soň Medinäniň töweregindäki arap tire-taýpalary musulmanlara garşy baş göterip başlaýarlar. Musulmanlara Medinäniň dürli tarapyndan howp abanyp ugraýar. Yslamy öwretmek üçin daş ýerlerden çagyrylanlaryň hem janlaryna kast edilýär. Bu aýat möminleriň ýeterlik derejede ätiýaçly we taýýarlykly bolmaklaryny emir edýär.
 72. Kasam bolsun! Siziň araňyzda (söweşe çykmakda) sowuk-sala çemeleşýänler (mynapyklar) hem bardyr. Eger siziň başyňyza (ýeňliş ýaly) bir bela gelse, (olar): «Hernä, Alla meni gorady, men hem olaryň ýanynda bolmadym» diýerler.
 73. Kasam bolsun! Eger size Alladan (ýeňiş we olja ýaly) pazly-kerem geläýse, göýä, siziň bilen öz arasynda dostluk (tanyşlyk) ýok ýaly: «Käşgä, men hem olar bilen bile bolsadym, uly üstünlige (olja) gowşardym (alardym)!» diýer.
 74. Bes, dünýä ýaşaýşynyň deregine ahyreti satanlar Allanyň ýolunda söweşsinler. Kim Allanyň ýolunda söweşip öldürilse (şehit bolsa) ýa-da ýeňiş gazanyp (gazy) bolsa, Biz oňa (tiz wagtda) uly sylag bereris.
 75. (Eýsem) size näme boldy? Siz (näme üçin) Alla ýolunda: «Eý, Perwerdigärimiz! Bizi halky zalym bolan bu şäherden çykar. Bize Öz tarapyňdan hossar iber, Öz ýanyňdan bir medetkär ugrat!» diýip, ýalbarýan bir topar biçäre erkekleri, aýallary we çagalary (goramak) üçin (duşmanlara garşy) söweşmeýärsiňiz?
 76. Iman getirenler Alla ýolunda söweşerler. Kapyrlar bolsa tagutyň (küpüriň) ýolunda söweşerler. Bes, (eý, möminler), hany, şeýtanyň dostlaryna garşy söweşiň! Takyk, şeýtanyň hilesi gowşakdyr.
77. (Söweşe rugsat berilmezinden öň) özlerine: «Eliňizi (söweşe sebäp boljak zatlardan) çekiň, namazy berjaý ediň, zekat beriň!» diýlen kişileri görmediňmi? Bes, olara söweş parz edilende, olardan käbiri ynsanlardan, Alladan gorkýan ýaly, hatda ondanam beter gopkup: «Eý, Perwerdigärimiz! Näme üçin bize söweşi parz etdiň (ýazdyň)? Bize ýakyn wagta çenli möhlet berseň bolmazmy!» diýdiler. (Olara): «Dünýäniň peýdasy (lezzeti) az (wagtlykdyr), ahyret bolsa, (günäden daş duran) takwalar üçin haýyrdyr we size hurma şäniginiň inçe sapagy ýalyjak hem nähaklyk edilmez.
 78. Siz nirede, hatda berk galalarda bolsaňyz hem ölüm sizi hökman tapar» diýip aýt. Olara bir ýagşylyk gelip gowşanda: «Bu Alladandyr» diýerler. Özlerine bir erbetlik gelende bolsa: «Bu sen sebäpli» diýerler. Sen (olara): «Hemmesi Alla tarapyndandyr» diýip aýt. Ýöne bu adamlara näme bolýar, aýdylan hiç bir söze düşünmek islemeýärler?
 79. Saňa gelen her bir ýagşylyk Alladandyr. Başyňa gelen her bir erbetlik bolsa, öz (gara) nebsiňdendir. (Eý, Muhammet!) Biz seni (ähli) ynsanlara ilçi edip iberdik. Muňa şaýat hökmünde Alla ýeterlikir!
 80. Kim pygambere boýun bolsa, bes, Alla boýun boldugydyr. (Eger) kimdir biri (tabynlykdan) ýüz öwürse, (sen hem ondan ýüz öwür). Biz seni olaryň üstüne goragçy edip ibermedik (ahyry)!
81. Olar (mynapyklar): «Tabyn bolduk!» diýerler. Seniň ýanyňdan gidenlerinde bolsa olaryň käbiri gijäniň (tümlüginde) seniň aýdanlaryň tersine hereket ederler. Alla olaryň bu gije guran (hilelerini) ýazyp goýar. Bes, sen olardan ýüz öwür we Alla bil bagla! Saňa wekil (hemaýatkär) hökmünde Alla ýeterlikdir.
 82. Siz (henizem) Kuran hakda doly pikirlenjek dälmisiňiz? Eger ol (Kuran) Alladan başgasyndan gelen bolsady, elbetde, içinde birnäçe gapma-garşy pikirleri tapardylar.
 83. Olara (musulmanlaryň) howpsuzlygyna (degişli) ýa-da (olara) gorky salýan bir iş (habar) gelende ony derrew ýaýradýarlar. Emma eger olar bu (habary üçin) pygambere ýa- da aralaryndaky jogapkär kişilere ýüz tutsadylar, öz aralaryndan ol (habaryň aslyny) çykaryp biljek kişiler (ony anyk) bilerdiler. Eger size Allanyň pazly-keremi we rahmeti bolmasady, az sanlyňyz (bolaýmasa köpiňiz) şeýtana tabyn bolarsyňyz.
 84. Bes, indi Allanyň ýolunda söweş! Sen (beýlekilere däl) diňe özüňe jogapkärsiň! Möminleri hem (söweşe) höweslendir! Belki, Alla kapyrlaryň güýjüni dep eder. Iň güýçli we jezasy iň agyr bolan Alladyr.
 85. Kim ýagşy bir işe şepagat etse (sebäp bolsa), oňa-da (ýagşylykdan) nesip (sogap) bardyr. Kim erbet bir işe sebäp bolsa, oňa hem (şol erbetlikden) nesip (günä) bardyr. Alla ähli zady (görüp duran) şaýatdyr.
 86. Eger salamlaşmak üçin size salam berilse, siz ondan has gowy (edepli) görnüşde salam alyň ýa-da (berlen salama) deň derejede jogap beriň! Takyk, Alla ähli zadyň hasabyny (ýöredýändir).
 87. Alladan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. (Geljekdigine) hiç hili şek-şübhe bolmadyk kyýamat güni Ol (Alla) siziň hemmäňizi bir ýere jemlär. Alladan özge has dogry sözli kim bolup biler?!
 88. Gazanan (munça günäleri) sebäpli, Allanyň olary tersine (imandan soň küpüre) dönderendigini (görüp durkaňyz), näme üçin siz mynapyklar hakda (oňuşman), iki topara bölünýärsiňiz? Siz Allanyň azaşdyranyny ýola getirmek isleýärsiňizmi? Alla kimi azaşdyrsa, sen onuň üçin (dogry) ýol tapyp bilmersiň.
89. (Olar) siziň hem özleri ýaly (haky) inkär etmegiňizi we özleri bilen deň bolmagyňyzy isleýärler. Bes, Alla ýolunda hijret (göç) edýänçäler (dogry ýola gelýänçäler), olaryň hiç haýsyny dost tutunmaň! Eger mundan (haka gelmekden) ýüz öwürseler, olary tutup, tapan ýeriňizde öldüriň! Olardan (hiç haýsyny) dost we kömekçi edinmäň!
90. Emma siz bilen olaryň arasynda ylalaşyk bolan bir kowuma sygynanlara ýa-da ne siziň bilen, ne-de öz kowumlary bilen söweşmek (islemändikleri) üçin dargursak bolup, siziň ýanyňyza gelenlere (zat degmäň). Eger Alla islesedi, olary siziň başyňyza musallat ederdi we olar hem siziň bilen söweşerdiler. Eger olar sizden daş durup, siziň bilen söweşmän, size ylalaşyk teklip etseler, onda Alla (olaryň üstüne hüjüm etmäge) size ýol (rugsat) bermez.
 91. Siz özüňizden hem-de öz kowumlaryndan arkaýyn bolmak isleýänlere hem gabat gelersiňiz. Bular haçan pitnä (möminler bilen söweşmäge) çagyrylsalar, şolbada oňa tarap başaşak gaýdarlar (ylgarlar). Eger olar sizden daş durmasalar, size ylalaşyk teklip etmeseler, ellerini sizden çekmeseler, olary tutan ýeriňizde öldüriň! Ine, Biz olara garşy size äşgär ygtyýar berdik.
 92. Ýalňyşlyk bilen bolmasa, möminiň mömini öldürmegi nädogrudyr (gabahatdyr). Kim ýalňyşlyk bilen bir mömini öldürse, bir mömin guly azat etmegi we (öldürileniň) maşgalasyna hun tölemegi (hökmanydyr). Eger olar (merhumyň maşgalasy) geçirimlilik etseler, hun tölemek (hökman däldir). Eger (ýalňyşlyk bilen) öldürilen mömin bolup, ýöne size duşman bolan başga bir milletden bolsa, onda (öldüreniň) mömin bir guly azat etmegi (hökmanydyr). Eger (öldürilen) siz bilen araňyzda ylalaşyk bolan milletden bolsa, onda maşgalasyna hun tölemegi we mömin bir guly azat etmegi (hökmanydyr). Kim bulary tapmasa (güýji ýetmese), Alla (tarapyndan) tobasynyň (kabul bolmagy) üçin yzly-yzyna iki aý agyz beklemelidir. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 93. Kim bilkastlaýyn bir mömini öldürse, onuň jezasy içinde ebedi galjak (ýeri bolan) dowzahdyr. Alla oňa gazap edip, ony näletländir we onuň üçin uly azap taýýarlandyr.
94. Eý, iman getirenler! Allanyň ýolunda söweşe çykan wagtyňyz (işleriň) doly anyklanmagyna garaşyň! Size salam berene bu dünýä ýaşaýşynyň (wagtlaýyn we sähelçe) bähbidini gözläp: «Sen mömin dälsiň!» diýmäň! Bes, Allanyň ýanynda (sizi muňa mätäç etmejek) örän köp oljalar bardyr. Öň siz hem bu ýagdaýada wagtyňyz Alla size (iman bagtyna ýetirip) ýagşylyk etdi. Bes, siz gowy pikirleniň (howlugyp bir mömini öldürmäň)! Takyk, Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
 95. Elbetde, synasy sagat bolup, söweşe gatnaşmadyk (möminler) bilen Allanyň ýolunda emläkleri we janlary bilen söweşen (möminler) deň bolmazlar. Alla emläkleri we janlary bile söweşenleriň derejesini söweşe gitmän (oturanlardan) üstün edendir. Alla (aslynda) hemmesine- de iň ajaýybyny (jenneti) wada beripdi. Emma söweşenleri uly sylag (sogap) bilen oturanlardan (söweşmediklerden) has üstün edendir.
 96. (Alla olara Özüniň) ýalkawyny we rahmetini (berer). Alla bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 97. Takyk, (mynapyklyk edip) özlerine zulum edenleriň janlaryny aljak perişdeler (olara): «Siz (din bilen baglanyşykly) näme işdediňiz?» diýerler. Olar: «Biz ýer (ýüzünde diniň emirlerini ýerine ýetirip bilmeýän) ejiz kişilerdik» diýerler. (Perişdeler olara): «Ýagşy, Allanyň ýeri giň däldimi eýsem?! Sizem ol ýerden göçseňiz bolmadymy?!» diýerler. Ine, olaryň soň barjak ýeri dowzahdyr. Ol baryljak nähili erbet ýerdir!
 98. Emma göç etmäge güýçleri ýetmeýän we ýol tapmaýan (mejalsyz, ýarawsyz, garry) erkekler, aýallar we çagalar (muňa degişli däldirler).
 99. Belki, Alla olary bagyşlar. Alla Geçirimlidir, Bagyşlaýjydyr.
 100. Kim Allanyň ýolunda hijret (göç) etse, ýer ýüzünde gidere köp ýer we giňişlik (rysgal) tapar. Kim Alla we Onuň ilçisine hijret (göç) etmek (niýeti) bilen (öýünden) çykyp, (ýolda hem) ajaly ýetse, onuň sylagyny (sogabyny) Alla berer. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 101. Siz sapara çykan wagtyňyz kapyrlaryň size ýamanlyk etmeginden heder etseňiz, namazy gysgaldyp (okamagyňyzda) hiç hili günä ýokdur. Takyk, kapyrlar siziň anyk duşmanyňyzdyr.
102. (Eý, Muhammet!) Sen möminleriň içinde bolup, olara (söweş meýdanynda) namaz okatjak bolsaň, olaryň bir bölegi seniň bilen namaza dursun, ýaraglaryny hem (ýanlaryna) alsynlar. Bular sežde edip (birinji rekagaty okap) bolansoňlar yzyňyzda garaşsynlar. (Soň) namaz okamadyk beýleki topar gelip, seniň bilen namaz okasynlar. Olar ätiýaçly bolsunlar hem-de ýaraglaryny ýanlaryna alsynlar. Kapyrlar ýaragsyz-esbapsyz gapyl galan ýagdaýyňyzda sizi gabap, duýdansyz çozmak islärler. Eger ýagyş sebäpli, kynçylyk dörese, ýa- da hassa bolsaňyz, ýaraglaryňyzy gapdalda goýmagyňyzyň zeleli ýokdur. Şonuň üçin siz ätiýaçly boluň! Takyk, Alla kapyrlar üçin ryswa ediji azap taýýarlandyr.
103. Bes, bu (gorky) namazyny okap bolanyňyzdan soň, dik durup, oturyp ýa-da ýaplanyp oturan ýagdaýyňyzda (hemişe) Allany ýatlaň! Eger-de howply ýagdaýdan asudalyga gowuşsaňyz, namazy doly berjaý ediň! Takyk, namaz möminlere wagty anyk ýazylan (parzdyr).
104. Duşmanyň yzyna düşýän wagtyňyz (olara zarba urmakda) gowşaklyk etmäň! Eger siz (ýaraly bolup), ejir çekýän bolsaňyz, olar hem edil siziň ýaly ejir çekýändirler. (Galyberse-de), siz Alladan olaryň umyt etmeýän zatlaryny umyt edýärsiňiz. Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 105. Biz bu kitaby saňa ynsanlaryň arasynda Allanyň saňa görkezişi (buýruşy) ýaly höküm etmegiň üçin, hak (we hikmet) bilen inderdik. Sen haýynlaryň goraýjysy bolma!
106. Alladan (günäleriňi geçmegi üçin) ýalkaw sora! Takyk, Alla Bagyşlaýjydyrr, Rehim-şepagatlydyr.
 107. Özlerine hyýanat edenleriň tarapyny çalma (olary gorama)! Takyk, Alla aşa giden haýynlary we günäkärleri halamaz.
 108. (Olar) ynsanlardan gizlemäge çalyşsalar-da, Alladan gizläp bilmezler. Olar Allanyň razy bolmajak sözlerini taslaýan wagty hem, Ol (Alla) (elmydama) olaryň ýanyndadyr. Alla olaryň edýän işlerini (ylmy, gudraty bilen) doly (bilip) gurşap alandyr.
 109. Ine, siz bu dünýä ýaşaýşynda olaryň tarapyny çaldyňyz (arka çykdyňyz), emma (ertir) kyýamat güni Allanyň ýanynda kim olary gorajak ýa-da kim olara hossar çykjak?
 110. Kim erbetlik etse ýa-da (günä iş etmek bilen) özüne zulum etse, soň hem Alladan ýalkaw sorasa, Allanyň Bagyşlaýjydygyny we Rehim- şepagatlydygyny görer.
 111. Kim günä gazansa (etse), ony diňe özüniň zyýanyna gazanar (eder). Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 112. Kim bir hata (kiçi günä) ýa-da (uly) günä gazanyp (edip), soň ony bigünä biriniň üstüne atsa, bu uly töhmetdir we äşgär günäkärçilikdir.
113. Eger saňa Allanyň pazly-keremi we rahmeti bolmasady, olardan bir topar (hatda) seni hem (kararlaryňda) azdyrjak (ýalňyşdyrjak) boldular. Emma olar özlerinden başga hiç kimi azaşdyryp bilmezler, saňa hem hiç hili zyýan berip bilmezler. Alla saňa kitap we hikmet inderip, saňa bilmeýän zatlaryňy öwredendir. Allanyň saňa (beren) pazly- keremi örän uludyr.
 114. Olaryň öz aralaryndaky gizlin pyşyrdaşmalarynyň köpüsinde haýyr ýokdur. Meger bir sadaka ýa-da ýagşylyk etmek ýa-da (öýkeli) ynsanlary ýaraşdyrmak (ýaly işleri) emir edýän bolsa (haýyrly bolar). Kim Allanyň razyçylygyny isläp şeýle etse, Bizem oňa örän uly sylag bereris.
 115. Her kim özüne dogry ýol äşgär belli bolandan soň, pygambere garşy çykyp, möminleriň ýolundan başga bir ýola tabyn bolsa, Biz ony ol (saýlan) ýolunda goýarys we ony dowzaha taşlarys. Ol baryljak nähili erbet ýerdir!
 116. Takyk, Alla Özüne şärik goşulmagyny bagyşlamaz, emma ondan başga isläniniň (günäsini) bagyşlar. Kim Alla şärik goşsa, (hakdan) daşlaşyp, doly azaşdygydyr.
 117. Olar Alladan başga diňe aýal (ýaly bezän) hudaýlaryna (butlaryna) ybadat edýärler we olar kejir şeýtandan gaýra dileg (ybadat) etmezler. Düşündiriş: Hiç kim «Men şeýtana sežde edýärin» diýmez. Ýöne işi-aladasy şeýtany bolan, mydama şeýtany şat etjek işleri edýänler şeýtana ybadat edýän ýaly hasaplanylýar.
 118. Alla ony (şeýtany) näletledi. Ol bolsa: «Kasam bolsun! Men Seniň bendeleriňden belli bir nesibe edinerin (özüme tabyn edinerin).
119. Men olary hökman azaşdyraryn, olary ham-hyýallar bilen güýmärin. Olara (butlary üçin niýetlän) dowarlarynyň gulaklaryny ýarmagy (deşmegi) emir ederin, (olar hem) Allanyň ýaradan (şekilini) üýtgedirler» diýdi. Kim Allanyň ýerine şeýtany dost tutunsa, elbetde, äşgär zyýana duçar bolandyr.
 120. (Şeýtan) olara diňe (boş) wada berer, ham-hyýallar bilen güýmär. (Aslynda) şeýtan olara aldawdan başga zat wada bermez.
 121. Ine, olaryň barjak ýeri dowzahdyr we ondan (halas bolmak üçin) gaçara ýer tapmazlar.
 122. Biz iman getirip, ýagşy işleri edenleri ebedi ýaşamak üçin, aşaklaryndan derýalar akýan jennetlere ýerleşdireris. Bu Allanyň hakykat bolan wadasydyr. Alladan özge has dogry sözli kim bolup biler?!
 123. (Allanyň wadasyna) ne siziň ham- hyýallaryňyz, ne-de ähli-kitabyň ham- hyýallary bilen ýetiler. Kim erbet iş etse, onuň öwezini (jezasyny) alar we oňa Alladan başga hossar we kömekçi tapylmaz.
124. Erkeklerden ýa-da aýallardan kim mömin bolup, ýagşy işleri etse, ine, olar jennete girerler we olara çigidiň gabygynyň ýüzündäki çukurjyk ýalyjak hem nähaklyk edilmez.
 125. (Hemişe) ýagşylygy (şygar) edinip, Alla boýun egip, ýüzüni Oňa tarap öwren we hanyf bolup (hak dine uýan), Ybraýymyň milletine (dinine) tabyn bolan kişiniň dininden has gözel kim bolup biler? Alla Ybraýymy halyl (dost) edinendir.
 126. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allanyňkydyr. Alla ylmy we gudraty bilen ähli zady gurşap alandyr.
127. Senden aýallar barada höküm sorarlar. Sen (olara) aýt: «Olar barada hökümi size Alla (berýär). Olara kitapda berilmeli zady (mirasy) bermän, nikalamak (meýliňiz) bolan ýetim gyzlara, biçäre ýetim çagalara we ýetimlere adalatly bolmagyňyz barada size okalýan (aýatlary anyk görnüşde beýan edýär). Siz näme ýagşylyk etseňiz, Alla ony hökman bilýändir.
 128. Eger-de bir aýal äriniň oňşuksyzlygyndan we özünden ýüz öwürmeginden heder edýän bolsa, öz aralarynda eglişik etmegiň hiç hili zeleli ýokdur. (Elbetde), oňşukly bolmak (elmydama) haýyrlydyr. Ynsanyň nebsi (tebigaty) gysgançlyga (gabanjaňlyga) meýillidir. Eger siz Alladan gorkup oňşukly bolsaňyz, (bilip goýuň), Alla siziň edýän (ähli) zadyňyzdan habardardyr.
 129. Siz näçe tagalla etseňiz hem, aýallaryň arasynda adalatly bolup başarmarsyňyz. Şonuň üçin birine (köňlüňizi) doly maýyl edip, beýlekini eýesiz ýaly ýagdaýda goýmaň! Eger arany düzeldip, (adalatsyzlykdan) saklansaňyz, takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
130. Eger (är-aýal) biri-birinden aýrylyşmakçy (bolsalar), Alla (Özüniň) giň (pazly-keremi) bilen (olaryň) her haýsyny gurply eder (başgalara mätäç etmez). Allanyň pazly-keremi giňdir, (Ol) hikmet eýesidir.
 131. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allanyňkydyr. Kasam bolsun! Biz sizden öň özlerine kitap berlenlere-de, size-de Alladan gorkmagyňyzy ündäpdik. Eger inkär etseňiz, (bilip goýuň), asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allanyňkydyr. Alla baýdyr (hiç bir zada mätäç däldir), ähli öwgülere laýykdyr.
 132. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allanyňkydyr. Wekil (hemaýatkär) hökmünde Alla ýeterlikdir.
 133. Eý, ynsanlar! Eger Ol (Alla) islese, siziň (hemmäňizi) aradan aýryp, (ýeriňize) başgalaryny getirer. Elbetde, Allanyň muny etmäge güýji ýetýändir.
134. Kim dünýä sogabyny (eşretini) isleýän bolsa, (bilip goýsun), dünýäniň hem, ahyretiň hem sogaby (bagtyýarlygy) Allanyň ýanyndadyr. Alla (ähli zady) eşidýändir, görýändir.
 135. Eý, iman getirenler! Dik durup Hakyň (tarapyny) tutuň! Ähli işlerde bar güýjüňiz bilen adalatly boluň! Alla üçin şaýatlyk edýän ynsanlar boluň! Egerde (hut) özüňize, ene-ataňyza we dogan- garyndaşlaryňyza (garşy) bolsa-da, şaýat kişiler boluň! Isle baý bolsun, isle garyp bolsun, (şaýatlykdan gaçmaň)! Çünki Alla olara sizden has ýakyndyr. Bes, (hakdan) dänip, (hiç haçan) nebsiňize boýun bolmaň! Eger (diliňizi) dişläp, (hakykaty bolşy ýaly aýtmakdan çekinseňiz) ýa-da (şaýatlykdan bütinleý) ýüz öwürseňiz, takyk, Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
 136. Eý, iman getirenler! Alla, Onuň ilçisine, oňa aýatma-aýat inderen kitabyna we has öň inderilen (ähli) kitaplara iman getirmekde (tutanýerli) boluň! Kim Allany, Onuň perişdelerini, kitaplaryny, ilçilerini we ahyret gününi inkär etse, ol (dogry ýoldan) daşlaşyp, doly azaşandyr.
 137. Takyk, iman getirenlerinden soň inkär edenleri, soň ýene iman getirip, ýene inkär edenleri, soň inkärlerini (has-da) artdyranlary, ine, olary Alla bagyşlamaz, olary dogry ýola hem gönükdirmez.
 138. Mynapyklara özleri üçin jebir- jepaly azabyň garaşýandygyny buşla (habar ber)!
139. (Ol mynapyklar) möminlerden aýrylyp, kapyrlary dost tutunýarlar. Olar (mynapyklar) abraýy (yzzaty) olaryň (kapyrlaryň) ýanynda gözleýärlermi? Takyk, ähli abraý (yzzat) Allanyň ýanyndadyr.
 140. (Alla) size kitapda: «Allanyň aýatlarynyň inkär edilýändigini we olaryň üstünden gülünýändigini eşiden wagtyňyz, başga gürrüňe geçýänçäler, olaryň ýanynda oturmaň!» diýip aýat inderipdi. (Eger otursaňyz), takyk, siz hem (ol aýata amal etmändigiňiz üçin) şolar ýaly bolarsyňyz. Takyk, Alla mynapyklaryň we kapyrlaryň hemmesini dowzahda bir ýere jemlär.
 141. (Ol mynapyklar) size üns bilen seredip durandyrlar. Eger Alla size bir ýeňiş miýesser etse: «Bizem siziň bilen bilelikde dälmidik?» diýerler. Eger kapyrlar ýeňişden bir paý alsalar (ýeňseler), onda (olara): «Biz (möminlere goşulyp) sizden üstün çykyp bilmezmidik, biz (möminleri söweşden alyp galyp) sizi möminlerden goramadykmy?» diýerler. Kyýamat güni Alla siziň bilen (olaryň) arasynda höküm berer. Alla möminleriň zyýanyna (ýeňlişe) kapyrlara hiç haçan ýol (pursat) bermez.
142. Takyk, mynapyklar Alla bilen oýun etjek bolýarlar. Ol (Alla) olaryň oýunlaryny puja çykarar. Olar namazy berjaý etmek üçin turanlarynda ýaltanyp turarlar, il gözi üçin (amal ederler). Olar Allany örän az ýatlarlar.
 143. Olar (iman bilen küpüriň) arasynda ýaýdanyp durarlar. Ne olara (musulmanlara) birigereler, ne-de bulara (kapyrlara). Alla kimi azdyrsa, sen oňa hiç hili ýol (çäre) tapyp bilmersiň!
144. Eý, iman getirenler! Möminlerden aýrylyp, kapyrlary dost tutunmaň! (Beýle etmek bilen) öz garşyňyza (ulanmagy üçin) Alla äşgär delil bermek isleýärsiňizmi?
 145. Takyk, mynapyklar oduň (dowzahyň) iň aşaky gatynda bolarlar. Sen olary (halas etjek) kömekçi tapyp bilmersiň.
 146. Emma toba edip, (ýagdaýlaryny) düzedenlere, Allanyň (dinine) berk ýapyşyp, dinlerini (tagat-ybadatlaryny) yhlas bilen berjaý edenlere (mynapyklaryň erbet hallary) degişli däldir. Ine, bular ol (yhlasly) möminler bilen biledirler. Alla möminlere uly sylag berer.
 147. (Eger) siz şükür edip, iman getirseňiz, Alla näme üçin size azap bersin? Alla şükür edenleriň sylagyny berer, (Ol ähli zady) bilýändir.
 148. Alla erbet sözüň äşgär aýdylmagyny halamaz, emma zulum edilen (kişi özüne zulum edenden arz-şikaýat) etse bolýar. Alla (ähli zady) eşidýändir, görýändir.
 149. Eger-de aç-açan ýa-da gizlin bir ýagşylyk etseňiz, ýa-da biriniň erbetligini geçirimlilik edip, (paş etmeseňiz), takyk, Alla hem geçirimlidir, (ähli zada) güýji ýetýändir.
 150. Allany we Onuň ilçilerini inkär edenler (ynanç babatda) Alla bilen pygamberleriniň arasyny aýyrmak isläp: «Biz käbirine iman getirýäris, käbirini inkär edýäris» diýenlerdir we bularyň (iman bilen küpüriň) arasynda bir ýol tutmak isleýänlerdir.
 151. Ine, olar hakyky kapyrlaryň hut özleridir. Biz kapyrlara ryswa ediji azap taýýarlap goýandyrys!
152. Alla bilen Onuň ilçilerine iman getirip, olaryň (pygamberleriň) arasynda hiç bir tapawut görmeýänleriň bolsa, ine, (Alla) olaryň sylaglaryny berer. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
153. Ähli-kitap senden özlerine asmandan bir kitap indermegiňi islärler. (Sen muny geň görme), çünki olar öň Musadan (mundan) has uluragyny isläp: «Bize Allany aç-açan görkez!» diýipdiler. (Bu) zulumlary sebäpli, olary ýyldyrym urupdy. Soň özlerine äşgär deliller gelenden soň, olar göläni (hudaý) edindiler. Bes, (toba edensoňlar) Biz olary bagyşladyk we Musa äşgär ygtyýar berdik.
 154. Beren sözlerine wepaly bolmaklary üçin Biz Tur dagyny olaryň depeleriniň üstüne galdyryp: «Sežde edip (baş egip) bu gapydan giriň!» diýdik. Olara: «Şenbe güni (aw edip), çäkden geçmäň (gadagançylygy bozmaň)!» diýip, olardan (berk) söz alypdyk.
 155. Bes, olar beren sözlerini bozandyklary, Allanyň aýatlaryny inkär edendikleri, pygamberleri nähak ýere öldürendikleri hem-de «kalplarymyz perdelidir» diýendikleri sebäpli, (Biz olary näletledik). Ýok! (Olaryň kalplary perdeli däldir), tersine, inkär edendikleri sebäpli, Alla olaryň kalplaryny möhürländir. Olaryň azy bolmasa (köpüsi) iman getirmezler.
 156, 157. (Şeýle hem) inkär edendikleri we Merýeme uly töhmet (atyp): «Biz Allanyň ilçisi, Merýem ogly Mesih Isany öldürdik» diýendikleri üçin (olary näletledik). Emma olar ony (Isany) öldürmediler we ony asmadylar. Ýöne (öldürilen adam) olara (Isa) meňzeş (edilip) görkezildi. Takyk, ol (Isa) hakda düşünişmezlige düşenler bu (Isanyň öldürilendigi) barada şeke düşdüler. Olaryň bu (meselede) gümana uýmakdan başga hiç hili (anyk) bilýän zatlary ýokdur. Olar ony (Isany) anyk öldürmediler.
158. (Gaýtam) tersine, Alla ony (Isany) Öz ýanyna (ikinji gat asmana) galdyrdy. Alla Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir. Düşündiriş: Isa pygamberi öldürip, haça çüýlemekçi bolanlar ýahudylardyr. Ýöne olar Isa pygamberiň deregine başga bir şahsy haja çüýleýärler. Alla Isa pygamberi ikinji gat asmana galdyrýar. Isa pygamber hakda oňuşman, çaprazlyga düşenler bolsa nasranylardyr.
 159. Her bir ähli-kitap (nasranylar) öz ölüminiň öň ýany hökman oňa (Isa) iman getirer. Kyýamat magşar gününde bolsa (Isa) olaryň garşysyna şaýat bolar. Düşündiriş: Ýahudylar Isanyň pygamberligini inkär edip, oňa ynanmaýarlar, nasranylar bolsa ony hudaý hasaplaýarlar. Emma nasranylar soňky demlerinde onuň Allanyň guly we ilçisidigine hökman ynanarlar. Ýöne şol wagtky getirilen iman peýda bermez. Hadyslarda aýdylyşyna görä, Isa pygamber kyýamat golaýlaşanda gelip, hak diniň yslamdygyny jar eder we nasranylar (hristianlar) oňa iman getirerler.
 160. Ýahudylaryň (bu çendenaşa) zulumy we (ynsanlaryň) köpüsini Allanyň ýolundan dönderendikleri sebäpli, (öň) özlerine halal edilen päk zatlary olara haram etdik.
 161. Gadagan edilendigine (garamazdan) süýthorlyk edendikleri we ynsanlaryň emlägini nähak ýere iýendikleri sebäpli, (ol halal zatlar olara haram edildi). Olaryň içlerinden kapyrlara jebir-jepaly azap taýýarladyk.
 162. Ýöne olardan ylymda çuňlaşanlara, saňa inderilen (Kurana) we senden öň inderilen (kitaplara) iman getiren möminlere, namaz okanlara, zekat berenlere, Alla we ahyret gününe iman getirenlere, ine, Biz olara uly sylag bereris.
 163. Takyk, Biz, Nuha we ondan soňky pygamberlere wahyý edişimiz ýaly, saňa- da wahyý etdik. Ybraýyma, Ysmaýyla, Yshaka, Ýakuba we neberesine, Isa, Eýýuba, Ýunusa, Haruna we Süleýmana (hem) wahyý inderdik. Dawuda hem Zebury berdik.
 164. Saňa (kyssalaryny) öň aýdyp beren ençeme ilçilerimizi, (şeýle hem) saňa (kyssalaryny) öň aýdyp bermedik ençeme ilçilerimizi (iberdik). Alla Musa bilen sözleşip gepleşdi.
 165. Ilçiler (gelip, dogry ýol äşgär edilenden) soň, ynsanlarda Alla garşy (öňe sürüp biljek hiç bir) bahanalary bolmazlygy üçin, (Biz ol) ilçileri (rahmetimizi) buşlaýjylar we (gazabymyzy) duýduryjylar edip (iberdik). Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir.
 166. Emma Alla saňa inderen zadyna (Kurana) şaýatlyk eder. (Ol) ony Özüne (mahsus) ylmy bilen inderendir. Perişdeler hem muňa şaýatlyk ederler. Alla ýeterlik şaýatldyr.
 167. Takyk, inkär edenler we (ynsanlary) Allanyň ýolundan dönderenler, (olar) hak ýoldan bütinleý azaşanlardyr.
 168. Takyk, Alla (haky) inkär edip, (pygamberi ýalançy hasaplap) zulum edenleriň (günälerini) bagyşlamaz. Olary dogry ýola hem salmaz.
169. (Olary) diňe içinde ebedi (galjak) ýerleri bolan dowzah ýoluna (gönükdirer). Bu Alla üçin örän aňsatdyr.
170. Eý, ynsanlar! Ol pygamber size Perwerdigäriňizden haky getirendir. Bes, öz bähbidiňiz üçin oňa iman getiriň! Eger inkär etseňiz, (bilip goýuň), takyk, asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allanyňkydyr. Alla (ähli zady)bilýändir, hikmet eýesidir.
 171. Eý, ähli-kitap! Diniňiz hakda (nädogry zatlary aýdyp) hetden aşmaň, Alla garşy hakdan başga zat aýtmaň! Merýem ogly Isa Mesih diňe Allanyň ilçisidir we Merýeme ýetiren («Bol») kelemesidir (sözüdir) hem-de Ondan (Alladan) gelen bir ruhdur. Bes, Alla we Onuň ilçilerine iman getiriň, «(Hudaýlar) üçdür» diýmäň! Öz bähbidiňiz üçin (mundan) ýüz öwrüň! Takyk, Alla ýeke- täk Hudaýdyr. Ol perzent edinmekden päkdir. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Onuňkydyr. Wekil (hemaýatkär) hökmünde Alla ýeterlikdir.
 172. (Isa) Mesih hem, (Alla ýakyn) perişdeler hem Alla bende bolmakdan çekinmezler. Kim Oňa (Alla) bende bolmakdan çekinip, tekepbirlik etse, (Alla) olaryň hemmesini Öz huzurynda jemläp (soraga çeker).
 173. Emma iman getirip, ýagşy işleri edenleriň sylaglaryny (Alla) doly berer we Öz pazly-kereminden olara (haklaryndan hem) has artdyrar. Emma (Alla ybadat etmekden) ýüz öwrenlere we tekepbirlik edenlere (bolsa) jebir- jepaly azap bilen azap berer. Olar üçin Alladan başga dost we kömekçi tapylmaz.
 174. Eý, ynsanlar! Size Perwerdigäriňizden uly bir delil gelendir we Biz size äşgär bir nur inderdik.

 175. Alla iman getirip, Özüniň (dinine) berk ýapyşanlary Özünden bir rahmete we pazly-kereme (nygmata) salar. Olary dos-dogry ýola gönükdirer.
 176. (Eý, Muhammet!) Senden (bir meseläniň) hökümini sorarlar. Sen (olara) aýt: «Alla size atasy we çagasy bolmadyk kişiniň (mirasynyň) hökümini mälim edýär: «Eger (oglan ýa-da gyz) perzendi (we atasy) bolman, diňe bir gyz dogany (bar bolan) adam ýogalsa, (onda) onuň terekesiniň ýarysy oňa (gyz doganyna) degişlidir. Eger onuň (gyz doganynyň) perzendi ýok bolsa, ol (erkek dogan) onuň mirasdary bolar (terekäniň hemmesini alar). Eger (şol şertlerde) aýal doganlar iki bolsa, (onda) olaryň ikisi erkek doganlarynyň terekesiniň üçden ikisini alarlar. Eger (mirasdar) doganlar bir erkek we bir gyz bolsa, (onda) erkek iki gyza (düşýän) paý ýaly alar (erkek gyzdan iki esse köp alar). Alla siziň azaşmaklygyňyzy (islemeýändigi) üçin size bulary (äşgär) beýan edýär. Allai ähli zady bilýändir».