1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5.90. Eý, iman getirenler! Takyk, arak (şerap), humar, dikilgi daşlar (butlar) we pal (atylýan) oklar şeýtanyň pis-hapa işleridir. Bes, siz halas bolmagyňyz üçin ondan daş duruň!

Başy » Sözbaşy » 44-nji süre: «Duhan» («Tüsse»)

«Duhan» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, 59 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň ady 10-njy aýatda agzalýan «Tüsse» manysyny aňladýan «Duhan» sözünden gelip çykýar. Bu sürede Gadyr gijesi, kyýamatyň alamatlary, Allatagalanyň gazaby, Musa pygamberiň kyssasy hem-de öwütleri, ahyrete ynanmak ýaly meseleler beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Ha, Mim.
 2. Aç-açan aýdyň kitaba (Kurana) kasam bolsun!
 3. Biz ony (Kurany) mübärek (Gadyr) gijede inderdik. Çünki, biz (bu Kuran arkaly adamlara) duýduryş berýändiris.
 4, 5. Şol gijede Biziň tarapymyzdan (berlen) buýruk bir buýruk esasynda her bir hikmetli iş belli ediler. Takyk, Biz pygamberleri iberýäris.
 6. (Bu bolsa) seniň Perwerdigäriň rehmeti hökmünde (amala aşýandyr). Ol Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 7. Eger, takyk ynanýan bolsaňyz, Ol asmanlaryň, ýeriň we ikisiniň arasyndakylaryň Perwerdigäridir.
 8. Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. (Ol ähli zady) direldýär we öldürýär. Siziň Perwerdigäriňizdir, öten ata- babalaryňyzyň hem Perwerdigäridir.
 9. Emma olar şübhe etmek bilen (hakykaty ýaňsa alyp oýnap) ýörler.
10. Indi sen asmandan äşgär ýagdaýda geljek tüsseli güne garaş.
 11. (Ol tüsse) ynsanlary gaplap alar. Bu juda ýowuz azapdyr.
 12. (Şol wagt ynsanlar): «Eý, Perwerdigärimiz! Bu azaby bizden aýyr! Takyk, biz indi ynanýarys» diýerler.
13. Olar nädip öwüt-ündew alsynlar? (Ýogsa) olara (hakykaty beýan edýän) hak ilçi hem gelipdi.
 14. Soň ondan (pygamberden) ýüz öwürdiler hem-de ol (Alla şärik goşanlar): «Bu (jyn tarapyndan) sapak berlen mejnundyr (jynlydyr)» diýdiler.
 15. Takyk, Biz azaby sähel hem bolsa aýrarys, ýöne siz (ýene-de öňki ýagdaýyňyza, kapyrlygyňyza) dolanyp bararsyňyz.
 16. Biz örän uly zarba urjak (kyýamat) günümizde, elbetde, arymyzy alarys.
 17. Kasam bolsun! Biz olardan öň Fyrgawnyň kowumyny hem synagdan geçiripdik. Olara abraýly ilçi gelipdi.
 18. Ol: «Allanyň bendelerini (ysraýyl ogullaryny) maňa beriň! Takyk, men size (iberilen) ygtybarly ilçidirin.
 19. Alla garşy (gidip) tekepbirlik etmäň! Takyk, men size aýdyň deliller getirýärin.
 20. Men siziň meni daşlamagyňyzdan (öldürmegiňizden pena sorap) meniň hem Perwerdigärim siziň hem Perwerdigäriňiz bolan (Alla) sygynýaryn.
21. Eger maňa ynanmasaňyz, iň bolmanda menden (ýolumdan) çekiliň!» (diýip aýdypdy).
 22. Şondan soň Musa: «Bular günäkär kowumdyr» (diýip), Perwerdigärine arz etdi.
 23. (Alla): «Onda bendelerim bilen gije ýola çyk! Çünki sizi yzarlarlar.
 24. Deňizi (adamlaryňy geçireniňden soň ony) açyk ýagdaýda goý! Çünki olar gark bolmaly goşun» (diýdi).
 25, 26, 27. Olar yzlarynda ençeme bossanlyklary we çeşmeleri, ekindir kaşaň ymaratlary, (keýpi-sapa bilen) hoş wagt geçirýän ýerlerini taşlap gitdiler.
28. Ine, şeýdip, Biz ol (ýerleri) başga kowuma miras galdyrdyk.
29. Asman we zemin olaryň yzyndan gözýaş dökmedi, (hiç zat olara gynanmady) hatda olara (toba eder ýaly) möhlet hem berilmedi (deňize girenlerinden soň gark bolup öldüler).
 30. Kasam bolsun! Biz ysraýyl ogullaryny ejir çekdirjek azapdan halas etdik.
 31. Fyrgawndan (ýagny, onuň süteminden halas etdik). Takyk, ol (sütemkärdi), hetden aşanlardandy.
 32. Kasam bolsun! Biz (Ysraýyl ogullaryna) bir ylyma esaslanyp (şol döwürde) jahanda artykmaçlyk berdik.
 33. Biz olara aç-açan synag bolup biljek aýatlar (mugjyzalar, alamatlar) berdik.
 34. Ol (Alla şärik goşanlar) şeýle diýýärler:
 35. «Ilkinji ölümümizden soň biz (gaýtadan) direldilmeris.
 36. Eger-de hakykaty aýdýan bolsaňyz, ata-babalarymyzy (direldip) getiriň!».
 37. Olar has haýyrlymy ýa-da (ýemenli) tubbag kowumy bilen olardan öň ötenler? Biz olary hem heläk etdik. Takyk, olar günäkär bolupdylar.
 38. Biz asmanlary, ýeri we olaryň ikisiniň arasyndakylary oýun üçin (biderek ýere) ýaratmadyk.
 39. Biz olary diňe hakyky sebäbe görä ýaratdyk. Ýöne olaryň köpüsi bilmeýärler.
 40. Elbetde, (hak bilen ýalany tapawutlandyrýan) höküm güni hemmeleriň bir ýere jemlenýän günüdir.
 41. Ol gün dostuň dosta hiç hili peýdasy degmez. Olara goldaw hem berilmez.
 42. Emma Allanyň merhemet eden kişilerine (goldaw) ýardam beriler. Takyk, Ol Gudraty güýçlidir, Rehim- şepagatlydyr.
 43, 44. Elbetde, günäkärleriň azygy zakgun agajydyr.
 45, 46. Ol, magdan ergininiň we gaýnag suwuň gaýnaýşy ýaly, garynlarda gaýnar.
 47. (Dowzahyň sakçylaryna): «Tutuň ony! Dowzahyň ortasyna süýräň!
 48. Soň, azap çeker ýaly, başyndan aşak gaýnag suw döküň!» diýler.
 49. (Soň oňa): «Dadyp gör! Sen üstündiň, abraýlydyň!
 50. Ine, bu şübhe edip (ynanman ýören) zadyň» diýler.
 51, 52. Takwalar bolsa takyk, (jennetde) ygtybarly orunlarda, bossanlarda we çeşmäniň boýunda bolarlar.
 53. Olar inçe ýüpek we atlaz geýip, birek-birege seredişip oturarlar.
 54. Ine, şeýle! Ýene-de Biz olary jeren gözli gözel hüýrlere öýereris.
 55. Ol ýerde olar arkaýynçylykda (isleglerini kanagatlandyrjak) her hili miwäni getirerler.
 56. Ilkinji dadan ölümlerinden başga ol ýerde özge (ikinji) ölüm datmazlar. Alla olary dowzah azabyndan gorar (olar şeýdip, hemişelik ýaşaýşa gowşarlar).
 57. (Bular) seniň Perwerdigäriň pazly- keremi hökmünde berildi. Ine, bu uly üstünlikdir.
 58. Biz ony (Kurany) ynsanlaryň öwüt- nesihat almaklary üçin we seniň diliňde aňsat edip inderdik.
 59. (Sen iman getirmedikleriň başlaryna geljeklere) garaş! Olar hem garaşýarlar.