1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

63. 9. Eý, iman getirenler! Mal-mülkleriňiz we perzentleriňiz size Allany zikir etmegiňize päsgel bermesin! Beýle edýänler uly zyýana sezewar bolarlar.

Başy » Sözbaşy » 46-njy süre: «Ahkaf» («Gum depeleri»)

«Ahkaf» süresi pygamberimiziň Mekgede ýaşan döwrüniň ahyrlarynda inip, ol 35 aýatdan ybaratdyr. «Ahkaf» sözi «Gum depeleri» diýmegi aňladýar. Bu söz süräniň 21-nji aýatynda agzalýar. «Ahkaf» süresi «Hawamim» süreler toparynyň iň soňky süresidir. Bu sürede Mekgedäki hak dine garşy çykanlaryň ad halky ýaly heläk ediljekdikleri barada duýdurylyp, Muhammet aleýhissalamyň pygamberligini kabul etmelidikleri habar berilýär. Süräniň ahyrynda bolsa Kurany Kerimi diňläp, dogry ýola giren jynlaryň beýleki jynlara hak dini habar bermek üçin gidendikleri beýan edilip, kejirlik edýän kapyrlara ybrat almaklygy ündelýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Ha, Mim.
 2. (Bu) kitabyň inderilmegi Gudraty güýçli, hikmet eýesi Alla (tarapyndandyr).
 3. Biz asmanlary, ýeri we olaryň arasyndaky zatlary (boş ýere däl-de), hak (we hikmet) bilen we belli bir wagta (çenli) ýaratdyk. (Emma) kapyrlar (özlerine) duýdurylan zatdan (kyýamat gününden) ýüz öwürýärler.
 4. (Eý, Muhammet! Alla şärik goşýanlara): «Siz Alladan başga çagyrýan zatlaryňyz (barada) habar beriň! Olar ýerden nämäni ýaratdylar, görkeziň maňa? Ýa-da olaryň asmanlarda şärigi barmy? Eger dogruçyl bolsaňyz, mundan (Kurandan) öň (gelen) bir kitap ýa-da ylymdan bir galyndy getiriň (göreliň)!» diýip aýt. Düşündiriş: Bu ýerde öňki kitapdan maksat Alla tarapyndan iberilen ylahy kitaplardyr. Ylymdan bir galyndy bolsa öňki pygamberleriň öwreden taglymatlarynyň galyndylarydyr. Ol kitaplarda Alla şärik goşmaklyk inkär edilýär.
 5. Özüniň (dilegine), tä kyýamat gününe çenli jogap berip bilmejek hem-de özlerinden (edilýän) dilegden bihabar (bolanlara ybadat edip) Alladan başgasyny çagyrýan kişiden has azaşan (başga) kim (bolup biler)?
 6. Ynsanlar (direldilip) magşar (meýdanyna) jemlenilende, (Alladan özge çagyrylanlar) olara (özlerine sygynýanlara) duşman bolarlar we olaryň özlerine ybadat edendiklerini inkär ederler.
 7. Olar Biziň aýatlarymyz aç-açan okalan mahaly inkär edenler özlerine gelen hak (Kuran) barada: «Bu bir äşgär jadydyr» diýdiler.
 8. Ýa-da olar (Kurana): «Ony (Muhamme) toslady» diýýärlermi? (Olara) aýt: «Eger men ony toslan bolsam, onda siz Alladan maňa (geljek) zady (dep etmäge) güýjüňiz ýetmez. Ol (Alla) siziň ol (Kuran) hakda nämä (haýsy pikire) çümüp durandygyňyzy has gowy bilýändir. Meniň bilen siziň araňyzda şaýat hökmünde Ol ýeterlikdir. Ol Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr».
 9. Aýt: «Men pygamberleriň içinden (pygamberligi) başladan (ilkinji pygamber) däldirin. Men (geljekde) özüme we size näme ediljekdigini bilmeýärin. Men diňe özüme wahyý edilene tabyn bolýaryn. Men diňe bir äşgär duýduryjy (pygamberdirin)».
 10. Aýt: «Siz aýdyň, eger (Kuran) Alla tarapyndan (gelen) bolsa, siz (hem) ony (Kurany) inkär edýän bolsaňyz, ysraýyl ogullaryndan bir şaýat hem (hökümleri) onuň (Kuran) bilen deň bolan (Töwrata) şaýatlyk edip, iman getiren bolsa, siz (iman getirmän) tekepbirlenseňiz, (sizden has zalym kim bolup biler)? Alla zalymlar kowumyny dogry ýola gönükdirmez». Düşündiriş: Bu ýerdäki şaýat Medinede tanymal ýahudy alymy bolan Abdylla ibn Salam ýaly yslamy kabul edenler göz öňünde tutulýar.
11. Inkär edenler iman edenler barada: «Eger (bu Kuran) haýyrly zat bolsady (bu musulmanlar) oňa (iman getirmekde) bizden öňe geçip bilmezdiler» diýdiler. Olar onuň (Kuran) bilen dogry ýoly tapyp bilmänsoňlar: «Bu bir köne ýalandyr» diýerler.
 12. Mundan (Kurandan) öň ýol görkeziji we rahmet bolan Musanyň (Töwrat) kitaby bardy. Bu (Kuran) bolsa zulum edýänlere duýdurmak we ýagşylyk edýän (musulmanlary) buşlamak üçin arap dilinde (inderilen we Töwraty) tassyklaýjy bir kitapdyr.
 13. Takyk, (iman getirip) «Perwerdigärimiz Alla!» diýenlere, soň hem dogry ýolda ýöränlere, gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.
 14. Olar jennetiň eýeleri bolup, eden (ýagşy) işlerine sylag hökmünde, ol ýerde ebedi galarlar.
15. Biz ynsana ene-atasyna ýagşylyk etmegini wesýet etdik. (Sebäbi) enesi ony külpet bilen (göwresinde) göterip, ony kynçylyk bilen dograndyr. Onuň (ene göwresinde) göterilmegi we (süýtden) kesilmegi (jemi) otuz aýlap (dowam eder). Ahyry (ynsan) güýç- kuwwata ýetip, kyrk ýaşyna girende: «Eý, Perwerdigärim! Sen maňa we ene- atama beren nygmatyňa şükür etmegi, (şeýle-de) Seniň razy boljak ýagşy işi (berjaý) etmegimi hem-de zürýadym hakda hem maňa haýyrlysyny nesip et! (Eý, Allam!) Takyk, men toba etdim we musulmanlardan boldum» diýer.
 16. Eden iň ýagşy işlerini (tagat- ybadatlaryny) kabul edip, erbet işlerini (günälerini) bagyşlajak ol kişilerimiz jennetileriň (arasynda) bolarlar. (Bu) olara wada berlen çyn wadadyr.
 17. (Käbirleri özlerini imana çagyrýan) ene-atalaryna: «Uf size! Menden öň ýaşap geçen niçeme nesiller (ölüp, ýekejesi hem direlmedigem bolsa), siz meni (mazarymdan direldilip) çykarylmak bilen gorkuzýarsyňyzmy?» diýeninde, olar (ene-atasy) Allanyň penasyna sygynyp: «Haýp saňa! Iman getir! Takyk, Allanyň wadasy hakdyr» (diýýärler). Ol (bolsa): «Bu öňküleriň ertekilerinden başga zat däldir» diýýär.
 18. (Ine), olar özlerinden öňki ynsanlardan we jynlardan ýaşap geçen ymmatlaryň içinde özlerine söz (azap) hakykat bolan kişilerdir. Takyk, olar zyýan çekenlerden boldular.
 19. Hemmelere özleriniň eden işleriniň (netijesi) doly (gaýtarylyp) berler ýaly eden işlerine görä derejeleri bardyr. Olara hiç zulum edilmez.
 20. Ol gün kapyrlara (dowzah) ody görkezilip: «Siz (ähli) ýagşylyklaryňyzy dünýä ýaşaýşynda giderdiňiz. Olardan peýdalandyňyz. Bes, bu gün bolsa size ýerde (dünýäde) nähak ýere (hakdan ýüz öwrüp) tekepbirlenendigiňiz we (ýoldan çykyp) pasyklyk edendigiňiz üçin sizi pese düşürjek azap bilen jeza berler» (diýler).
 21. Ad (kowumynyň) dogany (Hudy) ýatla! Ol özünden öň we soň (birnäçe) duýduryjy (pygamberleriň) gelip geçen ýeri bolan) Ahkafda kowumyna: «(Ýeke- täk) Alladan başgasyna ybadat etmäň! Takyk, men siziň (başyňyza injek) uly bir günüň azabyndan gorkýaryn» diýipdi. Düşündiriş: Ahkaf – ýer-ýurt ady ady bolup, Arap ýarymadasynyň günorta-günbatarynda ýerleşýändir. Irki wagtlar bu ýerler baglyk- bakjalyk ýer eken, emma soň ol ýerler gurap galypdyr. Häzirki wagtda ol ýerde ýaşaýyş saklanyp galmandyr.
22. Olar: «Sen bize biziň hudaýlarymyzdan ýüz öwürmegimiz üçin geldiňmi? Bes, eger sen dogruçyl bolsaň, bize wada berýän zadyňy (azabyňy) getir» diýdiler.
23. Ol (Hud): «Takyk, onuň (azabyň) ylmyny (wagtyny) diňe Alla bilýär. Men size diňe özüme iberilen zady ýetirýärin. Ýöne men sizi nadanlyk edýän kowum (hökmünde) görýärin» diýdi.
 24. Bes, olar ony (azaby) öz jülgelerine tarap (inligine ýaýrap) gelýän bir bulut (hökmünde) görenlerinde: «Bu bize ýagyş ýagdyrjak bulutdyr» diýdiler. (Hud): «Ýok, ol siziň gelmegine howlugýan zadyňyz (bolup), içinde jebir-jepaly azap (bar) bolan ýeldir.
25. Ol (ýel) Perwerdigäriniň emri bilen ähli zady ýykan-ýumran eder» diýdi. Şeýdip (olaryň hemmesi heläk boldular), olaryň diňe mesgenlerinden başga hiç zatlary görünmez boldy. Ine, Biz günäkär kowumy şeýdip jezalandyrýarys.
26. Kasam bolsun! Biz olara size bermedik mümkinçiliklerimizi (güýç we mal-mülk) berdik. Olara gulak, gözler hem-de kalplar beripdik. Emma olara ne gulaklary, ne gözleri, ne-de kalplary, hiç hili peýda bermedi. Sebäbi olar Allanyň aýatlaryna (bilip durup) garşy çykýardylar. (Netijede) olaryň äsgermezçilik edýän zady (azap) olary gurşap aldy.
 27. (Eý, mekgeliler!) Kasam bolsun! Biz siziň daş-töweregiňizde (ýerleşen) birnäçe oba-şäherleri heläk etdik. Biz olaryň (imana) dolanmaklary üçin aýatlarymyzy öwran-öwran beýan etdik.
 28. Käşgä olara (Alla) ýakynlaşdyrýar (diýip), Alladan başga tutunan hudaýlary kömek etsedi? Tersine, olar (butlar) olardan (daşlaşyp), ýok bolup gitdiler. (Ine), bu olaryň (toslan) ýalanlarydyr we atýan töhmetleridir.
29. (Eý, Muhammet!) Biz Kuran diňlemekleri üçin seniň ýanyňa jynlardan bir kowumy iberipdik. Olar onuň ýanyna gelenlerinde (biri-birlerine): «Ýuwaş boluň!» diýdiler. (Kuran okalyp) gutaransoň, olar öz kowumlaryna duýdurmak (habar bermek) üçin yzlaryna öwrülip gitdiler.
 30. Olar (jynlar): «Eý, kowumymyz! Biz Musadan soň inderilen, özünden öňküleri tassyklaýan, hak (we hakykata) hem-de dogry ýola gönükdirýän bir kitap diňledik.
31. Eý, kowumymyz! Allanyň ýoluna (çagyrýan) bu çakylykçynyň (çakylygyna) jogap berip (kabul ediň) we oňa iman getiriň! (Şeýtseňiz), Alla (hem) siziň günäleriňizi bagyşlar we sizi jebir-jepaly azapdan halas eder» diýdiler. Düşündiriş: Bu aýatdan jynlaryň Musa pygambere we beýleki pygamberlere inen kitaplara hem ynanandyklary belli bolýar. Bu hadysadan soň jynlar topar-topar bolup pygamberimiziň ýanyna gelip, musulman bolýarlar.
 32. Kim Allanyň (ýoluna) çagyrýanyň (çakylygyna) jogap bermän (kabul etmese), ol hiç haçan ýerde (Allany) ejizledip, (Onuň jezasyndan gaçyp sypyp) bilmez. Oňa Ondan (Alladan) başga hiç bir dost-ýarlar (hossar) hem ýokdur. Olar äşgär azaşmaklygyň içindedir.
 33. Olaryň (kapyrlaryň) asmanlary we ýeri ýaradan, ýaratmak bilen hem hiç hili ýadamaýan Allanyň ölüleri direltmäge güýjüniň ýetýändigine (heniz hem) akyllary çatmadymy? Hawa, elbetde, Onuň ähli zada güýji ýetýändir.
 34. Ol gün kapyrlara (dowzah) ody görkezilip: «(Ine), bu (dowzah ody) hakykat dälmi?» (diýlip soralanda), olar: «Hawa, Perwerdigärimiz! Kasam bolsun! Hak (ekeni)» diýerler. (Alla) olara: «Inkär edendigiňiz üçin (hany), azaby dadyň!» diýer.
 35. (Şonuň üçin, eý, Muhammet!) Sen hem (Nuh, Ybraýym, Musa we Isa ýaly) örän tutanýerli pygamberleriň sabyr edişleri kimin, sabyr et! Olara (azabyň gelmegi) üçin howlukma! Olar özlerine wada edilen (azaby) gören günleri, (dünýäde) gündiziň diňe bir sagady (salymy) galan ýaly bolarlar. (Bu olara) bir duýduryşdyr! Heý-de, (ýoldan çykan) pasyklar kowumyndan başgasy heläk edilermi!