1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

4. 59. Eý, iman getirenler! Alla boýun boluň! Pygambere we özüňizden bolan (musulman, adalatly) baştutanlaryňyza boýun boluň! Eger Alla we ahyrete ynanýan bolsaňyz, (bir meselede) düşünişmän jedelleşseňiz, Alla (Kurana) we pygambere (hadyslara) ýetiriň (ýüz tutuň)! Bu (siziň üçin) haýyrlydyr we netije taýdan ajaýypdyr.

Başy » Sözbaşy » 57-nji süre: «Hadid» («Demir»)

«Hadid» süresi Medinede inen sürelerden bolup, ol 29 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady 25-nji aýatda agzalýan demir manysyny aňladýan «Hadid» sözünden alnandyr. Bu sürede Allanyň beýikligi, hakykatyň ugrunda göreşmelidigi, dünýäniň wagtlaýyn lezzetlerine aldanmaly däldigi, yslama garşy söweşenleriň ýeňiljekdikleri, Allanyň musulmanlara wada beren nygmatlary, pygamberlere hem-de olaryň yzlaryny ýöreden Muhammet aleýhissalama ynanmagyň gerekdigi habar berilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Asmanlardaky we ýerdäki (ähli) zat Allany tesbih edýär. Ol (Alla) Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
 2. Asmanlaryň we ýeriň mülki (hökmürowanlygy) Onuňkydyr. Ol direldýändir, (soň hem täzeden direltmek üçin) öldürýändir. Onuň ähli zada güýji ýetýändir.
 3. Ol Owwaldyr (Ondan öň hiç zat ýokdur), Ahyrdyr (Ol ähli barlyklar pany bolandan soň hem bar bolar), Zahyrdyr (äşgärdir, Onuň barlygyny aňladýan delilleri aýdyňdyr), Batyndyr (gizlindir, Onuň barlygyna akyl- duýgy bilen doly aň ýetirip bolmaz). Ol ähli zady bilýändir.
 4. Asmanlary we ýeri alty günde ýaradyp, soň (özüne mahsus görmüşde) Arşa istiwa eden (hökümdarlyk bilen älemi dolandyran) Oldur. Ol ýere gireni, ýerden çykany, asmandan ineni hem-de oňa (asmana) çykany (hemmesini) bilýändir. Siz nirede bolsaňyz hem, Ol (ylmy we gudraty bilen) siziň ýanyňyzdadyr. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizi görýändir.
 5. Asmanlaryň we ýeriň mülki (hökmürowanlygy) Onuňkydyr. (Ähli) işler (soňunda) Alla gaýdyp getiriler.
 6. Ol gijäni gündize goşar (şeýdibem gündiz uzalar). Gündizi hem gijä goşar (şeýdibem gije uzalar). Ol gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) bilýändir.
 7. Alla we Onuň ilçisine iman getiriň! Siziň ygtyýaryňyza goýlan (öz eýeçiligiňize degişli) zadyňyzdan (Alla ýolunda) haýyr-sahawat ediň! Siziň (içiňizden) iman getirip, (Alla razylygy üçin) haýyr-sahawat edýänlere uly sylag bardyr.
 8. Pygamber sizi Perwerdigäriňize iman getirmäge çagyran wagty, siz näme üçin Alla iman getirmeýärsiňiz? Eger siz mömin bolsaňyz, (Alla) sizden (bu meselede) anyk ähti-peýman (söz) alypdy!
 9. Sizi tümlükden (aýdyňlyga) çykarmak üçin Öz guluna (pygamberine) äşgär aýatlar (alamatlar) iberen hem Oldur. Takyk, Alla size Mähirlidir, Rehim- şepagatlydyr.
 10. Asmanlaryň we ýeriň mirasy (eýeçiligi) Alla degişli bolsa-da, siz name üçin (ygtyýaryňyzdaky barlyklaryňyzdan) Allanyň ýolunda haýyr-sahawat etmeýärsiňiz? Sizden ýeňişden (Mekge eýelenmezden) öň (Allanyň ýolunda) haýyr-sahawat eden hem-de söweşenler bilen (bulary ýerine ýetirmeýänler) deň bolmaz. (Ine), olar mundan (ýeňişden) soň (Allanyň ýolunda haýyr-sahawat) edip, söweşenlerden dereje taýdan has ýokarydyr. Alla hemmesine iň ajaýybyny (jenneti) wada berendir. Alla siziň edýän (ähli) işleriňizden habardardyr.
 11. Kim Alla gowy bir karz berse (Allanyň razylygy üçin haýyr-sahawat etse), Alla ony (beren zadyny) oňa birnäçe esse edip (gaýdyp) berer we oňa sahawatly sylag bardyr.
12. Mömin erkekleriň we mömin aýallaryň nurlarynyň öň we sag taraplarynda ylgaýandygyny gören günüň (wagtyň) olara: «Bu gün siziň buşlugyňyz, ebedi galmak üçin size aşagyndan derýalar akýan jennetler (taýýarlanyldy)!» (diýler). Ine, bu (iň) uly üstünlikdir.
 13. Ol gün ikiýüzli (mynapyk) erkekler we aýallar iman getirenlere: «Siziň nuruňyzdan alar ýaly bize garaşyň» diýerler. Onda olara: «Yzyňyza (dünýä) serediň-de, nur gözläň» diýler. Bularyň aralaryna içinde rahmet, daşynda bolsa azap bolan gapyly bir diwar çekiler.
 14. Ikiýüzlüler (möminlere): «Biz hem siziň bilen bilelikde dälmidik?» diýerler. (Möminler): «Hawa, (siz dünýäde biziň bilen bilediňiz), emma siz özüňizi bela sezewar etdiňiz. Siz, tä Hakyň emri gelýänçä, pursata garaşdyňyz (şek- şübhelere düşdüňiz), ham-hyýallaryňyz sizi aldady. Ol aldawçy (şeýtan) sizi Alla (hakda ters düşünjeler) bilen aldady» diýerler.
15. Bes, bu gün sizden-de, kapyrlardan- da (halas boluş) fidýesi (tölegi) alynmaz. Siziň barjak ýeriňiz otdur. Ol (Alla) siziň Hossaryňyzdyr. Ol baryljak nähili erbet ýerdir!
 16. Iman getirenleriň kalplarynyň Allany hem-de Onuň tarapyndan inen hakykaty ýatlap, (gorkup) ýumşamagynyň wagty gelmedimi? Öň özlerine kitap berlip, üstünden uzak wagt geçendigi (sebäpli), ýürekleri gatylaşanlar ýaly (doňýürek) bolmasynlar! Olaryň köpüsi (ýoldan çykan) pasyklardyr.
 17. Bilip goýuň! Alla ölüminden soň (bütin) ýer (ýüzüni) direlder. Siz akyl ýetirersiňiz diýip, Biz aýatlarymyzy şeýdip düşündirdik.
18. Takyk, sadaka beren erkeklere, sadaka beren aýallara we Alla ýagşy karz berenlere (haýyr-sahawat edenlere) onuň (sylagy) birnäçe esse artdyrylyp berler. Olara sahawatly sylag bardyr.
 19. Alla we Onuň pygamberlerine iman getirenler, ine, olar dogruçyl (hak dini doly tassyklan) kişilerdir we Perwerdigäriniň ýanynda şaýatlardyr. Olar üçin sylag we nur (rahmet) bardyr. Emma inkär edenler we Biziň aýatlarymyzy ýalan hasaplanlar, olar dowzahydyrlar.
 20. Bilip goýuň! Dünýä ýaşaýşy bir oýundyr, boş (wagt ýitirmedir, güýmenjedir), bezegdir (aldawdyr), öz araňyzda garşylykly öwünmedir hem-de mal-mülk we perzent (nesil) köpeltme (ýaryşydyr. Şeýle-de ol) göýä, ýagan ýagyş bilen biten hasyly göwnüne ýaran daýhan ýalydyr. Soň ol gurap galar, sen ony saralan (guran) ýagdaýda görersiň. Soň hem çöpe öwrüler. (Ine, dünýä ýaşaýşy hem şeýledir). Ahyretde bolsa kapyrlar üçin (dünýädäki etmişlerine görä) ýowuz azap bardyr. (Möminler üçin bolsa) Alla tarapyndan ýalkaw we razyçylyk bardyr. Dünýä ýaşaýşy ýalan bähbitden başga zat däldir.
 21. Perwerdigäriňizden (geljek) ýalkawa, Alla we Onuň pygamberlerine iman getirenler üçin taýýarlanylan hem-de giňişligi asmanlar bilen ýeriň aralygy ýaly bolan ol jennete (girmek) üçin ýaryşyň (howlugyň)! Bu Allanyň öz islänine berýän pazly-keremidir. Alla uly pazly-kerem eýesidir.
 22. Ýer (ýüzünde) bolup geçýän we siziň başyňyza gelen (islendik) belany Biz heniz ony ýaratmagymyzdan öň bir kitapda ýazyp goýandyrys. Takyk, bu Alla (üçin) aňsatdyr.
 23. (Alla muny) siziň gidiren zatlaryňyza gynanmazlygyňyz, size berlen zatlar (nygmatlar) üçin hem ulumsy (tekepbir) bolmazlygyňyz üçin (beýan edýär). Ol (Alla) öwnüp duran ulumsylaryň hiç haýsyny halamaz.
 24. Olar (haýyr işlerde) husyt bolup, ynsanlara hem husytlygy emir ederler (ündärler). Kim (Alla boýun bolmakdan) ýüz öwürse, takyk, Alla Baýdyr (hiç zada mätäç däldir) we hamdy-sena edilmäge mynasypdyr.
 25. Takyk, Biz pygamberlerimizi äşgär deliller bilen iberdik we ynsanlaryň adalaty saklamaklary üçin (pygamberler) bilen birlikde kitap we (adalat) terezisini iberdik. Özünde uly bir güýç we ynsanlara birnäçe peýdasy bolan demri hem (ynsanlaryň peýdalanmaklary) üçin inderdik. Bu Allanyň dinine we pygamberlerine gaýyba ynanyp (ýagny, Allany gözleri bilen görmeseler-de), kömek edenleri (ýüze çykarmagy) üçindir. Takyk, Alla Kuwwatlydyr, Gudraty güýçlüdir.
 26. Elbetde, Biz Nuhy we Ybraýymy pygamber edip iberdik. Olaryň zürýatlaryna hem pygamberlik we kitap berdik. Olardan käbiri dogry ýoly tapsalar-da, olaryň köpüsi (ýoldan çykan) pasyklardyr.
 27. Soň bularyň yzyndan birnäçe pygamberlerimizi iberdik. Merýem ogly Isany hem olaryň yzlaryndan iberdik. Oňa Injili berdik we oňa uýanlaryň kalplarynda mähir we merhemet (duýgularyny) ýerleşdirdik. Toslan ruhbanlyklaryny bolsa, olara Biz emir etmedik (öwretmedik). Emma muny Allanyň razylygyny gözlemek üçin olaryň özleri oýlap tapdylar (niýetleri Alla razylygy bolsa-da, dinde ýok zady tosladylar). Özleri-de ony doly berjaý hem etmediler. Biz (hem) olardan iman getirenlere sylaglaryny berdik. Olaryň köpüsi dogry (ýoldan çykan) pasyklardyr. Düşündiriş: Ruhbanlyk (monahlyk) nasranylaryň oýlap tapan zady bolup, özlerini ruhban, monah, ruhany hasaplaýanlar öýlenmän, dünýä nygmatlaryndan ýüz öwrüp, ýalňyzlykda ýaşapdyrlar. Bu yslama we Allanyň ýoluna ters hasaplanylýar.
28. Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň hem-de Onuň ilçisine iman getiriň! Ol (Alla) size Öz rahmet (hazynasyndan) iki esseläp eçiler we size ýörejek (ýoluňyzy ýagtyldýan) bir nur berer hem-de sizi bagyşlar. Çünki Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
 29. (Goý), ähli-kitap Allanyň pazly- kereminden hiç bir zada güýç ýetirip (eýe çykyp) bilmejekdiklerini, pazly-keremiň Allanyň elindedigini (gudratyndadygyny) we ony islänine berýändigini bilip goýsunlar! Alla uly pazly-kerem eýesidir!