1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

5. 8. Eý, iman getirenler! Allanyň (haky) üçin dogry ýoly tutup, adyllyk bilen şaýatlar boluň! Bir kowuma bolan kinäňiz sizi adalatsyzlyga itermesin. Adalatly boluň, ol takwalyga (gelişýän) iň ýakyn (häsiýetdir). Alladan gorkuň! Takyk, Alla siziň edýän işleriňizden habardardyr.

Başy » Sözbaşy » 86-njy süre: «Taryk» («Gije ýyldyzy»)

«Taryk» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 17 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Gije ýyldyzy» manysyndaky «Taryk» sözünden alnandyr. Sürede ölümden soňky direliş barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Asmana we Taryga (gije ýyldyzyna) kasam bolsun!
 2. Sen Tarygyň nämedigini bilýärmiň?
 3. Ol (ýagtylygy bilen gijäni) böwsüp geçýän ýyldyzdyr.
 4. Her kimiň ýanynda hökman bir gözegçi (perişde) bardyr.
 5. Şonuň üçin ynsan nämeden ýaradylandygy barada pikir etsin!
 6, 7. Ol (erkegiň) bil, (aýalyň bolsa) göwüs süňküniň arasyndan çüwdürilip çykýan bir suwdan ýaradyldy.
 8. (Ony başda ýaradan Allanyň), elbetde, ony (täzeden) direltmäge güýji ýetýändir.
 9. Ol gün (kyýamatda ähli gizlin) syrlar äşgär bolar.
 10. Şonda ynsanyň ne güýji, ne-de kömekçisi galar.
11, 12. (Ýagşy) yzyna gaýtaran asmana, ösümlikleriň çykmagy üçin ýarylan ýere kasam bolsun!
 13. Bu (Kuran hak bilen batyly) aýyl- saýyl edýän anyk sözdür.
 14. Ol bir oýun däldir.
15. Ol (kapyrlar ähli güýçleri bilen) hile gurýarlar.
16. Men hem (olara hile) gurýaryn (olaryň hilelerini puja çykararyn).
 17. Şonuň üçin (eý, Muhammet!) Ol kapyrlara biraz salym wagt ber! Olary öz ýagdaýlaryna goý!