1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

31.6. Adamlaryň arasynda, hiç bir ylmy delile daýanmazdan, Allanyň ýolundan daşlaşdyrmak, soň bolsa, ýaňsa almak maksady bilen, boş sözleri satyn alýan kişiler bardyr. Olara ryswa ediji azap bardyr.

Başy » Sözbaşy » 67-nji süre: «Mülk» («Tebärek»)

«Mülk» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 30 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan Allanyň hökmürowanlygyndan gürrüň gozgamagyndan gelip çykýar. Sürede Allanyň bu dünýäni ynsanlaryň ýaşamagy üçin ýokdan bar edendigi, ýaşamak üçin onda dürli şertleri döredendigi, Allanyň ýeke-täk Ýaradandygy, Allany inkär edenleriň kyýamatda özlerini atjak howplary barada habar berlip, Alla iman getirenleriň halas boljakdyklary, kapyrlaryň soňlarynyň pajylagy gutarjakdygy aýdylýar. Bu süräniň sogaby hakda pygamberimiz Muhammet aleýhissalam: «Kuranda 30 aýatly bir süre bar. Ol süre kyýamat gününde bir adama şepagatçy bolar, (şeýdip) ahyry onuň günäsi bagyşlanar. Ol süre «Tebärek» («Mülk») süresidir» diýipdir.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. (Ähli barlygyň) mülki (hökmürowanlygy) elinde (gudratynda) bolan Alla örän beýikdir. Onuň ähli zada güýji ýetýändir.
 2. Ol siziň haýsyňyzyň has ýagşy amal edýändigiňizi synamak üçin, ölümi we ýaşaýşy ýaradandyr. Ol Gudraty güýçlüdir, Bagyşlaýjydyr.
3. Ol (biri-biri bilen) sazlaşykly ýedi gat asmany ýaradandyr. Sen Rahmanyň (Allanyň) ýaradan (zatlarynda) hiç hili çaprazlyk (näsazlyk) görmersiň. Gözüňi aýlap seret, heý (asmanda bir näsazlyk), kemçilik görýärmiň?
4. Soň gözüňi gaýta-gaýta aýlap seret! Göz (hiç hili näsazlyk görmekden) ejiz we ýadaw halda saňa (yzyna) öwrüler.
 5. Kasam bolsun! Biz dünýä (iň ýakyn bolan) asmany çyralar (ýyldyzlar) bilen bezedik. Olary şeýtanlara daşlanylýan (ot) edip (goýduk) we olara (şeýtanlara mundan başga-da) alawly ot azabyny taýýarladyk.
 6. Özleriniň Perwerdigärini inkär edenler üçin dowzah azaby bardyr. Ol baryljak nähili erbet ýerdir.
 7. Ol ýere oklananlarynda, (olar) onuň gaýnaýan wagty çykarýan eýmenç sesini eşiderler.
 8. (Dowzah) gahardan ýaňa ýarylaýjak bolar! (Bes), her gezek ol ýere bir topar oklanylsa, onuň (dowzahyň) sakçylary olardan: «Size (bu azaby) duýduryjy (pygamber) gelmänmidi?» diýip sorarlar.
 9. (Olar): «Elbetde, bize (bu azaby) duýduryjy (bir pygamber) gelipdi, ýöne biz (ony) ýalan hasapladyk we (oňa): «Alla (hiç kime) hiç zat indermedi, siz diňe uly bir azaşmaklygyň içindesiňiz» diýipdik» diýerler.
 10. (Olar): «Käşgä, bir gulak asan bolsadyk ýa-da akylymyzy ulansadyk, (häzir) bu dowzahylaryň arasynda bolmazdyk» diýerler.
 11. (Şeýdip) olar öz günälerini boýun alarlar. Bes, dowzahylara (Allanyň rahmeti) daş bolsun!
 12. (Emma) görmän, özleriniň Perwerdigäriniň (azabyndan) gorkýanlara (bolsa), olara ýalkaw we uly sylag bardyr.
 13. Siz sözüňizi isle, gizläň, isle- de, ony äşgär ediň! Takyk, Ol (Alla) gursaklardakyny (ýüreklerdäkini) hem bilýändir.
 14. Heý-de, Ýaradan (Öz ýokdan bar eden zatlaryny) bilmezmi? Ol iň gizlin zatlary hem bilýändir we (ähli zatdan) habardardyr.
 15. Ýeri size (ýaşaýyş üçin) boýun egdiren Oldur. Bes, siz onuň (ýeriň) gerdenlerinde (üstünde) geziň we Onuň (Allanyň) rysgalyndan iýiň! (Ahyrynda) dolanyp baryş Oňadyr.
 16. Siz asmandakynyň (Allanyň) ýeri sarsdyryp, sizi ýere sokmajagyndan arkaýynmy?
 17. Ýa-da siz asmandakynyň (Allanyň) siziň üstüňize daş ýagdyrýan (bir tupan- harasat) ibermejekdiginden arkaýynmy? Bes, siz (Meniň) duýduryşymyň nähilidigini (tiz wagtda) bilersiňiz?
18. Kasam bolsun! Olardan öňküler hem (pygamberleri) ýalan hasapladylar, bes (Allany) inkär edendikleri üçin (berlen azap) nähili ýowuz bolupdy?
 19. Olar üstlerinde (ganatlaryny) açyp- ýapyp uçýan guşlary görmedilermi? Olary (howada) saklaýan meger Rahmandyr (Alladyr). Takyk, Ol (Alla) ähli zady görýändir.
20. (Hany), Rahmandan (Alladan) başga size kömek etjek siziň ol goşunlaryňyz kim (nirede)? Takyk, inkär edenler (kapyrlar) aldanmagyň içindedirler.
21. Eger Ol ( Alla size berýän) rysgalyny kesse, size rysgal berjek kim? Ýok, (tersine olar) azgynlyk we inkär içinde (keçjallyklaryny) dowam etdirýärler.
 22. Indi (siz aýdyň bakaly, barylmaly ýere) ýüzin süýrenip ýöreýän dogry bararmy, ýa-da dogry ýolda dik ýöreýän (dogry bararmy)?
23. (Eý, Muhammet!) Aýt: «Sizi ýaradan, size eşidiş (duýgusyny), gözleri we kalplary beren Oldur. Siz (örän) az şükür edýärsiňiz!»
 24. Aýt: «Sizi ýer ýüzünde (köpeldip), ýaýradan Oldur. Siz Onuň (ýanynda) jemlenersiňiz».
25. (Olar): «Eger siz dogruçyl bolsaňyz, (aýdyň), bu wada (azap) haçan (geler)?» diýýärler.
 26. Aýt: «Takyk, (kyýamatyň geljegi baradaky) ylym Allanyň ýanyndadyr. Takyk, Men (diňe) äşgär bir duýduryjydyryn».
 27. Bes, onuň (azabyň) golaýlaşýandygyny (anyk) gören wagtlary inkär edenleriň ýüzleri erbetleşer (we olara): «Ine, bu siziň çagyrýan zadyňyz» diýler.
 28. (Eý, Muhammet! Aýt: «Eger Alla meni we ýanymdakylary (siziň isleýşiňiz ýaly) heläk etse ýa-da (uzak ömür berip), bize rehim etse, hany aýdyň, kapyrlary jebir-jepaly azapdan kim halas edip biler?».
 29. Aýt: «Ol (Alla) Rahmandyr (Mähribandyr). Biz Oňa iman getirdik we (diňe) Oňa bil bagladyk. Siz (tiz wagtda) kimiň äşgär azgynçylyk içindedigini (anyk) bilersiňiz».
30. Aýt: «Hany aýdyň! Eger siziň suwuňyz (aşak) çekilse (gurasa), kim size akar suw getirip biler?».