1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

67. 26. Aýt: «Takyk, (kyýamatyň geljegi baradaky) ylym Allanyň ýanyndadyr. Takyk, Men (diňe) äşgär bir duýduryjydyryn».

Başy » Sözbaşy » 7-nji süre: «Agraf» («Belent diwar»)

«Agraf» süresi  Mekgede inen sürelerden bolup, ol 206 aýatdan ybaratdyr. Süräniň 46-48-nji aýatlarynda ady agzalýan «Agraf» diýen ýer jennet bilen dowzahyň arasynda ýerleşen belent bir diwar bolup, süre hem onuň ady bilen atlandyrylypdyr. Sürede Adam atadan başlap‚ Nuh‚ Hud‚ Salyh‚ Lut‚ Şugaýyp‚ Musa ýaly pygamberleriň hemmesiniň Allanyň birligini ykrar edýän dine uýandyklary we kyýamatda bolup geçjek wakalar barada aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Elif‚ Läm‚ Mim‚ Sad.
 2. Bu seniň (ynsanlara Allanyň azabyny) duýdurmagyň we möminlere öwüt bermegiň üçin saňa inderilen bir kitapdyr. Sen halk bu kitaba ynanmaz öýdüp darykma!
 3. Perwerdigäriňizden size inderilen Kurana tabyn boluň! Ondan başgasyny hossar tutunyp, onuň yzyna düşmäň! Ýöne siz nesihata az gulak asýarsyňyz!
 4. Biz näçe ülkeleriň (kowumlaryny) gije ýatyrkalar ýa-da gündiz dynç alýarkalar, olaryň üstüne belamyzy iberip heläk etdik. Düşündiriş: Allatagala Lut pygamberiň kowumyny gije‚ Şugaýyp pygamberiň kowumyny bolsa gündiz heläk edipdir.
5. Biziň azabymyz gelende, olaryň ýalbaryşlary: «Dogrudan-da, biz zalym kowum ekenik» diýmekden başga zat bolmady.
 6. Bes, Biz özlerine pygamber iberilenlerden hasap sorarys. Iberilen ol ilçilerden hem hasap sorarys.
 7. Bes, biz olara (dünýäde eden işleri barada) Öz ylmymyza daýanyp aýdyp bereris. Çünki Biz hiç wagt gaýyp (ýok) bolmandyk ahyry!
 8. Ol gün (dünýäde edilen işleriň hasap terezisi bilen) ölçelmegi hakykatdyr. Onsoň kimiň ýagşylygy ýamanlygyndan agyr gelse‚ ine‚ olar myradyna ýeterler.
 9. Kimiň sogap ýüki ýeňil gelse‚ olar, aýatlarymyzy inkär edendikleri sebäpli, özlerine uly zyýan ýetirenlerdir.
10. (Eý‚ ynsanlar!) Biz sizi bu dünýä ýerleşdirip‚ ol ýerde siziň üçin güzeran enjamlaryny ýaratdyk. Ýöne siz (şol nygmatlara) az şükür edýärsiňiz!
11. Sizi Biz ýaratdyk‚ soň size şekil berdik we perişdelere: «Bes, Adama (hormat üçin) sežde ediň!» diýip buýruk berdik. Olar sežde etdiler. Diňe Iblis sežde etmekden ýüz öwürdi. Düşündiriş: Bu aýat Adamyň birden däl-de‚ belli bir döwrüň dowamynda ýaradylandygyny ýatladýar. Çünki ilki ynsanyň ýaradyljak maddasy döredilipdir‚ soň oňa ynsanyň şekili berlipdir‚ ondan soň duýgularyna eýe bolup‚ Adam derejesine gelende‚ perişdelere oňa boýun bolmak buýrulypdyr.
12. (Alla) ondan: «Aýt bakaly‚ saňa emir etsem hem, sežde etmäge saňa näme päsgel berdi?» diýip (sorady. Iblis): «Men ondan has ýagşyrakdyryn. Çünki Sen meni otdan, ony bolsa palçykdan ýaratdyň» diýdi.
13. (Alla): «Derrew ondan (jennetden) aşak in! Ol ýerde ulumsylyk etmek seniň hetdiň däldir. Derrew çyk‚ sen (tekepbirligiň zerarly) har-zelil bolmalysyň» diýdi.
 14. (Şeýtan:) «Maňa olaryň direldiljek (kyýamat) gününe çenli möhlet berermiň?» diýdi.
15. (Alla): «Takyk, saňa möhletem berdik!» diýdi.
16, 17. (Şeýtan:) «Bes‚ Sen meni (adam sebäpli) azgynlyga bagly edendigiň üçin‚ menem (olary azdyrmak üçin) Seniň dogry ýoluň ugrunda (duzak gurup) oturaryn. Soň olaryň kä öňlerinden‚ kä yzlaryndan‚ kä saglaryndan‚ kä çeplerinden bararyn we (olara was- wasylyk berip azdyraryn). Sen olaryň köpüsiniň näşükürdigini görersiň!» diýdi.
 18. (Alla): «Ryswa bolup hem-de kowlan ýagdaýda ol ýerden çyk! Olardan (ynsanlardan) kim saňa eýerse, (bilip goýsunlar)‚ dowzahy siz bilen dolduraryn!
19. (Alla): «Eý, Adam! Sen we aýalyň mesgen tutup, jennete ýerleşiň‚ islän ýeriňizden iýip-içiň! Ýöne şu agaja düýbünden golaýlaşmaň! (Eger şeýle etseňiz) zalymlardan bolarsyňyz!» diýdi.
 20, 21. Emma şeýtan olara görünmeýän uýat ýerleriniň açylmagy üçin was- wasylyk berdi. Olary: «Perwerdigäriňiziň size bu agajyň miwesini gadagan etmeginiň ýeke-täk sebäbi siziň perişdelerden ýa-da ölümsiz ýaşaýşa gowşanlardan bolmagyňyzyň öňüni almakdyr» diýip ynandyrdy. Ol özüniň olara diňe nesihat edýändigini aýdyp ant içdi.
 22. Şeýdip‚ olary aldawa saldy. Olar agajyň miwelerini dadan badyna uýat ýerleriniň açylandygyny gördüler. Dessine, jennetiň ýapraklary bilen uýat ýerlerini örtmäge başladylar. Perwerdigäri bolsa olara ýüzlenip: «Eýsem, Men size şol agajy gadagan etmänmidim? Men şeýtanyň siziň baryp ýatan duşmanyňyzdygyny aýtmadymmy?» diýdi.
23. Olar: «Eý‚ Perwerdigärimiz! Biz özümize jebir etdik. Eger Sen biziň günämizi bagyşlap‚ bize merhemet etmeseň‚ biz iň uly zyýana galarys» diýdiler.
 24, 25. (Alla): «Biri-biriňize duşman bolup ýere iniň! Size dünýäde belli bir wagt ömür sürmäge mümkinçilik berýärin. Ol ýerde ýaşap‚ ol ýerde-de ölersiňiz. Ýene ol ýerde direldilersiňiz» diýdi.
 26. «Eý‚ Adam ogullary! Görüň‚ size uýat ýeriňizi örter ýaly geýim‚ bezener ýaly eşik ýaratdyk. Emma (hiç haçan unutmaň) iň ýagşy geýim takwalyk lybasydyr. Ine‚ bular Allanyň aýatlaryndandyr. (Bu zatlar) olaryň (ynsanlaryň pikirlenip) ybrat almaklary üçindir». Düşündiriş: Eşikdenem has ähmiýetli bolan takwalyk we haýa-şerimdir. Örtülmesi zerur ýerleriň ýapylmagy namysy goramagyň ilkinji şertidir. Ýarym-ýalaňaçlyk öwner ýaly artykmaçlyk däl-de‚ nadanlyk we medeniýetsizlikdir. Geçmişde nadanlyk döwrüniň adamlary‚ aýaly-erkegi bilelikde, Käbäni çuw ýalaňaç halda togap eder ekenler we muny artykmaçlyk hasaplar ekenler. Ýalaňaçlygy ýaýmak şeýtanyň ündewi bilen bagly bolansoň‚ Allatagala örtünmegiň we geýimiň ynsanyň maddy we ruhy taýdan bezegidigini‚ şeýtana uýup, uýat ýerleriňi açmaly däldigini ýatladýar.
 27. Eý‚ Adam ogullary! Şeýtanyň ene- ataňyzyň uýat ýerlerini ýüze çykarmak üçin eginlerindäki takwalyk geýimlerini çykardyp‚ jennetden daşlaşdyryşy ýaly, sizi-de bela duçar etmeginden seresap boluň! Çünki ol we onuň nökerleri siziň görünmeýän ýerleriňizden sizi görerler. Takyk‚ Biz şeýtanlary iman getirmedikleriň dostlary etdik.
 28. Olar günä iş etseler: «Atalarymyzyň däbi hem şeýledi‚ elbetde‚ muny bize Alla buýrandyr» diýdiler. Sen aýt: «Alla erbetlikleri (bozuklygy) hiç haçan emir etmez. Eýsem, siz Allanyň şanyna bilmeýän zatlaryňyzy aýdýarsyňyzmy?»
 29. Aýt: «Perwerdigärim (her bir zatda dogry we) adalatly bolmagy emir etdi. Her seždäňizde‚ her namaz wagtynda (ýa-da mekanynda) ýüzüňizi Onuň kyblasyna tarap öwrüň! Ybadatyňyzy yhlas bilen (diňe Onuň razyçylygy üçin) ýerine ýetirip‚ Ony (Allany) çagyryň! (Alla ybadat ediň!) Çünki sizi başda Onuň ýaradyşy ýaly‚ ýene- de (kyýamatda sorag-jogap üçin Onuň huzuryna) dolanyp bararsyňyz.
 30. Ol (ynsanlaryň) bir toparyny dogry ýola ýetirdi‚ bir toparyny azgynlyga sezewar etdi. Çünki olar Alladan gaýry şeýtanlary özlerine dost edindiler hem- de özlerini dogry ýoldadyr öýtdüler.
31. Eý‚ Adam ogullary! Her (namaz wagty) metjide (gideniňizde) tämiz we gelşikli geýimleriňizi geýiň‚ iýiň‚ içiň, ýöne isrip etmäň! Çünki Alla isrip edýänleri düýbünden halamaz. Düşündiriş: Uýat ýerleriňi örtmek, hemişe bolşy ýaly‚ aýratyn-da namaz‚ haj ýaly ybadatlarda parzdyr. Ýöne isrip etmezlik şerti bilen her bir musulmanyň ybadat wagty iň gelşikli we tämiz eşiklerini geýmesi sünnetdir. Köpçülik bilen bolsun‚ metjitde oturlan wagty bolsun‚ edepli‚ salyhatly‚ terbiýeli bolmak‚ gelşikli geýinmek we güler ýüzli bolmak hemişe zerurdyr. Öňdäki aýatda gelen «ýüzüňi kybla öwürmeklik» emiri hem şu zatlary aňladýar.
 32. Sen aýt: «Allanyň öz bendeleri üçin ýaradyp beren zynatyny‚ päk (we lezzetli) rysgallaryny haram etmäge kim het edip biler?» Sen aýt: «Bu dünýäde iman getirmedikler şol nygmatlardan peýdalansa-da‚ aslynda, olar iman getirenlere degişlidir. Kyýamat güni bolsa diňe möminler üçindir. Ine‚ Biz pikir edýänler üçin aýatlary şeýle beýan edýäris». Düşündiriş: Bu aýatda anyk görkezilişi ýaly, Alla dünýädäki bütin nygmatlary bendeleriniň ulanmagy üçin ýaradypdyr. Şükür etmek bilen birlikde‚ halal çäklerde her nygmatdan peýdalanmak mümkindir.
 33. Sen aýt: «Perwerdigärim hem äşgär, hem gizlin ýagdaýdaky ähli bozuklygy haram edendir. Şeýle-de, barça günäni‚ nähak ýere zulum etmegi, Allanyň hiç hili delil ibermedik her bir zadyny Alla şärik goşmagyňyzy hem-de size Allanyň şanyna bilmeýän zatlaryňyzy aýtmagy haram etdi».
 34. Her ymmat üçin kesgitlenen bir wagt bardyr. Şol wagt gutaranda, olaryň ömri ne sähel salym uzaldylar, ne-de sähelçe gysgaldylar.
 35. Eý‚ Adam ogullary! Size Meniň aýatlarymy beýan edip, düşündirýän ilçilerim gelende, kim (oňa garşy gitmän günälerden) saklansa we özüni düzetse‚ ine, olara gorky-howp ýokdur we olara gamgyn hem bolmazlar.
 36. Aýatlarymyzy ýalan hasaplanlar we olary tekepbirlik edip kabul etmeýänler‚ ine, şolar dohzahydyrlar hem-de ol ýerde ebedi galarlar.
 37. Alla ýalan ýöňkeýän ýa-da Allanyň aýatlaryny ýalan hasaplan kişilerden has ýowuz zalym kim bolup biler? Kysmatdan nesibeleri näme bolsa‚ şoňa hem ýeterler. Emma ilçilerimiz (ölüm perişdeleri) gelip‚ janlaryny alan wagty: «Hany, ol Alladan başga kömege çagyrýanlaryňyz?» diýenlerinde: «Olar bizden gaçyp‚ gözden ýitdiler» diýerler. Şeýdip, öz garşylaryna kapyr bolandyklary hakda özleri şaýatlyk ederler.
38. (Alla): «Hany‚ siz özüňizden öň gelip- geçen jyn hem-de ynsan toparlary bilen birlikde oda (dowzaha) giriň bakaly!» diýer. Her bir ymmat ol ýere girende‚ (dogry ýoldan azaşdyran) ýoldaşlaryna nälet okarlar. Şeýdip, hemmesi biri-biriniň yzyndan gelip‚ ol ýerde jemlenenlerinde‚ yzdakylar öňdäkileri görkezip: «Eý‚ Perwerdigärimiz, ine‚ şular bizi ýoldan çykardylar‚ şonuň üçin olara iki esse dowzah azabyny çekdir!» diýerler. Ol bolsa: «Her haýsyňyza iki esse azap bar‚ ýöne siz muny bilmeýärsiňiz» diýer.
 39. Bu gezek öňdäkiler hem yzdakylara: «Gördüňizmi‚ siziň bizden tapawudyňyz bolmady. Indi sizem öz eden etmişleriňiz üçin azaby dadyň!» diýerler.
 40. Aýatlarymyzy ýalan hasaplanlara we men-menlikleri sebäpli, olara amal etmekden gaça duranlara asmanyň gapylary açylmaz hem-de iňňäniň gözünden düýe geçýänçä olar jennete girmezler. Ine‚ günäli kapyrlary şeýle jezalandyrarys!
 41. Olara ýanyp duran dowzahdan düşek, üstlerine alawlap duran otdan ýorgan berler. Ine‚ Biz zalymlary şeýle jezalandyrarys.
 42. Iman getirip‚ salyh işleri edenler bolsa jenneti bolup‚ ol ýerde ebedi galarlar. Aslynda, biz hiç kime güýjüniň ýetmejek ýüküni ýüklemeýäris.
 43. Olar jennete girenlerinde‚ kalbyndaky kine bilen baglanyşykly ähli zady sogrup aýrarys‚ aşaklaryndan bolsa derýalar akar. Olar: «Bu jennete ýetiren Alla hamdy-sena bolsun! Eger Alla bizi dogry ýola ýetirmedik bolsady‚ biziň özümiz dogry ýoly tapmazdyk. Perwerdigärimiziň ilçileriniň hakykaty bildirendikleri ýene-de bir gezek aýan boldy» diýerler we olary: «Ine‚ eden ýagşylyklaryňyzyň öwezine öňüňizde duran şu ajaýyp jennete mirasdar edildiňiz‚ geliň‚ geçiň!» diýip çagyrarlar.
44, 45. Jennetiler dowzahylara: «Biz‚ Perwerdigärimiziň bize wadasynyň hakykatdygyny gördük‚ sizem Perwerdigäriňiziň size wada berenleriniň hakykatdygyny gördüňizmi?» diýen wagtlary‚ olar: «Hawa!» diýip jogap bererler. Olaryň arasyna goýlan jarçy: «Zalymlara Allanyň näleti bolsun‚ olar ynsanlary Allanyň ýolundan daşlaşdyrýardylar‚ ony egri görkezmek isleýärdiler hem-de ahyreti inkär edýärdiler» diýip jar çeker.
46. Olaryň (jennetiler bilen dowzahylaryň) arasynda bir perde (bardyr). Agrafyň («Belent diwaryň») üstünde-de olaryň her haýsyny keşbinden tanaýan kişiler bolar. Olar (Agrafdakylar) jennete girmegi arzuw edip‚ garaşýan jennetilere: «Size salam bolsun!» diýip seslenerler.
 47. Gözleri dowzahylara tarap öwrülende, olar: «Eý, Perwerdigärimiz‚ bizi bu zalymlar bilen bile goýma!» diýerler.
 48, 49. Agrafdakylar keşplerinden tanan käbir kişilerine ýüzlenip: «Size ýygnan baýlyklaryňyzyňam‚ köp sanly tarapdarlaryňyzam‚ gedemligiňizem, hiç haýsy peýda bermedi!» diýerler. (Soň jennetileri görkezip): «Takyk, siziň: «Alla bulary hiç haçan merhemetine miýesser etmez» diýip‚ kasam eden (kemsiden) kişileriňiz bular dälmidi? (Ine‚ olaryň nähili beýik mertebä ýetendiklerini indi gördüňiz dälmi?» diýerler we ol jennetilere öwrülip: «Baş üstüne), giriň jennete! Size gorky-howp ýokdur, siz gamgyn hem bolmarsyňyz» diýerler.
 50. Dowzahylar jennetilere (ýüzlenip): «Suwuňyzdan‚ Allanyň size nesip eden nygmatlaryňyzdan bize-de azrak iberiň!» diýip ýalbararlar. Olar (jennetiler) bolsa: «Takyk, Alla bulary kapyrlara haram edendir (gadagandyr)» diýerler.
 51. Ol kapyrlar dinlerini oýun‚ şagalaň hasapladylar we dünýä ýaşaýşyna aldandylar. Olar bu günlere gelip ýetjekdiklerini unudandyklary we aýatlarymyzy bilip durka inkär edendikleri sebäpli, bu gün Biz hem olary unudarys hem-de özbaşlaryna (hossarsyz) goýarys.
52. Takyk‚ Biz olara möminler üçin ýol görkeziji we rahmet bolan, ylym esasynda beýan edilen kitabymyzy getirdik.
 53. Ýöne olar: «Kitapda özlerine wada berlen jezanyň gelmegine garaşýarlar. Onuň beren ajaýyp habarlarynyň dogrulygy tassyk bolanda‚ öň (oňa garşy çykyp)‚ ony unudanlar: «Takyk, Perwerdigärimiziň ilçileri bize dogry habarlary getiripdirler. Indi bu taýda bize hossar çykjak tapylarmyka? Ýa-da eden erbet işlerimiziň ýerine ýagşy işleri edip biler ýaly öňki ýaşaýşymyza dolanmaga mümkinçilik bolarmy?» diýerler. Takyk, olar özlerini zyýana sezewar etdiler. Edinen ýalan hudaýlaryndan bolsa, netije bolmady.
 54. Perwerdigäriňiz Alla asmanlary we ýeri alty günde ýaratdy‚ soň (özüne mahsus görmüşde) Arşa istiwa etdi (hökmürowanlyk bilen älemi dolandyrdy). Ol gije bilen gündizi örtýär, olar (ikisi) biri-biriniň yzynda üznüksiz hereketdedirler. Gün‚ Aý we ähli ýyldyzlar hemişe Onuň buýrugy bilen hereket edýärler. Şuny berk biliň‚ ýaratmak hem‚ emir etmek hem diňe Oňa mahsusdyr. Ol älemleriň Perwerdigäri bolan Alla nähili beýikdir. Düşündiriş: «Istiwa» sözüniň manysy beýgelmek‚ ornaşmak, ýerleşmek diýmekdir. «Arş» diýlip hem hökümdarlaryň oturýan tagtyna diýilýär. Ilki döwür yslam alymlary şeýle manysy çylşyrymly aýatlara düşündiriş bermezden, olary bolşy ýaly kabul edipdirler. Olar Allanyň eliniň‚ ýüzüniň barlygyny ykrar etseler-de, olaryň ynsanlaryňky ýaly däldigini tassyklapdyrlar. Soňky döwrüň alymlary bolsa sada halkyň bu hili aýatlarda Allany janly barlyklara meňzetmek ýaly ýalňyşmaklarynyň öňüni almak üçin olary akyla laýyklykda düşündiripdirler. Mysal üçin: «Alla Arşa istiwa etdi» diýilmegini «Alla hökümdarlyk bilen älemi dolandyrdy»‚ «Allanyň eli» diýilmegini bolsa «Onuň gudraty» diýip düşündiripdirler.
 55. Perwerdigäriňize çyndan ýalbaryp‚ içiňizden dileg ediň! Dogrudan hem, Ol hetden aşanlary halamaz. Düşündiriş: Belent ses bilen doga-dileg etmek‚ makul bolmadyk (meselem pygamberlik ýaly) zatlary dilemek ýa-da günä bolan zatlary islemek‚ dileg- dogany uzaltmak «dileg-dogada hetden aşmaklyk» hasaplanylýar.
 56. (Allanyň dini bilen) ýer ýüzi abat edilensoň, (dinsizlik ýoluna girip) ýer ýüzünde bozgaklyk etmäň! Hem gorky‚ hem- de umyt bilen Oňa ýalbaryň! Takyk, Allanyň rahmeti ýagşy kişilere (has) ýakyndyr.
 57. Rahmet hazynasy bolan ygalyň öňünden buşlukçy hökmünde ýeli ugradýan hem Allanyň hut Özüdir. Soň agyr bulutlary olaryň arkalaryna ýükläp‚ gurap ýatan ülkelere ýetireris. Ol ýere ýagyş inderip‚ dürli-dürli miweleri gögerderis. Ine‚ ölüleri-de şeýle direlderis. Bu zatlar siziň ybrat almagyňyz üçindir.
58. Topragy mes ajaýyp diýaryň ekinleri Perwerdigäriniň rugsady bilen ýaşyl öwsüp çykar. Gurpsuz bolan topragyň ekinleri bolsa bitmez‚ bitse-de, az we peýdasyz ekinler biter. Ine‚ şükür edýänler üçin Biz aýatlary şeýdip beýan edýäris.
 59. Biz Nuhy öz kowumyna ilçi (pygamber) edip iberdik. Ol: «Eý‚ kowumym! Diňe Alla ybadat ediň! Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Men siziň beýik günüň azabyna duçar bolmagyňyzdan gorkýaryn» diýdi.
60. Halkynyň kethudalary: «Biz seniň äşgär azaşandygyňyzy görýäris» diýdiler.
 61, 62, 63. Nuh: «Eý, kowumym! Men düýbünden azaşan däldirin‚ men älemleriň Perwerdigäri tarapyndan size gelen ilçidirin. Size Perwerdigärimiň aýdanlaryny ýetirýärin‚ size öwüt berýärin hem-de Alla tarapyndan gelen wahyý saýasynda siziň bilmejek zatlaryňyzy bilýärin. (Eýsem) siz erbetliklerden goranyp‚ Allanyň merhemetine ýetmegiňiz üçin araňyzdan sizi habardar etjek bir adamyň üsti bilen Perwerdigäriňizden size zikiriň (kitabyň) gelmegine geň galýarsyňyzmy?» diýdi.
 64. (Şonda) olar Nuhy ýalançy hasapladylar. Biz bolsa ony we ýanynda bolanlary gämide halas etdik‚ aýatlarymyzy ýalan hasaplanlary bolsa suwa gark etdik. Çünki olar (hakykaty görmek ukybyny ýitiren) kör kişilerdi.
 65. Ad halkyna-da doganlary Hudy ilçi edip ugratdyk. Ol: «Eý‚ meniň kowumym! Diňe Alla ybadat ediň! Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur! Eýsem‚ siz (Oňa garşy çykmakdan) gorkmaýarsyňyzmy?» diýdi.
66. Kowumyň kapyr kethudalary: «Biz seniň nadanlygyňy görýäris we seni ýalançy hasap edýäris» diýdiler.
67. Hud: «Eý‚ kowumym! Men nadan däldirin. Men diňe älemleriň Perwerdigäri tarapyndan size iberilen ilçidirin!
68. Men size Perwerdigärimiň buýruklaryny ýetirýärin we size öwüt- nesihat berýän ynamdar ynsandyryn.
69. Sizi (üstüňizden inip biljek kynçylyklar hakynda) habardar etmek üçin, siziň araňyzdan birine Perwerdigäriňiz tarapyndan (ahyret azaby barada) bir ýatlatmanyň gelmegine geň galýarsyňyzmy? Ýadyňyza salyň‚ Ol Nuh kowumyndan soň hökümdarlygy size getirdi we sizi beden taýdan güýçli (kuwwatly) ýaratdy. Allanyň beren nygmatlaryny ýatlaň! (Şeýtseňiz), siz üstünlik gazanarsyňyz» diýdi.
 70. Olar: «Sen bize ata-babalarymyzyň ybadat eden zatlaryny terk edip, diňe Alla ybadat edeliň diýmek üçin geldiňmi? Eger aýdýanyň dogry bolsa‚ hany‚ bize beren şol wadaňy (bela-beterleriňi) getir‚ göreli!» diýdiler.
71. Hud: «Indi size Perwerdigäriňizden gazabyň we bela-beteriň injegi äşgär boldy. Siz özüňiziň we ata-babalaryňyzyň (hudaý diýip) toslap tapan‚ aslynda, Alla tarapyndan hiç hili delili bolmadyk birnäçe boş atlar hakynda meniň bilen jedelleşýärsiňizmi?! Şeýle bolsa‚ serediň (azabyň gelşine)! Men hem Siziň bilen birlikde oňa garaşjak» diýdi.
 72. Biz hem ony we oňa ynananlary ýalkadyk we halas etdik‚ aýatlarymyzy ýalan hasaplap‚ iman getirmedikleri bolsa ýok etdik.
 73. Semud halkyna-da öz doganlaryndan bolan Salyhy ugrtadyk. Ol: «Eý‚ kowumym! Diňe Alla ybadat ediň‚ Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Ine‚ size Perwerdigäriňizden äşgär delil geldi‚ size (mugjyza hökmünde gelen) şol delil Allanyň şu düýesidir. Ony öz erkine goýberiň‚ Allanyň mülkünde otlasyn‚ oňa şikes ýetirmäň‚ ýogsa ejir berýän elhenç azap siziň ýakaňyzdan ýapyşar» diýdi. Düşündiriş: Semud kowumy ad kowumyndan soň Arabystanda iň köp ýaýran halk bolupdyr. Gadymy arap şygyrlarynda-da‚ köne taryhçy we geografiýaçy alymlarynyň işlerinde- de semud halky barada aýdylypdyr. Bu kowum demirgazyk-günbatar Arabystanda‚ Hyjr sebitinde oturypdyr. Paýtagtlary häzir Medaýyn Salih ady bile bilinýär. Bu halkyň dag belentliklerini oýup ýasan daş öýleri häzire çenli saklanyp galypdyr. Kuranyň inen wagtlary mekgeliler Siriýa söwda üçin gidenlerinde, Hyjryň galyndylarynyň gapdalyndan geçýärdiler. Bir gezek pygamberimiz (aleýhissalam) sahabalary bilen ol ýerden geçip barýarka: «Bu ýer Allanyň gazaby bilen heläk bolan bir halkyň diýarydy. Sizem bu ýerden tisginip geçiň! Bu ýer şagalaň ediljek däl-de‚ gynanyljak ýerdir» diýip‚ ol ýerden basymrak aýrylmagy ündäpdir.
74. Ýatlaň! Alla ad kowumyndan soň olaryň ýerine sizi (semud kowumyny) getirdi we ýer ýüzünde size hökümdarlyk berdi. Onuň düzlüklerinde köşkler gurýarsyňyz‚ daglarynda daşlary oýup öýler gurup ýasaýarsyňyz. Indi Allanyň nygmatlaryna şükür ediň-de, ýer ýüzünde bozgakçylyk etmäň!
 75. Kowumyň ulumsy baştutanlary aralarynda ejiz görnen möminleriň üstünden gülüp: «Siz‚ dogrudan hem‚ Salyhyň özüňize Perwerdigäri tarapyndan ilçi edip iberilendigine ynanýarsyňyzmy?» diýdiler. Olar hem: «Elbetde‚ biz onuň bilen iberilen hemme zada ynandyk‚ iman getirdik» diýip jogap berdiler.
 76. Ol tekepbirler bolsa: «Onda biz hem siziň iman getiren her bir zadyňyzy inkär edýäris» diýdiler.
 77. Netijede, olar düýäni öldürdiler we özleriniň Perwerdigäriniň emrine garşy gidip: «Eý‚ Salyh! Eger sen, hakykatdan- da, pygamber bolsaň‚ bize beren wadaňy (Allanyň azabyny) getir‚ göreli?!» diýdiler.
 78. (Şonda) gazaply bir (sarsgyn emele getiren) aýylgan ses üstlerini (bada-bat) basdy‚ olary öz ýurtlarynda heläk etdi.
 79. (Gören bu aýylganç hadysasy sebäpli) Salyh (pygamber gynanç bilen) ýüzüni başga tarapa öwrüp: «Eý‚ kowumym! Men size Perwerdigärimiň buýruklaryny ýetirdim‚ size öwüt berdim. Ýöne siz (özüňize ýagşylyk isläp) öwüt berenleri hiç söýmeýän ekeniňiz» diýdi.
 80. Luty hem (öz halkyna ilçi edip) iberdik. Ol olara (öz kowumyna): «Mundan öň hiç kimiň etmedik wejera işini edýärsiňizmi?» diýdi.
81. Siz aýallary goýup‚ erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýärsiňiz! Siz hetden aşan milletsiňiz!».
82. Halkynyň oňa beren jogaby, meger, şeýle boldy: «(Ahlaklylygy ündeýän) bu adamlary ýurdumyzdan çykaryň! Takyk, bular örän tämiz ynsanlar!».
 83. Bizem ony (Luty) we maşgalasyny halas etdik.
 84. Diňe aýaly yzda galyp‚ heläk bolanlaryň arasynda galdy. Biz olaryň üstlerinden azap ýagyşyny ýagdyrdyk. Ine‚ seret‚ günäkär kowumyň kysmaty nähili boldy!
 85. Medýen halkyna hem öz doganlary Şugaýby pygamber edip iberdik. Ol: «Eý‚ kowumym! Diňe Alla gulluk ediň‚ siz üçin Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Ine‚ size Perwerdigäriňizden äşgär delil geldi. Indi ölçegi we terezini dogry çekiň! Ynsanlaryň hakyny iýmäň‚ adalatsyzlyk etmäň‚ ýurtda düzgün barka‚ bozgaklyk çykaryp‚ asudalygy bozmaň! Maňa ynanyp‚ aýdanlarymy etseňiz‚ elbetde‚ siziň üçin haýyrly bolar.
 86. Bes, haýbat atyp‚ ýol çapawullap‚ Alla iman getirenleri Alla ýolundan sowmaň we bu ýoly ýalňyş ýol (edip görkezjek bolup), şübhe döredip‚ halky ýalňyşdyrmaň! Bilip goýuň! Bir wagt siziň sanyňyz örän azdy. Şeýlekäňiz, Alla siziň sanyňyzy artdyrdy. (Sizden öňki) bozgaklaryň kysmatynyň nähili bolandygyna seredip ybrat alyň! 87. Eger meniň bilen iberilen hakykata bir toparyňyz ynanyp‚ beýleki toparyňyz ynanmaýan bolsa‚ bes, siz Alla Öz hökümini berýänçä garaşyň! Höküm berýänleriň iň haýyrlysy Oldur!» diýdi.
88. Onuň kowumyndan bolan tekepbirler: «Eý‚ Şugaýyp! Ant içip aýdýarys: «Ýa dinimize gaýdyp gelersiňiz‚ ýa-da seni we saňa iman getirenleri ülkämizden kowup çykararys!» diýdiler. Şugaýyp olara: «Ýagşy‚ islemesek hem, zor salyp şeýle edersiňizmi?
89. Alla bizi siziň ol ýalňyş diniňizden halas edeninden soň, gaýdyp ýene-de şol dine dolanmakçy bolsak‚ Allanyň öňünde uly günä etdigimiz bolar. Meger‚ Alla islese, siziň ynanjyňyza dolanmagymyz düýbünden mümkin däldır! Perwerdigärimiziň ylmy ähli zady gurşap alýandyr. Biz diňe Alla bil baglaýarys. Eý‚ biziň Perwerdigärimiz! Biziň bilen şu halkymyzyň arasynda Sen adyl hökümiňi ber (hakly-haksyz aýan bolsun)! Takyk, Sen iň haýyrly Höküm ýöredijisiň» diýdi.
 90. Onuň kowumyndan (haky) inkär eden kethudalar: «Eger Şugaýba tabyn bolsaňyz‚ zyýana galarsyňyz» diýip haýbat atdylar.
 91. (Bu sözler aýdylan bada aýylganç) ýertitremesi olary gurşap aldy we olar öz öýlerinde heläk boldular (hereketsiz jesetlere öwrüldiler).
92. Şugaýby ýalançy hasaplanlar göýä ýurtlarynda şady-horram bolup oturmadyk ýaly boldy. Şugaýby ýalançy hasaplanlar uly zyýana galdylar! 93. Şugaýyp (gynanç bilen) ýüzüni başga tarapa öwrüp: «Eň, kowumym! Men size Perwerdigärimiň buýruklaryny ýetiripdim‚ size öwütler beripdim! Ýogsa-da beýle kapyr kowum sebäpli, näme üçin gynanyp‚ gamgyn bolaýyn?» diýdi.
 94. Biz haýsy ýurda pygamber ugradan bolsak‚ (ol ýeriň halky hem ony inkär etseler) ilki bilen Alla ýüzlenip ýalbarsynlar diýip‚ olary gytçylyga we bela-beterlere duçar etdik.
 95. Soň bu erbet ýagdaýlary üýtgedip, ýagşylyk ýaýratdyk. Wagtyň geçmegi bilen ilat köpelensoň: «Wagtynda ata- babalarymyza-da bagt we betbagtlyk gelipdir» diýerler (ýöne wakalardan ders alyp, şükür etmezler). Ol nadanlary duýdansyz heläk etdik.
96. Eger şol ýurtlaryň ilaty iman getirip‚ (Alla garşy çykmakdan) saklanan bolsadylar‚ onda, elbetde‚ Biz üstlerine asmandan‚ ýerden ençe bereket we bolçulyk gapylaryny açardyk. Ýöne olar pygamberleri ýalançy hasapladylar. Biz hem eden erbetlikleri sebäpli, olara jeza berdik.
 97. Şol obalaryň ilaty gijelerine uklan mahallary Biziň belamyzyň duýdansyz geljeginden arkaýyn boldularmyka?
 98. Ýa-da olar gündiziň günortany şagalaň-şatlykda wagtlary Biziň azabymyzyň geljeginden arkaýyn boldularmyka?
 99. Ýa-da olar Allanyň duzagyndan arkaýyn boldularmyka? Allanyň duzagyndan diňe öz-özüne zyýan etjek kowum arkaýyn bolar.
 100. Bu ýeri (öňki) eýelerinden soň mirasdar bolanlara, eger islesek‚ olary- da günäleri sebäpli, bela-betere duçar etjegimiz mälim bolmadymyka? Biz kalplaryna möhür uranymyzdan soň‚ olar eşitmezek‚ duýmazak bolarlar.
 101. (Eý, Muhammet!) Ine‚ saňa şol obalaryň habarlaryndan ýetirýäris. Ol ýerleriň halklaryna pygamberlerimiz äşgär deliller (mugjyzalar) getirdiler. Ýöne olar iman getirmediler. Emma olar (öň pygamberleri) ýalançy hasaplansoňlar, (indi) iman getirmezler. Alla kapyrlaryň kalplaryny‚ ine‚ şeýle möhürlär!
 102. Biz olaryň köpüsinde ähde wepalylyk dörmedik. Olaryň aglabasyny diňe (emre boýun bolmazlykda) bozgaklykda gördük.
103. Ondan soň Musany aýatlarymyz bilen Fyrgawna we onuň emeldarlaryna ugratdyk. Olar aýatlarymyzy nähak inkär etdiler. Şol sebäpden ol bozuklaryň soňy nähili bolup tamamlandy!
 104. Musa: «Eý‚ Fyrgawn! Men älemleriň Perwerdigäri tarapyndan iberilen ilçidirin.
 105. Meniň ilkinji wezipäm Alla hakda hakykatdan başga zady aýtmazlygymdyr. Takyk, men size Perwerdigäriňizden (meni tassyklaýjy) örän aýdyň delil getirdim. Indi ysraýyl ogullaryna (ejir çekdirme, olary) meniň bilen goýber!» diýdi. Düşündiriş: Hezreti Ýusup guýudan çykarylyp‚ gul edilip satylandan soň, Müsürde köşkde galýar we has soň Müsüriň hazynasyna jogapkär edilip bellenilýär. Ol kakasy hezreti Ýakuby çagyrýar hem-de maşgalasy we ysraýyl ogullary bilen Palestinadan bilelikde gelip‚ Müsürde ýerleşýärler. Wagtyň geçmegi bilen Müsüriň fyrgawnlary olary gul hökmünde agyr işlerde ulanýarlar. Olara zulum edip‚ ejir çekdirýärler. Hezreti Musa, gul bolan şol ysraýyl ogullaryndan mömin ymmat döretmek üçin olary Fyrgawnyň ýesirliginden halas edip‚ azat adamlar hökmünde watanlary Palestina ýerleşdirmek isleýär.
 106. Fyrgawn: «Eger, hakykatdan-da, anyk bir delil getiren bolsaň we seniň aýdýanyň dogry bolsa‚ hany‚ delilleriňi orta goý‚ göreli!» diýdi.
107, 108. (Beýle diýensoň)‚ Musa hasasyny ýere oklady we ol Fyrgawnyň gözüniň alnynda äpet bir ýylana öwrüldi! Soň (Musa) gursagyna sokan sag elini ýakasyndan çykardy we görenleriň gözüni gamaşdyran‚ nur saçýan ýap-ýagty el göründi! Hasasy we eliniň ýagtylygy Musa peşgeş berlen iki mugjyzady.
 109. Fyrgawnyň emeldarlary: «Düşnükli‚ bu ussat jadygöý bolmaly!» diýdiler.
 110. Fyrgawn: «Bu adam sizi ýurduňyzdan jyda düşürmegiň aladasynda. Muňa nähili garaýarsyňyz?» diýdi.
111, 112. Emeldarlar: «Ony we dogany (Haruny) saklap, şäherlere gullukçylary ýolla‚ (goý, olar) ussat jadygöýleri ýygnap‚ huzuryňa getirsinler» diýdiler.
 113. Ähli jadygöýler Fyrgawnyň ýanyna gelip: «Eger ýeňiş gazanaýsak‚ bize hökman bir sylag barmy?» diýdiler.
 114. Fyrgawn: «Elbetde! Onuň üstesine siz meniň ýakynlarymdan bolarsyňyz» diýdi.
 115, 116. Jadygöýler: «Musa! Öňürti sen hünäriňi görkezmekçimi ýa-da biz görkezelimi?» diýenlerinde‚ Musa: «Hünäriňizi ilki siz görkeziň!» diýdi. Olar ellerindäkileri oklanlarynda, adamlaryň gözüni baglap‚ olary howsala düşürdiler. Jadygöýler uly bir jadygöýlik (başarnyklaryny) görkezdiler.
 117. Biz bolsa Musa: «Hasaňy (ýere) okla!» diýip‚ emir etdik. Birden hem hasa olaryň orta zyňanlaryny‚ (jadylyk edip görkezenlerini) ýuwutdy.
118. Şeýdip, hakykat ýüze çykdy we olaryň (ähli) edenleri puç boldy.
119. Şeýdip, Fyrgawn we onuň topary ýeňlip masgara boldular.
 120. Jadygöýleriň bolsa hemmesi birden sežde etmäge başladylar.
 121, 122. Olar: «Ol älemleriň eýesine‚ Musa we Harunyň Perwerdigärine iman getirdik!» diýdiler.
 123, 124. Fyrgawn gazaplanyp: «Diýmek, siz‚ menden rugsat almazdan, Oňa iman getirdiňiz! Bu‚ elbetde‚ şäherden ilatyny çykarmak üçin siziň bilelikde eden mekirligiňizdir. Emma tiz wagtda başyňyza geljekleri görersiňiz! Hawa‚ elleriňizi we aýaklaryňyzy atanaklaýyn keserin‚ soň hemmäňizi asaryn!» diýdi.
 125, 126. Olar: «Biz‚ elbetde‚ Perwerdigärimize dolanarys. Seniň bize gaharlanmagyň, diňe Perwerdigärimizden bize gelen aýatlara iman getirendigimiz üçindir. Bizem Oňa ýüzlenip şeýle diýeris: «Eý‚ biziň beýik Perwerdigärimiz! Kalbymyzy sabyr kuwwaty bilen doldur hem-de musulman halymyzda amanadymyzy al!» diýdiler.
127. Fyrgawnyň emeldarlary oňa: «Sen näme edýärsiň, Musa bilen kowumy seni we seniň hudaýlaryňy terk etsinler‚ ýurtda agzalalyk döretsinler diýip özbaşlaryna goýberýärsiňmi?» diýdiler. Fyrgawn: «Ýok‚ olaryň oglan perzentlerini öldürip‚ gyz perzentlerine ýaşamaga rugsat bereris. Elbetde‚ bizde olara islän zadymyzy edip biljek güýç we hökümdarlyk bar» diýdi.
 128. Musa kowumyna: «Alladan kömek diläň we sabyrly boluň! Elbetde‚ dünýä Allanyň mülküdir‚ Ol bendelerinden islänini hökümdarlyga getirer. Haýyrly netije‚ elbetde, takwalaryňkydyr» diýdi.
129. Ysraýyl ogullary: «Biz, sen bize gelmänkäň‚ sen bize pygamber hökmünde geleniňden soň hem, jebir-süteme sezewar bolduk» diýip zeýrendiler. Musa bolsa: «Perwerdigärimiz duşmanlaryňyzy ýok edip‚ olaryň ýerine sizi hökmürowan eder. Şeýdip, siziň nähili hereket etjekdigiňizi synap görer» diýdi.
 130. Biz Fyrgawnyň kowumyny (kapyrlary terk edip) nesihata eýersinler diýip‚ ençe ýyllap guraklyk‚ gytçylyk we hasylsyzlyk bilen jezalandyrdyk.
 131. Olara ýagşylyk‚ bolluk gelen mahaly: «Ine, bu biziň hakymyz! Biz muňa öz başarnygymyz bilen ýetdik» diýerler. Eger üstlerine bir erbetlik geläýse welin‚ ony Musa bilen töweregindäki möminleriň şumlugy zerarly diýip, olaryň üstüne atýarlar. (Üns beriň‚ ýagşylygy ýaradyşy ýaly, erbetligi-de ýaratmak diňe Allanyň gudraty bilendir.) Ýöne muny olaryň köpüsi bilmez.
 132. Hem-de: «Bizi jadylamak üçin sen haýsy alamaty (mugjyzany) getirseň getir‚ saňa ynanmagymyz mümkin däldir!» diýerdiler.
 133. Biz hem aýatlarymyzyň aýry-aýry delilleri hökmünde olaryň üstüne bela- beter inderdik‚ (ekinlerini gemrip ýok edýän) çekirtgeleri iberdik‚ (azyklaryna we bedenlerine zyýan ýetirýän) mör- möjekler ugratdyk‚ gurbagalary ýagdyrdyk‚ agyz suwlaryny gana öwürdik. Olar onda-da kejirlik bilen men- menlik etdiler we günäkär milletligine galdylar.
 134. Azap üstlerine inenden soň: «Eý‚ Musa! Saňa beren wadasynyň hormatyna biziň üçin Perwerdigäriňden doga-dileg et! Eger bu azaby üstümizden aýyrsaň‚ saňa hökman ynanarys we ysraýyl ogullaryny seniň bilen ugradarys» diýdiler.
135. Biz gysga wagtlyk olaryň üstünden azaby aýran badymyza‚ olar derrew ähti- peýmanlaryndan dändiler. Düşündiriş: Bu aýatda agzalýan azap sözünden maksat, käbir alymlaryň garaýşyna görä, mergi keseli bolmaly.
136. Biz bolsa, aýatlarymyzy ýalan hasaplap‚ ýüz öwrendikleri üçin, ar alyp (jezalandyryp)‚ olary deňizde gark etdik.
 137. Horlanan‚ ezilen milleti (ysraýyl ogullaryny) bereketden doly ýurduň gündogaryna we günbataryna, (ýagny Şam illerine) mirasdar etdik. Sabyr etmekleriniň öwezi üçin sylag hökmünde ysraýyl ogullaryna seniň Perwerdigäriň beren ajaýyp wadalarynyň hemmesi hakykat boldy. Fyrgawn bilen kowumynyň guran binalaryny we ösdüren bag-bakjalaryny bolsa weýran etdik.
 138, 139, 140. Biz ysraýyl ogullaryny deňizden geçirdik. Ahyrsoňy olar bir topar butlara sežde edýän adamlaryň ýanyna bardylar. Olar: «Eý, Musa, bularyň hudaýlary ýaly, bize-de bir hudaý ýasap ber!» diýdiler. Ol bolsa: «Siz‚ dogrudanam örän nadan milletsiňiz! Çünki şu höwes edýänleriňiziň dini ýykylandyr we edýän (ähli) amallary puçdur. Onsoň hem Allanyň munça pazly-kerem edip, sizi beýleki ynsanlardan üstün edip ýaradandygy sebäpli‚ heý‚ men siziň üçin Ondan özge hudaý gözlärinmi?» diýdi.
141. (Eý, ysraýyl ogullary!) Sizi örän elhenç horluk çekdiren‚ ogul perzentleriňizi öldürip‚ gyzlaryňyzy (özlerine hyzmatçy etmek üçin) diri goýan Fyrgawnyň kowumyndan halas edenimizi ýada salyň! Munda Perwerdigäriňiz tarapyndan örän uly synag bardy.
142. Otuz gijäni (ybadatda geçirmegi hem-de Töwraty almaga taýýarlanmagy üçin) Musa bilen wadalaşyp‚ ony huzurymyza çagyrdyk. Soň ýene-de on gijäni üstüne goşduk. Perwerdigäriniň kesgitlän wagty doly kyrk gijä deň boldy. Musa (Allanyň mynajatyna gitmezden ozal) dogany Haruna: «Kowumymyň arasynda wekilim bol‚ olary ýagşy dolandyr we başbozarlaryň ýoluna eýerme!» diýdi.
 143. Musa bellän wagtymyz gelip‚ Perwerdigäri oňa ýüzlenen wagty: «Eý‚ Perwerdigär! Özüňi maňa görkez‚ Saňa bir nazar edeýin» diýdi. Alla: «Sen meni görüp bilmersiň. Emma‚ ine‚ şu daga nazaryňy aýla‚ eger ýerinde durup bilse‚ senem Meni görersiň!» diýdi. Soň Perwerdigäri ol daga tejelli edip-etmänkä (nuruny saçyp-saçmanka) dag kül- peýekun boldy. Musa-da özünden gidip ýykyldy. Özüne gelende: «Sen Päksiň, eý, Perwerdigär. Bu haýyşymdan ötri toba etdim. Men (ymmatymyň arasynda Seni görmän) Saňa iman getirenleriň ilkinjisidirin!» diýdi. Düşündiriş: Hezreti Musa Allanyň kelamyny eşidip‚ onuň höwesi we joşguny bilen Perwerdigärini görmek isledi. Allatagala dünýä gözi bilen Özini görüp bolmajakdygyny bildirdi. Jennetileriň Allany görmek bagtyna ýetjekdikleri aýatlarda we hadyslarda bardyr. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle diýýär: «Siziň şu dolan Aýy görşüňiz ýaly, Perwerdigäriňizi-de görjekdigiňize şek-şübhe ýokdur».
 144. Alla: «Eý, Musa! Meň ilçilik we araçysyz gürleşmek (mertebesi) bilen, seni adaty ynsanlardan beýik etdim‚ saňa berenlerimi al we şükür-kanagat edenlerden bol!» diýdi.
 145. (Nesihata we her zadyň düşündirişlerine degişli) näme bar bolsa‚ hemmesini Musa üçin sahypalarda ýazdyk. Hem-de oňa: «Mundan ykjam ýapyş! Kowumyňa-da ondaky hökümleriň iň sogaplysyny berk berjaý etmegi emir et! Tiz wagtda ýoldan azaşanlaryň ýurdunyň nähili dargap gitjekdigini özüňiz görersiňiz» diýdik.
146. Dünýäde nähak ýere tekepbirlik edenleri aýatlaryma bolmalysy ýaly düşünmekden daşlaşdyraryn. Ol men- menlik edýänler her hili mugjyzany görseler-de, olara iman getirmezler. Dogry ýoly görseler-de, ol ýola düşüp bilmezler. Emma ters ýoly görseler‚ ol ýola eýererler. Çünki olar Biziň aýatlarymyzy ýalan hasaplamagy sebäpli (olardan gapyl galypdylar).
 147. Biziň aýatlarymyzy hem-de ahyrete gowuşjakdyklaryny ýalan hasaplanlaryň (sadaka ýaly eden) bütin işleri puç bolandyr. Eýsem‚ olar diňe öz eden amallaryna görä jezalandyrylmazlarmy?
148. Musanyň (Töwraty almak üçin gideninden soň) ymmaty şaý-seplerden bögürip duran ýaly ses çykarýan göläniň heýkelini ýasap‚ ony hudaý edindiler. Eýsem, ol heýkeliň özleri bilen gürleşip bilmeýändigini‚ ýol görkezmeýändigini olar görmeýärdilermikä?! Emma muňa garamazdan, göläni hudaý edindiler hem-de zalym boldular.
 149. Eden işleriniň akmaklykdygyny aňyp ökünenlerinde‚ ýalňyşandyklaryny görüp: «Kasam bolsun! Eger Perwerdigärimiz bize merhemet etmese we bizi bagyşlamasa‚ uly ýitgä uçranlaryň hatarynda bolarys» diýdiler.
 150. Musa örän gazaply we gamgyn ýagdaýda halkyna ýüzlenip: «Menden soň yzymda nähili erbet işler edipsiňiz! Perwerdigäriňiziň emrini bada-bat terk edipsiňiz» diýdi (hem-de gaharyna elindäki ylahy) sahypalary taşlap goýberdi. Doganynyň saçyndan tutup‚ özüne tarap çekip başlady. Harun bolsa oňa: «Eý‚ ejemiň ogly! Ynan‚ bu millet meni diýseň erbet horlady‚ tasdanam meni öldüripdiler! Indi sen duşmanlarymy bir üstümden güldürme‚ meni bu zalym millet bilen deň tutma» diýdi.
151. Musa: «Eý‚ Perwerdigärim‚ meni we doganymy bagyşla! Rahmetiňi bize- de inder‚ sebäbi Sen merhemet edenleriň iň merhemetlisisiň!» diýdi.
 152. Gölä hudaý diýenlere özleriniň Perwerdigäri tarapyndan gazap, dünýä ýaşaýşynda hem (başlaryna ejir we) horluk (iner). Ine‚ Biz (Alla töhmet ýöňkänleri) şeýle jezalandyrarys!
153. Günä edip‚ soň toba gelip‚ iman getirenler üçin bolsa‚ Perwerdigäriň‚ elbetde‚ Bagyşlaýjydyr‚ hikmet eýesidir.
 154. Musa gazaby ýatyşansoň‚ ýazgylary (ýerden) göterdi. Ol ýazgyda özleriniň Perwerdigärinden gorkanlar üçin dogry ýola gönükdiriş we rahmet bardy.
 155. Musa kowumyndan ýetmiş kişini saýlady we olary Allanyň huzuryna Sina dagyna getirdi. Gelenler (bu kabul ediliş bagtyna kaýyl bolman‚ Allany äşgär görmek isländikleri üçin) olaryň başyna elhenç bir ýertitreme indi. Musa: «Eý‚ Perwerdigärim! Islesediň‚ meni- de‚ bulary-da has öň ýok ederdiň. Häzir aramyzdaky akmaklar sebäpli, bizi heläk etjekmi? Bu diňe Seniň synagyňdan ybaratdyr. Isläniňi bu synag bilen azaşdyrarsyň‚ isläniňi bolsa dogry ýola gönükdirersiň. Biziň Hossarymyz Sensiň! Biziň günämizi geç‚ merhemet eýle! Sen günä geçýänleriň iň haýyrlysysyň.
 156. Bize bu dünýäde-de‚ ahyretde-de ýagşylyk nesip et! Biz saňa ýüzlendik‚ Seniň ýoluňy tutduk!» diýdi. Hak (Alla) oňa: «Men islän kişimi jezalandyraryn. Rahmetim bolsa ähli zady gurşap alýandyr. Ol rahmetimi hem Alla garşy gelmekden saklananlara‚ zekat berenlere we biziň aýatlarymyza iman getirenlere nesip ederin!» diýdi.
 157. Olar öz ýanlaryndaky Töwratda we Injilde (häsiýetleri) ýazylan ol ümmi (okamagy ýazmagy bilmeýän) pygambere tabyn bolarlar. Ol pygamber olara dine laýyk gelýän zatlary emir eder‚ erbetlikleri gadagan eder‚ olara päk zatlary halal‚ näpäk zatlary bolsa haram eder‚ gerdenlerindäki agyr ýükleri‚ arkalaryndaky zynjyrlary aýryp taşlar. Oňa iman getiren‚ ony goldan‚ oňa kömekçi bolan hem-de onuň bilen inderilen nura tabyn bolanlar bolsa bagtyýarlyga ýetenlerdir. Düşündiriş: Hezreti Musa rahmeti özi we halky üçin diledi. Allatagala-da bu rahmetiň bütin ynsanlyga iberiljek «Rahmet pygamberi» bolan ahyrzaman ilçisi Muhammet aleýhissalama boýun bolmaga baglydygyny aýdýar. Bu taýda hezreti pygamber hakda ümmi (okamagy we ýazmagy başarmaýan) sypatynyň ulanylmagy aýratyn üns berilmeli. Bu sözüň «bilim almadyk‚ okamagy-ýazmagy bilmeýän» manysyndan başga-da, ýahudylaryň arasynda «Kitap eýesi bolmaýan‚ ýagny ýahudy bolmaýan» manysy- da bardyr. Ýokarky aýatda bu iki many-da göz öňünde tutulandyr. Ýahudylar ümmilere hiç ähmiýet bermeýärdiler. Alla olaryň öz kowumlary bilen bagly milletparazlyk duýgularyny we gedemliklerini ýok etmek isläpdir. Aýatda geçýän ýükleriň we zynjyrlaryň görkezýän manysy Töwratda geçýän we günä eden agzalar bilen nejasat degen eşigiň şol böleginiň kesilip aýrylmagy ýaly agyr hökümleriň Kuran arkaly ýatyrylmagydyr.
 158. Sen aýt: «Eý‚ ynsanlar! Men siziň hemmäňize Alla tarapyndan iberilen pygamberdirin. Asmanlar we ýer Onuň mülküdir. Ondan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Ýaşaýşy beren-de‚ ölümi ýaradan-da Oldur. Sizem Alla we Onuň bütin sözlerine iman getiren ol ümmi pygambere‚ ol ilçä boýun boluň! Oňa ýürekden tabyn bolsaňyz‚ dogry ýoly taparsyňyz.
159. Hawa! Musanyň kowumyndan hak dine ugrukdyrýanlary we adalatly hereket edýänleri bardyr.
 160. Biz olary on iki taýpa böldük. Olar Musadan suw islän mahaly, Musa: «Hasaňy daşa ur!» diýip wahyý etdik. Şolbada ondan (daşdan) on iki çeşme çogup çykdy. Her taýpa suw aljak ýerini gördi. Buludy hem üstlerine saýawan etdik. Özlerine-de menne (şepbeşik halwa) bilen bedene inderip: «Size inderen päk (lezzetli) nygmatlarymyzdan iýiň!» diýdik. Ýöne olar (emrimizi diňlemän) Bize däl‚ özlerine zulum edýärdiler.
 161. Şol wagt olara: «Şu şähere (Beýtil-Mukaddese) ýerleşiň‚ ol ýeriň önümlerinden isledigiňizçe iýiň‚ (peýdalanyň) hem-de: «Biziň günämizi geç» diýip, şäheriň derwezesinden tagzym edip giriň! Şonda günäleriňizi bagyşlarys. Ýagşy hereket edenlere aýratyn‚ has artyk sylag bereris» diýildi.
 162. Emma aralaryndaky zalymlar aýdylan (günämizi geç) sözüni bilkastlaýyn‚ başga bir görnüşe (şoňa meňzeş söz bilen) çalyşdylar. Bizem, zalymdyklary sebäpli, olaryň üstlerine asmandan azap ýagdyrdyk.
163. (Eý, Muhammet!) Sen olardan (ýahudylardan) ol deňiz kenaryndaky oba hakynda sora. Ine‚ olar şenbe gününiň hökümini äsgermezlik edip‚ Allanyň goýan çäklerinden çykdylar. Olar şenbelik eden (balyk awlamadyk) günlerinde balyklar ýanlaryna süri- süri bolup ýüzüp gelýärdi. Şenbe gününden başga günlerde bolsa balyklar gelmeýärdi. Ine‚ ýoldan çykanlary (şeýle) synagdan geçirýärdik.
 164. Şonda olardan bir topar: «Allanyň ýer bilen ýegsan etjek ýa-da elhenç bir apat ýollap weýran etjek şu toparyna näme üçin boş ýere öwüt berip dursuňyz?» diýipdi. Ol ýagşylar bolsa: «Olaryň (Alladan) gorkmaklary üçin Perwerdigärimiziň huzurynda elimizde baryny edendigimize bir delil bolsun diýýäris!» diýdiler.
165, 166. Özlerine berlen öwütleri we duýduryşlary diňlemän‚ olary bir tarapa taşlansoňlar, aralaryndan erbetlikleriň öňüni almak islänleri halas edip‚ pasykdyklary üçin zalymlary elhenç bir azaba sezewar etdik. Tekepbirlik edip, gadagan edilen zatlara boýun bolmazlykda aýak dirändikleri üçin, olara: «Betnyşan we eýmenç maýmynlara öwrüliň!» diýip emir etdik.
167. Perwerdigäriň‚ elbetde, kyýamat gününe çenli olara iň erbet jebir-sütem etjekleri iberjekdigini habar berdi. Takyk, Perwerdigäriň islän jezasyny derrew berer, Ol Bagyşlaýjydyr, Rehim- şepagatlydyr.
 168. Olary bölek-bölek toparlara öwrüp, ýere (dünýäniň çar künjüne) dagatdyk. Olaryň arasynda ýagşylar hem bardy‚ ýaramazlary-da! Erbetliklerden ýüz öwrerler diýip‚ olary käte nygmatlar‚ käte-de bela-beterler bilen synagdan geçirdik.
 169. Soň olardan (haýyrsyz) bir nesil geldi we bular kitaba (Töwrata) mirasdüşer boldular‚ emma aýatlary ýoýdular‚ dünýä baýlygyna göz gyzdyrdylar. Olar bu herekete: «Nähili bolsa-da, Alla günämizi geçer» diýen düşünje bilen çemeleşdiler. Bir tarapdan ýalkanmagy arzuw edýärler‚ beýleki tarapdan bolsa haram baýlygy‚ (para-peşgeşi çekinmän) alýardylar. Eýsem, kitapda (Töwratda) olardan Alla hakda diňe dogry zatlary aýtmak barada söz alynmanmydy? Onsoň hem olar kitabyň içindäkileri sapak edinip okamadylarmy eýsem? Elbetde‚ ebedi ahyret ýurdy Alla garşy gelmekden saklananlar üçin has haýyrlydyr. Siz heý akylyňyzy ulanmaýarsyňyzmy?
170. Kitaba berk ýapyşyp, namazy bolmalysy ýaly berjaý edýänler (bilip goýsunlar)‚ Biz ýagşylyk üçin hereket edenleriň sylagyny hiç kemter etmeris.
 171. Biz dagy ysraýyl ogullarynyň üstlerine saýawan ýaly galdyrypdyk hem-de olar dag üstlerine gaýdar öýdüpdiler. Ol wagt olara: «Size berlen bu kitaba çynyňyz bilen eýe çykyň we içindäki hakykatlar barada oýlanyň hem- de olary hiç ýadyňyzdan çykarmaň! Ine‚ şonda Alladan gorkup (azabyndan salamat galardyňyz)» diýipdik.
172, 173. Perwerdigäriň Adam ogullary bilen (eden) ähti-peýmanyny ýatlaň! Perwerdigäriň olardan önjek zürýatlaryny alyp‚ olaryň özleri hakda şaýat bolmaklaryny isläp: «Men siziň Perwerdigäriňiz dälmi?» diýen wagty‚ olar: «Elbetde (Perwerdigärimiz)!» diýip ykrar edipdiler. Kyýamat güni: «Biziň mundan habarymyz ýokdy!» ýa-da «Näme edeli‚ has öňler ata-babalarymyz Alla şärik goşdular‚ bizem olardan soň gelen nesildik‚ indi ol batyly ilkinji gezek ýola goýanlar sebäpli, bizi ýok etjekmi eýsem?» diýen ýaly bahanalary öňe sürmezligiňiz üçin Alla sizden bu ähti-peýmany aldy. Düşündiriş: Alla ilkibaşda Adam atanyň neslinden kyýamata çenli geljek ähli ynsanlaryň ruhlaryny ýaradyp‚ olara: «Men siziň Perwerdigäriňiz dälmi eýsem?» diýip soranda, olar: «Hawa, sen biziň Perwerdirimizsiň!» diýipdirler. Ruhlar äleminde alnan bu ähti-peýmanyň esasyna laýyklykda, her bir ynsan şol günden bäri musulman hasaplanylýar.
 174. Ine‚ Biz (pikirlensinler we ýalňyş ýoldan) dolansynlar diýip aýatlary şeýle beýan edýäris.
 175, 176. Olara aýatlarymyz hakda ylym beren kişimiziň kyssasyny hem aýdyp ber. Hawa‚ ol adam, bu ylmyna garamazdan, aýatlarymyzyň çäginden çykdy‚ şeýtan hem ony öz yzyna düşürdi‚ şeýdip, ol azgynlardan biri boldy. Eger islesedik‚ ony ol aýatlar saýasynda beýik mertebä ýetirerdik‚ ýöne ol bu dünýä aldanyp, ham-hyýallarynyň ýesiri boldy. Onuň ýagdaýy (hyýalynda süňk görýän we elmydama onuň yzynda ylgaýan) itiň ýagdaýy ýalydyr. Ýanyna barsaň-da, dilini çykaryp durar‚ ýanyndan aýrylsaň- da şeýledir. Ine‚ bu aýatlarymyzy ýalan hasaplaýanlaryň mysalydyr. Olaryň pikirlenip, akyl ýetirmekleri üçin, Sen olara (ýagdaýy) düşündir.
 177. Aýatlarymyzy ýalan hasaplap‚ diňe öz-özlerine zulum edýänleriň ýagdaýy nähili erbetdir.
 178. Alla kimi dogry ýola gönükdirse, ol dogry ýoly tapan kişidir‚ kimi azaşdyrsa welin‚ ine‚ olar zyýana galanlaryň hut özleridir.
 179. Biz jynlardan we ynsanlardan dowzah üçin köp kişileri ýaratdyk. Olaryň kalplary bardyr‚ emma duýmazlar‚ gözleri bardyr‚ ýöne görmezler‚ gulaklary bardyr‚ ýöne eşitmezler‚ netijede, olar haýwanlar ýaly‚ hatda olardan hem beterdirler. Ine‚ asyl gapyl bolanlar şolar bolup‚ (olar) dowzaha mynasyp kişilerdir.
 180. Iň gözel atlar Allanyňkydyr‚ şeýle bolsa, bu atlar bilen Oňa dileg-doga ediň (ýalbaryň)! Onuň ady babatda hakdan azaşanlary terk ediň! Olar edenleriniň jezasyny çekerler. Düşündiriş: Hezreti pygamber aleýhissalam şeýle diýipdir: «Allanyň 99 gözel ady bardyr. Kim bulary ýatda saklasa we olar bilen Allany zikir etse we Alladan olar bilen islegini dilese, ol kişi jennete girer».
181. Ýaradanlarymyzyň içinde elmydama haka gidýän ýoly görkezýän we onuň bilen adalaty amala aşyrýan bir topar hem bardyr.
 182. Aýatlarymyzy ýalan hasaplanlary bilinmejek ýagdaýda (ilki bolelinlik we rahatlyk berip) ýuwaş-ýuwaşdan heläkçilige golaýlaşdyrarys.
 183. Men olara möhlet berdim‚ ýöne wagty gelende, Meniň jezalandyrmagym örän anyk hem-de elhenç bolar.
 184. Eýsem, olar özlerine wagyz edýän dostlarynda (Muhammetde) dälilikden nyşan ýokdugy barada pikirlenmedilermi? Ol diňe geljekde duşjak howpdan halas edip, duýdurmak üçin iberilipdi.
 185. Asmanlara, ýer älemine hem- de Allanyň ýaradan zatlaryna nazar aýlamaýarlarmy? (Iň bolmanda) ajallarynyň özlerine ýakyndygy barada (oýlanmaýarlarmy)? Olar (Kurana ynanmasalar) başga nämä ynanjaklarka?
 186. Alla kimi azaşdyrsa‚ ony dogry ýola getirjek ýokdur. Alla olary öz azgynlyklary bilen azaşyp ýören ýagdaýlarynda özbaşyna goýar. (Gözleri kör ýaly togalanar ýörerler).
187. Senden kyýamatyň haçan gopjakdygyny soraýarlar. Sen aýt: «Onuň haçan geljegini bilmek diňe Perwerdigärime mahsusdyr. Wagtyny Ondan başgasy aýdyp bilmez. Kyýamat şeýle bir agyr hadysadyr‚ ne asmanda‚ ne-de ýerde oňa çydap biljek hiç kim ýokdur! Kyýamat size duýdansyz geler. Olar, göýä sen kyýamatyň wagtyny bilýänsiň öýdüp, senden soraýarlar». Sen aýt: «Ony bilmek Allanyň ylmyndadyr, emma ynsanlaryň köpüsi muny bilmezler».
 188. (Eý, Muhammet!) Sen aýt: «Alla islemese meniň hatda özüm üçin-de hiç zada güýjüm ýetmez. Ne bir peýda getirip bilerin‚ ne-de gelip biljek zyýany daşlaşdyryp bilerin. Eger gaýyby bilsedim‚ belki, has köp haýyr iş ederdim‚ ähli erbetliklerden goranardym. Onsoň hem men iman getirjek kişiler üçin diňe bir duýduryjy we bir buşlaýjydyryn».
 189. Ol Alla sizi ýeke-täk jandan ýaratdy. Soň rahatlyk tapsyn‚ ysnyşsyn diýip‚ ýanýoldaşyny-da ýaratdy. Är-aýal özara gatnaşyk edip‚ aýal hamyla galdy hem- de ony belli bir wagtyň dowamynda göwresinde göterdi. Hamylalyk döwri tamamlanyp barýarka, är-aýal özleriniň Perwerdigäri bolan Alla ýüzlenip: «Eger bize (sagdyn), salyh bir perzent berseň‚ Saňa hemişe şükür edenlerden bolarys» diýip ýalbardylar.
190. Emma (Alla) olara sagdyn (salyh) bir perzent berensoň‚ özlerine beren bu perzent sebäpli, (ynsanlar) Alla şärik goşdular. Takyk, Alla olaryň goşýan zatlaryndan beýikdir. Düşündiriş: Mekgeli kapyrlar çagalaryna «Abdymenat (Menatyň guly), Abdyluzza (Uzzanyň guly)» ýaly butlarynyň atlaryny dakar ekenler. Netijede bolsa, Allanyň özlerine beren çagalary sebäpli, Allanyň öňünde günä gazanýardylar.
 191, 192, 193. Hiç bir zady ýaratmaga güýji ýetmeýän‚ aslynda, özleri ýaradylan zatlary Oňa (Alla) deň derejeli şärik hasaplaýarlarmy? Ýöne şol şärik goşulýanlar özlerine gulluk edýänleriň dadyna ýetişmezler. Hatda olaryň özlerine-de nepleri degmez. Hatda siz olary dogry ýola çagyrsaňyz‚ oňa- da gulak asmazlar. Olary siz isle haka çagyryň‚ isle çagyrmaň‚ bary bir. (Olaryň size bolan garaýşy hiç haçan üýtgemez).
194, 195. Alladan başga dileg-doga we ybadat edýän zatlaryňyz özüňiz ýaly ýaradylan zatlardyr. Olaryň hudaýdygy hakdaky öňe sürýän pikirleriňiz dogry bolsa‚ hany‚ çagyryň bakaly‚ dadyňyza ýetişýärlermikä? Olar siziň dadyňyza nädip ýetişsinler‚ näme olaryň ýörär ýaly aýaklary barmy‚ ýa-da tutar ýaly elleri barmy? Ýa-da görer ýaly gözleri barmy? Eýsem eşider ýaly gulaklary barmy? Sen aýt: «Hany‚ bütin şärik goşýanlaryňyzy çagyryp‚ soň maňa islän duzagyňyzy guruň‚ hany‚ eliňizden gelýän bolsa, bir salymlyk hem pursat bermäň!».
 196. Çünki meniň hossarym kitaby inderen Alladyr we Ol bütin salyh bendeleriniň goragçysydyr.
 197. Alladan başga (ýardam üçin) çagyrýan hudaýlaryňyz bolsa siziň dadyňyza ýetişmezler‚ hatda özlerine-de peýdalary degmez.
 198. Siz olary (butlary) dogry ýola çagyrsaňyz eşitmezler. Olaryň saňa seredip durandyklaryny görersiň‚ emma‚ olar görýän däldirler. (Sebäbi olar diri däl).
 199. Sen geçirimliligiň ýoluna eýer‚ ýagşylygy ündäp‚ nadanlardan ýüz öwür!
 200. Şeýtan saňa was-wasy saljak bolsa‚ şolbada Alla sygyn! Çünki Ol dileg- dogalary eşidip, kabul edýändir we ähli zady bilýändir.
201. Eger Alla garşy çykmakdan saklananlara şeýtandan was-wasy gelse‚ şolbada (Allany) ýatlap‚ (hakykaty) görerler.
 202. Olaryň (şeýtanlaryň) dostlary (kapyrlar we şärik goşanlar) bolsa (adamlary) ýoldan çykarmakda olara (şeýtanlara) ýardam edýärler we (bu işlerinden) saklanmazlar.
 203. Olaryň isleýişleri ýaly, bir aýat ýa-da mugjyza getirmedik wagtyň: «Hiç bolmanda bir zatlar oýlap tapyşdyr!» diýerler. Sen olara: «Men diňe Perwerdigärimden gelýän habara (wahyý) tabyn bolýaryn. Kuranyň aýatlary Perwerdigärimizden gelen pähimlerdir. Olar köňül gözlerini açýan‚ hakykaty görkezýän nurlardyr. (Kuran) iman getirjek kişiler üçin dogry ýoluň çeşmesidir we rahmet gapysydyr» diýip aýt.
 204. Şeýle bolsa‚ Kuran okalanda, şolbada oňa gulak asyň‚ dym-dyrs bolup diňläň hem merhemetden paýyňyzy alyň!
 205. Säher-agşam Perwerdigäriňe ýürekden ýalbaryp‚ (oýa batyp) özüň eşidip biljek derejede ýuwaşja ses bilen (Allany) zikir et‚ gapyllardan bolma!
 206. Perwerdigäriňe ýakyn perişdeler Oňa gulluk we ybadat etmekden hiç haçan gedemlik etmezler‚ mydama Ony tesbih edip‚ diňe Oňa sežde ederler.
    Düşündiriş: Kurany Kerimiň aşakda görkezilen 14 aýatynyň okalan ýa-da diňlenen wagty sežde etmek wajypdyr. Muňa «Tilawet seždesi» («Okalan wagty edilýän sežde») diýilýär. Bu seždäni berjaý etmek wajypdyr. Kuranda sežde aýatlary şulardyr: «Agraf» 206; «Ragd» 15‚ «Nahl» 49; «Isra» 107; «Merýem» 58; «Haj» 18; «Furkan» 60; «Neml» 25; «Sežde» 15; «Sagd» 24; «Fussilet» 37; «Nejm» 62; «Inşikak» 21; «Alak» 19.