1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

12.76. (Ýusup) doganynyň ýükünden öň beýlekileriň ýüklerini (agtaryp) başlady. Soň ony doganynyň ýükünden çykardy. Biz Ýusuba şeýle emel öwretdik. (Çünki Ýusubyň) doganyny hökümdaryň dinine (kanunyna) görä alyp galmagy mümkin däldi. Ýöne Alla islese (başgaça bolýar). Biz islän kişimizi (belent) derejelere çykararys. Her ylym eýesiniň üstünde (ondan has) ylymly (Alla) bardyr.

Başy » Sözbaşy » 80-nji süre: «Abese» («Ýüz bermeýän»)

«Abese» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 42 aýatdan ybaratdyr. Adyny ilkinji aýatda agzalýan «Abese» («Ýüz bermedi») işliginden alandyr. Bu sürede Allanyň dininiň ähli ynsanlara deňdigi, Allanyň beýik gudraty we hikmeti barada aýdylýar.

Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1, 2. (Pygamber ýanyna gözleri kör bir adam) gelende ýüz bermedi we yzyna öwrüldi.
 3. (Eý, Muhammet!) Sen onuň ýagdaýyny nireden bilýäň? Belki, ol (seni diňläp, günälerine toba edip) päklenerdi.
 4. Ýa-da ol pent-nesihat alardy, (soň bu pent-nesihat) oňa peýda bererdi.
5, 6. Emma (özüni baý görüp, saňa) mätäçlik çekmeýäne bolsa sen seredýärsiň.
 7. Emma (onuň günälerden) päklenmezliginden sen (jogapkär dälsiň)!
 8, 9, 10. Emma seniň ýanyňa ylgap gelen, Alladan gorkýan hem bolsa sen (ondan ýüz öwrüp) gyzyklanmaýarsyň.
 11. Ýok! Bu aýatlar öwütdir (ýatlatmadyr).
 12. Isleýän (ondan) öwüt-nesihat alar.
 13, 14, 15, 16. (Bu aýatlar) mübärek, hormaty belent, päk-arassa sahypalarda, ýagşylyk (tymsaly bolan) arzyly kätipleriň eli bilen (ýazylandyr).
17. Bu ölüm alan ynsan, nähili näşükürdir.
 18. (Ýaradan) ony nämeden ýaratdy?
 19. Bir damja nutfadan (ýaratdy) we oňa şekil berdi.
 20. Soň oňa ýoly (ene garnyndan çykyp dünýä inmegi ýa-da ýagşy bilen ýamany saýgarmagy) aňsatlaşdyrdy.
21. Soň (ajaly gelende) onuň janyny aldy we ony mazara saldy.
 22. Soň ony Öz islän wagty täzeden direlder.
 23. Ýok! (Ynsan Allanyň) emrini ýerine ýetirmedi.
 24. Ynsan öz tagamyna ser salsyn!
 25. Biz asmandan ýagşy ýagdyrdyk.
 26. Soň (ot bitsin diýip) topragy gowy edip ýardyk.
 27, 28, 29, 30, 31. Ol ýerde däneler, üzümler, gök otlar, zeýtunlar we hurmalar, agaçlary gür we ýygy bakjalar, miweler we çemenzarlyklar ösdürdik.
 32. Bularyň hemmesi siziň we mallaryňyzyň peýdalanmagyňyz üçindir.
 33. Emma ol gürrüldisi gulaklary ýarýan (ker edýän) kyýamat güni gelende!
 34, 35, 36. Ine, ol gün ynsan öz doganyndan, ejesinden, kakasyndan, ýanýoldaşyndan we perzentlerinden gaçar.
 37. Ol gün olaryň hersiniň öz başlaryndan agdyk derdi we gaýgysy bolar.
 38, 39. Ol gün käbir ýüzler nurly, gülküden doly we şatlykly bolar!
 40, 41. Ol gün käbir ýüzleri bolsa çaň- tozan basar, gaýgydan ýaňa gap-gara bolar!
 42. Ine, bular kapyr bolup, günälere çümen, hakdan daşlaşan (ynsanlardyr)!