1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

3. 100. Eý, iman getirenler! Eger kitap berlenlerden bir topara uýsaňyz, olar sizi imanyňyzdan soň kapyrlara öwrerler.

Başy » Sözbaşy » 84-nji süre: «Inşikak» («Asmanyň ýarylmagy»)

«Inşikak» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 25 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady ilkinji aýatda agzalýan «Asman ýarylanda» manysyndaky bir işlikden alnandyr. Sürede Allanyň gudraty ýatladylyp, ynsanlara duýduryş bermek, älem- jahany ýokdan bar eden güýjüň adamlary täzeden direldip, magşar meýdanyna jemlemeginiň hem aňsat boljakdygy beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
 1. Asman ýarylan wagty!
 2. Öz Perwerdigäriniň buýrugyny diňlän wagty!
 3. Ýer ýaýylyp (tep-tekiz) bolan wagty!
 4. (Ýeriň) içindäkileriň daşyna (çogup) çykyp boşalan wagty!
 5. Öz Perwerdigäriniň buýrugyny diňlän wagty (şol wagt nämeler bolar)?!
 6. Eý, ynsan! Sen, tä Perwerdigäriňe gowuşýançaň, urnar durarsyň.
 7, 8. Kyýamat güni (hasap depderi) sag eline berlen kişiniň hasaby aňsat bolar.
 9. Ol maşgalasyna şadyýanlyk içinde gaýdyp geler.
10, 11. Kitaby (hasap depderi) yzyndan (çep eline) berlen kişi bolsa, ýok bolmagy arzuw eder.
 12. Ol (dowzahda) alawly oda girer.
 13. Ol dünýäde maşgalasynyň ýanynda keýpi-sapa içindedi.
 14. Hiç haçan Perwerdigärine dolanyp bararyn öýtmezdi.
15. Ýok! Takyk, Perwerdigäri ony görýärdi.
 16, 17, 18 Bes, şapaga, gijä we onuň içine alan zatlaryna, dolan (on dördi gijedäki) Aýa kasam bolsun!
 19. Siz bir haldan başga hala geçersiňiz.
 20. Onda olar näme üçin iman getirmeýärler?
 21. Olar Kuran okalanda (çuň hormat) bilen sežde etmeýärler.
 22. Gaýtam, tersine, kapyrlar (dini) ýalan hasaplap (inkär edýärler).
 23. Alla olaryň kalplarynda näme saklaýandyklaryny bilýändir.
 24. Sen olary örän elhenç azap bilen buşla!
 25. Emma iman getirip, haýyrly we ýagşy işleri edýänlere hiç yzy üzülmeýän, hiç gutarmaýan sylag bardyr.