1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

34. 6. Özlerine ylym berlenler Perwerdigäriňden saňa inderileniň hakykatdygyny we onuň Gudraty güýçli we hakyky öwgä mynasyp bolan (Allanyň) ýoluna gönükdirýändigini görýärler.

Başy » Sözbaşy » 32-nji süre: Sežde

«Sežde» süresi  Mekgede inen sürelerden bolup, ol 30 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň 15-nji aýatynyň sežde aýatydygy sebäpli, oňa bu at berlipdir. Sürede möminlere ahyretde beriljek belent derejeler barada aýdylýar.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Elif, Läm, Mim.
2. Bu kitabyň älemleriň Perwerdigäri tarapyndan iberilendigine hiç hili şek- şübhe ýokdur.
 3. Olar Kurany «(Muhammediň) özi toslap tapdy» diýýärlermi? Ýok, beýle däl! Ol (Kuran) «Dogry ýola gelerler» diýen umyt bilen öň nesihatçy (pygamber) gelmedik bir milleti habardar etmek üçin saňa Perwerdigäriň tarapyndan iberilen hakykatdyr.
 4. Alla asmanlary, ýeri we olaryň arasyndaky ähli zatlary alty günde ýaratdy, soň bolsa (özüne mahsus görmüşde) Arşa istiwa etdi (hökmürowanlyk bilen älemi dolandyrdy). Size Ondan başga hiç hili dost we şepagatçy (penakär) ýokdur. Heý, pikir etmeýärsiňizmi?
 5. Ol asmandan ýere çenli ähli işleri dolandyrýar. Soň bu işler, siziň ulanýan hasabyňyza görä, müň aý mukdarynda bolan bir günde onuň huzuryna çykar.
 6. Ol (Alla) gaýyby (görünmeýäni) hem- de görünýäni bilýän Gudraty güýçlüdir, Rehim-şepagatlydyr.
 7. Ol ýaradan zadyny kämil görnüşde ýaradan Alladyr. Ol adamy ilkibaşda palçykdan ýaratdy.
 8. Soň bolsa onuň neslini ýönekeý bir damja suwdan ýaratdy.
 9. Soň oňa surat berip, oňa Öz ruhundan üfledi we siziň üçin gulaklar, gözler we ýürekler ýaratdy. Şonda-da siz gaty az şükür edýärsiňiz.
10. Olar: «Toprakda ýitip ýok bolup gidenimizden soň, heý, biz täzeden ýaradylarysmy?» diýerler. Şeýle diýmek bilen olar, aslynda, özleriniň Perwerdigärine gowuşjakdyklaryny inkär edýärler.
11. (Eý, Muhammet!) Olara: «Bellenilen ölüm perişdesi siziň janyňyzy alar we soň siz Perwerdigäriňize getirilersiňiz» diýip aýt.
 12. Günäkärleriň özleriniň Perwerdigäriniň öňünde boýunlaryny egip: «Eý, Perwerdigärimiz! Indi biz gördük, eşitdik we doly ynandyk. Bizi salyh amallar etmegimiz üçin gaýtadan dünýä iber» diýişlerini bir görsediň!
 13. Biz islesek, her bir adamyň dogry ýola gelmegini miýesser ederdik. Emma Menden: «Dowzahy jynlaryň we adamlaryň bir topary bilen dolduraryn» diýen gutarnykly söz çykandyr.
 14. Ine, indi bu güne gowuşjakdygyňyzy unudandygyňyz üçin azabyňyzy çekiň! Takyk, Biz hem sizi unutdyk. (Dünýäde) eden erbet işleriňiz sebäpli, ebedi azaby dadyň!
15. Biziň aýatlarymyza diňe bular bilen öwüt-nesihat edilende, men-menlik etmezden sežde edýänler we özleriniň Perwerdigärini Oňa laýyk hamdy-sena bilen tesbih edýänler ynanarlar.
 16. Olaryň bedenleri düşeklerden daşda bolar (köp ýatmazlar, tagat-ybadat bilen bolarlar), öz Perwerdigärine gorky we umyt bilen dileg ederler. Biziň beren rysgalymyzdan (Alla ýolunda) sarp ederler.
 17. Hiç kim olaryň eden ýagşy işlerini sylaglamak üçin (jennetde) gözleri nurlandyrjak niçeme nygmatlaryň gizlenendigini bilýän däldir.
18. Heý, mömin adam bilen pasyk adam deň bolarmy? Olar düýbünden deň däldirler.
19. Iman getirip, ýagşy işleri eden kişilere bolsa, eden ýagşylyklarynyň miwesi hökmünde, jennet ýaşar ýaly mesgen edilip berler.
 20. Emma pasyklaryň barjak ýeri dowzah odudyr. Ondan haçan çykjak bolsalar, yzyna gaýtarylarlar we olara: «Ine, indi ýalan hasaplan oduňyzyň azabyny dadyň!» diýler.
 21. (Hak ýola) gelerler diýen umyt bilen, olara, uly azapdan (dowzah odundan) öň dünýä azabyny dadyrarys.
22. Perwerdigäriniň aýatlary bilen wagyz-nesihat edilenden soň olardan ýüz öwürýän kişiden has zalym kim bolup biler! Takyk, Biz ýoldan çykan günäkärleri jezalandyrarys.
23. Takyk, Biz Musa kitap berdik. Sen (mygraçda) onuň bilen duşuşjakdygyňa şübhe etme. Biz ony ysraýyl ogullaryna dogry ýoly görkeziji edip belledik. Düşündiriş: Bu ýerde pygamberimiziň mygraç gijesinde Musa pygamber bilen duşuşjakdygy barada aýdylýar.
 24. Olar sabyr eden we biziň aýatlarymyza doly ynanan kişiler bolansoň, olaryň içinden biziň emrimiz bilen dogry ýoly görkezýän baştutanlar belledik.
 25. Takyk, Perwerdigäriň kyýamat gününde olaryň öňe sürýän zatlary hakda öz hökümini berer.
 26. Olardan öň öz ýurtlarynda gezip ýören ençeme nesli ýok edendigimiz olara dogry ýoly görkezmeýärmi? Takyk, bularda ybrat bardyr. Heý, eşitmeýärsiňizmi?
27. Biziň gurak ýerlere suw ýetirip, şol ýerden mallarynyň we özleriniň iýmekleri üçin, ekin ýetişdirýändigimizi görmeýärlermi? Heý, muny görmezlermikä?
28. Olar: «Eger dogruçyl bolsaňyz, onda bu ýeňiş (azap) haçan geler?» diýerler.
 29. Olara: «Ýeňiş» (azap) güni inkär edenleriň iman getirmekleri olara hiç hili peýda bermez we olara (toba etmekleri üçin) wagt hem berilmez» diýip aýt.
 30. Şonuň üçin sen hem olardan ýüz öwür we garaş. Barybir olar hem garaşýarlar.