1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50 51 52 53 54 55 56 57 58 59 60 61 62 63 64 65 66 67 68 69 70 71 72 73 74 75 76 77 78 79 80 81 82 83 84 85 86 87 88 89 90 91 92 93 94 95 96 97 98 99 100 101 102 103 104 105 106 107 108 109 110 111 112 113 114

Aýatdan manylar

67. 26. Aýt: «Takyk, (kyýamatyň geljegi baradaky) ylym Allanyň ýanyndadyr. Takyk, Men (diňe) äşgär bir duýduryjydyryn».

Başy » Sözbaşy » 76-njy süre: Ynsan

«Ynsan» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 31 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ilkinji aýatynda ynsan barada agzalyp başlanýandygy üçin oňa bu at berlipdir. Bu sürede ynsanyň kemala gelmegi, ondaky bolmaly häsiýetler we ahyretdäki beriljek sylaglar beýan edilýär.

 Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Döwrüň içinden (Adam ýaradylmazdan öňki) şeýle bir zaman geçdi welin, ol döwürde ynsanyň ady hem agzalmazdy.
 2. Biz ynsany gatyşyk nutfadan (suwdan) ýaratdyk. Biz ony synap görmek üçin, ony eşidýän we görýän barlyk edip ýaratdyk.
 3. Biz oňa dogry ýoly görkezdik, indi, isle şükür etsin, isle-de, bigadyr bolsun!
 4. Takyk, Biz kapyrlara (dowzahda) zynjyrlar, gandallar we gyzgyn alawlar taýýarladyk.
 5. Salyh ynsanlar (hoşboý ysly) kafur (çeşmesiniň suwundan) goşulan käselerden (jennet meýini) içerler.
 6. Ol (kafur) çeşmesinden Allanyň (ýakyn) bendeleri içerler we isleýişleri ýaly (çogduryp) akydarlar.
 7. Olar (dünýä ýaşaýşynda) öz sözlerinde durup, şeri (aýylgançlygy) hemme ýere ýaýran (kyýamat) gününden gorkýardylar.
 8. Özleriniň söýen (zatlaryndan), Allanyň razylygyny gazanmak üçin garyp-gasara, ýetim-ýesire tagam bererdiler.
 9. Olar: «Biz size diňe Allanyň razylygy üçin iýdirýäris. Sizden munuň garşylygyny (öwezini) islemeýşimiz ýaly, minnetdarlyga hem garaşmaýarys.
 10. Takyk, Biz (ynsanlaryň) ýüzlerine gaýgy- gam getirjek günde Perwerdigärimiziň (gazabyndan) gorkýarys» diýýärdiler.
11. Bes, Alla olary ol günüň elhençliginden gorar, olaryň (ýüzlerine) nur, (köňüllerine) şatlyk berer.
 12. Sabyr edendikleri üçin olary jennet we ýüpek (lybaslar) bilen sylaglar.
13. Olar kürsülerinde ýassanyp (dynç alarlar), ol ýerde ne Gün yssysyna, ne-de doňduryjy sowuga sezewar bolarlar.
14. Olara jennetiň agaçlarynyň kölegeleri abanyp durar we üstlerine sallanyp duran miweler iýilmegi üçin ýakyn (aňsat) bolar.
15. Olaryň daş-töwereginde (hyzmatkärler) kümüş gaplar, owadan käseler bilen aýlanarlar.
 16. Ol kümüşden gaplar belli bir ölçege salnandyr.
 17. Olara Zenjebil (şerbeti) goşulan käselerden (meý-şerbet) guýlar.
 18. (Bu) ady Selsebil bolan çeşmedendir.
 19. Olaryň daş-töwereginde ebedilige ýeten (jennetiň) ýaş hyzmatkär oglanlary aýlanarlar. Olary göreniňde, (olary) ýalkymlaryndan ýaňa, daş-töwerege sepilen dürdür öýdersiň.
 20. Ol ýerde haýsy tarapa seretseň, nygmat we uly mülk (bolçulyk) görersiň.
 21. Olaryň eginlerinde inçe (ýa-da galyň) ýaşyl reňkli ýüpek we atlaz eşikler bolar. Olar kümüş bilezikler dakynarlar.
 22. Olaryň Perwerdigäri özlerine sap meý- şerbet berip: «Ine, bular siziň sylagyňyzdyr. Siziň eden zähmetiňiz (tagallaňyz) ýerine düşdi» (diýer).
 23. (Eý, Muhammet!) Takyk, Biz saňa Kurany (belli wagtlarda) bölek-bölek edip inderdik.
 24. Bes, sen Perwerdigäriň hökümine (tabyn bolup) sabyr et! Olaryň içinden günäkäre we kapyra tabyn bolma!
 25. Sen ertir-agşam Perwerdigäriň adyny tesbih et!  26. Gijäniň (bir böleginde) oňa sežde et, uzyn gije ony tesbih et!
 27. Ynsanlar bu wagtlaýyn (dünýä ýaşaýşyny) söýüp, (oňa höwes edip), öňlerinde garaşýan (ol) agyr güni ahmal edýärler.
 28. Olary Biz ýaratdyk, agzalaryny biri-birine bagladyk. Biz (elbetde) islän wagtymyz olary başgalary (başga ynsanlar) bilen çalşyp bileris.
 29. Takyk, bu bir öwütdir. Indi kim islese Perwerdigärine barýan ýoly tutsun, (islemeýän tutmasyn)!
 30. Alla (bir zady) islemese (mynasyp görmese, ony) siz isläp bilmersiňiz. (Sebäbi) Alla (ähli zady) bilýändir, hikmet eýesidir.
 31. Ol islänini rahmetine salar. Zalymlar üçin bolsa, (dowzahda) jebir-jepaly azap taýýarlap goýandyr.